Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:28
Geňlik

GEŇLIK

Doglanda adyna Geňlik diýip at dakdylar. Geň gördiler «O ne beýle?» diýip. «Ese-boýa galansoň, adyndan utanaýsa nähili bor? Galyberse-de gyz maşgala iliň gözündäki adam...» diýdiler. Doglan badyna aglamasa, eňremese iki günläp gözüni açman ýatsa, ejesi agzyna göwsüni tutanda çalaja tamşanan ýaly etse, ol çaga Geňlik bolman, kim bolsun?! Üstesine aşaky kentlewüginde iki dişi akjaryp görnüpdir. Geň gördüler, elgaraz, geňlik yzyndan geňlikler çykyp dur. Irki döwürde aýallar çaga doglanda aglamasa, çümmükleýän ekenler. Gözüni açman ýatan çaga öňki «tilsimi» ulanmagada gorkdylar. Üç ýaşady, soň dördüne gitdi, soňra bäşine, onsoň alty... emma Geňlige dil bitenok. Diňe bilýäni «A-a-a...O-o-o». «Demrinden ýa kömründen» diýseňem, ene-atasynyň on iki synasy sagdyn. Geň-taň boldular. Häzir ýigrimi ýaşynda. Adyndanam utananok, syratyndanam. Geňlik bir gün köçä çykdy. Başynda gyzyl ýaglyk, egninde çog keteni, uz basyp sülmüräp barýar. Dört örüm saçyny erkine goýberipdir. Dodaklary hozuň maňzyna meňzeş, goýungöz, gaşlary ýaý bolmasa-da gür - gaşlak, ýaňaklary bişmedik bir tarapy gyzaran gyş almasy ýaly gyzaryp dur. Gaba göwüsleri ketenini galdyryp, inçe bili bilen hereket edýän jübüt aýaklarynyň messan ýöreýşi şeýle bir üýtgeşik. Asyl, seredip gözellikden doýmasaň nätjek! Geňligi gören başy boş sallah ýigitler jylawyny çeýnäp duran at ýaly gulkunypdyrlar. «Bi kim-kä?» diýip, gyzyň yzyna düşüpdirler. Has golaý baryp siňe seretseler, obadaşlary Geňlik! Gyzyň bir kemsiz gözellerden däldigini bilipdirler. Geňligiň kemini ýüzüne basmandyrlar, gaýta, «Wah, ýaradaň-da, şu iki barmak dilini gysgandyňmy?» diýip, oýurganypdyrlar. Şol gün agşam Geňlik erbet keselledi. Gyzgyny galdy, üsgürdi, asgyrdy... Gije gabaklaryny gyrpmady. Ejesi başujunda sary-sadylla boldy. Lukman çagyrdylar. Däri-derman berdiler. Geňlik aýňalyberenok. «Göz degenmiş» diýdiler. Ejesi «Indi köçä çykanyňy görmäýin, saçy kesilen» diýdi. Dodaklarynyň gymyldaýşyndan çen tutup, Geňlik ejesine «Düşünmedim?» diýen manyda ümledi. Ejesi goly bilen köçäni görkezip, gyzynyň çöşlenen saçyndan bir penje alagada, barmagy bilen «kesip» düşündirdi. Kakasy muny görüp «Öň-ä «Gürläp bilenok. Üstünden gülýäler» diýdiň. Boýy ýetensoňam, beýdiýmäň näme, keýwany?» diýdi. Ejesinden jogap bolmady. Şondan soň ony duldegşir goňşusynyň öýüne odur-budur zatlar üçin ugradaýmasalar, köçä çykarmadylar. Ese-boýa galansoň, Geňligiň gözelligi özüne «kemis» bolup göründi. Aýnada öz syratyna seredip Geňlik geň galdy. Soňra oýurgandy «Iliňkiden niräm artykmyş?...» Garaz, Geňligiň köçä çykmazlygam, del gözler üçin geň göründi.
Geňligiň goňşusy bar. Ady Mahym. Ol ikisi ýaşytdaş. Ejeleri «dilleşen» ýaly ikisi bir günde Geňlik daňdan, Mahym guşluk wagty doguldy. Kiçilikden bile oýnap, gülşüp, kowalaşyp ösdüler. Mahymyň gözelligem hiç neneň däl. Tarypa mynasyp. Ýöne ol özüni Geňlikden bigörk hasaplaýar. Bu häsiýet gyzlara mahsus. Saý-sebäp bilen Geňlik öýlerine geläýse agalary oňa aňkaryp galýar. Mahym şonda bolmajysy bolýar. Gahary ýüzüne urýar. Saçlary hüžžerýär. Bu ýagdaýy Geňligi agalaryndan gabanýandyr diýip düşündirsek - dogry bolar, emma, Mahym olara baranda Geňligiň agasy seredenog-a! Näme üçin beýle? Geňlige berilýän üns näme üçin ala-böle Mahyma berlenok?! Mahym geň gördi. Mahymyň halaýany bolsa Geňligiň agasy Şirgeldi. Ýigit Mahymy halamaýandygy belli. Gyz öz ýanyndan käwagt «Halaýandyr, uýasyndan meniň niräm kemmiş? Ýa «dürtme gursakmyka bi?». Özüm gaş kakaýsammykam?» diýip, pikir ýüwürtdi. Mahym ähli pirimleri ulanyp gördi. Bolmady. Isleg bilen herekediň ugry deň gelmedi. Gyzlaryň biri özüne «Iliňkiden niräm artykmyş?» diýse, beýlekisi «Uýasyndan niräm kemmiş?» diýen soragy berýärdiler.
Günler geçdi. Aýlar yzyna aýlar seplendi. Daşkynrak garyndaşlary «Ýitigmizi gözleýäs» diýip, Mahymy sorap geldiler. Ejesi «Ýitigňizi tapdyk hasap edäýiň. Lekin, ýigit bilen gyzy duşursak näder? Belki, halaşyp, süýjeşip, ýaşaşyp giderler» diýdi. Gelenler «Biçem däl» diýip, öýlenjegi çagyrdylar. Ýigit dur tuduň kölegesinde. Mahymdan derek ýok. Ol Geňligi «geň» ýola taýýarlaýan eken. Göwni Şirgeldide bolansoň, bu ýigidiň ýanyna özi gitmän, Geňligi ugratjak bolupdyr. Geňligem per bererli däl. Başyny iki ýana sypajakladyp dur. Garaz, ol ýigit garaşyp, sabyr käsesi dolup-daşyp, gazana guýubermeli bolansoň gidipdir. Mahym ol ýigidi özüne mynasyp görenok. Şirgeldini mynasyp görýär. Tapdyň akmagyňy! Nirede bar islegler boýunça şagalaň?! Mahym ejesiniň dyzyna başyny goýup:
− Halaýan ýigidim bar, eje. Başgasyny gözöňüme getirip bilemok - diýip, hünübirýan aglady.
Ejesem äheňine gahar gatyp gürledi.
− Kimi halaýaň, ýerçeken?
− Goňşymyz Şirgeldini...
− Onsoň?
− Ejesine «Gyzym ogluňy halaýar. Gudaçylyga gel» diý
− Hiý-ih...
Mahymyň ejesi diýmesin-ä diýdem welin, goňşusy «Oglumyň taryna kakyp göreýin» diýdi. Ogly Şirgeldi bolsa «Entek öýlenmek niýetimde ýok» diýip, köp ýigitler tarapyndan ejelere aýdylyp-aýdylyp, lenji çykan bahanany tapdy, oturyberdi. Geňligiň bu wakalardan habaram ýok. Ol geň-taň «dünýäsinde» ýaşap ýör...
Bir aý töweregi wagt geçmänkä, Geňligi kejebä mündürdiler-de, ötägitdiler. Nika gyýyldy. Otagda ýaş çatynjalar galdy. Ýigit dymma eken. Eger-eger gep atmasaň, gürlejek gümany ýok. Biraz üm arkaly söhbet etdiler. Otagdaky çyra söndi... Daň tilkiguýruk bolanda Geňlik ukudan oýandy. Ýigit ukuda eken. Geňlik sag eli bilen ýigidiň ýüzüni sypady. Şu pille Mahym bu ýagdaýy gören bolsa nähili bordy?! Eý, aman! Geňlik ýylgyrdy. Gün al-asmana göterildi. Ony atasy öýüne gaýtardylar. Çuwalgyz töre geçip oturmady. Sygyr, düýe sagdy. Gaňşyrawugyňy tütedýän düýe çalyny diýsene! Sygyr saganda dagy Geňligi bir görsediňiz. Janawar sygyr kakynmakdan geçen, Geňligi gelin lybasynda görýänine «geň» galýarmy nämemi, bäbenegini mölerdýär. Geňlik sygyr sagmaga başlamazdan öňürti, sypaň-sermeň edip köşeşdirýär. Janawar durandyr onsoň «Ýelnimi ýolmasaň razy...» diýip. Birnäçe günden Geňlik gaýynlaryna gitdi. Daň atdy, Gün ýaşdy. Ýene daň atdy, Günem ýaşdy... Şol atan daňlar bilen ýaşan günleriň birinde Geňligiň ekiz perzendi dünýä indi. Geň görmediler. «Tüweleme, uzak ýaşasyn» diýdiler.
Şirgeldi öýlendi. Gulpagyny tasadyp üç ýaşly gyzjagazy ylgap ýör. Mahym bolsa atasy öýüniň törüni bezäp otyrdy. «Geňligä süýji durmuşyň bally gününe batdy. Mahym bolsa...» diýip, geň gördiler. Geňlik bir gün ekiz ogullaryny yzyna tirkäp, elinde-de alty aýlyk çagasy bilen atasy öýüne geldi. Mahym gele-gelmäne ýaşlykdaky jorasyna gujagyny gerdi. Boýur-boýur ýaş dökdi. Geňligiň posalaklaryny ýekänme-ýekän maňlaýyna syldy... Ertesi öýünden Mahymy tapmadylar. Geň görmediler.
...Geňlik bolsa häli-häzirem geň-taň «dünýäsinde» ýaşaýar.

Begenç ANNAÝEW
Çeşme: “Esger” gazeti. 2019-njy ýylyň 18-nji iýuly.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Begenç Annaýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 21:01, 28.05.2023
Mahym iñ soñy nirä ýok bolduka?! "Dalnan daljygar" diýenleri bolupdyr Mahylyñky..
Gowy ýazýar şu awtor, paýlaşanyñyza minnetdar! Sagboluñ!
avatar
0
2 Мango • 18:27, 29.05.2023
milletiň geň görmekden başga işi barmy?
goý geň görsünler...
***
erbet däl, Begenç kaka.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202