Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:31
Sönmezek umyt
SÖNMEZEK UMYT

Degişgendiň läliksiräp oýnaklap,
Içgysgynç günlere taýsyz taraşdyň.
Soňky duşuşykda aglaňda hyklap,
“Oýun etdim” diýeriňe garaşdym.

Ak mersedes alkymyňa atlanyp,
Gideňde kejebäň bilen ýöreşdim.
Hyýalymda gelnaljyny duruzyp,
“Oýun etdim” diýeriňe garaşdym.

Goňşulykda boş goýulmaz çakylyk,
Toýa bardym şatlyk-şowhun guraşdym.
Men samsyjak şo pursadam çagyryp,
“Oýun etdim” diýeriňe garaşdym.

Ogryn bakdym çüýşeleriň üstünden,
Ýaryň bilen kürsä çaksyz ýaraşdyň.
Ah! Şonda-da çykman umyt astyndan,
“Oýun etdim” diýeriňe garaşdym.

Söýmedigiňe gitdiň kalbym çaň edip,
Bilmedim neneňsi kalbyň çaraşdyň?
Iň bolmanda ýekeje gezek jaň edip,
“Oýun etdim” diýeriňe garaşdym.

Ho-ol arada: “aýrylşypdyr” diýdiler,
Hyrka dolan damak bilen göreşdim.
Gaýta dikläp umydyma idilen
“Oýun etdik” diýerlerine garaşdym.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21949-sonmezek-umyt.html. 21.01.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 149 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Kerim Hallyýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
1
1 Bagabat • 18:05, 21.01.2023
Bolan waka:

Togsanynjy ýyllaň ahyrynda Gökdepeli gullukdaşyň obasyna toýa gitdik. Teležka bagşy, çyralar, tutluklar, ýarymdaş, ýarympalçyk köçe...Garaz, hezillik.
Tans keýpimizi sazlap, teležkaň alkymynda aýdym diňlän bolup durus welin, birdenkä teležka şol obaly aýdym-saza, bagşyçylyga höwesjeň ýaş oglanlaň biri mündi. Sypatyndan onuň bizdenem üç-dört ýaş kiçidigi bildirýär.
Äý wopçym gulluk görmedik-dä, heniz!
(Özüňi bilýänsiňiz, harby gullukdan geläýen çaglaryň birküç ýyllap dagy deň-duşlaryň, birki ýaş ulular, kiçiler seniň üçin iki topara bölünýär-ä: 1.Gulluk görenler (Diýmek, atduşiler); 2.Gulluk görmedikler (Diýmek, hemeräkler)).
Onsoň ýaňky ýigdekçe teležka mündi-de, bagşydan özüne-de mikrofon berilmegini haýyş edip, birje aýdym aýtmaga rugsat sorady. Berdiler. Aýdyp başlady. Şol wagt ortada tans edýänlerem mazaly kelleleri sämäp duran, ýaşlaram biziň şo wagtky dilimizde aýtsaň: “gulluk görenlerine eýýäm asyr geçen”, derlegen-derlegen, epeý adamlar. Onsoň öňküden delräk ses eşidilip ugrady welin, bular pataklaşmalaryny tapba kesdiler-de, teležkaň edil çat maňlaýyna hümer boldular. Hamana her haýsynyň ýalňyz dikrary hünibirýan özelenip nama gaýyrýan ýaly bolup, gara dykgat bilenem ýaňkyja jahyly diňlemäge başladylar.
Dogrusyny dogry aýtmaly, o gögeläňem heniz sesem doly döwlüp gutarmandyr, aýdyp durka birdenkä okundan sypýar-da, horazy berip goýberýär.
Şeýdip birsalym ýaňkyja oglany ýaňky epeýler diňlediler. Aýdyp boldy-da, ol oglan öňem birneme ýygrylýany bildirýär, bahymrak köpüň gözünden sumat bolmak üçin, teležkadan düşjek boldy welin, meýdançada hümer bolup duran şol bäş-on sany kişi ony goýbermedi.
-Ýene-de! Gaýtala! Täzeden!-diýip ýerli-ýerden gygyryşyp ugradylar.
Bizem olaryň bolşuna gullukdaş dos bilen hüwwet edip aňyrsyna çykyp bilmän durus. Sebäbi ojagaz jahylyň aýdyşyna-ha bizem diňledik. Ýöne bu adamlar oň nämesini beýle diňläsleri gelýärkä?
Onsoň ýaňky ýigdekçe kakasy ýaly adamlar teležkadan düşmäge ýol bermän duransoň, nalaç ýene mikrofony aldy-da, ýaňky aýdan aýdymyny aýtmaga başlady.
Ýene şo ses, şo dykgatly diňleme, öňki-öňkülik.
Aýdyp boldy.
Bu sapar hasam gyzarylyp-bozarylyp teležkadan düşjek boldy welin, ýene düşürenoklar. Ýene-de gykylyklaýarlar:
-Täzeden! Dawaý! Aýt!
Nätsin, çaga?!
Mikrofony yzyna aldy-da, olara delmuryp bir bakdy:
-Aý agalar, bolmasa başgasyny aýdaýaýyn-la!-diýip haýyş edýär.
-Ýo-o! Şony! Dawaý! Başla! Ýogsa-da häzir bagşyň-sagşyň bilen baryňyzy birýan ujundan ýaman zakonnyý edip başladýas!
Ýene-de başlady.
Ýene şol ýagdaý.
Zoraýakdan, çygnyp-çygnybragam bolsa aýdymyny gutardym etdi. Bendäň çagasynyň teležka münüp aýdymjyk gaýrasy gelen pursadyna eýýäm müň kerem puşeýman eýleýändigi ýüzünden bildirip dur.
Ýene düşjek boldy.
Ýene düşürenoklar.
-Dawaý! Ýamaşgandan!
Bu sapar ol ýigdekçe çydamady:
-Aý agamjanlar-ow! Ýene näçe gezek gaýtalamal-aý? Irmediňizm-aý?-diýip zarynlady.
-Öwrenýänçäň blät!-diýşip, aşakda duranlar gygyryşýalar :-).
avatar
0
2 Kyyas • 18:53, 21.01.2023
,:)) gowy gördüm şu kakdyrmañyzy. Özümem şol oglanjygyñ ýagdaýynda ýaly. Hezil edip güldüm
avatar
0
3 Мango • 20:22, 21.01.2023
Soňky duşuşykda aglaňda hyklap,
“Oýun etdim” diýeriňe garaşdym.
meniň pikirimçe şondan soň "oýun etdim" diýerine garaşman "çynyňy edip" çäresini görmeli ekeniň... soň aglamjyrap goşgy goşup ýörmän.
==
indi aýdymçy oglan barada.
Žan Dübüffe (Жан Дюбюффе) diýen "akmak bolmagy arzuw eden awangardist" şö diýipdir:
«Песни, которые горланит девушка, надраивая лестницу, волнуют меня больше, чем искусное пение. У каждого свой вкус. Я люблю немногое. Я предпочитаю зачаточное, необработанное, несовершенное, смешанное. Я больше люблю алмазы неограненные, в их чистом виде».

