Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:56
Hat
HAT

«Durmuşda her bir işde öz daňan ýüpüňi özüň çözmäni başarjak bol!»
Kakamyň öwütlerinden


1
Kaka, soňky günler sabrym ýetenok,
Garaşmaga,
göreşmäge,
ýeňmäge.
Umydymy baýdak edip gezsemde,
Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Ýetilmedik menzillerde azaşyp,
Bir öýjagaz dikdim arşyň töründen.
Soňky günler üzüp ýerden aýagym,
Aýy ýassyk edip ýatyp ýörün men.

2
Kaka, pikrim ýaly perişan günleň,
Del duýgusy jepa berýär her deme.
On üçünji synasy deý süňňümiň,
Aladalar labyr atdy gerdene.

Gijelerne öz-özümden ýadyrgap,
Ýaka ýyrtyp gitsem diýýän bir ýere.
Ak säherde efganyma çöl içre,
Hydyr duşsa ähli arzym diýere.

Gömülipdir
görejimde gözýaşym,
Tukat didelerme bolmansoň lazym.
Ganat-perden jyda düşen guw ýaly,
Gam içinde gark bolupdyr yhlasym

3
Kaka, öwütlerňe ömrüm adaglap,
Düşmen, bagta barýan hyýal atymdan.
Ýöne,
Ejizlik her näçe aýybam bolsa,
Gorkýan,
çemeçilleň hyýanatyndan.

Syrly gep-gürrüňler sabrym tükedip,
Ýekirlen ýüzlüler gözlände kemim,
Daşymda galkan deý goragym bolan:
Gyşda doglan dostlarymdan razy men.

4
Kaka, juwanlykda düşündim magat,
Bagtly güne ýeter eken ýaş aýan.
Indi müň gün bäri ene şäherde,
Hasyl bolan arzuw bolup ýaşaýan.

Golaýlaşýar ýaşymyzyň arasy,
Düýnüm galdy alyslarda azaşyp.
Ömürhanaň bir ornuny boş goýup,
Uçaňdan soň durnalara garyşyp
ýerde ýalňyzlygyň heýkeli ýaly,
Kirpi saç baglar deý dymyp galdym men.
Dutaryň kirşi dek inçejik ýolda,
Soňky gözýaş bolup damyp galdym men...

Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/5/3306. 04.02.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Muhammet Bekgiýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Bagabat • 13:00, 04.02.2023
Surat, amerikaly nakgaş Istmen Jonsonyň 1873-nji ýylda çekilen "Stoluň başyndaky oglanjyk" atly eseri.
avatar
0
2 Garlawac • 08:07, 02.11.2023
Goşgy diýseň ýarady,4 gezek okasamam ýene okasym gelip dur, ajaýyp ýazylan eken, ýazaryna berekella! (Öz duýgularym bilen ýüzbe-ýüz oturyp gürleşen ýaly duýgyny başdan geçirdim, köp wagt bäri beýle bolmandy)
avatar
0
3 Мango • 09:01, 02.11.2023
sagdyn, gowy pocerki bar eken.
berekella.

"Golaýlaşýar ýaşymyzyň arasy..."
owadan, täsin setir.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203