17:42 Kalbyň gapysy | |
KALBYŇ GAPYSY XVIII asyrda Londanda meşhur iňlis suratkeşi Uilliam Holman Huntyň eserleriniň sergisi guralypdyr.Ol "Älemiň yşygy" diýip atlandyrlan bir eserinde gije bagyň içinde bir eline panus,beýleki eli bilen bolsa külbäniň gapysyny duran dananyň keşbini suratlandyrypdyr.Bu surata syn edýän synçylaryň biri Hunta ýüzlenip: -Dogrusyny aýtsam,gowy eserleri döredipsiňiz.Emma şu eseriňiz welin,hiç maňzyma batanok-da.Ol adamyň kakyp duran gapysy açylarmyka?Gapa tokmak çekmegi unudypsyňyz öýdýärin?!-diýipdir. Suratkeş bu sowala garaşyp duran ýaly ýylgyrypdyr-da: -Bu adam ýönekeý bir gapyny kakanok ahyryn.Bu gapy adamyň ýüregini aňladýar.Ýürek hemişe içinden açylansoň,daşyndan tokmak goýmagyň geregi ýok diýip,jogap beripdir. | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |