18:08 Ýungyň metody (çemeleşme) / hekaýa | |
ÝUNGYŇ METODY çemeleşme Dynç günüdi. Daýzamlar myhmançylyga geldiler. Wi, ýogsa-da, ýatdan çykypdyr. Täze şäherden jaý aldyk. Tebigaty, şäheriň owadanlygyny görmäge göz gerek. Aýratyn hem, dag tarapdaky penjireden görünýän görnüşi diýsene... Bu manzarany nädip suratlandyrjagymy bilemok. Bilýän, ýöne hekaýada suratlandyrma halamok. Munuň üçin bolsa, nakgaşçylyk edýän. Ba:rda göreniň ba:rda galar, ýolda göreniň ýolda... Barybir, bir gün synanşaryn. Uzaga gitdim. Ömür edýän şuny, ýene keçyryň. Dogrusy, bu şäher maňa makedi ýatlatdy. Men kiçijik adammyşym, haýsydyr bir äpet adam başam we süýem barmagy bilen meň kebzämden tutup, meni şu şähere taşlanmyşyk... Hihi. Ýaňky myhmanlaň içinde daýzamyň bir ogly bar. Birtüýslegräk bu. Diýmegiňiz mümkin, özüň idilimi? Olama şol. Muň bilen arasynda çilime çykaýmamyz bar, ýöne bu gezek diňe manzaradan lezzet almagy makul gördük. Gitdik şäheriň dag tarapky çetine. – Bu günler näme hokga tapýaň, çykan? – Aý, agam, hokgasyz minut geçmez. – O belli. Uzakly gün bir nokatdan gymyldaman otursaňam hokgasyz oturaňok. Imisala ýaşamak kyndyr-da, elbetde. – Meni ýaşadanok. – Kim? – Gyzlar. – Haýsy gyzlar? Ýaşyňam-a o ýaşda däl. – Kellämdäki, ruhumdaky. – Bäh, kim olar? Köpçülikmi olar? – Aslynda, hawa. Ýöne içinde iň esasysy bar. Ady Jeren. Şol meni goýanok. Mendäki Anima. – Näme edýär ol ýa-da näme diýýär? – Aý, oň diýmeýän, etmeýän zady ýok. Bolýa bu barada soň bir gün aýdyp beräýeýin. Men başga bir wurreýligiň üstünden bardym-a, çykan. – O nähili? – Uky näsazrak käwagtlar welin, içimdäki organlar gepleşip meni günüme goýanok. – Anna, beý diýme, jan inim. Hemme saňa şizofrendir öýdýär. Häzir meňem hakykydygyma şübhelenjek tapylar ýa-da seň. (Gülýär) – Tanaýan bilýändirle, meň şeýle söz oýnatmalary halaýandygymy. Tanamaýanlara bolsa, subut etjek bolsam, tersine bolar. Hiç bir adamam özüniň sagdygyny hiç bir adama subut edip bilmez. Dälihana degişli bir anekdotdaky ýaly, “Kim ilki halat geýse, şol lukman”. Nu, doly derejede sag adamam ýok-da. Bar bolaýanda-da bu mümkin däl. Sebäp diýseň, ýarymsaglar tarapyndan ýaňky dolysag näsag bolup görner. “Il bilen gelen toý-da baýram”. Topluma görä bolmasaň, seniň birtüýslegräkdigiňi orta çykarýalar. Onnoňom hemme adamyňam organlary özüçe gepleşýärä. Pyrastoýja mysal, hany, imoda suwjuksyraşyp beýni bilen ýüregiň suratjyklaryny goýan bolýalar-a ýetginjekler... ...Belki meň içimdäki gyz hem ýaşap ýören adaty adamlaryň biridir, belki-de başga dünýäň adamsydyr, belki-de menem oň ýa başga biriniň içindäki Animusdyryn... kim bilýä.. O meň duýgularyma jogap berýär. Men bolsa onuň akylyna. Akyl berip durýan oňa. – Dogry. Näme etdiň sen? – Ýaňky Jeren bilen ylalaşyga geljek bolup bir metodyň üstünden bardym. Hotýa yzy oň bilen gürrüňdeşlikden geçdi-de, ötä gitdi. – W smysle? – W smysle, ýaňky metod arkaly az-owlak waka düzdüm diýeli. Ýöne ol waka meniň fantaziýamyň ýa logikamyň önümi däl. Aňasty aňymyň önümi. Şo wakany tipa men düzmedim, “ol” düzdi. – Hä, hol seň geçen gezekki aýdan “musur bedräňmi”, syýahata giden korolewstwaň. – Edil özi. – Ee, soň? – Soňy, Sapar, neme, muny bulaşdyryp ýatdan çykarmankam, bloknota ýazdym. Indi şony okaýsana boş wagtyň. Muňa oýa wagtyň düýş görmekligem diýse bolýa türkimençeläp. (Öýe gaýtdyk) Not: Işjeň gözöňüne getirme aňasty aňyň bilen aragatnaşyk gurmagyň bir metody bolup durýar. Metody düşündirip oturmaýyn. Beýan edilen metody hakyky durmuşdaky adamlary gözöňüne getirip barlap görmek maslahat berilmeýär. Gabat gelen zatlary barlap oturmaklyk, üstesine protiwopokazaniýesi bar bolan zady barlamaklyk samsyklykdyr. Pomoý suwuny alyp-da içip goýberesiň ýokla, “millet hapa hasaplaýa, gel hany şuny içip göreýin we ewrika edeýin” diýip... Men bu ýerde real adamlara degjek däl. Olaryň woobraženiýamdaky oýnajak rollaryna seretmäge mužestwam ýetenok. Sebäp real durmuşda hem bular tarapyndan döreýän razoçarowaniýeler ýetik. Muny meň psihikam götermeýär. Düşündirjek däl diýip, düşündirdim “gysgaça”. Üstesine-de, souts ar material. Bir bendäniň gününi bulamaýyn-da... Öz dünýämde käbir obrazlar döredi, öz-özünden. Jemi 11 adam boldy. Özüm bilen 12 bolduk. Olar: 5 sany biologik medik, 5 sany hem psihologik medik, 1 mogilşik we men. Gitdikmi onda... Halk arasynda aýdylýan “Özüňe bir adam geregä” frazeologizme (her gezek şu sözi aýdamda dilim dabanyma çolaşýa. Şuçu) görä, “Özüme 11 adam geregä” eken. Aslynda 10-dy, ştob meni “bejermek” üçin, naprimer. A mogilşik, eto, tipa zapasnoý diýeli. Bardy-geldi, häki mediklar alfadan şermende bolsalar i men öte, aýdaly, şo dereje ý*banuty bolsam we ýaňky görgülilere per bermesem. Adamlary 10-dan köpeldip bolardy, no 10 spesialistyň düzetmedik pituhyny 20-i neýlesin. Azaldyp hem bolardy, noo pikirlenşer ýaly, tegelek stoluň başynda maslahat geçirer ýalyrak dürli maýndlaryň üýşen ýeri etmek isledim, wed bir kelleden iki kelle ýagşy. Wot i orta arifmetik san u menýa wyşlo 10. (Metody biraz ýoýdum. Aslynda, içiňde näme we näçe adam dörese şony ýazmalydy...) Men: Näme üçindir meň boýnum şakyr-şakyr edýä. 4 biomed: Osteohondrozyň bar öýdýän jigim seň. Seni tamografiýadan geçirmeli, emerte etmeli. Men: Koneçnostlarym hem onemet etýä, arasynda zyňýa. 2 biomed: El-aýaklary özleriçe hereket edýän bolsa, munuň käbir beýnä barýan nerw damarlary üzülen bolaýmasyn. Men: Käte dünýeden doýýan, agym tutýa, bokurdagym dolýa. 3 biomed: Endekrin mäzleriňde mesele bar. Eddil özi, zob bir zatsyň. Uziden geçirmek gerek. 2 psimed: Aý, ýok, onuň depressiýasy bara meňzeýär. Depressiýa – bu ruhuň rak keselidir. 5 biomed: Siz psihologlar ömür nämedir bir zady ruhuň näsazlygy diýip düşünýärsiňiz. Haýsydyr bir beden keselinden ejir çekýän pahyram bilmän-etmän göni psih hataryna goşjak bolup dursuňyz. Bu babatda psihiatrlar biraz ünsliräk welin, analitikler düýbünden geleňsiz. 3 psimed: Gaýta siz diňe bedene üns berýärsiňiz. Bedeniň bar bolşy ýaly, ruh hem bar. Onuň hem edil bedeniňki ýaly öz bedeni bar. Ruhy inkär etmek sizi oňňullygyň üstünden eltmez. 1 biomed: Kärdeşler, öz şahsy pikirimizi orta goýmakdan biraz saklanalyň. Biziň barymyzam bularyň ählisine nazaryýetde we amalyýetde şaýat bolduk. Şol bir zatlaryň üstünde jedel edip oturmak, şol bir tegelegiň içinde aýlanyp ýörmek nadanlyk. 1 psimed: Dogry aýdýarsyňyz. Geliň, esasy meselä ünsümizi gönükdireliň, gadyrdanlar. 4 psimed: Siz nä gepläňzok? Men: Hany şular ilki bir öz aralaryndaky meseläni çözsün, soň gepläýerin. Ählisi: Sizi diňleýäs. Men: Men öz ähli birahatlyklarymy size aýtdym. Netije çykarmak siz bilen. (Çykyp gidýän) – Muny poçti hemişelik öz hassahanamyza myhman edeliň diýsemem, ol bir-iki gezek leçenýa alyp, sagalyp gitmek isleýär. Ýöne, bu hemme keselde mümkin däl-ä. Beden bolsun, psihika bolsun, kesel tapyndyňmy, yzygider leçenýasy bar-a onuň. Wagtal-wagtal almasaň hem ötüşýär. – Meň pikirimçe, ilki bir bedenmi ýa psihiki näsazlygy barmy, şony bileliň we soň, han-ha, analitigimize tabşyralyň. Şonda ýa eýlä, ýa beýlä bolar-da. Bejerilsä ne ýagşy, bejerilmese-de gatnar ýörer-dä şoňa. Birnäçe günlük barlaglar dowam edeninden soňra, ähli netijeler bilen ýene tegelek stoluň başyna üýşdiler. – Munuň boýnunda çyndanam az-owlak näsazlyk bar eken, el-aýagynyň doňmasyna-da şol sebäp eken. Ýöne psihiki taraplaryny bilmedim. Sebäp, edil boýundaky sähel näsazlyk psihika zeper ýetirenok. Şuny size-de ýollamaly bolaýmasak. Hat-da siziň işiňiz biziňkiden agyrrak bolar. Meniň boýnuma agyzzyryk ýaly bir zada geýdirdiler. Arasynda aýyrýan. Onsoň massaždyr dürli maşklar, derman-däriler, şakyr-şukurlar, akyr-ukurlar... Tentek dogtorlaryň priborlaryny doly sanap durjak däl. Sebäp – bilemok. Bilmek-de islämok. Islesem bilerdim. Düşünşime görä, beýnim bilen bedenimiň arasyndaky bag üzüljek bolýa. Gözöňüme her dürli zat gelýä-dä. Ýazaýsammykam... Aktiw woobraženýadygyna görä, ýazaýyn. (Şu metody barlap görýänime ýamman begenýännä şymat. Ýazanyňy ýaz, diýeniňi diý, kellä geý, prawil ne budet) Ilki bilen-ä beýnim bilen bedenimiň aýry-aýry gezip ýöreni gözöňüme gelýä. Aý, umumy alanymda, kelläm aýry, göwräm aýry. Dälä galdy bulamak. Osoň ol ikisi bile bolsa-da, aýry hereket edişleri. “Baş bolmasa göwre läş”. Poh iýipdir. Baş işlemese göwräň nädiberşini bir görüň siz, hümm... Elbetde, öz isleglerini kanagatlandyrar ol. Dogrusy, onuň diňe ýaşasy gelýär. Ölümden gorkýar. Isleglerini şol esasda kanagatlandyrýar. Iýmitlenmek we jynsy islegi arkaly ýaşaýyşyny dowam edýär. Aňyrsy ölmez-ýitmezlige direýär. Bedeniňki logiçno: Iýmeseň – ölersiň, köpelmeseň – ýitersiň! Ynsanyň ölümsizlige dalaş etmegem şulardan gelip çykýa? Hawa, Ol ölmez-ýitmez. Özü-de, öz-özüni ýok edýän ölmez-ýitmez. Bu kellesiz beden diýeli. A kelle näme ederdikä?! Nasiň. Absolýutno nasiň. Waý? Aý dont nöw. (Barýarka muňa-da gezek geler. Şymat ýalt... Ýa by hotela aktiwno woobražat şto nibud, no niçego drugogo ne wyhodit. Paçemu? Niznaýu. Hotel nimnožeçko oçistit swoýu musurnuýu korzinu. Ukym tutup ugrady...) ...Hää... Düşündimm... Meň sypyp barýan kellämi boýuntyryk bilen bedenime boýuntyryklajak bolýalar. Garaşly etjek bolýalar. Aslynda haýsy haýsyna garaşlyka... Kelle bedenemi ýa beden kellämi... Karoçi, dogtorlar ýaňky zatlardan başga üýtgeşik nemetmediler maňa. Ýöne, analitige ugratdylar. Olam, ine, şo musur bedrämde näme bardygyna göz aýlajak boldy. Dogrusy, bu oňa az-owlak başartdam. Emma, muny indiki saparlarda gürrüň beräýerin. Ýeneki gezeklerde duşuşýançak hoş sagboluň, mähriban adamlar. (Göreli, indiki sanlarda bu pişe meni nirelerden çykararka...) © Anna DARAKDIŞ | |
|
Ähli teswirler: 41 | |
| |