Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:46
Garaşýan
GARAŞÝAN

Men saňa garaşýan, garaşyp ýörün,
Ertirem garaşjak şu günki ýaly,
Käte garaşýarkak biweç zatlara,
Dünýäm, heý saňa-da garaşman bormy?!

Garaşmakdan gaýry alajyň näme,
Gerek bolsa bökersiňem garaşman.
Men şu günler ürç edinip öwrenýän,
Täze-täze usullaryny garaşmaň.

Oturyp garaşmak düşse ýürege,
Ýatyp garaşmaly, umytdan düşmän.
Owal-ahyr maksadyna ýetýändir,
Garaşmaň üstünde ymykly işlän.

Garaşaýyn saňa ýene az salym,
Bolmasa, ýene-de garaşaýaryn.
Garaşmakdan ýaňa nädäýersiňiz,
Haýrana goýaýsam bütin Ýer şaryn.

Men saňa garaşjak, garaşyp bolup,
Ýene-de garaşjak, bu meniň kärim.
Bir gün-ä gelersiň, gelersiň çünki,
Men saňa garaşýan, garaşyp ýörün.

©Myrat Gurbanow

Я жду тебя

Я жду тебя, в надежде, по сей день жду,
И завтра буду ждать, как в сегодняшний день.
Тратим ведь ценное время на пустяки…
Времени не жаль, ждать тебя мне не лень.

Без ропота покоряюсь слове «ждать»,
(Куда ты денешься? Любовь не шутит).
Закаливаясь долготерпением,
Учусь печаль от чаянья различить.

Когда надоесть мне ждать тебя сидя,
Покорно смирюсь лежа или стоя.
Знаю, лишь тот пробьется к вожделенью,
Кто рвется к цели не зная покоя.

Я тебя еще немного подожду,
Надобно будет—еще повременю,
Удивлю всех вас своим терпением,
Еще, на всю Землю горном прозвеню.

После долгой, жгучей разлукой с тобой,
Ожиданье стало моим ремеслом.
Верю: придешь не сегодня, так завтра,
К томленью моему счастливым концом.

©Мырат Гурбанов

Перевод с туркменского ©Какаджана Балканова
2022 г.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 109 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Myrat Gurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Medicall • 22:17, 13.05.2023
Salam Kakajan aga, awtorlaryny teg-a salanyňyzda © gerek däl, eseriniň yzyndan goýsaňyz bolýar ony, ýogsa awtorlar papkasyna çykanok. Siz diňe eseriniň yzyndan goýaýyň, tega özüm salyp bereäýerin
avatar
-1
2 Балканов • 23:10, 13.05.2023
Salam! Ok. Sag boluň! Inim, wagtal-wagtal post goşmagyň düzgünlerini biz ýala öwredip we ýatladyp duruň, saýtyň nýuanslaryndan men-ä bihabar (bu barada saýtyň Düzgünnamasynda-da doly anyklanylmandyr).
Iki sorag: awtor bilen terjimeçi terjime edilen esere we onuň asyl nusgasyna deň şäriklimi (awtorlyk meselesi boýunça)? Bu hakda Türkmenistanyň awtorlyk hakyndaky kanuny nähili düşündirýär?
Tegde awtor we terjimeçiniň ady bile goýulsa, düzgün bozulýarmy?
Minnetdar.
avatar
0
3 Medicall • 23:14, 13.05.2023
Kakajan aga, men iniňiz däl, uýaňyz:))))))
avatar
0
4 Medicall • 23:31, 13.05.2023
Terjimeçiň ady hem postda durka hakyky awtoryň teginde trerjimeçiň adynyň näme işi bar Balkanow. Hemem siz şoňa düşünmeýän, düzgünleri bilmeýän biri däldigiňizi biz başga saýtlarda - da öň zatlaryňyzy, terjimeleriňizi goýup ýörşüňizden hem bilýäris-a. Öňki goýýan ýerleriňizde-de size awtor bilen terjimeçiň adyny bir tega saldyranokdylar we hiç bir ýerde-de beýle hezillik ýokdugyny siz menden gowy bilýänsiňiz:) aslynda-da terjimeçiň ady bilen awtory bile salyp, ýa-da © bilen bile salyp, boşuna birnäçe teg ýer gitdirdiň, olary dikeldip bolanok meň düzedip goýanym peýdasyz indi,ýogsa öň düşündirme kemini goýmadym, myhman depderde hem ýazyp goýupdym, düşünesi gelen üçin düşünmez ýaly kyn zadam däl ol zatlar)) minnetdar.

ýene bir bellik: postý açanyňyzda materialy iň ýokara çykaryp goýmaň, her sapar şol bir zady etmeli däldigini bilibem etmek - bu eýýam administrasiýanyň işine hiç hili hormatyňyzyň ýokdugyny anyklap durýandan bolup görkezýär. gaýrat ediň, düşünýärkäk düşünmedikden, bilýärkägem bilmedikden bolmasak adamçylygmyzy saklamak üçin gowy bolardy diýip pikir edýärin, Balkanow. menem saýtda bilgeşleýin tersime gidýän adamlaryň zatlaryny garşa düzedip oturara beýle bir işsiz adam däl, işimem köp, ýazasym, okasym gelýan zadymam köp.......... maňa düşünensiňiz diýip umyt edýän.
sagboluň, minnetdar.)
avatar
-1
5 Балканов • 16:47, 15.05.2023
Salam Nurdan uýam! Meniň pikirimçe, post goýmak baradaky şular ýaly teýeneli maslahatlary alýan diňe men bolmasaam gerek. Eger-de, saýtyň "Düzgünnamasynda"çap ediljek eserler we olaryň awtorlary barada barada giňişleýin, takyk ww anyk aýdylan bolsa, onda admin. bilen awtorlaryň arasynda bular ýaly düşünişmezlik we şol sebäpli müňkürlik emele gelmezligi ähtimal.
Eserei reňlemeli däldigini, oňa surat goýup bolýanyny, tegi nåhili goýmalydygyny, eser ýokarda görünmeli däldigini, eseriň ýokarsynda awtoryyň getirmeli däldigini diňe şu saýtda aýtdylar.
Men hem edil bir keçjal, gepe düşmezek tün adam däl, jigim. Düzgünden çykmajak bolup jan edýän we mundan beýläk hem yhlas ederin.
Minnetdar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202