Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:25
Gün öýlä aganda...

GÜN ÖÝLÄ AGANDA...

Tomsuň güni howa salkynyranda obanyň ýaşulylarynyň dükanyň ýanyna üýşäýmeleri bar. Hana-da köwşüni aýaga gowallaň alan Annamuhammet aga bilen Baýram aga dükanyň ýanyna öz aýdyşlary boýunça «güm-ýama» çykypdyrlar. Şol wagtam obanyň kybla tarapyndan ýük ulagy göründi. Maşyn diýilýän zady negada bir görýän gumlular üçin olam bir täzelik. Adatça, gelýän maşynlaryň aglabasam nebit-gaz gözleýän geologiýanyň ulaglary bolardy. Olaram obanyň üstünden eýlä-beýlä geçerler, ýa-da ýoldan sowulyp dükandan gerek ýaraklaryny düzärler. Köplenç alýanlaram çilim, çaý, konserwa diýen ýaly zatlar. Obanyň kethudalaryndan biri sataşyp mürehet etseler-ä, myhmançylyga sowulyp bir käse çaý içip, nahar edinerler. Gabat gelmeselerem ýollaryna ugrarlar. Şolar ýalyda obanyň daşyndan gelen myhmanlara idi-yssywat edip köplenç «eýe çykýan» Annamuhammet agady. Öýüne bir myhman bolan adamlaryň köpis-ä soňra ýoly düşse ilki şolara maňlaý dirärdi. Sahawaty bol bolan Annamuhammet aga bu gezegem gelen ulaglyny ezmaýyşlyk üçin öýe çagyraýyn maksady bilen Baýram aga sala salýan görnüşde ýüzlendi.
⸺ Baýram, bu maşynam burawçylarmy-ka? Şulara bir döwüm-dişlem çörek iýip git diýäýýeli?! Meýdan ýerden gelýän adamlardyr. Aç-suwsuz bolmagam ahmaldyr.
Baýram aga:
⸺ Aý, howwala. Dilini aňlaşyp çagyrsaň-a, kem-ä bolmaz ⸺ diýdi.
Gojalaryň dilini aňlap bolsa diýmeleriniň öz sebäbi bar. Oba gelýän ulaglaryň sürüjileriniň köpüsi soýuzyň beýleki milletlerinden bolagandy. Olaryňam kimsi «patriotik ruhda» terbiýelemek idologiýasyndan «ruhlanan» ýaşlar, kimsi «ýedi gapyda ýerlemän» rysgalyny başga ýerlerden gözlemegi maksat edinenler bolsa, arasynda kakabaşlygy sebäpli ili götermedik ýa-da ýerli hökümediň «bagyşlamadyklary» hem bardy. Şolar ýalylary işe ýollanlarynda «juda uzakda ýerleşýän Orta Aziýanyň «itgyrlan» çölüni» jeza çäresiniň bir görnüşi hökmünde-de saýlaýardylar. Gelenlerem özlerini «yzagalak» ülkeden bir çarşenbäni artyk gören, medenýetli hasaplap ýeňil-ýelpaýyrak, jogapkäliräk wezipelere sümülerdiler. Çalgyrt gepleýän bolsa özlerinden akylly hasaplaýan sada, pespäl türkmenlerem olara ⸺ «tehnikany özleri ýasan orslara» tehnika ugryny ynanýardylar. Şolar ýaly «hökümet bagyşlamadyklaryň» jepakeş türkmenleriň arkasyndan «sossalistik zähmetiň gahrymany» bolup ýörenleri kändi.
Bu gelen welin öň gelip görmedikleriň biri bolarly. Ulagyny öçürmän töweregine howatyrly nazar bilen birlaý seredip çykdy. Howatyrly seretmez ýalymy? Ol öň «Aziýaly wagşylar» barada kän eşidipdi. Bulardan heder edäýgin. Göräýmäge kijijek, mürşüp gidenje ýaşulydyr welin ýogyn ardynjyrar welin daş-töweregiň gowruna suw sepilen ýaly bolaýýar. Ýada, hajraw ýaly ýigitlere bir zat diýse aýdylany etjek bolup söm-saýakdyrlar. Bularmy? Bular ýuwaşdyrlar, saýhallydyrlar. Ýöne ýeri gelen heder edäýmelidir. Gaty namysjaň halkdyr bular.
Sürüji ulagdan düşmäge hyýallanyp ugranam şoldy welin iki sany epeý gojanyň ýerden çykan ýaly bolup ýanynda häzir bolanyny görüp kürtdürdi. Gelenler biraz birek-birege seredişenlerinden soň, has peşenelisi gepläp başlady. «Ors» bilen gürleşmegi boýnuna alan Annamuhammet aga:
⸺ Ha:n, hany düşüň, öýe baralyň çaý içeris, çörek iýeris ⸺ diýdi.
Ol wagtlar oba gelýän «şopurlaryň» hemmesini ors hasaplanardy. Olaryň içinde çeçenmi, osetinmi, başgyrtmy mürehede ýakyn aýdanyňa düşünip gondanyberýänleri hem bardy. Olaryň milletini aýdyp biljek ýok. Bular üçin hemmesi bir orsdy. Olar iýip-içip keýpini köklänsoň çalgyrt dilde alkyş baryny aýdyp sagbollaşardylar. Olar bilen çaý başynda «türkiçe» düşünişibem bolardy. Olaryň asylam türküçe gürleýänini, ýa-da az-kem türkmen dilini öwrenenini bilýän ýok. Düşünişip bilseler, ýerliler özlerini «orsça bilip ugran» hasaplaýardylar.
Göm-gök gözlerini ynamsyzlyk bilen dikýän sürüji düşmäge hyýallanman, ulagyň roluny has berk gysymlady. Aýdylana düşünmedi hasaplan Annamuhammet aga «has orsçalady»:
⸺ Ha:n bize myhman bol. Me-n s-e-ni ma-ga-zi-ne aýlaý-yn ⸺ diýip soňra ertir söwüşlejegini nygtamak üçin ⸺ A-gşa-m ýatarys zawtram utro pyh ⸺ diýip, ýazgyn aýasyny boýnuna süýkäp görkezdi.
Öňdenem gorkuly oturan sürüjiniň zähresi ýaryldy. Ulagyň gapysyny gürpüldedip ýapdy-da, gaty sürüp obanyň gündogaryna tarap daz ýasady. Yzyndan seredip galan gojalardan esli wagtdan soň Baýram aga dymyşlygy bozdy.
⸺ Haý, bedibagt. Düşünmedi öýdýän.
Entege çenli mürehediniň ýüzüne urlup görmedik Annamuhammet aga ynjyly gürledi:
⸺ Be:ýdip, öz ene dilinde aýdamyzda düşünmese, tersini düşünsin, Baýram.
Diýselerem, ýaşulylaryň şondan soň mazalary bolmady. Soňraky dükanyň ýanyndaky gürrüňçilikde-de sus oturdylar. Olaryň käte bir maşynyň giden tarapyna uzaklara seredip oturmaklary olarda sürüjiniň iýip-içmän gidenine gyýylmakmy, ýa mürehetleriniň «ýüzüne urulmagyna» ynjamakmy bir küýgalplygyň bardygyny duýdurýardy.

Nowruz ÝEGENMYRADOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Nowruz Ýegenmyradow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 aygull • 14:51, 22.02.2024
Awtor metbugat ulgamynda işleýär. Medeniŷet institutynyñ talyby. Şahyr Çary Ýegenmyradowyñ uly ogly. Bu size bellik.
Awtora belliklerem sizden.
avatar
0
2 Küle • 16:28, 22.02.2024
Tapan delje sözüňi ýa söz düzümini mazamlajak bolup gaýtalamasaň (onda-da bilgeşleýinden) gowy.
Mürehediniň ýüzüne urulmagy gaýtalanýança gyzyklyjady. Ýokarda-da bar. W selom erbedem däl ýaly. Dili özboluşlyja.
avatar
0
3 Мango • 12:25, 23.02.2024
idologiýa, sossalistik... ýaly ýaňlyşlar kän...
awtor edil ors döwrüni görmedik bolaýmasa... ýa-da soňjagazlaryndan çalaja dem alyp gören bolaýmasa.
bir anekdotik waka hekaýa edilipdir.
gowy diýeli gowy bolsun.
ýöne wakany diňe anekdot edip aýtsalaram ýylgyrmazça däl eken.
üstünlik awtora.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203