13:07 Kysasy Rabguzy-Kysasyl Enbiýa/1 | |
KYSASYL ENBIÝA Birinji tomundan Bismillähi-R-Rahman-R-Rahym Öz gudraty bilen bizi haýwan däl-de, adam edip hormatlan beýik mertebeli we şan-şöhratly Taňra sansyz öwgi-taryplar bolsun! Adamyň haýwandan tapawutly edilip ýaradylandygyna: «Biz adam perzentlerini başga jandarlardan hormatly etdik. Biz olara gury ýerde we deňiz-derýalarda münüp gezmäge ulag berdik» diýen aýat delildir. Emma Allatagalanyň ýanynda bu hormat-sylaga diňe ýagşy amallary ýerine ýetiren adamlar mynasyp bolýandyrlar. Bu mazmuna: «Olar iman getiren we ýagşy işleri eden adamlardyr» diýen aýat degişlidir. Şeýle hem Allatagala özüniň rehmeti we sahylygy bilen erkeklerе aýallardan artykmaç hukuk berdi. Allatagala bu sözi tassyklap: «Aýallaryň hukugyna görä erkek adamlarda maşgala eýeçiliginde we adamkärçilikde artyklyk bardyr» diýen aýat inderdi. Beýik Taňry bizi bozuklykdan we azgynlykdan saklap, dogry ýola salmaklygy maksat edinip aýtdy: «Elbetde, bu meniň dogry ýolumdyr. Siz şol ýola düşüň». Allatagala öz ýagşylygy bilen biz ejiz bendelere özümizden Muhammet Mustapany (goý, Allatagala oňa rehmet etsin!) pygamber edip iberdi. Beýik Taňry bu söze güwä geçip aýtdy: «Eý, adamlar! Size öz jynsyňyzdan bolan bir pygamber geldi. Ol siziň günäkär bolmazlygyňyzy isleýär». Şeýle hem Allatagala bizi ol jenaba ummat etmek bilen, bize beýleki ummatlardan artykmaçlyk berendigini aýtdy: «Eý, musulmanlar! Siz ynsanlar üçin iberilen ummatyň iň ýagşysydyrsyňyz». Allatagalanyň: «Eger sen bolmadyk bolsaň, men älem-jahany ýaratmazdym» diýen hormatyna mynasyp bolan, dogry sözli, mübärek ýüzli Muhammet pygambere Taňrynyň ýalkawy bolsun! Pygamber alaýhyssalam Allatagalanyň gudraty bilen ýaradan zatlaryny görkezmek üçin: «Hemme aýyplardan päk Allatagala Muhammedi gijäniň bir böleginde asmana çykardy» diýen aýat bilen keramatlydyr. Muhammet alaýhyssalam: «Olar üçin Allatagaladan başga ýardamçy ýokdur» diýen aýat bilen haýbatlydyr. Hudaýtagalanyň «Elbetde, sen belent ahlaklysyň» diýen aýaty hezreti Muhammediň päk gylykhäsiýetlidigine şaýatdyr. Allatagala Muhammet alaýhyssalama: «Sen ýeriň üstünde tekepbirlik edip, gaty şat halyňda ýöreme» diýen aýaty bilen kiçigöwünli bolmaklygy tabşyrdy. Haktagala Pygamber alaýhyssalama: «Bendelerim men barada sorasalar: «Taňry size ýakyndyr» diýip sözlemegi buýurdy. Allatagala Resulyna: «Emma sen gedaýlara zat berseň hem, bermeseň hem olara ýaman söz aýtma, olary mylaýymlyk bilen ugrat» diýen, aýaty bilen mähriban häsiýetli bolmaklygy nesihat etdi. «Muhammediň magraç gijesinde Allatagalanyň ýaradan gudratly zatlaryny görendigi üçin onuň gözi ulumsylyga üýtgemedi. Ol sagyna hem, soluna hem, tekepbirlik bilen garamady» diýen, aýat onuň kiçigöwünliliginiň, gujurlylygynyň delilidir. «Muhammet pygamber bilen Jebraýyl perişdäniň doganlyk ýakynlygynyň arasy ýaýyň iki kirşiniň aralygyndan hem, az ýa-da ondan hem golaý boldy» diýen aýat onuň Allatagalanyň dergähinde belent mertebä eýe bolandygynyň tassyknamasydyr. «Elbetde, saňa ýakyn wagtda Beýik Taňry günäkär musulmanlaryň günälerini ondan diläp almaga doly ygtyýar berer. Sen şonda ondan razy bolarsyň» diýen aýat bilen Muhammet alaýhyssalama ummaty üçin şepagat soramaga hukuk berildi. Muhammet alaýhyssalamyň ummaty: «Günäden toba edijilerdir, Allatagala üçin ybadata meşgul bolujylardyr». Beýik Taňry Muhammet alaýhyssalama: «Gijäniň bir wagty oýanyp nepl namaz oka» diýip aýtdy. «Soňra Allatagala gizlin hökmi Jebraýyl perişdäniň üsti bilen Muhammede ýetirdi» diýen aýat bilen Taňry oňa syrlary aýan etdi. «Meniň taryplaýşym ýaly ony hiç bir kişi taryplap bilmez» diýmegi onuň Bеlent Taňryny gije-gündiziň dowamynda magtamak bilen oňa ýalbarandygynyň delilidir. «Eý, pygamberlik ýüküni göteriji, gijelerine namaz oka!» diýip, Allatagala oňa perman etdi. «Kuraýyşlary beýleki taýpalar bilen birleşdirmek üçin» hezreti Pygamber garyndaşlyk gatnaşyklaryny dikeltmäge köp yhlas siňdirdi. «Sabyrlylar we ylymlylar» Pygamber alaýhyssalamyň ýardam beriji goldawyny tapdylar. «Biz size Muhammediň pygamberliginiň haklygyna şaýatlyk bilen geldik» diýen aýat bilen Allatagala onuň özüniň ilçisidigine güwä geçdi. «Remezan aýy Gurhan inderilip başlanan bir aýdyr» diýmek bilen, Allatagala Muhammediň pygamberlik wezipesiniň başlanandygyny yglan etdi. «Belent Taňry öz bendesi Muhammede kömekçi dälmidir?» diýip, onuň öz ybadatyna yhlasly ýapyşýandygyny nygtady. «Elbetde, sen şu Gurhan bilen adamlary öz dogry ýoluňa gönükdirýärsiň» diýip, Muhammet alaýhyssalam Taňrysyna ýüzlendi. Allatagala Muhammet alaýhyssalama: «Muhammet pygamberiň keramat görkezmeli wagty ýakyn geldi we Allatagalanyň hökümi bilen Aý iki ýaryldy» diýip we: «Eý, Muhammet! Biz seni ummatyň adamlarynyň dinde dogrulygyna we ýalançylygyna güwä bolujy hökmünde iberdik» diýip, kapyrlary yslama salmak üçin aýtdy. Pygamberleriň kyblasy, ýagşyzadalaryň piri Muhammede ýene-de Allatagalanyň ýalkawy we salamy bolsun! Şygyr Din-şerigat raýatyny aly kylan Mustapa, Küfru-zulmat tuglaryny ýere çalan Mustapa. Ol ata birle enesin, üdürüp ummat üçün, Ýalbaryp Hakdan şepagat satyn alan Mustapa. Kowumy aryn götermeden, göge agan Isa ol, Ummatyna buluşuban ýerde galan Mustapa. Ol kyýamat gün şepagatyň guryny gurşaban, Ýalnaýu duran ýalyndan bizi goran Mustapa. Altmyş üç ýyl ömür ötürip, ki rahat kylmaýyp, Asy ummatyň ýazygyn Hakdan golgan Mustapa. Sawçylar Magraç tününde Beýtil-makdise gelip, Bir namazy ödegende başçy bolan Mustapa. Iner eken Mustapany indäp elten Jebraýyl, Ýoklaýurda Jebraýylny ýolda salan Mustapa. Pygamber alaýhyssalamyň dört ýaranyna, (goý, Allatagala olardan razy bolsun!) onuň sahabalaryna, Hudaýyň pygamberiniň dokuz hatynyna, ol jenabyň perzentlerine, jennetiň ýigitleriniň seýidi, iki süýtdeş dogan Hasana we Hüseýine sansyz salamlar bolsun! Dowamy bar... Nasyreddin RABGUZY Çapa taýýarlan Atamyrat Saryýew AŞGABAT «MIRAS» 2004 | |
|
Ähli teswirler: 0 | |