Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:29
Klasdaş...
KLASDAŞ...

Uly ýola garap dymyp otyryn,
Çykyp gyradaky çile klasdaş.
Müñ bir gaýgy gama çümüp otyryn,
Berlip müñ ham hyýala klasdaş.

Birmahallar şadyýandym, alçakdym,
Wah bolmady şo bolşuma galjakdym,
Söýgüniñ yzynda ylgap daljykdym,
Tas dönüpdim sañsar mala klasdaş.

Mekdebe gatnardyñ bezäp bu ýoly,
Bu görnüş gözümden gidenok häli,
Eliñ portfelli çykaýjak ýaly,
Şinni-şinnem bakýan ýola klasdaş.

Daşyndan paklygy bildirmez hozuñ,
Tamşanyp galarsyñ ýagjarmaz agzyñ,
Içinden on alty klasdaş gyzyñ,
Seni söýdüm ala-böle klasdaş.

Dinden çykman, ilden çykman gezendiñ,
Üýtgeşik däl, iller ýaly bezendiñ,
Sen ýönekeý köýnekde-de gözeldiñ,
Girmeseñde ýüpek şala klasdaş.

Saýlap seçip obañ gözel gyzyny,
Saýlap seçip baýramalyñ uzuny,
Gülkem bolsa, deñärdim men özümi
Görogla hem Rüstem zala klasdaş.

Öýüñiz ýerleşerdi boýunda kölüñ,
Kenary doýurardy obanyñ malyn,
Bizde mal ýoklugy bolsada mälim,
Günde on gatnardym köle klasdaş.

Golaýyñyzdan geçenimde her gezek,
«Klasdaş gurgunmyñ» diýmäne derek,
Utanyp gyzardym, ýadyñda gerek,
Ýokdurla sözümde hile klasdaş.

Gyzarardym öl suw bolardym derläp,
Geplejek bolsamda nepesim durlap,
Walla, bir agyzam bilmezdim gürläp,
Öwrülerdim güñe, lala klasdaş.

Nädeýin-dä, elden aldyñ erkimi,
Söýgi şeýle güne salýar herkimi,
Elim bilen, galam bilen görküñi,
Saldym şygyr atly göle klasdaş.

Señ adyñ ornunde başga at goýup,
Biläýsen bigelşik boljagyny duýup,
Goşgymy görkezdim «barlap ber» diýip,
Mugallymym Aýjemala klasdaş.

Syr bildirmän ýanyñdaky geline,
Şol goşgymy tutdurypdym eliñe,
Ýüz gözüñi çirkizip ot-ýalyna,
Gaýnadyp otyrkañ pi;le klasdaş.

Tomus gowga tutanynda mekine,
Suw alýarkak suwsap giden ekine,
Arma berdim men çekine-çekine,
Agramymy atyp pile klasdaş.

«Bar bol oglan» diýdiñ näz edip çala,
Bu uly sowgatdy biz ýaly gula,
Seni meñzederdim açylan güle,
Geýineñde gyzyl-ala klasdaş.

Atym çaýly haltañ bagyny işip,
Durkañ çal soradym oýun edip degşip,
Men özüñe teşne, özüñe aşyk,
Mätäç däldim çaýa, çala klasdaş.

«Çal bolmasa çaýa tapylar hökman,
Ýañjajyk demledim içäý howlukman»
Diýip meniñ garşylygymada bakman,
Çaý uzatdyñ bir piýala klasdaş.

Yssydy. Egniñde ýuka eşikdi,
Ýygnanan suw böwet jüwi deşipdi,
Beklemäge egileñde düşüpdi,
Gözüm göwsüñdaki hala klasdaş.

Añlasamda seniñ añmaýanyñy,
Duýdurmajak boldum synlaýanymy,
Soran boldum ýeriñ gekdar sanyny,
Bakyp uzakdaky käle klasdaş.

Kälden añyrda-da kanal akardy,
Nan oklasañ balyjaklar bökerdi,
Sil gelende hanasyny ýykardy,
Bäsdeşdi Jeýhuna, Nile klasdaş.

Tutuş klas bolup seýle giderdik,
Bahana tapmasak şeýle giderdik,
Ol günleri bir çak elden gidirdik,
Dogrusy gorkardyk, heder ederdik,
Münsek gaýyga ýa, sala klasdaş.

Joralaryñ bilen aýdardyñ aýdym,
Diñlap, synlap, söýüp ber başagaýdym,
Men «söýgü kanaly» diýip at goýdum,
Gelşip dur ol kanala klasdaş.

On adamyñ güýji bardek özüñde,
Barymyzy gepe goýup yzyñda,
Kän pagta ýygardyñ ýylyñ güýzünde,
Partygyñy dañyp bi;le klasdaş.

Seniñ eliñdedi bagtymyñ bagy,
Ýygan pagtamyzyñ ölçenýän çagy,
Ýylgyryp ýüzüme seretseñdagy,
Men şol gün sygmazdym gola klasdaş.

Häzir bolsa keýpim bolsada berbat,
Ýadyma düşende aýdaýyn bir zat,
Meñ ýygan pagtamy çekende birgat,
Orsçalap diýerdi «mala» klasdaş.

Gamly garap saýlanardyñ o ýerden,
Bu bolşuñy görüp beter suýardym,
Hem göwnüñi tapjak bolup diýerdim,
«Ünüs berýän sana däl, hile» klasdaş.

Ýagman-ýagman birden ýagşydeý buludyñ,
Ýagman-ýagman birden garyña galdym,
Namys ede-ede ýygymçy boldum,
Senden yza gala-gala klasdaş.

Yşkym, söýgüm haýdamana yrardy,
Üstü başym pagta bolup durardy,
Meni saña has-da ysnyşdyrardy,
Partyklarym dola-dola klasdaş.

Halaşsa ýaş gyzlar «jahyl» diýdiler,
Duşar bir-birine ahyr diýdiler,
Ikimize «Zöhre-Tahyr» diýdiler,
Gürrüñ bolduk uly ile klasdaş.

Nobatçylyk edýän günüñi bilip,
Hemmeden öñürti klasa gelip,
Düýnki, gizlap giden hekimi alyp,
Adyñy ýazardym pola klasdaş.

Indi gorkýan. Şonda nädip başardym,
Tutup el degmedik appak goşardan,
Günertan duşmagy wadalaşardym,
Gelmelidiñ sport zala klasdaş.

Söýgä düşinerden entekler ýaşdyk,
Söýgüniñ elinde bendi-di ýaşyk,
Ikilik alardyk, alardyk bäşlik,
Yşk sebäpli beýle hala klasdaş.

Maryda pal atdyrdym bir sigana,
Onuñ aýdanlary ot saldy jana,
Baş söýgüde gowuşma ýok ynsana,
Şondan bäri uýýan pala klasdaş.

Ýer dälde, ýüregim sarsdy birden,
Beýle hasrady götärmi gerden,
Sen bir ýerden çykdyñ, men başga ýerden,
Düşdi söýgümize çile klasdaş.

Neşebend ataña pul gerek boldy,
Özi hem az kös-däl bol gerek boldy,
Ötene-geçene elserek boldy,
Ymykly çökensoñ dula klasdaş.

Neşäñ hasabyna salyndy galyñ,
Bal tutan ýalarmyş barmagynyñ balyn,
Eneñem yşkyña düşüpdi pulun,
Garaz nätjek gybat bolduk bir salym,
Deñe-duşa, deñ-duş däle klasdaş.

Bagtymy baýlygymy elden gidirdim,
Ýeke çekmek agyr söýgüniñ derdin,
Öz obañdan näme ýamanlyk gördüñ,
Gelin bolduñ, ýat obala klasdaş.

Edeniñ bar bola, goýduñ ne halla,
Indi hiç bir zatdan tapamok dalda,
Öñden bagtsyz doglupdyryn fevralda,
Nalyş etdim kem fewrala klasdaş.

On sekiz ýyl ekläp-saklap azyndan,
Oba dyndy ýene-de bir gyzyndan,
Soñky ýola garap galdym yzyñdan
Garap galdym soñky ýola klasdaş.

Saklajak güýç ýok adam bir yñansoñ,
Tas özümi öldüripdim ynansañ,
Aglap-aglap, aglap köşeşdim onsañ,
Ösdi kirpiklerim öle klasdaş.

Durmuş, mekdep sapak berer öwrenseñ,
Bagt ketjaldyr, gelmez ýüzün öwrensoñ,
Meniñ lellimligimi ýigren ýigrenseñ,
Ýöne, yhlasymy syla klasdaş.

Serhoşdym, söýgüden kellesi göçen,
Bagyşlanýan däldir söýgüden gaçan,
Bagyşlama, bagyşlama hiç haçan,
Şonda çekilelimi tyla klasdaş.

Soñ-soñlaram görsem palçy aýaly,
Aýra düşenimize sebäpkär ýaly,
Göwnüme getirip erbet hyýaly,
Ýüz bermedim ol aýala klasdaş.

Hol gün gürrüñ berdi jorañ Aýsenem,
Tüssa çalyşanna atañ hem eneñ,
Takdyra ten berip aglapsyñ senem,
Göz ýaşyñ döndirip sile klasdaş.

Toýuñda-da oturypsyñ keýipsiz,
Özüñi ýazykly, müýnli duýupsyñ,
– «Ene mukadesmi, söýgi?» diýipsin,
Partadaşym Annahala klasdaş.

Ykbal aýralyk salmasyn hiç ara,
Oñ oñünde adam pahyr biçäre,
Diýýärlerä: «Boljak işe ne çäre»
Peýdasy ýok çekme, nala klasdaş.

Adam owal enäñ çig süýdin emmiş,
Şoñ üçin azajyk akly kemmiş,
Ýazgydyñ ýanynda bizdagy kimmiş,
Garşy giden ýok ykbala klasdaş.

Bolsañda sen enäñ, atañ gurbany,
Senden eý gördüler puldur dermany,
Çykardylar saña ýowuz permany,
Duçar bolduñ ýaman päle klasdaş.

Ýöne, şolar seni dünýä getiren,
Balam diýip gujagynda göteren,
Az pursatlyk akylyny ýitiren
Adamlardan etme gile klasdaş.

Ýene-de düýşümde gördüm arada,
Sag-salamat gez gezseñde nirede,
Goşgy goşdum köýen söýgüm barada,
Hala ýigren hala, «hala» klasdaş.

Gaýgy gussa barýar ömrümi kertip,
Söýgi ýüregimde goýupdyr bertik,
Bile düşen suratlarymyzam ýyrtyp,
Seçeledim saga, sola klasdaş.

Bulanyk suwly ýap durlansa ýagşy,
Her kitap añyñy durlasa ýagşy,
Adam her hal üýtgäp durmasa ýagşy,
O şemala, bu şemala klasdaş.

Öñ söýgümdiñ, inni bolduñ ahmyrym,
Beýle bolar öýtmändim ahyry,
Ýatlap durgun, bardygyn öz şahyryñ,
Ýoluñ düşse Baýramala klasdaş.

Akyl senne, edep senne, görk senne,
Perman senne, buýruk senne, erk senne,
Gowy gyzlar köpem bolsa türkmenne,
Soñ duşmadym özüñ ýala klasdaş.

Birje soragym bar, bersene çözüp,
Göwne makul bolsa içeýin ezip,
Ynsan heý söýgüsiz bilermi gezip,
Jogap agtar şu sowala klasdaş.

Söýgi däldi küýsedýän bir-biregi,
Söýgi däldi ömrümiziñ diregi,
Berk bolanson söýgümiziñ goragy,
Ýetmän galdyk biz wysala klasdaş.

Bazarda duşanda doganym Sona,
Ýatladyp ýaşymyñ ýetenin çene,
«Öýlendimi?» diýip sorapsyñ ýene,
Göz ýaşyñy syla-syla klasdaş.

Seni unutmanyñ tapmansoñ tärin,
Howwa, men henizem öýlenmän ýörün,
Alada basansoñ ýüregmiñ törün,
Saçlarym boýaldy çala klasdaş.

Öñem telim diýipdimle ýüzüñe,
Men wepaly borun beren sözüme,
Senden özge gyz görünmez gözüme,
Ah läle klasdaş, läle klasdaş.

Saña bagyşladym gör näçe setir,
Bir demde ýazanymam göz öñüne getir,
Düýn söýenime, şu gün söýenime ertir,
Söýjegime şol güwäle klasdaş.

Mekdebe gatnardyñ bezäp şu ýoly,
Bu görnüş gözümden gidenok häli,
Eliñ partfelli çykaýjak ýaly,
Şini-şinnem bakýan ýola klasdaş.

Bolup otursamda bu ýola bendi,
Ondan özge gyzlar gatnaýa indi,
Hanha ýene bir topar gyz göründi,
Keýpimi düşürip nola klasdaş.

A olar şadyýan, yüz gözleri terk,
Ýaşlyk hyjuwyndan sämeleýär serk,
Görjekleri öñde şu gyzlary bir,
Goý ykbal tutmasyn ala klasdaş.

Sonalar, şemşatlar, güller besdirler,
Yşk matasyn ýedi ölçäp kessinler,
Söýüp-söýlüp arzuwlaryna ýetsinler,
Duşmasynlar hiç zowala klasdaş,
Hiç zowala klasdaş,
Ah, läle klasdaş, läle klasdaş.

Oraznepes BAÝRAMOW

Çeşmesi: http://yashlar.ru/m/blogs/show/?id=266. 16.12.2022ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Oraznepes Baýramow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203