Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:26
Gelinlikmi ýa gaplaň? / hekaýa

GELINLIKMI ÝA GAPLAŇ?

Örän ir döwürlerde bir gazaply şa ýaşapdyr. Aň-düşünjesi uzakdaky latyn goňşularynyň pähim-paýhasy bilen az-owlak sünnälenen bolsa-da, ol özüniň zabunlygyna mahsus gerimi, täsinligi hem çäksizligi bilen tapawutlanypdyr. Onuň göçgünli hyýalbentligi, üstesine-de, erjel hökmürowanlygy bolup, islese, oý-hyýalyny hakykata öwrübem bilýärdi. Emma ol eden işlerini derňemäge-de meýillidi, ony ynandyrmak başardan wagty işi ahyryna çenli alyp barmaga hiç zat päsgel berip bilmeýärdi. Maşgalasynda hem döwleti dolandyrmakda bar zat öz akymyna gidip durka, ol mähirli hem mylakatlydy. Eger-de sähelçe üýtgeşiklik bolup, «planetalarynyň käbiri öz okundan çykaýdygy» welin, ol has-da mylaýym bolýardy, çünki egrem bugramlyklary göneltmek we büdür-südürlikleri düzetmek oňa uly lezzet berýärdi.
Şanyň zabunlygyny az-kem ýumşadýan endikleriň arasynda hemmelere elýeterli bolan ýörite meýdança bardy, onda adamlaryňdyr haýwanlaryň batyrgaýlygy raýatlaryň kalbyna aram berýärdi.
Emma bu ýerde-de wagşy, göçgünli hyýalbentlik özüni ykrar etdirýärdi. Şanyň bu meýdançasy jan berýän gladiatorlaryň ýürekden çykýan sözlerini diňlemäge ýa-da dini ynançlaryň hem aç ýyrtyjylaryň dawasynyň gutulgysyz çözgüdini synlamaga däl-de, eýsem, halkyň aň-düşünjesiniň has-da artmagyna ýaramly maksatlara niýetlenendi. Galereýalary, gizlin ýerzeminleri hem göze görünmeýän dälizleri bolan ägirt uly amfiteatr ýokary adalatlylygyň guraly bolup hyzmat edýärdi, onda adalatly hem dogruçyl tötänligiň hökümi bilen jenaýata-ha jeza berilýärdi, päk ahlaklylyga bolsa serpaý ýapylýardy.
Eger haýsy-da bolsa bir raýat şanyň ünsüni çekip biljek etmişde aýyplansa, onuň ykbalynyň şanyň gözüniň alnynda çözüljekdigi yglan edilýärdi, sebäbi şol meýdançanyň gurluşy-da, çyzgysy-da uzak ülkeden alnanam bolsa, niýetlenen maksady şu adamyň aňynda döräpdi, ol bolsa «depesinden tä dabanyna çenli» şa bolmak bilen, hiç bir dessury öz hyýalbentliginden ýokary tutmaýardy we olara özüne mahsus bolan zabunlyk taglymatynyň şitillerini oturdýardy.
Adamlar ýerlerinde ornaşyp, köşk emeldarlarynyň gurşamagynda şa öz tagtyna geçip oturansoň, onuň yşaraty bilen aşakdaky gapy açylyp, günäkärlenýän orta çykýardy. Meýdançanyň beýleki tarapynda, onuň gabat garşysynda bolsa iki sany biri-birine meňzeş, ýanaşyk duran gapy bardy. Synaga sezewar edilýäniň borjy we hukugy şol gapylara ýakyn baryp, olaryň haýsy-da bolsa birini açmakdan ybaratdy. Ol ýokarda agzalan adalatly hem dogruçyl tötänlikden başga, hiç hili ündewlere we täsirlere pitiwa etmän, islän gapy syny açyp bilýärdi. Olaryň birinden iň bir ýyrtyjy aç gaplaň çykyp, eden günäsiniň jezasy hökmünde onuň üstüne topulyp tike-tike edýärdi. Günäkäriň ykbaly şular ýaly çözülende jaň sesleri ýaňlanyp, hakyna tutma aglaýjylaryň gyk-wagy eşidilýärdi we köpsanly tomaşaçylar başlaryny aşak salyp, gynanyp, öýli-öýüne dargaýardylar, şunuň ýaly görmegeý hem ýaş ýigidiň ýa-da şeýle derejeli, sylag-hormatly adamyň paýyna elhenç ýazgydyň düşendigine gynanýardylar.
Emma günäkärlenýän beýleki gapyny açaýsa welin, durmuşda at abraýy hem ýaşy boýunça oňa has laýyk gelýän zenan çykýardy we günäsizliginiň delili hökmünde olary dessine nikadan geçirýärdiler. Onuň eýýäm aýalynyň, maşgalasynyň barlygynyň ýa-da jany-teni bilen başga birini söýýänliginiň hiç hili ähmiýeti ýokdy: hökümdar öz jezasyna ýa-da merhemetine bular ýaly owunjak hadysalaryň päsgelçilik döretmegine ýol bermeýärdi. Beýleki ýagdaýda bolşy ýaly, hemme zat meýdançada bolup geçýärdi. Şanyň tagtynyň astyndaky ýene bir gapy giňden açylyp, ondan altyn surnaýda çalynýan göçgünli saza tans edýänleriň we aýdym aýdýanlaryň ugratmagynda ruhany çykýardy; olar çatynjalaryň ýanyna barýardylar we toý dessury çalt hem şüweleňli geçirilýärdi. Şondan soň jaňlar haýaljak hem şadyýan ýaňlanýardy, adamlaryň şatlykdyr şowhuny astynda, öňlerine gül oklaýan çagalaryň yzy bilen, aklanan kişi öz gelinligini öýüne alyp gidýärdi.
Adalatyň şa tarapyndan ykrar edilen usuly, ine, şunuň ýalydy. Adalatlylygyň şeksizligi öz-özünden düşnüklidi. Gapylaryň haýsyndan gelinligiň çykjagyny günäkärlenýän bilenokdy, az salymdan özüniň parçalanjagyndan ýa-da nikalanjagyndan bihabar, islän gapysyny açýardy. Gaplaň kä bir, käte beýleki gapydan çykýardy. Kazyýetiň bu çözgüdi diňe bir ada¬latly bolman, eýsem, gutarnyklydy. Eger günälenýän özüni ýazykly bilýän bolsa, ol dessine jezasyny alýardy; eger-de bigünä bolup çyksa, onda duran ýerinde, islese-islemese sylaglanýardy. Şanyň dergähinde çykarylan hökümden gaçyp gutulma ýokdy.
Bu däp uly meşhurlyga eýedi. Günleriň birinde «beýik seljerişe» ýygnanan halk, özüniň elhenç gandöküşikligi görjegini ýa-da şüweleňli tomaşa şaýat boljagyny bilenokdy. Nämälimlik bu dessura uly gyzyklanma döredýärdi. Şeýlelikde, ýönekeý adamlar üçin bu gyzykly hem ýakymlydy, jemgyýetiň aň-düşünjeli bölegi bolsa bu dessury adalatsyzlykda aýyplap bilmeýärdi, sebäbi çözgüt, gutulgysyz, günäkärlenýäniň özüne baglydy.
Şanyň juwan, hyjuwly hem kesir gyzy bardy. Adatça, ol gyzyny ýelden-günden gorap, dünýe malyndan zyýada görýärdi. Köşk emeldarlarynyň arasynda asly hem derejesi boýunça hökümdarlaryň gyzyna aşyk bolan rowaýaty gahrymanlara kybapdaş bir ýaş ýigit bardy. Şa gyzynyň öz söýgülisinden göwnühoşdy, sebäbi ol boý-syraty, batyrgaýlygy bilen beýlekilerden saýlanyp durdy. Şa gyzynyň söýgüsi şeýlebir güýçlüdi welin, ony hiç zat bilen deňeşdirer ýaly däldi. Şaha aýan bolýança, olaryň bagtyýar söýgüsi birnäçe aýa çekdi. Şa nähili hereket etmelidigi barada oýlanyp, köp ikirjiňlenip oturmady. Ýigidi dessine zyndana taşladylar; synag meýdançasynda biçäräniň ykbaly çözüljek pursadynyň senesi aýan edildi. Bu, elbetde, aýratyn ähmiýetli hadysady we bütin halk bilen birlikde hökümdar munuň geçişine aýratyn üns berýärdi. Bu zeýilli ýagdaý öň hiç haçan bolmandy; owal-ahyrda hiç bir kişi şa gyzyna göz gyzdyrmaga milt etmändi. Elbetde, soňraky ýyllarda bu adaty ýagdaýa-da öwrüldi, emma şol zamanlar welin, bu gaty geňdi.
Iň bir ýyrtyjy haýwany orta çykarmak üçin tutuş şalygyň çägindäki kapasalary ilik-düwme barladylar; eger-de kysmat oňa başga çäräni rowa görmänliginde, ýaş ýigit özüne mynasyp gelinlige eýe bolar ýaly, kazylar juwan gözelleri gözden geçirdiler. Elbetde, jemende ýigidiň ýöne ýerden günäkärlenmeýänini bilýärdi. Ol şa gyzyny söýýärdi; muny onuň özi-de, şa gyzy-da, hiç kimem inkär etmeýärdi, emma şanyň özi-de şeýle lezzet hem kanagatlanma duýgusyny berjek bu pişä baş goşmak islemeýärdi. Çözgüt nähili bolanda-da, ýigitden dynyljakdy, şa bolsa öz gyzyny söýmäge milt eden ýigidiň günä iş edendigini etmändigini kesgitlejek ka zyýet çözgüdiniň gidişinden lezzet aljakdy.
Bellenilen gün gelip ýetdi. Äpet galereýalar ýerli hem gelmişek adamlardan hyryn-dykyndy; meýdançaň içine girmek başartmadyklar diwarlaryň daşynda hümerlenişip durdular. Şa bilen köşk emeldarlary biri-birine meňzeş gapylaryň gabat garşysynda ornaşdylar.
Hemme zat häzirdi. Başlamaly diýen yşarat etdiler. Tagtyň astyndaky gapy açylyp, şa gyzynyň aşygy orta çykdy. Ýygnanan adamlar bu uzyn boýly, görmegeý, sary saçly ýigidi uly şowhun hem howsala bilen garşyladylar. Olaryň deň ýary öz aralarynda şeýle ajaýyp ýigidiň barlygyndan habarsyzdy. Şonuň üçin şa gyzynyň ony söýenligine geň galyp oturasy işem ýokdy. Onuň indi öz täleýine ten bermegi, gör, nähili elhenç!
Meýdança çykanda ýaş ýigit, däp bolşuna görä, hökümdara tagzym etmek üçin yzyna öwrüldi. Em¬ma onuň bar ünsi şada däldi: ol kakasynyň sag tara pynda oturan magşugyna seredýärdi. Eger de şa gy zynyň gylygy kakasyna çekmedik bolsa, ol, belki, bu ýere gelmese-de gelmezdi, ýöne onuň hyjuwdan pürepür kalby özüni şeýle gyzyklandyrýan hadysadan çetde durmaga mümkinçilik bermeýärdi. Söýgülisiniň ykbalynyň şanyň meýdançasynda çözülmelidigi ba radaky höküm yglan edilenden soň, gyz gije-gündiz şu galagoply hadysa hem şonuň bilen bagly zatlardan başga hiç zadyň pikirini etmedi. Öň şular ýaly güne düşenlere garanyňda has güýçli hökmürowanlyga, tä sire hem gylyk-häsiýete eýe bolmak bilen, ol özünden öňkülere başartmadyk zadyň hötdesinden geldi: gapylaryň syryny bildi. Ol gapylaryň haýsynyň aňyrsynda gaplaňyň bardygyny, haýsynda gelinligiň garaşyp oturandygyny bilýärdi. Iç ýüzi deri bilen örtülen galyň gapylaryň aňyrsyndan, haýsam bolsa birini açmaga gelene hiç zat eşidilmeýärdi. Emma altyn-kümşüň we zenan erk-isleginiň güýji şa gyzyna bu syry açypdy.
