Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:50
Gülki. 22-nji onluk

GÜLKI. 22-nji ONLUK

"Adamyň bedeni 25 ýaşa çenli ösýär" diýýäler welin, bu garyn bilen syrtyň ol zatlardan habary ýokmyka?!

***

Adamlaryň biri-birini ýitirmekden gorkýan ýerleri hem bar eken. Ýagny, nobata duranlarynda.

***

-Öýlenseň gowumy ata?
-Gowudyr agtyjagym, öýleneňsoň gelniň derdiňi böleşer.
-Ýöne meň derdim ýog-a ata?!
-Alada etme öýleneňsoň o-da bolar.

***
Bir adam iki sagat diýen ýaly gygyryp, maşynly köçeme-köçe aýlanyp ýören eken:
-Gawun bar, gawun...
Çatrykda otyran bir oglanam:
-Agam, gawun satýaňmy?
Ýaňky içi ýanan:
-Ýok, bu gün diňe gygyrýan, ertir satýan...

***

Avon firmasynyň 10 ýaş kiçeltýän kremini çalan Leýlajyk, ýitirim boldy.

***
- Çary näme üçin soňky wagtda aýdym aýtmaňy goýaýdyň?
- Öňräk bir tanymal aýdymçy bilen gürrüňdeş boldum. Ol meniň aýdym aýdyşymy diňlän eken, "Seniň oňat sesiň bar, ony aýawly sakla" diýdi.

***

"Hormatly Aýaz baba, men dünýä belli bolasym gelýär diýip ýazanymda "halkara gözlegde" bolmak barada asla pikir etmändim."

***

Mugallym tagta "2x+4y*84+17xy" ýazyp, "meseläni çözüň" diýdi. Menem elime esgini alyp süpürdim, mesele çözüldi.

***

Gowy buhgalter tapmak kyn. Şonuň üçinem öňki buhgalterimizi polisiýa eýýam bäş ýyl bäri gözläp ýör.

***

- Günä bildirýän, siz näme üçin banky taladyňyz?
- Oň özi ilki başlady.

Toplan: @ATSYZATLY
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 146 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Pegas • 20:57, 27.11.2023
- Günä bildirýän, siz näme üçin banky taladyňyz?
- Oň özi ilki başlady.


:))))
avatar
0
2 Smith • 01:04, 28.11.2023
Gowja degişmeler.
avatar
0
3 Arzuw_Umydow • 08:08, 28.11.2023
Suratdaky degişme haaas gowy eken
avatar
0
4 Medicall • 21:19, 28.11.2023
Avon firmasynyň 10 ýaş kiçeltýän kremini çalan Leýlajyk, ýitirim boldy.))))))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203