Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:58
Gülki. 20-nji onluk

GÜLKI. 20-nji ONLUK

Hormatly dostlar, doganlar! eyho.8m.net saýtyndaky degişmeler onlugynyň hemmesini size ýetirip boldyk. Gynansagam ol ýerde "19-njy onlukdan" soň degişme goýulmandyr.
Ýöne, @Atsyzatly agzamyz bizi begendirdi. Ol "Gülki. Degişmeler 10-lygynyň" dowam etmegi üçin özüniň toplan degişmelerini iberipdir.
Oňa minnetdarlyk bildirip, degişmeleri paýlaşýaryn.

GÜLKI. 20-nji ONLUK

- Ähliňiziň ertiriňiz haýyrly bolsun! Gözel, maňa kofe ýasa.
- Kofe latyn amerikada ýasalýar, a men taýýarlaýan başlyk.
- Mekdepde ekzamenleriňde beýle akyllasyramalyň ekeniň.

***

Pul adamy üýtgedýär diýdiler. Menem kakamyň jübüsinden pul ogurladym. Çyndanam üýtgetýän eken, gözümiň çişine buz basyp oturyn şuwagt.

***

Birwagt Aýsberg bolupdyr, hiç kime azaryny ýetirmänjik öz güni bilen gezipdir, günlerde bir günem ol Titanik atly nägehana duşup, agyr ýaralanypdyr.

***

Atam pahyr Titanikdakylara öňlerinde uly aýsbergiň barlygyny gygyryp-gygyryp aýdypdyr welin adamlar ony diňlämändirler we iň ýaman ýerem ony kinoteatrdan çykaryp goýberipdirler.

***

15-20 sany selfie düşdim we düşündim: Esasy zat içki gözellik.

***

-Kakañ näme işleýär?
- Ejem näme diýse şony.

***

- Kaka näme üçin sen ejeme öýlendiň?
Adamsy aýalyna seredip, "Görýäňmi hat-da çagada geň görýär".

***

Ähli problemalary suwa gark edesim gelýär. Arman, gelnim basseýna girmekden ýüz döndürýär.

***

Diýetologa ýazyljak bolsaň ikisine ýazylmaly. Biriniň berýän resepti bilen doýup bolanok.

***

Hemişe optimist pikirde boluň! Biri size çukur gazýarmy? Sesiňizi çykarmaň, gazyp bolansoň basseýin edinersiňiz.

Toplan: @ATSYZATLY

Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy.
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 143 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Мango • 16:01, 18.11.2023
sosial manyly surat barada nähili pikir edýäňiz?
avatar
1
2 sussupessimist • 16:08, 18.11.2023
Dowlatowyyň kitabyndaky şu waka yada düşdi:
"Однажды были мы с женой в гостях. Заговорили о нашей дочери. О том, кого она больше напоминает. Кто-то сказал:
— Глаза Ленины.
И все подтвердили, что глаза Ленины.
А Найман вдруг говорит:
— Глаза Ленина, нос — Сталина."
avatar
0
3 Мango • 16:12, 18.11.2023
sussupessimiste hoş geldiň diýýärin.
size görenimize begendik.
avatar
0
4 Мango • 16:14, 18.11.2023
hawa. o çagajygygyň gözleri-hä agyn ejesiniňki.
ýöne olary yzarlap ýören arkadan gelýäne-de çalym edýän ýerleri bar eken.
bu zatlardan kakasynyň ("kakasynyň") habary barmyka?
avatar
0
5 sussupessimist • 16:38, 18.11.2023
Sagja bol.
Sayty, umumanam edebiyat prosesini birneme janlandyralyň
avatar
0
6 sussupessimist • 16:39, 18.11.2023
"bu zatlardan Wan Dammyň habary yokmyka?" diyilşi yaly))
avatar
0
7 sussupessimist • 16:42, 18.11.2023
Beyleki tarapdanam, bu yerde diňe fiziologiya däl-de, dünyàgarayyş meselesine kakdyrylyan bolmagam ahmal.
Kakasy yaly kwadrat bolmaga derek, aňyrda yeke gezip yören filosof Tegelek agaň täsirine düşüp yör...
avatar
0
8 Pero • 10:56, 20.11.2023
Surat barada ajaýyp diolog edipsiñiz.
Surat nirä çekseñ gidip barýa,tüweleme! Onsoñam maṣgalañ üstlerinde,hatda çagajykda-da tegmil barka,añyrky ýekede ol ýok,ýogsam ṣol bir howa. Näme üçinkä?

Degiṣmelerem ýylgyrtdy.Ỳetireniñize sagboluñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203