Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:11
Kakamyň çemedany

KAKAMYŇ ÇEMEDANY
(Nobel leksiýasy)


Kakam aradan çykmazyndan iki ýyl öň maňa golýazmalardan, depderlerden we gündeliklerden doly bir çemedan berdi. Ol hemişekisi ýaly degişmä salybrak, birneme-de öz ýazanlaryna göwnüýetmezçilik edýän ýaly äheňde, özünden soň, ýagny aradan çykanyndan soň, olary okap görmegimi haýyş etdi.
«Wagt tapsaň, göz aýlarsyň-da!» diýip, kakam ýaýdanybrak dillendi: «Arasynda derege ýarajagy barmyka beri?! Belkem, menden soň saýlap-seçip neşir etdirersiň».
Bu gürrüň meniň iş otagymda ― kitap tekjeleriniň arasynda bolupdy. Kakam götermekden ýaňa egnini zerzaw eden agyr hem möhüm ýükden dynasy gelýän ýaly, çemedanyny nirede goýjagyny bilmän, iş otagymda aýlandy ýördi. Ahyrsoňy elindäkini bir burçda goýdy. Ikimizi hem utandyran şol ýatdan çykmajak pursat deňimizden geçip geçmänkä, biz ýene-de öňki keşbimize – durmuşa biparh garaýan, degişmäni gowy görýän, durşy bilen kinaýalylyga ýugrulan şahsyýetimize dolanyp barmak bilen arkaýynlaşdyk. Hemişe bolşy ýaly, biz ýene-de ýaşaýyş barada, Türkiýäniň syýasy meseleleri we kakamyň galapyn şowsuzlyk bilen tamamlanan işleri hakda mesawy gürrüň etdik.
Kakam panydan gaýdanyndan soň şol çemedany açmaga bognum ysman, birki gün ýaly onuň deňinden aýlanyp geçendigim ýadymda. Daşy gaýyşly, kiçiräk gara çemedan, onuň açar sokulýan ýeri, aýlawly ýasalan burçlary çagalykdan hakydama siňipdir. Kakam iş bilen az wagtlyk bir ýerde ýaban ýatmaly ýa-da käwagt öýden iş ýerine bir zat alyp gitmeli bolanda, şony göterýärdi. Çagakam uzak ýoldan gelen kakamyň şu çaklaňja çemedanyny açyp dörüşdirýärkäm, onuň içinden çykýan atyryň hem-de saýry ýurduň ysyny demime sormagy şeýle bir gowy görýärdim. Şol çemedan meniň üçin çagalyk ýatlamalarymy özünde jemleýän özboluşly bir zatdy. Ýöne şonda-da, meniň ony ellemäge gaýratym çatanokdy. Näme üçin diýýäňizmi? Çemedanyň içindäki zatlaryň agramy sebäplidir-dä, elbetde.
Şol agyrlygyň nämedeligini düşündirjek bolaýyn. Iş otagyna girip, stoluň başyna çökýän we kagyz-galamyň üsti bilen özüni törpüleýän adamyň edýän işi, ýagny onuň döredýän eseri ― ine, çemedany agraldýan zat.
Kakamyň çemedanyny köp wagtlap açyp bilmän gezdim. Ýogsa-da, onuň içindäki käbir gündelikler maňa ýadam däldi. Şol gündelikleriň käbirine kakamyň bir zatlar çyrşap oturanyny kän görendirin. Hawa, olar maňa nätanyş zatlar däldi. Kakamyň uly kitaphanasy bardy. Ol ýaş döwürleri ― 1940 njy ýyllaryň aýaklarynda Stambulda ýaşap ýörkä, şahyr bolmagy arzuw eder eken. Şu arzuwy bilen, ol Walerini türk diline terjime-de edipdir. Ýöne soňlugy bilen, ol «Kitap az okalýan ýurtda goşgy goşup nä azarym?» diýen pikire gelipdir. Atam tüçjar baý bolansoň, kakam bolelin durmuşda ýaşapdyr. Şonuň üçin hem ol edebiýatyň ugrunda arrygyny hem gynajak bolmandyr. Ol durmuşda gözellik diýlip hasap edilýän ähli zady söýýärdi.
Kakamyň ýazan zatlaryna göwnüm ýetmez diýip gaýgy edýärdim. Ynha, şu gaýgy-endişäniň hut özi hem maňa şol çemedany açmaga idin berenokdy. Kakam munuň şeýle boljagyny duýan bolsa gerek, onuň çemedanyň içindäkilere kän bir ähmiýet bermeýän ýaly gürlemeginiň aňyrsynda hem şu sebäp ýatan bolmalydy. Ýigrimi bäş ýyllap ýazyjylyk bilen meşgullanan kakamyň özüni şu halda alyp barşyna gaty gynanypdym. Emma bir tarapdan, edebiýata çyny bilen ýapyşmadyk adama gatyrganmagam düýbünden manysyzdy... Men şol gündelikleri okamak bilen kakamyň ökde ýazyjy bolandygyna göz ýetirerin öýdüp gorkýardym. Ine, kakamyň çemedanyny, aslynda, şonuň üçin açmaga gorkýardym. Üstesine-de «men şonuň üçin gorkýaryn» diýip, wyždanym bilen ýüzleşip hem bilemokdym. Sebäbi o çemedandan deňsiz-taýsyz eser çykan ýagdaýynda, men kakamyň bütinleý başga adam ekendigini boýun almaly boljakdym. Bu meniň gorkýan zadymdy, ýaşym bir çene baran hem bolsa, kakam meniň üçin ýazyjy däl-de, kaka bolup galmalydy.
Meniň garaýşyma görä, ýazyjy ençeme ýyllaryň dowamynda, arman-irmän zähmet çekmek bilen, özüniň içinde busup ýatan şahsyýeti, şol şahsyýetiň ýaşaýan dünýäsini açýar. Edebiýat diýleninde ilki bilen roman, goşgy, edebi ýazgylar däl-de, otagdan çykman, stoluň başyna geçip, ýekelikde özüniň içki dünýäsine berilýän hem-de sözleriň üsti bilen täze bir dünýäni döredýän adam göz öňüme gelýär. Ol adam ýazuw maşinkasyny ulanyp biler, kompýuteriň ýeňilliklerinden peýdalanyp biler ýa-da men ýaly otuz ýyllap syýa galam bilen ýazybam biler. Ýazyp otyrka kofe, çaý içip, çilim çekip hem biler. Käte-käte ýerinden turup, penjireden daşaryny, köçede oýnap ýören çagalary, eger bagty çüwüp, gözel tebigatyň gujagynda işläp oturan bolsa, agaçlary we tebigat görnüşini, ýa bolmasa-da, garaňky diwary hem synlap biler. Ol iş otagynda goşgy, sahna eserini ýa-da men ýaly, roman ýazyp biler. Şu dürlülikleriň barysyna esasy işden ― stoluň başyna çöküp, tutanýerlilik bilen özüňi törpülemekden soň barylmalydyr. Eser döretmek ― bu öz içki dünýäňe nazar salanyňda gören zatlaryňy söz bilen beýan etmekdir, adamyň yhlas, tutanýerlilik bilen öz kalbynyň teýindäki lagly-merjenlere guwwas bolup aralaşmagydyr. Men basa oturyp, boş sahypanyň ýüzüni sözlere bezemek bilen, belli bir wagtdan soň, özümiň täze bir dünýäni döredendigimi, öz hyýaly dünýämde ýaşap ýören başga bir adamyny, hamala, kerpiçden köpri ýa-da gümmez galdyrýan dek, ýüze çykarýandygymy duýýardym. Ýazyjynyň kerpiji ― sözler. Ýazyjy olary bir-birden eline alaga-da, hersiniň biri-birine bolan gatnaşygyny görer, käte eýlesine-beýlesine geçip, olary daşdan synlar, käte-de döwediniň ujy bilen olara mährini siňdirip, aňrybaş duýgurlyk bilen agramlaryny saldarlap çykar, şeýde-şeýde, ýyllaryň dowamynda zähmet çekip, yhlas edip, öz dünýäsini döreder.
Adam nireden geljegi näbelli bolan ylham bilen ýazyjy bolmaýar. Adam tutanýerlilik we zähmetden basylmazlyk bilen ýazyjy çykýar. «Iňňe bilen guýy gazmak» diýen söz bar. Şu söz, tüýs ýazyjylar üçin aýdylan ýaly bolup dur. Perhat magşugyna gowuşjak bolup daglary böwsüp geçipdir. Men dessandaky Perhadyň tutanýerliligine haýran galýaryn. Onuň gören görgüsine azda-kände düşünip bilýärin. «Meniň adym Gyrmyzy» atly romanymda atyň suratyny hyjuw bilen gaýta-gaýta çekip ýat tutan, hatda şol owadan atyň suratyny gözüni ýumup hem çekip bilýän eýranly nakgaşlardan söz açmak bilen, aslynda, ýazyjylyk käriniň hysyrdysy we öz durmuşym hakda gürrüň berýändigimi bilýärdim. Öz durmuşyňda bolup geçen wakany bir gahrymanyň üsti bilen beýan edip bilmek üçin, şol wakanyň ýordumyny kalbyňda duýup bilmeli, munuň üçin bolsa, stoluň başyndan galman, bütin ömrüňi edebiýata bagyş etmeli. Ýazyjy diňe şonda özüniň ýazyjy bolup biljegine ynanyp başlar. Käbiriniň gapysyndan hem garamaýan, käbiriniň bolsa, asla gapysyndan aýrylmaýan ylham özüni sungata bagyş eden adamlary ýaran tutunýandyr. Ýazyjy ýalňyzlygyň girdabyna düşen mahaly, ýazanlarynyň hilinden, pikirleriniň üýtgeşikliginden we çemeleşmeleriniň özboluşlylygyndan göwni suw içmedik mahaly, ylham perişdesi onuň dadyna ýetişýär. Bütin ömrümi bagyş eden kärim bolan ýazyjylyk ýolumda meni çakdanaşa begendiren käbir sözlemleri, hyýaly suratlary, birgiden wakalary özüm däl-de, başga bir «güýç» maňa tapyp berdi diýip oýlananymda, ine, şonda, men iň bir göçgünli, ýatdan çykmajak duýgulary başdan geçiripdim.


Kakamyň çemedanyny açyp, onuň gündeliklerini okamaga gorkandygymy ýene bir gezek nygtasym gelýär. Sebäbi meniň gören görgülerim oňa ýatdy. Ol ýalňyzlygy däl-de, dost-ýarlary bilen üýşüp-çaşmagy, meýlisden-meýlise ygyp ýörmegi halaýardy. Ýöne soň men başgaça çemeleşip gördüm: şu garaýyşlarym, görgi-azaplarym we tutanýerliligi arşa göterişim meniň durmuş tejribämden gaýdýan öz waswasylygym bolaýmasyn diýip pikir etdim. Dünýä belli ýazyjylaryň arasynda iliň göwnüni tapyp, köpçüligiň adamsy bolup ýöreni hem ýok däldi ahyry. Üstesine, birsydyrgyn dowam edýän maşgala durmuşyndan ýadan kakam bizi taşlap, ýeke özi Pariže gidipdir. Parižde myhmanhanada ýaşap, köp ýazyjynyň edişi ýaly, gündelik ýazma keýpinden çykypdyr. Men o wagtlar çaga ekenim. Kakamyň çemedanynda şol gündelikleriň käbiriniň bardygyny aňýardym. Entek çemedanly gürrüňden has öň, kakam maňa Pariže gidişi barada aýdyp beripdi. Men o wagt hem çagadym. Ýöne ol Pariže ejem dagy bilen sene-mene edişeni üçin gidendigini welin aýtmandy. «Parižde bar günüm gündelik ýazma bilen geçdi» diýibem aýtmandy. Ol maňa: «Parižiň ýanýodalarynda Žan Pol Sartra birki gezek duşdum» diýipdi, o taýda okan kitaplary hem gören filmleri hakda, juda möhüm täzelikleri habar berýän ýaly, tolgunyp, çyny bilen janygyp gürrüň beripdi. Kakam öýde generallaryň, ýa bolmasa patyşalaryň däl-de, esasan, dünýä belli ýazyjylaryň atlaryny köp agzardy. Bu hem meniň ýazyjy bolmagyma azda-kände täsir etdimikä diýýärin. Aslynda, men kakamyň gündeliklerini şunuň üçin, bolmanda, onuň ullakan kitaphanasyndan köp zady öwrenendigim üçin okap görsem boljak eken. Wah, bile ýaşaýan wagtlarymyz kakamyň ― edil men ýaly ― öz kitaplary, oý-hyýallary bilen ikiçäk galmaga bolan höwesine, ýazýanlarynyň edebi hiline seretmän, ähmiýet bermeli ekenim.
Ýöne meniň hötdesinden gelip bilmejek zadymyň hem hut şudugyny kakamyň goýup giden çemedanyna howsala bilen seredenimden aňypdym. Kakam käte kitaphanasyndaky diwanda süýnerdi, elindäki kitaby ýa-da žurnaly ýere goýup, agyr oýlary boýlardy. Şonda kakamyň ýüzüne üýtgeşik alamatlar çaýylardy. Men çagalykdan ýaňy saýlanan uçurlarymda kakamyň ýüzündäki şu pisint alamatlardan ony bir zadyň biynjalyk edýändigini aňlap, özümem gaýgylanman bilmezdim. Häzir bolsa, nijeme ýyllardan soň, kakamyň ýüzündäki şol ynjalyksyzlanmanyň adamy ýazyjylyk ýoluna çekýän duýgy irişmeleriniň biridigini bilip durun. Şol duýgy kakamy daşyndaky adamlardan, köpçülikden, gündelik adaty durmuşyň gohundan daşlaşmaga çagyrýardy. Ýazyjy bolmak üçin hem, yhlas bilen tutanýerlilikden öň, şu duýga berilmek gerekdi. Ýazyja tutanýerlilik bilen yhlas näme üçin gerek? Ýazmak arkaly özüne ajaýyp dünýäni binýat etmek üçin. Ýöne otagda ýeke galyp, esli wagtlap dümtünip oturmak islegi bolsa, ýazyjyny herekete geçirýän ilkinji güýçdür. Kitaplary hezil edip okaýan, diňe öz wyždanynyň sesini diňläp özgäniň pikirleri bilen jedelleşýän hem-de kitaplar bilen ümmüldeşip, öz oý-pikirlerini we içki dünýäsini emele getirýän erkin, garaşsyz ýazyjylaryň ilkinjisiniň, döwrebap edebiýatyň kerwenbaşysy Mişel Montendigi hatasyzdyr. Monten, kakamyň gaýta-gaýta okan, maňa-da oka diýip kän sargan ýazyjysydy. Men özümi kitaplar bilen bir otaga sümülýän ýazyjylar toparyndan saýasym gelýär. Ýazmak üçin otagyndan esli sagatlap çykman oturyp bilýän adam, diňe şol hakyky edebiýaty döredip bilýändir.
Otagdan çykman oturanymyz bilen, biz o diýen ýalňyzam däldiris. Bize ilkibadalar özgäniň pikir garaýyşlary, ýazan hekaýadyr romanlary hemdem bolar. Edebiýat adamzadyň özüne düşünmek üçin döreden iň gymmatly hazynasydyr. Halklar öz milli edebiýatlaryna näçe ähmiýet berseler, öz ýayjylaryna näçe gulak assalar, olar şonça-da paýhaslanarlar, ruhy taýdan baýlaşarlar we hakyky ynsanlyk mertebesine çenli beýgelerler. Biziň barymyza mälim bolşy ýaly, kitap ýakmak, ýazyjylary kemsitmek ýaly hadysalar adamzadyň garaňky ertiriniň jarçysy dälmi, näme?! Otagyndan çykman kitap okaýan, döredijilik bilen meşgullanýan we ilki bilen öz içki dünýäsine keşt edýän ýazyjy, özüniň şu ajaýyp dünýäsinde ýyllaryň dowamynda hakyky edebiýatyň aýrylmaz kadalarynyň hem üstünden barar. Edebiýat öz hekaýamyzy başga biriniň hekaýasy ýaly we özgäniň hekaýasyny bolsa öz hekaýamyz ýaly gürrüň bermekdir. Şuny başarmak üçin bolsa, entek ýoluň başyndakaň, beýlekileriň hekaýalaryny, romanlaryny okap çykmaly bolýar.
Kakamyň bir ýazyjy üçin ýetik boljak müň bäş ýüze golaý kitapdan ybarat kämil kitaphanasy bardy. Ýigrimi iki ýaşymdakam, belkem, kakamyň kitaphanasyndaky kitaplaryň baryny okap çykan hem däldirin. Ýöne men şu kitaplaryň ählisine beletdim, haýsynyň elhalrakdygyny, haýsynyň gowşak bolsa-da ýeňil okalýandygyny, haýsynyň nusgawy eserdigini, haýsynyň süwümsizdigini, haýsynyň geldi-geçerdigini, haýsynyň hem kakamyň iň gowy görýän kitabydygyny bilýärdim. Kädaýym kitaphanamyzy daşdan synlap, özümiň hem aýratyn bir öýde şular ýaly, hatda şundan hem baý kitaphanamyň bolmagyny, kitaplardan özüm üçin täze bir dünýäni döretmegi şeýle bir arzuw ederdim. Daşdan synlanymda, kakamyň kitaphanasy käte meniň üçin älem-jahanyň kiçiräk suraty ýaly bolup görnerdi. Hawa, şol kitaphana biziň öz künjegimizden ― Stambuldan tutuş äleme seredýän penjirämizdi. Kakam bu kitaphanany daşary ýurtdan, esasan, Parižden we Amerikadan, ýaşka, 1940 — 1950-nji ýyllarda Stambulyň daşary ýurt dillerindäki kitaplar satylýan dükanlaryndan we kitap söwdagärlerinden satyn alan kitaplary esasynda döredipdir.
Meniň edebi garaýşym ― milli dünýämiz bilen Günbatar dünýäsiniň birleşmeginden durýar. 1970 nji ýyllardan başlap, men çynym bilen öz kitaphanamy döretmäge girişdim. O döwürler ýazyjy bolmagy entegem doly ýüregime düwmändim. «Stambul» atly romanymda gürrüň berşim ýaly, belli bir wagtdan soň, özümden suratkeş çykmajagyna gözüm ýetipdi, şeýle-de durmuşymyň haýsy ýola düşmelidigini entek doly kesgitläp bilmändim. Göwnüm: «Ýigide müň dürli hünär hem az» diýýärdi. Içimde öwrenmäge, okamaga bolan teşnelik möwç alýardy. Bir tarapdanam, durmuşymda nämedir bir zadyň ýetmeýändigini ýüregim bilen syzýardym. Men özümi hamala beýlekiler kimin ýaşap bilmejek ýaly duýýardym. Şu duýgynyň gözbaşynda bolsa, şäher merkezinden daşlaşmak pikiri ýatýardy. Şol ýyllarda Stambul biziň ählimiziň kejebämizi daraldýardy. Şäherden çykyp gaýdanymyzda bolsa, biz öz durmuşymyzda nämedir bir zadyň kemlik edýänini has güýçli duýýardyk. 1970-nji ýyllarda, hamala şu ýetmezçilik duýgusyndan dynjak bolýan ýaly, kakamyň beren pullary bilen Stambulyň köne kitapçylaryndan okalan, çaň-tozana baslygyp ýatan kitaplary satyn alanymda, şol kitap dükanlarynyň ― ýoluň gyrasynda, metjidiň howlusynda guralýan kitap bazarlarynyň horaşaja, eleşan we köplenjem adamy umytdan el çekmäge çenli eltýän perişan hallary mende okajak kitaplarymdan kän bolmasa, az täsir galdyran däldir.
Dünýäde eýeleýän ornumy alyp görenimde, edil durmuş babatda, edebiýat babatda-da, o döwürler merkezden allowarrada durandygymy bilýärdim. Dünýäniň merkezinde biziň adaty durmuşymyzdan has baý hem has janly bir durmuş gaýnap joşýardy we men, şeýle-de ähli stambullylar, hatda tutus Türkiýe halky şondan daşdy. Eserlerimiň aglabasynda okyja şu aradaşlygy görkezjek boldummykam diýýärin. Galyberse-de, dünýäniň edebiýaty diýlen bir zadam bar. Menem ondan daşdadym. Aslynda, men dünýä edebiýaty diýmek bilen Günbatar edebiýatyny göz öňünde tutýaryn. Biz ― türkler şondan hem habarsyz ýaşaýardyk. Kakamyň kitaphanasy hem muňa şaýatlyk edýärdi. Bir ýanda, biziň her bir zadyna yssy göz bilen garaýan dünýämiz, ýagny öz edebiýatymyz bardy, beýleki ýanda bolsa, şol dünýämize asla çalym hem etmeýän, çalym etmeýänligi bolsa, bizi hem gynandyrýan, hem-de umytlandyrýan Günbatar edebiýaty bardy.
Ýazmak hem okamak öz dünýäňden sogrulyp, başga bir geň-enaýy dünýä ulaşmakdyr. Kakamyň hem käwagtlar, meniň soň-soňlar edişim ýaly, öz ýaşaýan dünýäsinden Günbatara gaçyp gitmek üçin roman okandygyny duýýardym. Şol wagtlar, kitap meniň üçin şu zeýilli medeni ýetmezçiligiň öwezini dolmaga ýardam berjek zatlaryň biri ýaly bolup görnen bolmagam ahmal. Diňe bir okamak däl, eýsem, ýazmak hem Stambuldan Günbatara baryp gaýdan ýaly bir zatdyr. Kakam çemedanyndaky gündelikleriniň köpüsini doldurmak üçin Pariže gidipdi, myhmanhananyň otagyndan çykman ýazan zatlaryny hem Türkiýä alyp gelipdi.
Aslynda kakama men ýaly töwekgelçilik etmäni üçin, hiç zada kellesini agyrtman, dost-ýarlary bilen gülşüp-degşip ýaşany üçin gahar edýärdim. Ýöne «gahar edýärdim» diýmegiň ýerine «görübilmezçilik edýärdim» diýmelidigimi, belki, şeýle diýmegiň has ýerlikli boljakdygyny azda-kände paýhas edip bilýärdim, bu bolsa, ýene-de meniň keýpimi gaçyrýardy. Şeýle ýagdaýlarda men hemişeki ýaly, igençli, hemleli sesim bilen öz-özümden: «Bagt näme?» diýip soraýardym. Ýekelikde, otagda bir özüň sokulyp oturmak bilen, alan galaň kän boljagyna ynanmak ― bagtmyka? Ýa-da köpçülige goşulyp, il bilen deňine bir penjireden garap, ýa-da garan ýaly edip, has bagtly bolunýarmyka? Köpçüligiň adamy ýaly bolup görnüp, bir tarapdanam, çola ýerde bir zady ýazmaga oturmak, aslynda, näme, bagtmy ýa dälmi? Arman, şu sowallarda gahar-gazap agdyklyk edýärdi. Üstesine, gowy ýaşamagyň bagt bilen ölçelýändigini kim aýdypdyr?! Adamlar, gazetler, hemişe-de, iň esasy durmuş ölçegini bagtyýarlyk ýaly edip görkezýärler. Diňe şunuň özi-de, gaýtam tersine, dogrudygy ýa däldigi seljerilmeli mesele dälmi näme?! Onsoňam bizden, maşgalasyndan mydama gaçyp gezen kakamy men aslynda tanaýardymmy berin? Onuň kalbynda gopýan harasatlardan habarym barmydy?
Kakamyň çemedanyny birinji gezek açyp görenimde, ynha, şular ýaly sowallaryň imeşigine çolaşypdym. Kakamyň, heý-de, özüni bagtsyz saýan ýeri bolupmy? Belki-de, bu sowalyň jogaby onuň gündeliklerinde bardyr. Çemedany açan badyma, birmahalky köne ys haplap burnuma urdy. Käbir gündelikleri-hä gören badyma tanapdym. Sebäbi kakam maňa olary öň görkezipdi. Ýeke-ýekeden elime alyp, açyp gören gündeliklerimiň köpüsi kakamyň bizi taşlap gidip, Parižde ýaşan döwürlerinde tutulandy. Men bolsa, terjimehallaryny hezil edip okan söýgüli ýazyjylarym ýaly, kakamyň meniň ýaşymda näme ýazandygyny, näme hakda pikir edendigini bilesim gelýärdi. Sähel salymyň içinde, kakamyň pikirlerini bilmekde gündelikleriň hiç hili derde ýaramajakdygyny bildim. Soňam kakamyň gündelikleriniň diline siňen ses ― ýazyjynyň sesi meni halys aljyradýardy. O ses kakamyňky bolup bilmez diýip oýlaýardym. O ses ýa kakamyň hakyky sesi däldi, ýa-da hakyky kakam diýip bilýän adamymyňky däldi. Kalbyma aralaşan şu wehim, kakamyň ýazanlaryna göwnüm ýetmez diýen ýaly howsalalardan hem rüstem gelýärdi. Şeýdip, bu wehimiň yzy, esasan, ýaşlygymda bolşy ýaly, durmuşda saýlap alan ýolumy, ýazan eserlerimi ýuwudýan, çyna berimsiz girdaba öwrülýärdi. Roman ýazmaga girişen başky on ýylymda şu wehim maňa halys gün bermeýärdi. Men onuň bilen dikleşmekden hem çekinýärdim. Suratkeşlikden başym çykmajagynyň ujy iki däldigine göz ýetirişim ýaly, haçan hem bolsa bir gün şu wehimden asgyn gelip, roman ýazmagymy hem bes ederin öýdüp gorkýardym.
Çemedanyň agzyny ýapyp, başga bir ýere galdyryp goýanymdan soň, ruhumyň şäherden daşaryk dyzaýandygyny we hakyky özüm bolup ýazyp bilýärmikäm diýip darykjak bolýandygymy duýupdym. Meni elewredýän şu duýgular öňdenem tanyşdy. Bu duýgularyň nähili möçberde ulalyp bilýändigini, olaryň nähili öwüşginleriniň bardygyny ýyllaryň dowamynda okap, ýazyp, öz stolumyň başynda doly açypdym, çuňňur öwrenipdim. Elbetde, men şu duýgulary näbelli hasratlar, keýpiňi bozujy inçelikler we zol-zol kitaplardan hem durmuşdan maňa ýokuşan garjaşyk pikirler mysalynda ýaşkam gaty köp başdan geçiripdim. Emma diňe roman ýazmak bilen, (şäherden daşaryny küýsedýän «Gar», «Stambul», özüň bolup ýazmak barada «Meniň adym Gyrmyzy» ýa-da «Gara kitap» romanlarymy muňa mysal getirse bolar), ruhumyň şäherden daşaryk dyzamagyndan döreýän duýgynyň hem-de hakyky özüň bolup ýazyp bilmezlik howsalasynyň ezýetlerinden doly saplanmagy başardym. Meniň pikirimçe, ýazyjy bolmak diýmek ― içimizde göterip gezýän, onda-da köpden bäri göterip ýörendigimizi hem bilýän gizlin hasratlarymyzy ilikdüwme öwrenmek, ýüze çykarmak we teswirlemek diýmekdir. Şol hasratlara eserimiz hem, şahsyýetimiz hem hökman eýe çykaýmalydyr.
Ýazyjylygyň düýp manysy her kimiň bilýän, ýöne bilýänini bilmeýän zatlaryndan söz açmakdyr. Şu zatlaryň üstünden barmak we olary has-da ösdürip ile ýetirmek ― okyja köpden bäri görlüp, bilnip ýörlen dünýä başgaça seretmegiň ruhy lezzetini eçiler.
Mälim bolşy ýaly, bize ― ýazyjylara iň köp berilýän sorag şudur: «Näme üçin ýazýarsyňyz?». Ýüregim dyňzap durany üçin ýazýaryn. Adaty adamlardan üýtgeşik kärim bolany üçin ýazýaryn. Meniň ýazyşym ýaly ýazýanlar döresin, okalsyn diýip ýazýaryn. Ählimize, şol sanda özüme gahar edýänim üçin ýazýaryn. Uzynly gün stolumyň başyndan galman, kitap ýazmagy gowy görýänim üçin ýazýaryn. Biziň ― türkleriň Stambulda, Türkiýede nähili ýaşaýandygymyzy tutuş dünýä bilsin diýip ýazýaryn. Endik edenim üçin, ýazman bilmeýänim üçin ýazýaryn. Ýatdan çykmakdan gorkýanym üçin ýazýaryn. Ýazyjylygyň şöhratyna buýsanýanym üçin ýazýaryn. Ýeke bolmak üçin ýazýaryn. Özüme, bütin adamzada näme üçin gahar edýänime, belki, ýazyp düşünerin diýip ýazýaryn. Iller okaýar diýip ýazýaryn. Ýazyp başlan bir romanymy tamamlaýyn diýip ýazýaryn. Her kimiň menden tamasynyň uly bolany üçin ýazýaryn. Kitaphanalaryň, kitaplaryň şu dünýäde galjak ebedi zatlardygyna ynanýanym üçin ýazýaryn. Ýaşaýyş, dünýä, bar zat şeýle bir owadan, şeýle bir geň bolany üçin ýazýaryn. Durmuşyň ajaýyplyklarynyň hem-de gözellikleriniň ählisini söze geçirmegiň hezil bolany üçin ýazýaryn. Hekaýa gürrüň bermek üçin däl-de, hekaýa döretmek üçin ýazýaryn. Hamala, gidilmeli bir ýer bar ýaly we näçe urunsam-da şol ýere gidip bilmeýän ýaly bolýandygym üçin we şu geň duýgudan başymy gutarmak üçin ýazýaryn. Nätsemem bagtly bolup bilmeýänim üçin ýazýaryn. Bagtly bolmak üçin ýazýaryn.
Iş otagymda çemedanyny goýup gidenine bir hepde boldy diýlen güni kakam, hemişeki endigi boýunça, eli bir gap şokoladly (kyrk sekiz ýaşymdadygymy ýatdan çykarýardy) meniň ýanyma geldi. Biz ýene-de ondan-mundan gürrüň eden bolup degişdik, gülüşdik. Birdenem, kakamyň çemedany goýup giden ýerine gözi düşdi. Ol meniň çemedany başga bir ýere goýanymy aňdy. Nazarymyz kaklyşdy. Otagyma ýürekgysgynç, tukat ümsümlik aralaşdy. Oňa çemedany açyp, içindäkileri okajak bolandygymy aýtmadym. Nazarymy başga ýana sowdum. Emma ol bar zada düşündi. Menem onuň düşünendigini bildim. Olam meniň nämä düşünendigimi bildi. Bu ýagdaý birki sekunt dowam etdi. Arman, kakam özüne göwni ýetýän, gaty giň adamdy. Ol hemişekisi ýaly gülüp goýberdi we öýden çykyp barýarka, maňa ata hökmünde kän aýdýan süýji hem ruhlandyryjy sözlerini ýene-de gaýtalady.
Hemişe bolşy ýaly, men ýene-de kakamyň gaýgy aladasyz başyna guwanyp yzyndan garap galdym. Şol gün ýüregime üýtgeşik bir şatlygyň dolandygy şu wagtky ýaly ýadymda. Dogry, men kakam ýaly giň adam bolup bilmedim. Onuň ýaly gaýgy-aladasyz, gülala-güllük durmuşda-da ýaşap bilmedim. Emma men ýazmagyň görgüsini artygy bilen gördüm diýip teselli tapýardym, siz meniň näme diýjek bolýanyma düşünensiňiz... Her gezek kakamy görenimde, onda-da diňe şony görenimde, şu tesellä ýapyşýanym üçin özümden utanýardym. Üstesine, kakam meni gorkuzybam saklamandy ahyry. Gaýtam, ol meni öz erkime goýberip, «Isläniňi et» diýipdi. Bu zatlaryň bary bize döredijiligiň we edebiýatyň durmuşdaky näsazlyklar bilen, begenmek hem-de müýnürgemek ýaly duýgularymyz bilen çuňňur baglanyşyklydygyny hemişe ýatladyp durmalydyr.
Emma welin hekaýamyň, meni öňküdenem has beter müýnürgemäge iterýän beýleki simmetriýasy ― şol gün bada-bat ýadyma düşen ýene bir bölegi bardy. Kakamyň maňa çemedanyny tabşyrmagyndan ýigrimi üç ýyl öň, ýigrimi iki ýaşymdakam, bar zatdan el göterip, romançy bolmagy ýüregime düwüpdim. Şu maksat bilen basa oturyp işleýärdim, dört ýyldan soňam birinji romanymy ― «Jewdet beý we ogullary» eserimi tamamlapdym we entek neşir edilmedik kitabyň ýygylan bir görnüşini okap görsün-de, pikirini aýtsyn diýip, ellerimi saňňyldadyp kakama beripdim. Onuň diňe zehinine we edebi garaýşyna göwnüm ýetýäni üçin däl-de, tersine ejemiň ýazyjy boljak diýenimde meniň tarapymy çalany üçin, ilkinji kitabyma kakamyň berjek bahasy maňa gaty gymmatlydy. O wagtlar kakam öýde däldi. Iş sapary bilen bir ýere gidipdi. Onuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Iki hepdeden soň geleninde, men ylgap gapyny açypdym. Kakam hiç zat diýmedi, ýöne meni garsa gujaklady welin, kitabymy gaty oňat görendigine düşündim. Birsalym, hetdenaşa duýguly pursatlarda ýüze çykýan bir tüýsli aljyraňňylygyň we ümsümligiň girdabyna düşen ýaly bolduk. Soň, birneme göwrümimiz giňäp, arkaýyn gürleşip başlanymyzda, kakam maňa, ýa birinji kitabyma bolan çakdanaşa ynamyny juda tolgunyp hem-de çişirip beýan edipdi. Yzyndanam, edil şu mahal begenç bilen kabul edýän şu baýragyma haçan hem bolsa bir gün mynasyp boljakdygymy dil ujundan aýdyp goýberipdi.
Şu soňky sözüni ol meni ynandyrjak bolup ýa-da şu baýragy öňümde maksat edip goýjak bolup däl-de, öz perzendini goldamak, ruhlandyrmak üçin, ogluna: «Sen hökman general bolarsyň!» diýýän türk atasy hökmünde aýdypdy. Ençeme ýyllaryň dowamynda, biri-birimiz bilen görşen mahalymyz, ol maňa ruhy goldaw berjek bolup, şu sözi irginsiz gaýtalardy...
Kakam 2002-nji ýylyň dekabrynda aradan çykdy.

Şwed akademiýasynyň maňa bu uly baýragy gowşurýan agzalary, hormatly myhmanlar, men häzir kakamyň hem şu ýerde bolaryny näler islärdim...


(2006-njy ýylyň dekabr aýynyň 7-si).

© Orhan Pamuk
Türk dilinden terjime eden: © Eziz Akaýew
Görülen: 134 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orhan Pamuk, Eziz Akaýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 sussupessimist • 16:14, 22.07.2024
Zor ýazyjy Orhan Pamuk, "Gara kitaby", "Meniň adym Gyrmyzy" hem "Gar" romanlary, prozaçy bolsaň, köp zady öwredip bilýär, umumanam okanyňa degýär.
avatar
0
2 Мango • 11:22, 25.07.2024
чемодан-a nämçüp çemEdan diýdikä, sözlük we sözlüge görä terjimeçi?
чемодан - çemOdan bolaýjak ýaly-da welin.

birinji sözlemde biderejik ýa-da ähmiýetsiz bir detal sypypdyr.
o çemodanyň kiçijekligi.
...el yazmaları ve defterleriyle dolu küçük bir bavul verdi bana.
...maňa golýazmalardan, depderlerden we gündeliklerden doly bir çemedan berdi.

---
... Sonra elindeki şeyi dikkat çekmeyen bir köşeye usulca bıraktı.
...Ahyrsoňy elindäkini bir burçda goýdy.

("üns çekmejek bir burça" we "emaý bilen"...????)

---
Her zamanki gibi havadan sudan, hayattan ...söz ettik.

Babam gittikten sonra bavulun etrafında birkaç gün ona hiç dokunmadan aşağı yukarı yürüdüğümü hatırlıyorum.

Hemişe bolşy ýaly, biz ýene-de ýaşaýyş barada ...mesawy gürrüň etdik.

Kakam panydan gaýdanyndan soň şol çemedany açmaga bognum ysman, birki gün ýaly onuň deňinden aýlanyp geçendigim ýadymda.

originalda şo sözlemde "Babam gittikten sonra" diýende kakasynyň ölümi barada aýtman, şo gün ondan-mundan gürrüň edip, ýanyndan gideniniň gürrüňini edýän ýaly gördüm men-ä. ýa terjimeçiň sözlemindäki ýaly "panydan gaýdanyndan soň"-myka?

---

...şimdi ona dokunamıyordum bile. Niye? Elbette ki bavulun içindeki gizli yükün esrarengiz ağırlığı yüzünden.

...meniň ony ellemäge gaýratym çatanokdy. Näme üçin diýýäňizmi? Çemedanyň içindäki zatlaryň agramy sebäplidir-dä, elbetde.
(gizli ýüküň syrly agyrlygy????) birazajyk sadalaşdyrypdyr terjimeçi...

umuman-a nejisem däl.
Eziz dädäň zähmetine berekella.
avatar
0
3 Medicall • 21:48, 25.07.2024
Gowy görýan şu ýazyjyñ ýazanlaryny okamagy
avatar
0
4 Seýrаn • 08:42, 26.07.2024
Gowy ýazgy, türkçesini okap görmändim, türkmençesini okaýyn-la diýdim ilki. Elbetde, original dilinde hem okaryn.

Kaka baradaky şeýle ýazgylar durmuşyňa täsirli degen halatynda köp ýazylýar. Bir wagtlar hat ýazanymda, şuňa meňzeş edip bir detalyny alypdym, maşynkady öýdýän. Ýöne elde ýazypdym. Sag bolsun Orhan Pamuk nämüçin ýazýandygynh, hatda nämüçin ýazylýandygyny juda aýdyň ýazypdyr. Gaty ökde ýazyjy. Duşundan ötmeli däl okaman. Sag bol Maks paýlaşanyňa.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203