23:12 "Gurban etdim gijelerimi hasrata" | |
"GURBAN ETDIM GIJELERIMI HASRATA...” Gurban etdim gijelermi hasrata, Gözlerimi ýaşa pida etdim men. Gülkülermi arzan satyp durmuşa, Öz-özümi şeýdip geda etdim men. Ýok, ýanmadym, ýanmak üçin o:t gerek, Demirgazykdanam tenim sowukdyr. Kelläm kerep ýaly, günler ot-elek, Aýna dek arzuwlam döwük-döwükdir. Parçalanan zatlar düzelmeýärler, Hökümin ýöredip bilmez ýelimem. Ýagyş söýmeýänler ezilmeýärler, Men ýagyş-ýagmyry söýýän ölemen. Basyrgandym, usurgandym huşumda, Düýşümde-de goh-galmagal zenzele. Başyň dumanlanyp juwan ýaşyňda, Elhenç eken, gezip ýörseň seňseläp. © Uzuk NOWRUZOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |