01:41 Huşdaky düýş ýa-da tersine Düýşdäki huş | |
HUŞDAKY DÜÝŞ ÝA-DA DÜÝŞDÄKI HUŞ Günleriň bir güni geň bir obada oýandym. Äm-säm bolup ýörşüme töweregime garanjaklaýan. Bäh... Oba diýmeseň o däl, diýseň o-da däl. Düşündireýin. Soňra her kim özüçe baha kessin ýa atlandyrsyn. Iň bir allanäme, kemçiliksiz başarýan ýeketäk zadymyz şol dälmi eýse?! Töwerek-daş ekin-meýdan, düzlükler, baýyrlyklar. Şolaryň içinde ýerleşýän bir kiçiräjik ýaşaýyş toplum. Ekin meýdandaky, baýyrdaky otlaryň, topragyň melemtik reňki hem adatdakylardan has ýiti, gözüňi gamaşdyrýar. Bolýa, bu hiç. Tebigaty iki sahypalap suratlandyryp kelle agyrdýan eserler kakynymdy, emma 2-3 sanjak sözleme gaýrat kylasyz. Onsoň ýaňky toplumdaky jaýlar toýundan, palçykdan. Geň-taň görüp, “wää” diýip oturasy iş ýok, adaty oba diýjeksiňiz, emma sakawa sabyrlylyk görkeziň. Toplumdaky her bir hojalyk bir zatlar satýar. Tutuş toplum biznes. Ýerli ilat hem şol palçyk jaýda ýaşaýar hem-de bazar. Tutuş oba bazar. Palçykly jaýlaryň daşyndan asylgy duran eşikler, dükan tekjelerinde duran zatlar we ş.m. Hälden bäri süýndürip, nokgyldap oturan nok-nokymyň jok-jokysyny aýtsam, bu harytlar dünýäniň hiç bir ýerindäkä meňzemeýär. Ýokdur diýip oý edýän. Palçyklyja jaýlarda Brioni Bossa, Guççi Şanele aňyrda dur diýýän eşikdir başga närseler satylyp dur. Olaryň reňklerini haýsydyr bir suratkeşiň ruhy keselini bejermek üçin dermana derek ýiti reňkler ulanyp çekýän şedewrlaryndaky ýagly reňklerindendir akril, guaşlaryndan hem alyp bolmaz. Göz gamaşdyryjy. Oba-bazar diýseň bärden gaýdýar. Glamur bilen palçygy, ümsümligi bir ýere sygdyryp bilemok men-ä. Emma, gördüm. Bular illýuziýanyň oýunlarymyka ýa-da aňym we psihikamyň?! Hökman şuňa meňzeş bir zat bolmaly. Özüňe ynamyň bolmasa-da kyn. Aklymdan azaşmasam-da biri... Wi, hä, ýene bir zat: gapdaldan saz hem ýaňlanyp dur. Näbelli kompozitoryň näbelli simfoniýasy. Näbelli nakgaşyň näbelli surat eseri. Ýaňky kompozisiýanyň içinde aýlanyp ýörün. Zenanlaryň reňbe-reň, owadan köýneklerini satyp oturan gyzjagazlar maňa seredip jykyrdaşýarlar. Olaryň ýylgyryşlarynda özüňi aldawa düşen biridigiňi duýar ýaly edýän alamatlary görmek bolýardy. Ýok-la, göwnümedir. Ýagşy umytda bolaly. Birlaý aýlanyp, yzyma gaýdýan ýoly taparyn. Ýurduň çet obalarynyň biridir. – Waý, Şepe, senem bärdemidiň asyl. Sen bu ýerlere nädip düşdüň? Ýogsa-da sen näme üçin boýunbag satylýan ýerde satyjy ýaly otyrsyň? Näme bolýar-a? – Salam, hormatly müşderi. Gerek harytlaryňyzy görüşdiriberiň. Şepä näçe gezek ýüzlendim, emma ol meni eşitmeýärdi. Diňe şol işi bilen başagaý, şo bir nobatçy sözlerini gaýtalap otyrdy. (Zdes ýawno şto to ne tak...) Bir tarapdan gyzyklam, bir tarapdan ýüregim agralan ýaly... Ýolumy dowam etdirdim. Her bir “lawkada” bir ýerde gören adamlarym, düýbünden görmediklerim-de bardy. Hat-da maşgalama hem gabat geldim. Hemmesi hem edil Şepäniň garşylaýşy ýaly garşyladylar. Tananoklar meni. Men bolsa, ukudan oýanmagyň ýa-da ýol bilen hem bolsa, öýe gaýtmagyň alajyny gözleýärdim. Birdenkä özümi gögümtik çal reňkli RAF maşynyň içinde tapdym (gördüm). Bäh... onda bulary synlap oturan kim? Men RAF-da bolsam, bu seredip duran gözlerim kimiňkikä. Maşyndaky Meniň ýanynda başga-da men ýaly ýagdaýdakylar bar ekeni. Özem tanyşlarym, dostlarym. Hudaýa şükür men ýeke däl ekenim. – O-ho, Annuş senem bärlerdemiň?! – Maňa “Annuş diýme” diýip näçe gezek aýtmaly saňa. Men ANNA diýip şunça mäleýän diňläňok. (Eýwaý, o ýerdäki Men mäleýän diýip oty...) – Ýes, agambratokbrother Awu daýy. Anna daýy. Näili onnoň? – Görşüň ýaly, Sapar. Nämeler bolýar-a? – Aý, gardaş şony-ha özümizem anyklap bilmän otys. Bir intiresnije ýere-hä pyzdylar bizi. – Ýo, pitiklediler diýsene. – Sen pitiklendiň, biz pyzyldyk. Bulam käte goşulýa, käte-de eşdenokdyr geň görme, Annuş. A sen nädip düşdüň, Annuş? Bolýa-la bir gözüňi ýapansyran bolmasana, Anna. – Meni hiçim pitiklänogam, pyzanogam, süýränogam. Prosto gözümi açsam, şördemişim. Düýş ýaly... Hernä, siz meni eşidýäňiz hem görnüşine görä, meňzeş ýagdaýda. A-how ol ýaňky ýerdäkiler... hat-da öz maşgalam hem meni tananok. – Meňzeş ekenik. Meni-de tanamadylar. Boş ýere gygyrýan ýaly. Millet diňe harydyny geçirjekden. Manysyz. Kisämizem-ä tap-takyr. Bir çykalgasy-ha bolmaly. –Ýaňy dagyn men özümi şu taýda daşyndan hem gördüm. Indem ine seň bilen gepleşip otyryn. Ýaňky göremdäki gözlerim kimiňkidikän-äý? Şundan soň-a Sapar bilenem gürrüň kesildi. Büdür-südür toýun palçykly ýoldan RAF-ly barýardyk, emma elimizde wafli ýokdy. Bu nirden çykdy indi?! Tebigy amerikan gorkasy. Ýaňky ýaşaýyşy birlaý aýlanyp çykdyk, bökdürýän “gorkamyz” bilen. Wi, ýaşaýyş-bazar toplumyny. Hälki toplumyň başyna geldik. Satyjy gyzlar ýene bize seredip jykyrdaşdylar we ýaňsyly “täzeden” diýdiler. Täzeden! Şol ýaňky çarkandakly ýoly täzeden?! Munda näme many barka? Hany öýe barýan ýolumyz ýa bu ýeri biziň öýümizmi? Haçana çenli biz bu tegelegiň içinde aýlanyp ýörmeli?! RAF-dan düşüriň meni! Men öýüme gaýtjak. Meň ýüregim bulaşýar, aýlanasym gelenok... Bu ýaşaýyşdan äkidiň öýüme. Ýaşaýyş toplumdan* Maşynda başga-da adamlar köpdi. Birimizem düşüp bilmedik. Sürüjimiz hem ýok ekeni. Maşynyň pultam ýok. Öz başyna şol tegelegi sypdyrman aýlanyp dur, aýlanyp dur... Gyzjagazlar bolsa şol ýylgyryşyp, diýip otyrlar: – Size indi bu ýerden sypma ýok. Ne öli, ne-de diri. Ömürlik ilteşip galdyňyz. Aýlanyberiň, mähribanlar. Anna DARAKDIŞ | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |