Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:05
Häzirki döwrüň “mentalitetiniň” gurbany ýa-da hiç kime gerekmejek “däp-dessurlar”
HÄZIRKI DÖWRÜŇ “MENTALITETINIŇ” GURBANY ÝA-DA HIÇ KIME GEREKMEJEK “DÄP-DESSURLAR”


Men özüm türkmen hem bolsam, ene-atamyň we köp sanly perzendi bar maşgalalaryň alyp barýan durmuş ýörelgelerini we olaryň türkmençilik bilen musulmançylygy ýa-da däp-dessurlary garyşdyrdyrmalaryna hiç hili açyklama tapyp bilemok.

Käbir maşgalalar öz çagalarynyň toýdan soňky durmuşyny ýa göresleri gelenok ýa-da asla pikir edenoklar. Toýdan soň hem durmuş dowam edýär. 21-nji asyryň başlarynda ata-babalardan göz baş alyp, olaryň edenlerine çala üýtgetme girizip, has döwrebaplaşdyryp toý tutmak modasy emele geldi. Il oňlasa atyňy soý diýleni bilen gidip ony öldürmeli diýlen zat ýok. Obadaşym etdi, menem etjek, il näme diýer diýip biriniň edenini gaýtamalaly diýen ýazgy ýa-da kanun ýokmyka diýýärin.

Şeýlelikde, näme üçin biz öz isleýşimize görä, hereket edip durmuş ädimlerimizi öz aýagyzmyzyň näçe uzaklykda basjak ädimine görä ätmeli däl-de, biri çepe ädim ätdi diýip, bizem saga tarap basyp biljek aýagymyzy bolgusyz çepdäki batgalygyň içinden geçirmeli-de soňlugy bilen özümiz kösenmeli. Bu döwürde edilýän “däp-dessurlara” Mahmyt Kaşgarly şaýat bolan bolsa toba gelip, bu halky terk etmek bilen bolardy. Iň bolmanda bu zatlaryň bir çäresini tapyp, ýatyrylmagy ugrunda bir hereketlere başlardy.

Gyzy soramana gelenlerinde onuň ukyp başarnyklaryny soňky nemes BMW awtoulagyny auksiona çykaran ýaly wasp edýän ene-atalara hem düşünjek bolýaryn, emma düşünip bilemok. Jellatdin Rumy ony biläýse hä gabrynda iki eplenerdi. Gyzy ýörite gymmat satmak üçin okatdym, bilimli etdim, tikine gatnatdym ýaly şuňa meňzeş gepleri aýdyp, diline alýanlar hem bar. Belkide olar buýsanyp aýtýandyrlar, emma gyzyň nukdaýnazaryndan seredenimizde soralýan gyz özüni “TM Cars”-daky satuwa çykarylan harytdan artyk duýmasa özüni kem duýmaýar. Bu zatlary okap oturan adamyň edil şu wagt belkide ýüzünde ýylgyryş emele gelýändir, emma bularyň ählisini özünde batyrlygy jemläp, ýazyp oturan adamyň ýüzünde müň gahar-gazap bilen birlikde çykgynsyz duýgy bir nokatda bir adamyň köňlünde ýygnalýar. Aýdyp düşündirip oňarmajagyma gözüm ýetýär, iň bolmanda içimde çüýremesin diýip ýazga geçireýin diýdim.


Yşk mülküniň şasy Mollanepes bu döwrüň gyzlarynyň zat geçdi üçin çykarýan çykdajylaryny, bir top keteniden tikilen köýneklerini, ýüzüne çalýan ‘make-up’laryny, kirpiklerine dakýan 13’lik kirpiklerini görüp, öz başyndan geçiren bolsa, söýgüli ýary Bossantäçden aýrylyp, özüniň söýmeli genderini üýtetmek ýa-da hemişelik derwüş bolmak pikirine gümrä bolardy-da, Nişapura tarap rowana düşerdi. Mollanepesiň dessanyndaky Zöhre bilen Mahymyň nikadan öň jynsy gatnaşyklaryna girmegine garamazdan, bu döwrüň gyzlary bilen deňeşdirilende 21-nji asyrda ýaşan bolsalar olaryň beýle hereketleri (zat geçdi, uly restoran, we ş.m) etmejegine gözüm ýetýär.


Hamana bolmasa men özümi şol gün ýetip gelensoň Wýetnam urşuna gatnaşan Amerikan weterany ýaly duýarmykam diýýärin. 1955-nji ýylda Amerikadaky ýaş esgerler Wýetnama urşa ugradylanda olar kim bilen we näme üçin söweşýärdiler? Näme üçin adam öldürýärdiler? Watan üçinmi? Menem şuňa meňzeş soraglary eýýäm öňünden berip başladym. Bu giden galyň, bukja, iki gün toý, sadaka, Hudaýýoly, gapy toý, gelinalyjy näme we kim üçin edilýär? Oglan we gyz üçinmi? Olaryň ene-atalary we garyndaşalary üçinmi? Abraý üçinmi? Watan üçinmi? Maňa bir rasional pikirlenip biljek derejämde düşündiriň, asla düşünip bilemok. Ýok, siz bir zada düşünmeli, bu zatlaryň ählisi adamyň içki dünýäsinde ruhy we psihiki durnuklylygy ýitirmäge tarap ymtylmagyna itergi berýändigini düşünýänsiňiz diýip umyt edýärin. Men bularyň ählisi hemme adama deň derejede täsir edýär diýip bilemok, sebäbi elimde salgylanmaga hiç hili çeşmedir-maglumatlarym ýok. Men bularyň ählisini öz göz ýetimimden we duýgularymdan ugur alyp ýazýaryn.


Türkmen toýuny bermek edil rus klassigy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň eser ýazmagy ýaly. Toý diýlende her kim diňe bir günlik şatlyk, gülki we şagalaň, aýdym-saz taraplaryny görýär, emma onuň agramly jebir çekdirýän taraplaryny görenoklar. Dostoýewskiniň ýazan eserleri üçin dört ýyllap Sibirde tussaglykda oturyp gelenini az okyjy bilýärmikä diýýärin. Emma onuň eserlerini höwes bilen okaýanlar az däl. Toý hem şeýle, arka sahnany görmezden oňa gatnaşjaklar gaty kän.

Adamzat üç sany zada durnuksyz baky seredip bilýär. Suwuň akyşyna, oduň ýanyşyna we agaçlaryň ýele gymyldaýşyna. Men welin onuň üstüne ýene bir baky 4-nji zady goşdym. Gutarnyksyz däp-dessurlara birgiden wagt sarp edilşine. Wagt-pul diýleni türkmen daýzalaryna bilidrenok, seň wagtyňam, islegleriňem, hak-hukuklaryňam.

Türkmen daýzalar sazlaşykly we deň äheňde hereketde bolýandyklary üçin, olaryň gipnoz etme täsirleri hem bardyr. Ýagny, hereketleri bilen özünde uzak wagtyň dowamynda ünsi saklap bilmek. Bu bolsa, bizi, ýagny adaty we sada adamlary, beýnimizde ýer alan ýüzlerçe aladalary ikä köpeldip müňlerçä ýetirmäge tarap ýardam edýär.

Olar bir şygar astynda ýaşaýarlar diýip, men hem ol şygar boýunça durmuşymy üýtgetmeli diýlen zat ýok. Bu diýmek edil Ýewropada ýaşaýan weganlaryň köçä çykyp, eline hat alyp, et iýýänleri ýazgarmaklaryna meňzeýär. Men et iýemok, senem iýme, haýwana ýaşamana mümkinçilik ber, klimatyň üýtgemegine ýok diý diýip boş gygyrmaklaryna meňzeýär. Aslynda ol weganlaryň iýýän awokadolaryny, ot-potlaryny daşamagyň özi atmosfera goşmaça zyňyndylaryň bölünip çykmagyna eltýär. Onsoň soňlugy bilen et iýeniň has netijeli bolmazmy diýen sorag emele gelýär. Menem şeýle pikirde, sada we kiçi toý bereniň netijeli dälmi?


Garaz bu gepde men pikirimi jemläp bildimmi ýa-da bilmedimmi, ony aýdyp biljekdäl, emma ol pikirler intäk meniň beýnimiň içinde jemlenip, bir netije bermedi. Jemlenen bolsa men öz özüme iň soňunda bu zatlaryň ählisi maňa gerekmi ýa-da gerek däl diýen soragy bermezdim.

@ Şasenem Sopyýewa

çeşme: https://medium.com/@sopyshasenem/h%C3%A4zirki-d%C3%B6wr%C3%BC%C5%88-mentalitetini%C5%88-gurbany-%C3%BDa-da-hi%C3%A7-kime-gerekmejek-d%C3%A4p-dessurlar-650c68536505
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 78 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Şasenem Sopyýewa | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Medicall • 14:01, 23.12.2022
Beter akylly hem batyr ekenäyt bi gyz :D)
avatar
1
2 ssaparay_ • 14:03, 23.12.2022
Il:"Men edýän, senem et" diýip mejburlap duranog-a. Onsañ: "Men edemok, senem etme" diýmek dogrumyka? Il hatary bolmasaň gep-gybat etmeklerinden çekinmekmi mesele? Barbir ýene iliň gepine gulak gabartdygyň bolanokmy onsaň? Men-a ilki iliň gepine gulak gabartmazlygy öwrenerdim. Il özüniň güýjiniň ýetýän toýuny etsin, menem öz güýjimiň ýetenini ederin. Sen iň gymmat bagşyny çagyryp, iň gymmat zatlardan doly saçak ýazyp, "däp-dessury" kemsiz edip toý tutsaňam gep etjek tapylar. Çykdaýjysyz, ykjamja toý etseňem gep etjek tapylar. Iki ýagdaýda-da barbir gybat ediljek bolsaň haýsyny edende näme? Her kim özüne makulyny edibersin!

Oglan bilen gyz meselesine gelsek, "däp-dessury" kemsiz toýam, çykdaýjysy az toýam olaryň bagtly boljagyna güwa geçip bilenok.
avatar
0
3 ssaparay_ • 14:20, 23.12.2022
Galyňly meselede-de ýorganjygyňa seredip aýak uzatmaly. Häzir oglanlaryň köpüsi okuwly, diplomly, işli gyz aljak. Nämemiş düşünjelimiş. Düşünje-de bahana. Köp ene-atalaram şeýle. "Pylanyň gyzyny aldyk ýa-da gelinim pylan ýerde işleýär" diýip öwünmegi gowy görýäler. Soňam galyňdan nalaýalar. Onuň ýalyny aljak bolsaň elbetde jübijigiňe agram düşürmeli bolarsyň bolmanam. Özüň ýaljak gyz tapyp öýlenseň galyňam seň jübijigiňe laýyjak bolup duruberer. Beýleki gyzam jübijigi göterýän alar. Şeýdibem her kim öz deňini tapar. "Deň etmänem duş etmez"
avatar
1
4 Medicall • 14:50, 23.12.2022
Dogry aýtýañ, @ssaparaý, "Ilki özüñi düzedip, ile göz etgin.." diýipmi şeýleräk pähim bardy. Tapmadyk tapana öýkünip oturmasyn, zorluk ýokdyr-a. Onsañam beýdip damak ýyrtyp gygyran ýaly ýazanyñ bilen edýän degişli adamlar okaýamy ýokmy olam belli däl. Düşündirip bilseñ özüñkilere düşündir, bolmasa-da özüñ ekanomnyja et, senden görelde alyp bir garyndaşyñ, bir goñşyñ, bir jorañ etse eýýam üç boldumy, olardanam ýene şonça görelde alar gider otyrda. Beydip makala ýazyp (ýazjak bolsañam başgaçarak, düşündirip ýazyp bolardy) Jelaleddin Rmyny (Alla ondan razy bolsun) gabrynda iki eplejek bolup dyrjaşyp oturan ýaly, Mollanepesi Nişapura gönderjek bolup durmak gerekmika?!

(Ana-aa,awtoryñky ýaly menem beter akylly boldum bu teswirde :D

Mollanepes çenli okadym, ondan soñuny okamadym))
avatar
0
5 Medicall • 15:13, 23.12.2022
"Hiç kime gerekmejek däp dessurlar" sözem artykmaç. O nähili däp-dessur hiç kime gerekmejek? Çykdajyny köp etmek däp dessura girýän däldir-a?!
avatar
0
6 Mekan • 23:06, 23.12.2022
Makalany beter haladym.
Awtoryñ batyrlygyna telpek.

Aralykdaky suratlar super.

Köp yerinde içimi ikayan yaly boldy.

"Näme diyerlerkä" diylen söze dogry düşünmeli. Hökman gürrüñiñi etmek däl, "(men hakda) näme pikir ederler" manysam bar. Muny 1-2 sözde düşündirme kyn. Türkler "sosyal baskı" diyyämi. Ya demagogiya diyilyämi bilemok.

Däp-dessury dyrnaçak yzynyñ içine alyp oñarypdyr. Sebäbi däp-dessur yoyulyar, yoyulmaga gabylly.

Bu diñe toyda däl, yasda-da şeyle. Bolmasa yas ölüm bilen bagly bolansoñ milli däplerem dini dessurdyr öydülyär. Şonyaly bolansoñ üytgemejek yaly welin.

Aralyklara birki sany mysal yazjakdym, yaltandym. Tagam uzyn yazdym, ötünç sorayan. Yaltanmasam öz durmuşymdan iküç mysal yazjak, пока beylekileri okayyn
avatar
0
7 Mekan • 23:14, 23.12.2022
1. "Arasynda mañzyma batmadyk yerleri bolsa-da" jümläni yatdan çykarypdyryn.

2. 1955 de koreya ugradyldy dämi. Wetnam biraz soñurak.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203