terjimerägi şeýle: «Basgançaklary sürte-sürte süpürýärkä bögürüp aýdyma hiňlenýän gyzyň aýdymy, meni ussatlyk bilen aýdylýan aýdymdan has beter tolgundyrýar. Her kimiň öz tagam duýuşy bar. Men az-owlak zatlary halaýan. Men düwünçek haldaky zatlary, işlenip bejerilmedik, kämilleşmedik, gutarylmadyk, garyşyk-gatyşyk zatlary ileri tutýan. Men gyraňlanmadyk, işlenmedik, ellenmedik arassa almazlary gowy görýän».
görnüşi ýaly ol aýdymçyňam öz auditoriýasy bar, ýöne şo gezek oňa diňleýjileri duşmandyr....
gynanyşşyl.

Ol "akmak bolmagy arzuw eden awangardist" Žan Dübüffe-niň birje eserinede äňedeli.
ine.
avatar
0
4 Kyyas • 20:29, 21.01.2023
Ak mersedes alkymyňa atlanyp,. Alkym bolanda Eñegiñ aşagy bolýa dälmi? Bu barada nähili pikirde ?
avatar
0
5 Kyyas • 20:37, 21.01.2023
B[Söýmedigiňe gitdiň kalbym çaň edip,
Bilmedim neneňsi kalbyň çaraşdyň?] şu setirde kalbyny çañ edip, tozadyp giden, çaraşdyñ,. Başyny çaramak, gün görüp bilmek. Men bilmedim seniñ kalbyñy? Çaraşdyñ, günüñi gördüñ. Birhiliräk dälmi?
avatar
0
6 Mekan • 22:29, 21.01.2023
Türkmen grammatikasynda женский-мужуской род-lar ýogam bolsa

"Men samsyjak"

biraz zenany söz düzümi bolupdyr.
avatar
1
7 Анонимно • 22:30, 21.01.2023
Hekayalyk
avatar
0
8 Mekan • 22:31, 21.01.2023
Mendirin (добавить-a basjak bolamda barmak degýändir-dä)
avatar
1
9 Mekan • 22:33, 21.01.2023
Meşhur täze ýyl kökesine çalym edýä surat.
avatar
0
10 Мango • 22:41, 21.01.2023
"samsyjak" ýene bolýa-la.
dost oglanlaň biri ogluna "meniň olişim" diýýär.
ilki eşdemde Olýa diýen biriniň gürrüňimikä diýipdim.
Oglum - Oguljugym, soň Oguljygym - Olişim bolupdyr.
avatar
0
11 Medicall • 02:07, 22.01.2023
:D otprawit anonim bilen gaty golay duran bolmaly sizde, indi hemmämiz düşünýäris ýazyber anonim gitse-de, butaýda kimdigiñe bir hotaýdaky @Medenýetden başga dawa etjek ýokmyka diýýãn
avatar
0
12 Medicall • 02:18, 22.01.2023
Ors goñşulañ paskada boýaýan ýumurtgalaryna, kekslaryna meñzeýär reñklenişi
avatar
0
13 Mekan • 02:44, 22.01.2023
Nämmolýanny billim. Esasanam "ответ"e basyp yazamda, добавить düwme görnenok. Klýawýaturany ýygnamak üçin gara ramkañ aşagyna bassam, анонимно ptiçka basylýan eken. Ramkany ýokarygam süýşürip bolyan eken.

Men bir obaly oglanda, aýyplaşmañ.

Birine jogap diyip yazdañda kimdigiñi aytsañ gowy-da.
avatar
1
14 Балканов • 18:45, 19.04.2023
Indi "dawaý"sözzi hem türkmen leksikonyna girse, "zaý" sözüne-de garaşybermeli.
avatar
0
15 Bagabat • 18:54, 19.04.2023
.
avatar
0
16 Pero • 08:26, 20.04.2023
Uzyn gepiñ gysgasy,biz näme diýsek diýeli adamlar,barybir ýene-ýeneleri tananoklar-da KERIM HALLYNY tanaýalar. Ýöne bir tanamagam däl,uly baha berýäler. :)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202