13:52 Göreşde ataňam bolsa sylama! | |
GÖREŞDE ATAŇAM BOLSA SYLAMA Awstraliýanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda iki sany Purdi çykyş edýärdi. Ataly ogluň ady Sessil hem-de Jondy. Sessiliň — kakasynyň ýurduň çempiony bolmaga ähli mümkinçilikleri bardy. Munuň üçin diňe iň soňky tapgyrdaky oýny utaýmak galypdy. Bije boýunça-da ahyrky döwi ogly bilen oýnamalydy. Ýöne kakasy oglundan utulyp, birinji orny elden gideripdir. Ol oglunyň elini gysypdyr, maňlaýyna inen der damjalaryny sylybam, stoluň başyndan turup, gygyryp gürläpdir: — Ine, çagalaryňa küşt oýnamagy öwretseň, bolaýjagyňam şudur. © Ýuriý AWERBAH "Toslanmadyk wakalar" Dünýä edebiýaty Terjime: © Çary GELDIMYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |