09:25 Hoşlaşyk | |
HOŞLAŞYK Parasatly adamlar size öz pähimpaýhaslaryndan bermäge gelerdiler, men bolsam, siziň paýhasyňyzdan paýhaslanmaga geldim. Ine-de, men parasatdanam artyk bir zat tapdym. Ol sizdäki ýalkym saçýan we öwüşgini barha artýan ruhdur. Onuň barha ulalýanyny görmän, öwgünleriňiziň ahyrlaýanyndan zeýrenip ýörkäňiz, ol has-da aýdyň ýalkym saçýandyr. Ol mazarlardan elheder edýän tenlerden durmuşy agtarýan ýaşaýyşdyr. Bu ýerde mazar ýok. Bu dag-düzler bolsa sallançak hem basgançaklardyr. Her gezek öz ata-babalaryňyzyň düwnän meýdanlaryndan geçeniňizde, göz aýlasaňyz, özüňiziň el tutuşyp bökjekläp ýören çagalaryňyzy görersiňiz. Hakykatdan-da, siz özüňiz hem bilmän, häli-şindi şadyhorram bolýarsyňyz. Başgalar-da siziň ýanyňyza gelerdiler; ynanç-ygtykadyňyza öwrülen altyn wadalar üçin siz olara diňe baýlyk, häkimlik hem şöhrat eçildiňiz. Men bolsam, size wadadan hem az zat berdim. Ýöne siz maňa has rehimdar bolduňyz. Siz meniň ýaşaýşa teşneligimi has-da güýçlendirdiňiz. Hakykatdan-da, adam üçin onuň maksadyny kepän dodaklara, tutuş ýaşaýşyny bolsa, egsilmez çeşmä öwürmekden uly peşgeş ýokdur. Teşneligimi gandyrmak üçin çeşmä haçan gelsem-de, akar suwuň özüniňde teşnedigini görýärin, ine, meniň hormatym hem baýlygym şundadyr; Men ondan içýänçäm, olam menden ganýar. Käbirleriňiz meni peşgeş alardan namysjaň hem aşa çekinjeň saýdylar. Hawa, men peşgeşi däl-de, töleg alardan aşa namysjaňdyryn. Siziň meni saçak başynda oturdyp biljek wagtyňyz baýyrlaryň arasynda tokaý miwelerinden iýmitlenen-de bolsam, siziň maňa höwes bilen penakärlik edip biljek wagtyňyz hem ybadathananyň galereýasynda ýatan-da bolsam, herhal, iýmitimi meniň üçin datly eden we düýşümi süýji hyýallar bilen çolan, eýsem siziň meniň gündizdir gijelerim baradaky mähirli aladaňyz dälmidir? Siz köp eçilýärsiňiz, ýöne şony şeýdýänligiňizi-de asla özüňizem bilmeýärsiňiz. Men bu işiňiz üçin sizi unaýaryn. Hakykatdan-da, aýna garanýan ýagşylyk daşa öwrülýär. Öz-özünden lezzet alýan ýagşy iş bolsa, lagnat getirýär. Siziň birnäçeleriňiz meni öz ýalňyzlygyndan ýaňa seri sämän garasöýmez saýýarsyňyz. Siz: «Ol adamlar bilen däl-de, tokaý agaçlary bilen maslahat edýär. Baýryň üstünde ýeke özi oturyp şäherimizi synlaýar» diýerdiňiz. Meniň baýyrlara çykyp, uzakda ýekelikde gezenim dogry. Belentden hem alysdan seretmän, men sizi başga nireden synlap bilerin?! Uzakda bolman, nädip, hakykatdanam, ýakynda bolup bolar?! Beýlekileriňiz bolsa, meniň adymy tutup, öz ýanlaryndan şeýle diýýärdiler: «Eý, başbermez belentlikleri halaýan nätanyş, sen näme üçin bürgütleriň höwürtge tutunýan belentlikleriniň arasynda ýaşaýarsyň?! Sen näme üçin elýetmez zatlara gol uzadýaň? Öz toruň bilen haýsy tupanlary tutup, asmandan haýsy hyýaly guşlary awlamakçy bolýaň? Gel-de, biziň birimiz bol. Aşak düş, açlygyňy nanymyz, teşneligiňi bolsa, meýimiz bilen gandyr». Olar bu sözleri öz kalplarynyň ýalňyzlygynda aýdypdylar; Ýöne olaryň ýalňyzlygy çökderräk bolan bolsady, olar meniň diňe şatlyklaryňyzyň we ynjylaryňyzyň syryny gözländigimi hem-de siziň aslyňyzyň asmanda gaýyp ýören bölegini awlandygymy bilerdiler. Ýöne awçynyň özi-de awdy. Çünki oklaryň köpüsi diňe gursagyma sünjülmek üçin ýaýymy terk edipdiler. Ýöne kim uçan bolsa, şolam süýşenekländir. Çünki ganatlarymy Günüň astyn-da ýaýan wagtym, olaryň kölegesi zeminde pyşbaga bolup göründi. Men – takwa adam bolsa, şübhelenýärdim. Çünki men size hasam ynanmak we sizi gowy tanamak üçin barmaklarymy häli-şindi ýaramyň üstüne goýýardym. Ine, şeýle ynanç we beletlik bilenem size ýüzlenýärin: Siz öz teniňize gabalan dälsiňiz, sizi öýlerem, meýdanlaram saklap bilmez. Siziň bütin barlygyňyz daglardan ýokarda mesgen tutunandyr we şemal bilen-de jahankeşdelik edýändir. Ol Güne gerşini çoýmak üçin süýşenekläp çykýan ýa-da howpdan gizlenmek üçin tümlükde ýoluny köwüp ýören mahluk däldir-de,erkin bir zatdyr, zemini gurşaýan asmany giňişlikde ýaşaýan ruhdur. Eger