Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:23
Karar
KARAR

Garaňkyja... Petiş otag...
Kalonkadan haýaljak ýaňlanýan gamgynja saz...
Gözlerdäki ýaş, hamala, ýagyş-ýagmyr diňenden soň, ýaşyl çemenzarlykdaky ýapraklaryň üstünde emele gelen damjajyklar ýaly. Nähili nurana keşp, ýöne, gyzyň gözleri däl. Onuň sudurynda gussa alamatlary bar. Ol hakyky ýagşylyklaryň diňe ertekilerdir, fantastiki çeper eserlerde gabat gelýändigine düşünerden ýaş bolsa-da, häzir ony hakyky durmuşyň aýylganç girdabyna düşürip, onuň göwnüne kimdir biri mazalyja degib-ä ýetişipdir. Çöşlenen saçynyň inçemik gyljagazlary ýaňagyna ýelmeşip, onuň okara gözjagazlaryny gizläpjik durlar. Mawy asmany, aňyrsy-bärsi görünmeýän çyrpynyp ýatan ummany ýada salýan gögümtil göreçlerden syrykýan ajy gözýaşlar gyzyň kimdir birinden öýke edenligini habar berýär. Günüň batyp barýan çagyna meňzeş öňki al öwüsýän ýaňaklaram häzir solan eken.
Öl ýodajyklar dodaklaryň kenaryndaky çukanajyklary böwsüp geçýär. Togarlanyp eline daman damjajyklar bilen ol ýene gözüniň ýaşyny süpürýär. Çyglanan kirpikmen gözler, ýene hakydasynda şol wakalary jemleýär, soň ýene ýaňky hadysalar gaýtalanyp durýar, gaýtalanyp durýar...
Sms-iň sesine gyz tisginip gitdi. Alyp görse, nätanyş nomer:
"Salam, ýüregiňizde bir adamlyk ýer barmy?"
Yzyna jogap:
"Kim siz? Tanamadym"
Nätanyş özüni tanyş edýär:
"Klasdaşyň Oraz".
Oraz göwnaçyk, degişgenje, alçajyk ýigit. "Gözünde nur bar" diýilýänlerden. Gezegenlerden daşrak, gowa ýakyn oglan. Ol öňlerem Güljemalyň keýpi ýok wagtyny duýup, oňa lak atýardy, bolgusyzja sözleri diýip, keýpini sazlaýardy. Häzirem şeýle bolan ýaly, Güljemal könäni ýatlap hasam gussa batdy.
"Hä, salam Oraz gowumyň?"
Dessine jaň geldi.
"Jyň...jyň...jyň"
— Alo?
— Keýpiň ýok-la.
— Ýok, göwnüňedir.
Güljemal burnuny çekýär.
— Hä, şoň üçin sojap-sojap agladyňmy, aglak gyz?
— Sesimden bildirýärmi?
— Ýok, men duýýan.
Fortepiano eserlerleriniň akgynly ýerleri köp bolýar. Orazyň soňky sözi... sazyň şol akgynly ýeri bilen sazlaşdy... bu bolsa, gyzyň ýamalgy ýaralardan doly ýüregine başgaça täsir etdi...
— Güljemal, özüňem bilýänsiň: seň dertleriň - meň dertlerim. Ýylgyrsaň ýylgyrýan, güleňde gülýän. Men bulary saňa dost, dertdeş, klasdaş hökmünde aýdýan. Düşün, men seň göwün ýüküňi çekişmäge taýyn..
— Bilýän-le, sen öňem edil wagtynda ýazýardyň, jaň edýärdiň. Hiç kim idemese-de, sen halymy soraýardyň.
Ýene şol giden giňişlikdäki ummana çalymdaş göreçlerden togarlanyp gaýdan şor damjalar öl ýodajyklary ýasady, ýene şol şor ummanyň suwundan ahyrlanyp barýan günüň günbataryna meňzeş ýaňaklar çyglandy.
— Sen ýene aglaýaňmy?
Güljemal burnuny çekýär.
— Oraz, bilýäňmi näme boldy? Öýdäkiler meni göwnemeýän oglanyma berjek bolýalar.
Güljemal özüni saklap bilmän, sojap başlady. Içindäkileri içine sygman, öýüň wakalaryny birin-birin klasdaşyna gürrüň berdi. Aglap-aglap ýüregini gowzatdy. Göwün ýüküni çekişmäge adatça, dost-jora ýardam bermeli welin, häzir oňa joradanam beter Oraz ýakyn göründi. Orazy öz derdinden saplaşmaga kömek etjek hossary ýaly gördi.
— Sen näme, şu zatlara kaýyl bolduňmy onsoň? —diýip, telefondan gelýän agras ýigidiň sesi, Güljemalyň çöken ýüregine tekge berdi. Ony heýjana saldy.
Kalonkadan haýaljak ýaňlanýan sazyň gidişine görä gepleşilmegi, söhbetdeşligi hasam romantiki ýagdaýa geçirýär. Ýürekler kapasa salnan guş kimin bökjekleşýär, düşünişýärler. Gyz derdini egisýär, ýigit çäresini gözleýär. Biziň "söýgi" diýýänimiz, aslynda, şu gürrüňiň barşynda dälmi? Ýa, siz söýgini has daşdan gözleýäňizmi?
— Wah, kaýyl bolmasam bolanok! —diýip, Güljemal daljykýar.
Orazam goýmaýar, soraýar:
— Näme üçin bolmaýar?!
— Olar enem-atam meň, Oraz! Düşün-ä!
— Ol oglan bilen seň eneň-ataň ýaşaşmaly däl Güljemal! Senem şoňa düşün. Gerek wagty "ýok" diýmegi başarmaly.
— Men olaň ýüzünden geçip bilmeýän-ä Oraz.
Gyz sesini hasam endiretýär. Burnuny çekýär. Ýüregini sypalap geçen sazyň tamamlanyp barýan pursadynda çyglanan ýüzüni süpürip, ony gaýtadan goýýar. Ýene şol petiş otagda, ýene şol fortepianonyň astynda kem-kemden söýgä ýugrulyp barýan söhbetdeşlige dowam edilýär...
— Geçip bilmeseň, soň özüňe kyn bor... menden-ä aýtmak.
— Sen indi, öýüňizdäkilere "ýok" diýip aýt diýjek bolýaňmy?
— Diýjek bolamok klasdaşym. Diýdimem. Sen diýmeseň, men diýip beräýerin öýüňizdäkilere. Öz gyzyňy kimdir birine zorluk bilen beräýmersiň-ä. Bagyşla welin, on dokuz ýaşly bir oglanyňkyça-da oýlanyp bilmeýämi eneň-ataň? Ilki bir sorarsyň gyzyňdan, şeýle dälmi? Göwnelensoň bolar-a toý. Ýa meň aýdýanlarym ýalanmy Güljemal?
Şunça ýyllap bile okapdyrlar, ýöne Güljemal bu klasdaşynyň beýle sowukganlydygyna hem-de özüne çekiji sesiniň barlygyna häzir göz ýetirip galdy. Kalbynda söýgi uçgunjyklary körän ýaly, ýüzünde birtüýslije ýylgyryş peyda boldy, özüniň ilkinji erk edip bilmedik ýylgyryşy...
— Dogry aýdýaň. Men näme üçin olara öz pikirimi aýtmaly dälmişim? Näme üçin men ömrüm ötýänçä sulhum almaýan ýigit bilen ýaşaşmalymyşym? Sen gaty dogry aýdýaň Oraz.
Gyz indi hasam ynamdar gepleýär. Dogumlanýar. Sebäbi, onuň arkasynda ähli dertlerini deň çekişjek, hemme kişiden beter bil baglaýan gerçegi, eger öýündäkiler razy bolmaýanda-da, derde duçar bolup, göz ýaş döküp otursa hem, şol "şor ummanyň" ýekeje damjasyna gurban boljak arkadagy bar.
— Biraz şeýdip özüňe gel-ä... seň sesiňi şeýle eşitmek meni hasam begendirýär.
Klasdaşynyň jykyrdylaryny eşiden Oraz, öz jaňynyň şu gezek ýerine düşendigini aňýar. Ümezläp duran gyzyň gözlerini güldürmegi başaran ýigit, özüni arkaýyn duýýar. Ol birdenem telefondan klasdaş gyzynyň gülkisi bilen mylaýymjak ýaňlanýan sazyň utgaşygyna özüni berýär. "Beýle owazy indi eşdip bilmesem gerek" diýip, içini gepledýär. Nijeme wagt bäri, aýdyp bilmän ýören içki pikirini daşyna çykarmaga howlugýar:
— Diýmek, sen öýüňizdäkilere aýtjak-da, şeýlemi?
Güljemal bu gezek bagtly ýylgyryşy bilen gepledi, hatda onuň ýylgyryşyny söhbetdeşem duýdy:
— Näme üçin beýle gyzyklandyň? Aýtmaýynmy ýa?
— Ýok-ýok! Aýdyber.
— Onda?
— Onda... men saňa päsgel bermäýin... Hoş...
— Mmm... bolýa... hoş
Jaňdaky söhbetdeşlik soňlanan badyna, gyza sms geldi. Ýene ýaňky nätanyş nomer:
— Ýüregiňizde bar eken-ä ýer...

Bazar ANNA
10.02.2024.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: Parahat6499 | Teg: Bazar Annaýew | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 garagar • 23:17, 10.02.2024
"Ýüregiňizde bar eken-ä ýer..."
Güljemal başda-da "ýok" diýmändir.
avatar
0
2 sussupessimist • 09:24, 11.02.2024
"Çöşlenen saçynyň inçemik gyljagazlary..."
Hehe, tarlary diyilyä oňa... yamman yürekbulanç yaňlanya yogsam.
Dogrusy, bu sözlemden aşak geçip bilmedim, yogsam ondan öňki sözlemlerde-de kän zada gözümi yumdum. Meselem, birinji üç sözlem - ssenariya yaly yaňlanya. "Garaňkyja" sözündäki "ja", belki, alagaraňky diymelidir? Hayaljak yaňlanyan däl-de, yaňlanyan hayal saz. Yagyş-yagmyrdan soň yapraklarda damjalar emele gelenok, ga:lyar.
Sudur – Bir zadyň çala görünýän daş görnüşi, şekili. Onda nädip gussa alamatlaryny görüp bolyanyny göz öňüme getirip bilmedim.
Dilçiň gözi bn däl, yönekey duygur okyjy gozi bn okanymda şeyle göründi maňa.
Sözlere ünsli çemeleşmeli.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203