Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:28
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken
KAKA

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim.

KAKAŇ BAŞYŇ SYPAMASA

Ýeňsänden ýel kakyp geçer,
Kakaň başyň sypamasa .
Ýöräp barýan ýollaň öçer,
Kakaň başyň sypamasa.

Durmuş saýlar öz merdini,
Başa täç etmez her kimi.
Iller götermez derdiňi,
Kakaň başyň sypamasa.

Günem gizlär ýagtysyny,
Hiç kim bermez artygyny,
Ykbal çalar şarpygyny,
Kakaň başyň sypamasa.

Ýitirip baýlyk sarpasyn,
Ah, seni kimler ýalkasyn?!
Özüň-özüňe arkasyň,
Kakaň başyň sypamasa.

Çözüşmez hiç kim ýumagyň
Ýamanlar bolmaz ýamagyň,
Dolup durar aç damagyň,
Kakaň başyň sypamasa.

ISLEG

Aň goýalyp, pana akyl ýetirip,
Meň kakama juda meňzäsim gelýär.
Ojagma biminnet çörek getirip,
Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

Höwes edýän halal gadam urşuna,
Zähmetden gollary dönen gurşuna,
Ýygyrtly ýüzüni synlap durşuma,
Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

Sylagy essedir hormat goýana,
Ejize el berer (gurpa daýana),
Galamymy çalşyp çopan taýaga,
Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

Müdimilik çöle çykmalam bolsam,
Sowatsyzlyk ýükün çekmelem bolsam,
Ýigrimiden kyrka bökmelem bolsam,
Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

Bu sözlem ýürekden, däldir ýasama,
Beýik arzuwlarmy gysyp, gysyma,
Ýagşy ynsanlygyň hatyrasyna,
Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

Çeşmesi: https://turkmengazet.com/kerim-hally-kaka-uly-bolmak-ansat-dal-eken/. 06.12.2022ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 114 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Kerim Hallyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Aygul • 15:37, 07.12.2022
Özüñ bolsaň, kakaň begenermikä diýýän men-ä
avatar

Старая форма входа
Total users: 203