Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:58
Ssenariýa
SSENARIÝA

Kinoteatryň içi ala wagyrdy. Täze düşürileniň filmiňem ilkinji görkezilişi. Hemme zat taýyn. Režissýor, kompozitor, operator, gurnaýjylar hem-de filmi düşürmäge ýardam beren işgärleriň ählijesi ýygnanyşan. Diňe ssenarist ýok. "Olam geler-le häzir" diýip, filmi başlatmaga häzirlenip duran adamyň sesi zalyň içindäki wagyrdylara garyldy. Zal gara ýapynjasyny geýdi, töwerek tümlüge bürendi. Gabatdaky uly giňişlikde gojaman şöhläniň peýda bolmagy bilen film başlandy...
Film dowam edýär, ähli tomaşaçynyň ünsi filmdäki wakalara siňen. Olar gözlerini aýyrman aktýorlaryň oýnuna tomaşa edýärler. Olaryň ussatlygyna haýran galyp, käte el çarpyşmalaram döredýärler.
— Brawo! Örän oňat!
Režissýor:
— Bu film meşhurlyk gazanar!
El çarpyşmalar...
Tomaşa gelen köp adam öz dünýägaraýşynyň pesdigini, filme synçy gözi bilen garap bilmeýändigini, ýa bolmasa bu ýere diňe aktýorlaryň tomaşalaryny synlamaga, olaryň içki dünýälerini ýüze çykarýan häsiýetlerinden daş bolan, olaryň özüne hem nätanyş keşplerini ýerine ýetirýän pursatlaryna ýönekeý çemeleşip baha bermäge gelendiklerini olaryň özleri-de bilmeýän bolsalar gerek. Kompozitoryň daşary ýurt filmlerinden göçürip alan sazynyň täsirine režissýoryň aktýorlara gowşak daramagyndan dörän filmdäki näsazlyklary, montaždaky bärden gaýtmalary, ssenariýadaky gödek, türkmen edebi diline mahsus bolmadyk sözleri hem-de birnäçe kemçilikleri bu giden märekäniň içinde ýekeje adam görüp otyrdy. Ol hem häzir yzda bir ýerlerde, tümlügiň içinde, özüniň aýdyň içgepletmeleri bilen başagaý.
"Beýle hili pes, beýle ýöntem filmi birinji gezek görýän" diýip, ol elindäki galamyny pyrlap oturyşyna içinden pikir öwürdi. Kellesini gaşady. Bir sag eline, bir sol eline ýaplanyp gördi. "Bolanok, oglan bu ýerde nädip gyza beýle sözleri aýdyp biler? Gaty gödek. Çäkden çykylypdyr, režissýoryňam akmaklygyny diýsene, bu zatlary göräýmändir. Hökman ssenariýadaky ýaly gürlemeli däl-ä. Köp zatlar režissýoryňam elinde ahyryn. Aktýorlar gowylygyna gowy, ýöne waka näme barada barýar? İlki "söýgi", soňam "Watançylyk" temasyna geçip otyrlar. Ol hiç. Ýekeje-de mesele gozgalanok, pikirem aýdylanok. Bulam ssenaristiň gowşaklygy. Ýazyp oturan wagty telefonynda dosty bilen gürleşip, şol gürrüňlerem kagyza geçirilen ýaly".
Ol içini gepletdi oturdy. Filmiň başga-da ençeme näsazlyklaryny öz akyl giňişliginde aýlap, aňynda özüçe bejerişdirdi. Bu hakda kän oýlandy. Film näçe ýürege düşgünç bolsa-da gidesi gelmedi. Zaldaky goh-galmagala, el çarpyşmalara-da pisint etmedi. Elindäki galamyny haýdap pyrlap oturşyna seretseň-ä, huşundan hem şolar ýaly tizlik bilen her tüýsli pikirler öwrüm edip geçýäne meňzeýärdi. Käýarym elinden galamy gaçsa, pikirlerem biri-birine çolaşýardy, edil swetoforsyz çatryklarda ulaglaryň biri-birine çolaşyşlary ýaly...
"Bu filmiň ssenariýasy hakykatdan-da gülküli" diýip, ol huşundaky tankyt depderçesine ýene birnäçe zatlar çyrşaşdyryp başlady. "Muny kim ýazdyka? Öwrenjeräk eken, özem örän tanyş. Bular ýaly kemçilikli ssenariýanyň üstünde entek köp işlemeli, dessine film edip çykarmaly däl. Asyl, iş ssenariýada eken. Şol düzedilse, filmiň armany ýok. Häzir, ssenarist zalyň içinde, nirededir bir ýerde "Gowy mazmunly film boldy" diýip, içini gepledip, begenjini kimler bilen paýlaşjagyny bilmän oturandyr. Öz göwnüňi özüň hoşlamagam erbet zat. Soň kimdir biri eseriňe ençeme bellikler edip, olaram ýüzüňe basyp dursa, özüňi edil jenaýat jogapkärçiligine çekilýän ýaly duýýaň. Dymýaň özüňden ussadyň garşysynda. Ussat - sud bolýar, senem - jenaýatkär..."
Film tamam boldy. Ýene birtopar eller howada gaýmalaşdy. Çapak sesleri soňlanan badyna režissýor gepledi:
— Bu film meşhurlyk gazanar!
Tankytçy içinden gaýtawul berdi: "Gazanmanjyk geçer ideýaňyz şu bolsa!" Ekranyň ýüzünde birtopar hatlar emele geldi. Režissýoruň, kompozitoryň hem-de beýleki gurnaýjylaryň atlary ýekän-ýekän geçip gitdi. Tankytçy "Ssenarist" ýazylgy ýerdäki hata hasam üns çekdi. Öz adyny has dykgat bilen okady. "Döwlet Çaryýarow. Oh-ho! Bu men ahyryn! Bu - meniň ssenariýam! Bu nähili beý...? Äh-ä, indi ýadyma düşdi. Men bu ssenariýany kino studiýa bir ýyl ozal tabşyrypdym. Ýöne, olar: "Bu film bolup çykardan pesräk" diýipdiler-ä. Maňa-da çykjagy barada hiç kim habar etmedi. Çykmajagyny eşdenimde näler gynanyp barypdym öýe. Beýle pes çykjagyny bilen bolsam gynanmazdymam. İndi bu ssenariýa - film. Bu gün ikilenç gynanmaly boldum. Haý, edenim bar bolsun! Hälden bäri öz eserime özüm bellik edip oturypdyryn. Aý hiç-le! Özüňi tanamagam gowy zat... Ýöne, häzir bolsa, ssenariýanyň awtoryny tanamankalar, bu ýerden ökjäni götermeli!"

Bazar ANNAÝEW
12.08.2024.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 82 | Mowzugy paýlaşan: Parahat6499 | Teg: Bazar Annaýew | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 15:15, 31.08.2024
... gözlerini aýyrman aktýorlaryň oýnuna tomaşa edýärler. Olaryň ussatlygyna haýran galyp, käte el çarpyşmalaram döredýärler.

kino üçin, kinoteatrda, el çarpylanyna hiç gabat gelmedim...
aýdymda, teatr oýnunyň soňunda el çarpylar welin, edil kinoda... nä bileýindä...

---
Režissýor:
Bu film meşhurlyk gazanar!
...
Çapak sesleri soňlanan badyna režissýor gepledi:
Bu film meşhurlyk gazanar!

nämüçindir režissor şo bir sözi gaýtalaýar...

---
sanamak gyzykly!
1. Tomaşa
2. gelen
3. köp
4. adam
5. öz
6. dünýägaraýşynyň
7. pesdigini,
8. filme
9. synçy
10. gözi
11. bilen
12. garap
13. bilmeýändigini,
14. ýa
15. bolmasa
16. bu
17. ýere
18. diňe
19. aktýorlaryň
20. tomaşalaryny
21. synlamaga,
22. olaryň
23. içki
24. dünýälerini
25. ýüze
26. çykarýan
27. häsiýetlerinden
28. daş
29. bolan,
30. olaryň
31. özüne
32. hem
33. nätanyş
34. keşplerini
35. ýerine
36. ýetirýän
37. pursatlaryna
38. ýönekeý
39. çemeleşip
40. baha
41. bermäge
42. gelendiklerini
43. olaryň
44. özleri-de
45. bilmeýän
46. bolsalar
47. gerek.

berekella. ussada ussat diýmeli!

---
yzda oturan eli galamly režissor belliklerini ýazyp otymy?
zalama garaňkydyr welin...

"Beýle hili pes, beýle ýöntem filmi birinji gezek görýän" diýip, ol elindäki galamyny pyrlap oturyşyna içinden pikir öwürdi. 

dogry, şo diýleni şu hekaýada degişli ýaly boldy...
nämede bolsa awtoryna üstünlikler.
dowam edibermeli...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203