Ol diňe bir gapy açylan badyna uýaljyrap hem ýüz-gözüni güldürip çykjak gelinligiň haýsy gapynyň aňyrsynda oturandygyny däl, eýsem, onuň kimdigini-de bilýärdi. Günäkärlenýän aklanan ýagdaýynda oňa peşgeş hökmünde köşk zenanlarynyň iň owadanlarynyň biri beriljekdi, şa gyzy bolsa ony itden beter ýigrenýärdi. Ol ýygy-ýygydan bu ajaýyp zenanyň öz söýgülisine syrly nazar aýlaýanyny we ol yşaratlaryň jogapsyz galmaýanyny görýärdi (ýa-da bu onuň göwnüne şeýledi). Käýarym olaryň sähelçe wagtlygam bolsa ikiçäk gürleşip durandyklaryny görýärdi, emma dem salymyň içinde-de köp zatlary aýdyp bolýar ahyry. Bularyň ýöne bir boş gürrüňler bolmagam mümkin welin, şa gyzy ony nireden bilsin? Zenan örän ajaýypdy, emma weli, ol şa gyzynyň söýgülisine gabagyny galdyrmaga milt edipdi. Şonuň üçinem özüniň sap-sap bolup ötüp giden ata-babalaryndan rehimsizligi ýetik miras alan şa gyzy häzir gapynyň aňyrsynda galpyldap oturan jenany ýüregi bilen näletleýärdi.
Aşyk ýigit yzyna gaňrylanda, ýüzi ak tam bolan şa gyzy bilen nazary kaklyşdy, ol dessine haýsy gapynyň aňyrsynda gaplaňyň bardygynyň, haýsynda bolsa gelinligiň garaşyp oturandygynyň magşugyna mälim digini aňdy. Ýigit şa gyzynyň bu syryň üstüni açjakdygyny öňünden aňýardy. Ol söwdüginiň gylygyna belet bolansoň, tomaşaçylara, hatda şanyň özüne-de nämälim bolan syryň üstüni açmasa ynjalmajagyny bilýärdi. Hernäçe kyn bolsa-da, ýigit onuň bu syry aýan etmegine bil baglaýardy we oňa gözi düşen ba¬dyna, munuň magşugyna başardandygyna düşündi.
Şonda onuň çalasyndan takatsyz nazary: «Haýsy gapy?» diýip sorady. Gyz bu yşarata, hamala, ýigit sesli soran dek düşündi. Wagt ýitirmeli däldi. Sorag göz açyp-ýumasy salym aldy, jogap hem ondan uzak bolmaly däl.
Şa gyzynyň sag eli ýassyk goýulan germewiň üstünde ýatyrdy. Ol hiç kime bildirmezden, çaltlyk bilen elini sag tarapa gyşartdy. Bu hereketi diňe onuň aşygy görüpdi. Beýlekileriň hemmesiniň nazary ýigitdedi.
Ýigit yzyna öwrülip, çalt we dogumly ädimler bilen boş giňişligi kesip geçdi. Hemmeler demini alman seredip otyrdy. Hiç bir ikirjiňlenmezden, ýigit sag tarapdaky gapa baryp, ony açdy.
Ine, bu hekaýatyň düýp manysy şunda: gapydan kim çykdy — gelinlikmi ýa gaplaň?