bu sözlerim garjaşyk görünýän bolsa, olary aýdyňlaşdyrjak bolmaň. Ähli zatlaryň ahyry däl-de, başlangyjy bulaşyk hem garjaşykdyr. Eger-de meni başlangyç hökmünde ýatlasaňyz, begenerdim. Ýaşaýyş we ähli janly zatlar saplykda däl-de, garjaşyklykda döreýärler. Kim bilýär, belki, saplygyň özi aýdyňlaşýan garjaşyklykdyr? Meni ýatlan çagyňyzda, bir zady unutmazlygyňyzy isleýärin: Sizdäki iň bir ejiz hem bulaşyk görünýän zat – özüňizdäki zatlaryň iň bir güýçlüsi we aýdyňydyr. Eýsem, süňkleriňizi gurşap alan we olary berkiden öz demiňiz dälmidi? Eýsem, siziň şäheriňizi guran we ondaky zatlaryň ählisini gözel keşbe getiren hiç biriňiziň ýadyňyza düşmeýän düýşüňiz dälmi?! Eger siz demiň joşgunyny görüp bilýän bolsadyňyz, onda şondan başgasyny görmegi bes ederdiňiz. Eger-de siz şol düýşüň pyşyrdysyny eşidip bilýän bolsadyňyz, başga sesler gulagyňyza ilmezdi. Ýöne siz göreňzogam, eşideňzogam, bu şeýleligine-de galsyn. Gözüňiziň öňüni örten perdäni ony dokan elleriň özi syrar, gulaklaryňyza dykylan palçygy bolsa, ony eýlän barmaklaryň özi aýrar. Şonda siziň gözüňiz açylar. Şonda siz kerlikden dynarsyňyz. Ýöne şonda siz batyllygyň näme- digine akyl ýetireniňize ökünmersiňiz we ker bolanyňyza-da puşman etmersiňiz. Çünki siz şol gün ähli zatlaryň mukaddes matlabyna düşünersiňiz. Şonda siz ýagtylyga minnetdar bolşuňyz ýaly, tümlükden-de hoşal bolarsyňyz. Ol şeýle diýip, töweregine garady we gämi sürüjisiniň – dümençiniň destiň ýanynda duranyny hem-de kä ýokary galdyrylan ýelkene, käte-de alyslara seredýändigini gördi. Ol şonda şeýle diýdi: – Gämimiň öňbaşçysy bisabyr däl. Şemal öwüsýär, ýelkenlerem biynjalyk. Hatda dest hem özüne ugur görkezilmegini soraýar. Ýöne öňbaşçy meniň dymaryma takat edip garaşýar. Uly deňizleriň aýdymlaryny eşiden deňizçilerem meni kanagat bilen diňlediler. Indi olar garaşmaly bolmaz. Men taýýar. Çeşme deňze gowuşdy, beýik ene öz perzendini ýene bagryna basýar. Hoş gal, Orfelesiň halky! Bu günki günümiz ahyrlady. Edil suw liliýasynyň ertirki günüň öňünde ýylgyryşy deýin, olam biziň öňümizde perdesini goýberýär. Özümize bu ýerde berlen zatlary biz aýap saklarys. Eger bu-da azlyk etse, biz ýene ýygnanarys-da ählimiz bilelikde Eçilijä elimizi sereris. Ýanyňyza dolanyp geljekdigimi unutmaň. Sähel salym geçer-de, hyjuwym başga bir ten üçin çäge hem köpürjik ýygnar. Sähel salym geçip, şemalda az-kem özümizi dürsämsoň, başga bir zenan meni dünýä indirer. Hoş gal, Orfalesiň halky hem bu ýerde geçiren ýaşlygym. Biz dek düýn düýşde duşuşypdyk. Ýalňyzkam siz maňa aýdym aýdyp bererdiňiz, men bolsam, siziň hyjuwly ymtylyşlaryňyzdan başy asmana uzaýan minara bina etdim. Ýöne, ynha, düýşler gaýyp boldy, uky ahyrlady, şapak bolsa gözden ýitdi. Gün günortan boldy. Oýaly-ukuly halymyz aýdyň güne öwrüldi, bize-de aýralyk mütdeti ýetdi. Eger hakydanyň alagaraňkysynda ýaňadan duşuşaýsak, biz ýene söhbet ederis, siz bolsaňyz, maňa jana has ýakymly aýdymlary aýdyp berersiňiz. Eger ellerimiz başga bir düýş-lerde biri-birine gowuşsa, biz başy asmana uzaýan başga bir minara gurarys. Şeýle diýip, ol deňizçilere yşarat etdi, olar bolsa labyry şobada galdyryp, gäminiň urganyny duralgadan çözdüler-de, gündogara baka ýüzüp gitdiler. Halkyň arasynda bir ýürekden gopýan ýaly gowur turdy-da, ala-garaňkylyga siňdi, soňra bolsa surnaýyň kuwwatly sesi deýin deňziň üstüne ýaň saldy. Diňe Al-Mitra gämi dumanyň içinde gözden ýitýänçä, ony nazary bilen ugradyp dymyp durdy. Halk dagap gidensoň hem, gämi duralgasynyň bendiniň üstünde onuň ýalňyz özi Al-Mustafanyň aýdan sözlerini ýüreginde tekrarlaýardy: «Sähelçe salym geçip, şemalda özümi az-kem dürsämsoň, başga bir zenan meni dünýä inderer». Rus dilinden terjime edenler: © Meretmämmet HANMÄMMEDOW Aşgabat şäheriniň 104-nji orta mekdebiniň mugallymy © Gurbangeldi ÝAZGELDIÝEW, žurnalist. Çeşme: «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly 28.03.2022 | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |