Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:59
Ýagynly ýazyň ýatlamalary/poema
ÝAGYNLY ÝAZYŇ ÝATLAMALARY

Söýgi şatlyklary ýeke dem eken,
Hasratlary asyr bilen deň eken.

Robindranat Tagor

1.
,, Oglan, ýeke çykylmaýar daglara..."
Gulagymda ýaňlanyp dur aýdanyň.
Ilkinji setiri şeýle başlandy
Ömür-ömür soňlanmajak aýdymyň.

Hawa, ýeke çykylmaýar daglara,
Onda-da baharyň şeýle günleri.
Ýeke çyksaň bermez beýle mazasyn,
Dagyň gök otlary, gyzyl gülleri.

Daglara düşüpdir baharyň demi,
Gök ot bilen jähekläpdir her daşy.
Hawa, ýeke çykylmaýar daglara ;
Dagda iki bolup gezmeklik ýagşy.

Alçak gyz, men muňa düşünýän kemsiz.
Ýöne häzirlikçe çykýaryn özüm.
Wagt geler ! Daga bile giderin,
Gözüne ilemde seniň deý gyzyň.

Şoňa çenli bolsa, çeksem-de ejir,
Daglarda bolmaly bolaryn ýalňyz.
Hem daglara sorag salaryn günde:
- ,,Nirede?! Nirede?! Nirede?! Ol gyz?!"

,,Gudrat görseň daglara bar" diýilýär,
Daglar maňa berer ýaryň salgyny.
Meniň bilen daga çykar bir gözel,
Ýüregne uranda yşkyň ýelgini .

,, Ine şeýdip ýüz gudratly ýaz geldi,
Serpildi ýakasy süýt dek bedenleň.
Garrylar heserläp elem- tas boldy,
Dat gününe onsekize ýetenleň!" ¹

Halyl neressäniň şu goşgusyna,
Garyp ýürekdäki pynhan sözlermi.
Men oňa bir sözi aýdaryn şonda,
Gara gözlerinde görüp gözlermi.

2.
Seýran edip ýören joralaryňdan,
Saýlanyp, gaýada eglenen wagtyň.
Baýdak dek pasyrdap sataşdyň maňa,
Buşlukçysy bolup golaýlan bagtyň.

Ardynjyranymda tisgindiň gitdiň,
Ýyganja gülleriň eliňden gaçdy.
( Adamy aňk edýän älemgoşara,
Dagda biten güller juda meňzeşdi).

Göni bakdym ýazyň ýaşyl güllerne,
Gyýa bakdym çemen baglan ellerňe.
Garamyk-gözlerňe,
Galam gaşlarňa,
Gaýmak dodaklarňa,
Süýt dek dişlerňe,

Gözüm düşdi:
Bir- birine owsuna
Goşa şamar dalaş edýär göwsüňe.
Gözüm gitdi :
Mejnun etdi goşarlaň.
( Olaň waspyn Mollanepes ýazmasa,
Ýa Kerim ýazmasa men-ä başarman).

Sözlejek sözlerim dilimden aldyň,
Hem akyl-huşumy uçurdyň serden.
,, Salam" diýmegi-de ýatdan çykaryp,
Men älemgoşary galdyrdym ýerden.

Kömegime minnetdarlyk bildirip,
Güllere eliňi uzadan pilläň,
Tötänlikden eliň degdi ellerme,
Tok urana döndi hyýalbent kelläm.

Gurbat gitdi aýagymdan, dyzymdan,
Öňünde duran dek atyljak ýaýyň,
( Tötänligiň çyna ýazmagy üçin
Kömek etmek näme...
ölmäge taýyn).

Men bu gün bagtly!
Şeýle bagtyýar!
Nesip etdi gyz elini ellemek.
Dünýä meň daşymdan aýlanýar häzir,
Ýa-da men pyrlanýan misli ýelgamak.

Göremok, duýamok seniň barlygňam,
Ýogsa ara daşam däl elýeterden.
Düýşümmi, huşummy - düşünmeýärin.
Seni tapyp men öz-özümi ýitirdim.

3.
Däli bahar paslynda
Galdyk ýagşyň astynda.
(Düýş dälmikä aslynda,
Şol gün-şol ýagyşly gün?!)

Çal bulut guýup gitdi,
Çakyny duýup gitdi.
Ikiçäk goýup gitdi,
Şol gün-şol ýagyşly gün.

Ýa ýelgininden ýazyň,
Ýa-da jogaby näziň,
Datdym dodagyň ,,duzun"
Şol gün-şol ýagyşly gün.

Zol-zol ýyldyrym çakdy,
Gögüň tikinin sökdi.
Bize jyklany hakdy,
Şol gün-şol ýagyşly gün.

Dünýäň durşy hezillik,
Damjalara ezillik.
Söýgümize gönezlik,
Şol gün-şol ýagyşly gün.

4.
Ezizim düýşime giripsiň ýene,
Hasabyn ýitirdim näçinji gezek.
Ýanymda gamlanyp otyrsyň ine,
Hakykatda ara bolsa-da uzak.

Obadan, obada takatyň ýetmän,
(Söýgi hijranyna uçranyň üçin)
Maňa hat ýazýarmyň gijeler ýatman,
Ýüregiňi açyp içginden-içgin.

Içiň gysýar. Düşünýärin ezizim,
Iberýän hatlaryň şaýarydyr muňa.
Bararyn iň soňky aýynda ýazyň
Tomusyň öň ýany garaşgyn maňa.

Men ýanyp bararyn owgan gününiň
Gyzgyn şöhlesinden hem seň yşkyňdan.
Onsoň aýralygyň çekeris gümün,
It salyp kowarys söýgi köşgünden.

Şoňa çenli her gün görüp düýşümde,
(Düýşler bize berýär täsin golaýlyk).
Baran günüm sen öýňüziň duşunda,
Garşylarsyň ýaglygyny bulaýlap.

5.
Çagyran çaglary goşun gullugna
Gaýdypdym men seni obada goýup.
Öýkelek çaga dek aglapdyň şonda,
Ullakan gyz üçin bolsa-da aýyp.

Agyň arasynda beren wadalaň
Ýatsam-tursam dünýäm, çykmaz ýadymdan.
... Gulluk möhletimiň ýary dolanda
Ýene-de bir haty aldym adyňdan.

Begenip, guwanyp gaýtargy ýazdym,
Markasyz bukjada ýolladym jogap.
Esger durmuşyny aňýansyňam-la,
Medeniýetsiz diýip gidäýme sowap.

Sabyr-takat edip köp garaşsam-da
Emma şondan soňra gelmedi hatyň.
( Ýa bu-da gyzlaryň bir näzimik-ä?)
Ýagşy bolawersin niýetiň-päliň.

Dymmagyň nämeden, janyň bir sagmy,
Ýa meň ýaly palatada ýatyrmyň?!
Men-ä ölmüň bäri ýanyndan gaýtdym,
A sen ýalançyda dirimiň, barmyň?!

Ýadymda: gulluga gaýtmaly günüm
Hoşlaşypdyk aşagynda dalbaryň.
,, - Sag-aman gel!" diýip hamsyganyňda
Köşedenim ençe ýola ýalbaryp.

Ýa unudyp şol agşamky andyňy,
Başga bir ýigide böldüňmi göwün?!
Garaşaryn diýip, indem garaşman,
Söýgi ýumagyna saldyňmy düwün?!

Gullukdan soň ,,Gadyrýaba" dolansam,
Öňküje gatnaşyk gaýtalanmazmy?!
Ýa - ,,hawa" ýa-da ,,ýok" jogabyňy ýaz,
Mukaddes wadanyň yzy bolmazmy?!

6.
Hat ýazarsyň öýtdüm sozüňde durup,
Oňatlyga ýordum düýşde-de görüp.
Gündize howlugyp, gijeler turup,
Ýarym, ýazjak hatlaryňa garaşdym.

Owgan topragynda, owgan ilinde,
Gözüm galdy poçtalýonyň ýolunda.
Gaýtmagyma ýekeje gün galanda,
Janym, ýazjak hatlaryňa garaşdym.

Näçe garaşsam-da göwnümi aldap,
Soňra hat ýazmadyň göwnümi awlap.
Iller hat alanda ogrynça aglap -
Aglap, ýazjak hatlaryňa garaşdym .

7.
Oturyp bir partada,
Ýazyp goýup ortada
Ýurt gözlärdik kartadan
Ol günler-geçen günler.

,,Owgany" tap diýerdiň,
,,Hindini" tap diýerdim -
Hindilerçe söýerdim,
Ol günler-geçen günler.

Oglan-gyz otuz sany,
Köp zatdan alyp many,
Tamam eýledik 10-ny,
Ol günler-geçen günler.

Men gulluga gaýdypdym,
Garaşjagňy aýdypdyň.
Toý tutarys öýdüpdim,
Ol günler-geçen günler.

... Dostumyň haty geldi,
,,Pylanam gelin boldy..."
Söýgüme talaň saldy,
Ol günler-geçen günler.

8.
Ilki ýola jigerimi dagladyp,
Ýalan söýgüň nämedigini aňladym.
Gündiz gama batyp gije agladym,
Senden aýrylyp.

Äsgermediň päk söýgimiň çynlygyn,
Aýralygyň ölüm bilen deňligin,
Gördüm hem tanadym kimiň-kimligin,
Senden aýrylyp.

Bilmändirin, duýmandyryn men bada
Kast etjegňi söýgi atly binýada.
Neneň- niçik ýaşap ýörkäm dünýäde
Senden aýrylyp?!

Sensiz bu durmuşy duýup bilmedim,
Sensiz bu durmuşy keýp bilmedim.
Has kyny özgäni söýüp bilmedim
Senden aýrylyp...

9.
Asmanyň astynda, üstünde dagyň
Saçlarňa siňdirip säheriň çygyn,
Şaseneme meňzäp sataşan çagyň,
Garyp bolup söýendigimi, unutma!

Söýgi durşy bilen keramat eken,
Girseň çykylmaýan ymarat eken.
Ol senden hem menden ybarat eken,
Muny söýüp duýandygymy, unutma!

Ýalňyz ýadygärlik ýazan hatlaryň,
Mazmunyny özgelere aýtmaryn.
Her setirini meni söýen wagtlaryň,
Gyzyla gaplap goýandygmy, unutma.

Gullukdan gelýärkäm aýagyna maýyň
Duşundan geçemde tanyş bir jaýyň,
Gyz jigiňi görüp (Agynjak taýyň)
Otly köýnek geýendigmi, unutma!

Jigilermiň toýda çelpek ýa:panny,
Gapymyzdan gelin bolup girenňi
Arzuwymdy görmek öýden örenňi,
Arzuwlarmyň köýendigni, unutma!

10.
Seni saýlap ýüz-müň gyzdan-gelinden
Süýji-süýji arzuw bilen söýdüm men.
,, Söýýän" sözi nädip çykdy dilimden,
Howluganmy indi-indi duýdum men.

,,Mus-mus nämä gerek, mustapa barka"
Şu nakyla ömrüm boýy uýupdym.
Arada alyşan hatlarmyz durka
Men olara uly ynam goýupdym.

Ynamlarym syndy, boldy biderek,
Salgym eken suwdur öýdüp ýörenim.
Ýitirenim boýun almagym gerek,
Ilki söýgiň iň soňkuja gramyn.

Şol saňa lak atan dagyň üstünde
Aýdypdym söýýänmi-kabul etdiň gyz.
Bu gün goýup dag dek ýüküň astynda
Ýatlamalar bilen galdyrdyň ýalňyz.

Gitseň-de gyz baky galar ýanymda
Bir mahalky mejnun eden günleriň.
Mejnunlyga mejbur eden günleriň
Mejnun deýin meşhur eden günleriň,
Başky söýgi bir bolýandyr adamda,
Şol söýgini menem undup bilmerin.

Hem söýerin söýmejegňi bilsem-de
Munuň üçin başyň aşak salma, gyz!
,,Söýdi" diýip ynjamaly bolsaň-da,
,, Söýmedi" diýip aglamaly bolma, gyz ².

Söýdüm isläp mydam gülüp gezmegňi
Aglatmak, ynjytmak üçin söýmändim,
Agzymy suwardan lebleriň gandyn
Powa görmen gözýaşlaryň ezmegni.

11.
Dolanda doglanňa bir ýarym müçe
Söýüpdim seni.
Seni söýen ýigitleriň biriçe
Söýüpdim seni.

Maýyl bolup gol degmedik biliňe,
Saýyl bolup boýunuňdaky halyňa,
Kaýyl bolup garap-garap ýoluňa
Söýüpdim seni.

Gelende çabdyňy egniňe geýmän,
Penjegmi atardym erkiňe goýman,
Mährinden üşemän, näziňden doýman
Söýüpdim seni.

12.
Ýatlamalaryny ýagynly ýazyň
Ýaşlyk ýyllarmyzda başlapdyň özüň.
Soňuny soňlaman namartladyň sen,
Indi ýalňyzlykda ýazýaryn yzyn.

13.
Bu bahar ýene-de şol daga gaýdyp,
Gezen ýerlermize bakyp bozuldym.
Derdimi az-owlak ýeňleder öýdüp,
Çuň deräe içimi döküp bozuldym.

Uzak gün oturdym oýlara batyp,
Kä senden daşlaşyp, kä saňa ýetip.
Şol gezen günlerim eliňden tutup,
Çykan baýyrlarma çykyp bozuldym.

Ötene-geçene seredip siňe,
Dolanarsyň öýdüp garaşdym saňa.
Bulary hyýalda arzuwlap diňe,
Bolsady baryny ekip bozuldym.

Jülgede gezip ýör gyzlar, ýigitler
Üstlerine saýa salýar söwütler.
Gör, olar nähili bagtly jübütler,
Özümi olardan bukup bozuldym.

Saňa meňzäp, meňzäp ýazyň gülüne,
Gundagly bäbegin alyp eline.
Gözüm düşdi geçip barýan geline,
Keşbiňi kalbyma çekip bozuldym.

Goýup gitdin gum gapdyryp garagma,
Hetjikleýär diýme muny biregne.
Töre geçip ornaşmanyň deregne,
Yşk gapysyn kakyp-kakyp bozuldym.

Bagtymy gözläýin nireden, kimden?!
Kim bolýar ezizim, kim bolýar hemdem?
Dünýämi sabadyp gaýgydan-gamdan,
Gözýaşyň böwedin ýykyp bozuldym.

Geçen gije ýene düýşümde görüp,
Daşaryk ylgadym ýerimden turup.
Asmandaky Aýa elimi serip,
Men goşa dyzyma çöküp bozuldym.

Däliräpdir diýip görmegin aýyp,
(Sag galyp bolarmy heý seni söýüp)
Ýalňyz suratyňy ýanymda goýup,
Didämi didäňe dikip bozuldym ...
Gara gözleriňe bakyp bozuldym.

14.
Gyzyl gül dek hol alaňda,
Öseniňde boý alaňda,
Gunça ýolmaly bolamda,
Bar eken tiken çaglaryň.

Hatlarymdan halyň sorap,
Gezýärkäm ýurdumy gorap,
Buz üstünde tozan arap,
Ýylan dek çakan çaglaryň.

Ilki oýun salyp başa,
Soňam goýup gitdiň daşa.
Başga bir ýigide durmuşa
Galyňly çykan çaglaryň.

Artyp gitdi ýyllaň sany,
Yzda galdy bäşi, ony...
Ýatlap şol geçep wakany
Ýazdym ullakan çaglarym.

15.
ÖMRÜMIŇ GALANNY GEÇIRIP SENSIZ,
TAGORYŇ SÖZLERNE DÜŞÜNDIM KEMSIZ...

***

* ¹ Halyl Kulyýewden.
² Halyl Kulyýewiň äheňinde

Bellik: Poemada gabat geljek grammatik ýalňyşlyklar üçin ötünç soraýaryn!

Oraznepes BAÝRAMOW
Çeşme: 1995-nji ýyldaky Garagum žurnalynyň 1-nji sany
Bölümler: Poemalar | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: Garlawac | Teg: Oraznepes Baýramow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 01:10, 29.08.2023
munuň ýaly gowy zatlary göçürip ýetirjek bolsaňyz eýle beýle ýalňyşlary özümiz düzederis, sagboluň, köp minnetdar, ýene paýlaşyp duruň
avatar
0
2 Garlawac • 02:06, 29.08.2023
Bolýar, yhlasymy gadyrlaýanyňyz üçin sizede minnetdar, uly höwes bilen paýlaşaryn elbetde:)
avatar
0
3 Мango • 09:35, 29.08.2023
"Seni tapyp men öz-özümi ýitirdim"
gyzykly...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203