Soragyň üstünde näçe kelle döwdügiňçe, oňa jogap bermek şonça-da çetin düşýär. Bu sowal adam kalbyny öwrenmekligi talap edýär, ol bizi hyjuwlaryň ötlemliklerine alyp gider, ondan baş alyp çykmak bolsa ýeňil düşmez. Bu barada pikir et, hormatly okyjy, emma çözgüt saňa däl-de, alaçsyzlykdan hem gabanjaňlykdan ýaňa gursagy gahar-gazapdan dyňzap duran gedem şa gyzyna bagly bolsun. Şa gyzy ony ýitirdi, ýöne ýigit indi kime miýesser ederkä?
Şa gyzy ýygy-ýygydan, hyýalynda-da, düýşünde-de söýgülisiniň aňyrsynda gaplaňyň rehimsiz gyýaklary garaşyp duran gapyny açýandygy barada oýlananda, howpurgap, tisginip gidýärdi.
Emma ol aşygyny beýleki gapynyň ýanynda has köp görýärdi. Aňynda ýigidiň gelinligiň gapysyny açyp begenişini görende, dişlerini gyjyrdadyp, saçlaryny ýolmalaýardy. Uýaljyrap, özüniň ýeňşine buýsançdan ýaňa gözleri ýanyp duran gyza tarap ýigidiň okdurylyşyny, özüniň durmuşa gaýdyp gelendigine şatlanyşyny görende, mähelläniň heşelle kakyşyny, şadyýan jaň sesleriniň ýaňlanyşyny eşidende, gözüniň alnynda ruhanynyň olary är-aýal diýip yglan edişini we adamlaryň şowhuny astynda gol tutuşyp gidişlerini görende, şa gyzynyň ýüregi para para bolýardy.
Ol dessine ölägede, şa gyzyna o dünýäniň bagtyýar ülkelerinde garaşsa gowy bolmazmy?
Ýöne welin, bu elhenç gaplaň… ahy-nala… dökülen gan!
Aşygyna jogap bermek üçin şa gyzyna sähelçe pursat gerek boldy, emma bu karara ol ençeme günleriň hem gijeleriň ejirli oý-pikirlerinden soň gelipdi. Şa gyzy ýigidiň muny özünden sorajagyny bilýärdi, jogabyň nähili boljagyny-da öňünden kesgitläp goýupdy we hiç hili ikirjiňlenmezden, elini sag tarapa gyşardypdy.
Şa gyzynyň gelen netijesi baradaky sowal ýeňil däl, menem özümi oňa jogap berip biljek ýeke-täk adam hökmünde görkezesim gelenok. Şonuň üçinem jogap bermegi özüňize goýýaryn: meýdança kim çykdy — gelinlikmi ýa gaplaň?

© Frenk R. STOKTON
Iňlisçeden terjime: © Baýramgeldi ALIÝEW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Baýramgeldi Aliýew, Frenk R. Stokton | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 18:28, 11.12.2023
Öň Galamdaşda paylaşypdym. Suraty çalyşjagam bolmadym
avatar
0
2 Medicall • 21:04, 11.12.2023
Gabanjañlygyñam-a etdirmejegi bolmaz diýarler, emma... Emma hany, hoo söýgi diyyan zatlaram güýçli zatmyşda. Şa gyzam güýçli sõýardi diyip aydyp dur-a awtoram.. Olam ölmän galsa razy bolup, ýigrenyan gyzyny alsa-da diri galanyny isländir. (gelinlikli gapyny yşarat edendir) ...
avatar
0
3 Awtor • 09:10, 14.12.2023
«Ölseň ýeriňki, ölmeseň meňki» diýýän adam özüniňki bolmajagyny bilende nädýän bolsa, şony edendir. Gahar, ýigrenjiň oýanan ýerinde, bilmedim, söýginiňem, akylyňam eli bagly bolaýmasa.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202