22:50 Taňrym, sözleş meň bile | |
TAŇRYM, SÖZLEŞ MEŇ BILE Adam ilki pyşyrdady: “Taňrym, sözleş meň bile”. Şonda, jürküldedi bir guş agaçda. Emma, duýmady adam. Soňra batly gygyrdy: “Taňrym, sözleş meň bile”. Gök ýüzünde çakdy ýyldyrym. Emma, diňlemedi adam. Adam göz aýlady töweregne Diýdi: “Taňrym, rugsat ber göreýin seni”. Şonda, gökýüzünde parlady ýyldyz. Emma, aňmady adam. Has batly gygyrdy: “Taňrym, gudratyň görkez maňa”. Şonda bäbek dogdy bir ýerlerde. Emma, onam bilmedi adam. Soňra eňredi çäresiz: “Deg maňa, ýanaş maňa Taňrym, ýakynlygyňy duýaýyn!” Bir kebelek gondy adamyň omzuna. Adam kakyp goýberdi kebelegi eliniň tersi bile... © Halil JEBRAN Türkçeden terjime: © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |