23:57 Gurjak/ hekaýa | |
GURJAK Menikli perzent − haçan-da ol özüniň geljegi hakda çagalygyndan pikir ýüwürtmäge başlasa, bu gowulyga ýorulýar. «Boljak oglan başdan belli» diýilmeginiň sebäbi hem şoldur. Aýtmaklaryna görä, arzuwyň kiçisi ýa ulusy bolmaýarmyş. Arzuw etmegi çäklendirip bolmaýar. Hut şonuň üçin neresse çaga kalby basym uly adam çykyp, şolar kimin geýinmegi, gürlemegi, uklamagy, iýip-içmegi, üsgürmegi, asgyrmagy... elgaraz, başardygyndan jikme-jik ulularyň hüýt-häsiýetinden, etsem-goýsamlaryndan, «bolsadylaryndan» özüçe görelde almaga başlaýar. Emma, arzuw etmek adamzadyň ähli müçesinde dowam edýär. Ulularyň käsi çaga kalbyna düşünmeýär. Näme üçin? Olar hem öz gezeginde çagalyk ýyllaryny başdan geçirmändirmi eýsem?! Geçirendir. Ýogsam, gyzjagazyň kakasy bilen ejesi her gezek çaý başynda çagalygyny ýatlap «Ýeke sapar dolansadyk, şol ýyllara...» diýip, baş ýaýkamazdylar. «Bolsady ekmek» her bir adama mahsus. Ynha bu gün maşgalanyň ýeke perzendi kiçijik Sadapjyk bosagadan ätledi. Kirpikleri gözýaşlaryna ezilendigi mesaňa-mälim bildirip dur. Dodaklary kemiş-kemiş edýär. Ýetişibildiginden, gözlerini süpürýär. Onýança, ejesi çykdy öňünden. Derhal, hemmeleriň çagalyk ýadynda müdimilik galan sözler bilen köşeşdirmäge başlady: − Wiý, muny. Sen indi ullakan gyz-a! Köşeş, guzym... Emma, gyzjagaz köşeşmekden geçen, sojap-sojap aglamaga başlady. Her kim derdini ejesine aýdasy gelýär. Onsoň, eje biçäre oňa çäre gözlemeli. Çözgüt tapmaly. Tapylaýsa «aşygyň alçy gopar». Bolmasa-da, ýüzüňe mölterip sereder-de, ýene çagaň aglamak bilen bolar. Ejesi Sadapjykdan sebäbini sorady. Dolup gelen a:gydan ýaňa, demligi daralan gyzjagaz özüne zor salyp jogap berdi: − Selbi menden gurjagyny gysgandy. Ony men öýmize alyp gaýtjakdym... Ejesi ýene gyzyny soraga tutdy: − O nähili gurjak?! Sadapjyk özüni dürsedi, soňra ejesine gysmyljyrap: − Kakasy oňa gurjak sowgat edipdir. «Kakam maňa gurjak sowgat etdi. Seň kakaň sowgat edenokmy?» diýip, maňa güjeňleýä – diýip, biraz sakyndy. Soňra dillendi: − Eje, kakam maňa gurjak alyp berermi?!.. Ejesi «Elbetde, alyp berer» diýen jogap bilen çäklenmeli boldy. Sadapjyk ilkinji arzuwynyň amala aşmagy üçin kakasynyň medetkär boljakdygyna öz ýanyndan monçalandy. Eýsem-de bolsa, arzuwlar hasyl bolmak üçin döremeýärmi?! Agşamlyk kakasynyň işden gelerine mähetdel, Sadapjyk ejesine saçak ýazmaga kömekleşdi. Ökjesi ýere degenok. Gulpaklaryny tasadyp, saçaga äberilmeli naz-nygmatlary irginsiz aşhanadan daşady. Onýança, gapydan kakasy girdi. Saçak başyna jemlenen agzybir maşgala, işdämen agşamlyk edindiler. Töwirden soňra, gyzjagaz öz otagyna howlukdy. Hä diýmänem eli kiçijik guty bilen yzyna dolandy. Kakasynyň epilen dyzynda oturan ha:lda, Sadapjyk oňa ýüzlendi: − Kaka, maňa «horaz süýji alarsyň» diýip berýän puljagazyňy indi şu gutujyga salgyn! Kakasy geňgalyjylyk bilen gyzjagazyň başyny sypady: − Gyzym sen indi horaz süýji iýjek dälmi?! − Ýok, iýjek däl. Men pullammy üýşürip... Sadapjyk öz pikirini doly aýdyp bilmän sakyndy. Dymdy. Meniklije gyzjagaz kakasynyň öňünde müýni bar ýaly başyny aşak goýberdi. Kakasy bolsa gyzjagazynyň dymmagynda bir «emmasynyň» bardygyna düşündi: − Hoş, gyzym. Hökman... Maşgalabaşynyň bilesigeliji nazary aýalyna gönükdi. Elbetde, kakasy basym Sadapjygyň bu ahwalyna düşüner. Gurjakly bolmak arzuwy ýene gyzjagaza teselli bolar. Aslynda, Sadapjygyň mele saçlyja bir gurjagynyň bolandygy ýadyna düşýär. Emma, onuň nirededigi belli däl. Ýitdimi, ýa täze jaýa göçhä-göçlükde köne jaýda unudylyp galandyr. Kim bilýär, bu ýagdaýa çözgüt tapmak hylalla. Ol kän bir oýnawaçlar bilen höwrügen däldi. Ejesiniň aşhanadaky edýän hereketlerine seredip, başarsa el ujy kömekleşer ýörerdi. Emma, gündizki bolup geçen wakadan soňra, gyzjagazyň peltesine ot degen ýaly boldy. Ol pikir ýüwürtdi «Selbiniň gurjagy bar. Basym mende hem şolar ýaly gurjak bolar»... Arzuwyň kiçisi ýa ulusy bolmaýşy ýaly, sowgat hem kiçi ýa uly diýip, kabul edilmeýärmiş... Ertesi irden oýanan gyzjagaz gutujygyň içine seretdi. Diýmek, kakasy onuň haýyşyny bitirmäge döwtalap eken. Öz ýanyndan monça boldy. Basym, onuň arzuwy hasyl bolar. Höwesek çaga ädimleri ony barha bilim ojagyna tarap golaýlaşdyrýardy. Synpa girdi. Biraz wagtdan sapaklar başlandy. Mugallym bir näçe günden okuwçylaryň arasynda bäsleşik geçiriljekdigini aýtdy. Bäsleşikde ýeňiji bolmak üçin hökman bir goşgyny ýat tutup, ony labyzly ses bilen diňleýjilere ýetirmelidigini düşündirdi. Arakesme wagtynda Sadapjygyň ýanyna Selbijik geldi. Ol bäsleşige gatnaşjakdygyny, birinji orna mynasyp boljakdygynam öwran-öwran gaýtalady. Sadapjyk indi has ekezlendi. Her edip, hesip edip Selbijikden üstün çykjakdygyna özüni ynandyrdy. Elbetde, özüňe bolan ynam maksada ýetmek üçin goltgydyr... Sadapjygyň indi iki arzuwy bar. Birinjisi Selbijigiňki ýaly gurjakly bolmak, ikinjisi bolsa bäsleşikde ýeňiji bolmak arzuwy. Gör, çaga kalbynda arzuwlar nähili şineleýär! Ýogsa, ussat ýazyjy «Arzuwlar mätäçlikden döreýär» diýmezdi... Adaty günleriň geçişi ýaly, gutudaky puljagazlar hem barha köpelýärdi. Sadapjyk bolsa begenjinden ýaňa iki bolup bilenokdy. Goşgyny ýatlady. Ony ýüz görülýän aýnanyň öňünde labyzly ses bilen okamagy endik edindi. Basym, bäsleşigede gatnaşar. Nesibesi çekse, ýeňiji bolar. Sadapjyk süýji arzuwlardan doly başyny per ýassyga goýup uka gitdi. Irden oýandy. Gutujygyna ser saldy. Içi boş. «Kakam alandyr» diýip öz ýanyndan pikir ýüwürtdi. Gyzjagaz ilki biraz gussa batdy. Soňra bir zada ýetmek üçin başga bir zady pida etmeli boljakdygyna düşündi. Çuslandy. Özüni dürsedi. Bu gün ejizlemek bolmaz! Gussa per bermeli däl. Bu gün bäsleşik bar ahyryn! Ertirlik edindi. Mekdep lybaslaryny geýip, ýola düşdi. Yhlas eden gyzjagaz bäsleşige gatnaşdy. Üçünji orun alan okuwçynyň ady agzaldy. Soňra ikinji... Ýöne ýeňijileriň arasynda Selbijigiň ady ýokdy... Emma, Sadapjyk birinji orun aldy. Gyzjagaz begendi. Göz owasy balkyldady. Hakyt, onuň gözlerinde begenç göz ýaşlary buldurady. Arzuwlar amala aşdygyça, yzy gürelip gidýär. Geň ýeri — Sadapjygyň bäsleşikde okan goşgusy gurjak hakdady... © Begenç ANNAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |