Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:22
Kysasy Rabguzy-Kysasyl Enbiýa /- 2
KITABYŇ ÝAZYLMAGYNYŇ SEBÄBINIŇ BEÝANY

Emma bu kitaby düzen, tagat ýoluny gezen, köp gelimgidimli Rabat Oguzyň 1 kazysy Burhaneddiniň ogly Nasyreddin (goý, Allatagala onuň aýyplaryny ýaşyrsyn, günälerini geçsin!) aýdýar: «Biziň beýik mertebeli begimiz, emirleriň emiri, alymlary söýüji, uly at-abraýly, sarpasy belent Nasyreddin Dokbuga begiň (goý, Allatagala onuň gadamyny yslam dini üçin aýgytly etsin!) döwletinde bu «Kysasyl enbiýa» kitaby arap dilinde ýazylan bir kitapdyr. Ol ilki pars diline geçirilip, soňra türki diline terjime edildi. Ol it ýylynda rabygyl-owwal aýynyň ýigrimisinde 2 pars dilinden türki diline öwrülip, tamam boldy. Emma meniň bu kitaby düzmegimiň sebäbi şudur. Beýik mertebeli emir Nasyreddin men ejiz bendeden: «Bu kitaby türki halklar aňsat düşüner ýaly türki dile geçirseň» diýip, haýyş etdi. Men hem onuň bu sözüni ret edip bilmedim. Onsoň men aklym ýetişdigiçe we ylmymyň çatdygyça bu işe meşgul boldum. Emma men bu işe mynasyp däldim. Ýöne beýik mertebeli emir öz sözüni gaýtalap, bu talabynda berk durdy. Şonuň üçin men Hudaýtagaladan ýardam bermegini diläp bu işe başladym we oňa: «Kysasy Rabguzy» diýip at berdim. Elbetde, ýagşy işleriň netijeli tamam bolmagyna Allatagala ýardam berijidir. Ol nazy-nygmatlaryň we mertebeleriň eýesidir».

NASYREDDIN DOKBUGA BEGIŇ WASPYNYŇ BEÝANY

El-halk amul tüzün gylyk,
Bilig aryg hetden çyka,
Gökden adyzrak hümmeti,
Mewrysy beglik dünyäde.

Sürer ony ýolnup ýaka,
Gazgançy ukba milketi.
Asly mogol eken görüň,
Yslam üçin tutdy ýaka.

Boldy Resulnyň ummaty,
Tagat kylar tün-gündizin.
Alnar sapak Mushafa baka,
Gurhan okamak adaty.

Tesbih, aýurda hoşlanyp,
Hünjülener ýaşy aka,
Eşidilse Gurhan aýaty.
Ererdi ýawlak telim,
Öz sözlenur sözni oka,
Artyk ýaraglyg syraty.

Rebden ata bolup oňa,
Hak bermiş gutlug baka.
Görklük sypatly suraty.
Ezgu gylyk birle ýörüp,
Dost gazanar duşman baka,
Artar kamugdan hormaty.

Gündiz okar, tünler gopar,
Tagat kylar, girip suka,
Arslan meňizlik sawlaty
Ýaşy kiçi, ýony ulyg,
Zaty aryg beg Dokbuga.

Ol Nasyreddin künýeti.
Il aşasyn, ýüz ýaşasyn.
Bolup mutyg Möwlasyga,
Mundan zyýada gurbaty.


ÝERIŇ WE ASMANLARYŇ ÝARADYLYŞYNYŇ BEÝANY

Pygamber alaýhyssalam aýtdy: «Allatagala: «Men bir gizlin genç-hazynadyryn. Meniň beýik Taňrylygymy hiç kim bilmeýärdi. Men öz gudratymy bildirmek üçin: «Olar meniň birligimi bilsin» diýip, hemme barlygy ýaratdym» diýip aýtdy. Habarda şeýle aýdylypdyr: Allatagala hemme zatdan öň bir päk göwher ýaratdy we göwhere haýbat bilen garady. Ol göwher bu nazardan eräp, suw boldy. Soňra Allatagala ýeli ýaratdy. Ýel suwa tarap ösdi. Suwdan köpük çykdy. Ol köpükden tütün peýda boldy. Allatagala bu tütünden gögi ýaratdy. Bu mazmuna: «Kyýamat gününe golaý wagtda aýdyň görnüp duran tütün geler» diýen aýat delildir. Allatagala ol köpükden Käbäni we ençe ýeri ýaratdy. Ondan soň ol: «Men indi Ýeri ýaradaýyn. Bu ikiňiz 4 meniň islän zadymdyr» diýip aýtdy. Ol ýaradylan ýeri gündogardan günbatara çenli ýazdy. «Asmany ýaradandan soňra ýeri tekiz düşedi» diýen aýat bu söze güwädir. Ilkibada Allatagala emri bilen Ýer bilen Asmany bir gat edip ýaratdy. Soňra, olary ýedi gat etdi. Allatagala bu sözi tassyklap aýtdy: «Eýse, kapyrlar ilkibaşda biziň Ýeri we Asmany tutuş bir zat edip ýaradandygymyzy, soňra olary biribirinden aýrandygymyzy bilmeýärlermi?». Ol başga bir sözün-de şeýle aýtdy: «Allatagala ýedi gat asmany ýaratdy. Ol ýedi gat Ýeri hem ýedi gat Asmanyň mysalynda aýratynlykda ýaratdy». Ol ýedi gat Ýeri ýaradandan soň hem Ýer karar tapmady. Ol titräp başlady. Oňa karar tapdyrmak üçin Allatagala gudraty bilen onuň üstüne daglary basdy. Allatagala aýtdy: «Biz Ýeri size düşek etmedikmi, daglary Ýeriň parahat durmagy üçin onuň myhy etmedikmi?». Allatagala hemme älemi alty günde ýaradandygyny nygtap aýtdy: «Biz Asmany, Ýeri we ol ikisiniň arasyndaky zatlary alty günde ýaratdyk». Habarda aýdylşyna görä, Allatagala Ýeri dynçgüni, Gögi, Aýy, Güni we ýyldyzlary başgüni ýaratdy. Olary pelegiň içinde ýöretdi. Ol älemiň halkyny, perişdeleri, gurtlary ýaşgüni, derýa-çeşmeleri, hemme daragtlary, ýer ýüzündäki otlary hoşgüni ýaratdy. Olaryň hemmesine rysgal paýlady. Ol jenneti, dowzahy, rehmet we azap perişdelerini, hüýr-gulmanlary dynçgüni, Adamy we haýwanlary annagüni ýaratdy. Aw-şikara ruhgününi goýdy. Bu dürli mahluklar Hudaýtagalanyň gudratyndandyr. Sowal: «Hudaýtagalanyň gudraty göz ýumup-açýança bolup geçýan bolsa, näme üçin ol bu zatlary alty günde ýaratdy?» Jogap: «Hudaýtagala aýtdy: «Men bendelerime sapak bolsun» diýip, şeýle hem özümiň hemme zada gudratymyň ýetýändigi üçin bu zatlary alty günde ýaratdym. Sebäbi men howlukmadym. Men: «Bendelerim howlukmasyn, olar ülüşlerini alsyn» diýip bu işi alty güne çekdirdim. Çünki sabyr etmek Rahmandandyr, howlukmak bolsa şeýtandandyr.

GÖGÜŇ SYPATYNYŇ BEÝANY

Birinji gat asman ýaşyl zümerretdendir. Onuň ady Ezkiýadyr. Bu asmanuň perişdeleriniň ulusynyň ady Esmaýyldyr. Olar mal sypatyndadyr. Ikinji gat asman kümüşdendir. Onuň ady Erfelundyr. Bu asmanyň perişdeleri bürgüt suratyndadyr.
Olaryň ulusynyň ady Derdaýyldyr. Üçünji gat asman gyzyl ýakutdandyr. Onuň perişdeleri guş suratyndadyr. Olaryň ulularynyň ady Hanbajaýyldyr. Dördünji gat asman bürünçdendir. Onuň ady Magundyr. Onuň perişdeleri it suratlydyr. Olaryň ulularynyň ady Salsaýyldyr. Bäşinji gat asman gök tylladandyr. Onuň ady Sefaýyldyr. Onuň perişdeleri hüýr sypatlydyr. Olaryň ulularynyň ady Semnahaýyldyr. Altynjy gat asman sary ýakutdandyr. Onuň ady Rafykadyr. Onuň perişdeleriniň sypaty çaga suratlydyr. Olaryň ulularynyň ady Surýaýyldyr. Ýedinji gat asman gök nurdandyr. Onuň ady Garybadyr. Onuň perişdeleri adam suratlydyr. Olaryň ulularynyň ady Baýhaýyldyr.

ÝERLERIŇ SYPATYNYŇ BEÝANY

Birinji gat ýeriň ady Remkadyr. Allatagala ony Akym atly ýeliň üstünde ýaradandyr. Onuň ýetmiş müň burundugy bardyr. Ol burunduklary ýetmiş müň perişde saklap durandyr. Ikinji gat ýeriň ady Jildedir. Onuň içinde uly içýanlar bardyr. Olaryň her biriniň ýetmiş müň agzy bardyr. Üçünji gat ýeriň ady Arkadyr. Onuň içinde hem içýanlar bardyr. Olaryň her biriniň ululygy Kap dagyndan uludyr. Dördünji gat ýeriň ady Harýadyr. Onuň içinde dowzahyň ýylanlary bardyr. Olaryň her biriniň ýüz başy bardyr. Her bir başynda ýüz agzy bardyr. Bäşinji gat ýeriň ady Melipdir. Onuň içinde dowzahyň daşlary bardyr. Altynjy gat ýeriň ady Sijjindir. Onuň içinde dowzahyň jynlary bardyr. Ýedinji gat ýeriň ady Ajybadyr. Ol nälet siňen Iblisiň bolýan ýeridir. Her bir gat ýeriň arasy bäş ýüz ýyllyk ýoldur. Ýerleriň galyňlygy gök bilen ýeriň arasy ýalydyr. Habarda aýdylypdyr: Hudaýtagala perişdeleri otdan, döwleri oduň tütüninden ýaradypdyr. Bularyň hemmesiniň asly birdir. Perişdä arap dilinde «melek» diýilýändir. Olara gökden orun berildi. Allatagala perileri «jyn» diýip atlandyrdy.
Şyh Hasan Basry (goý, Allatagala oňa rehmet etsin!) Pygamber alaýhyssalamdan şeýle rowaýat etdi: Hudaýtagala Beýtil-mukaddesiň ýerinde bir daş ýaratdy. Ol daşdan tütün peýda boldy. Allatagala ol tütünden Asmany ýaratdy. Allatagala ol daşy ýazyp düşedi welin, ondan ýedi gat Ýer emele geldi. Jabyr ibn Ensarydan (goý, Allatagala oňa rehmet etsin!) bir rowaýat getirilipdir: Men Hudaýyň resulyndan soradym: «Eý, Allanyň resuly! Allatagalanyň ilkinji ýaradan zady nämedir?». Pygamber alaýhyssalam aýtdy: Eý, Jabyr! Allatagalanyň hemme zatdan öň ýaradan zady meniň nurumdyr. Ol nur soň Adam atanyň mübärek maňlaýyna gelip düşdi, soňra ol Şis alaýhyssalamyň maňlaýyna geçdi. Ondan soňra ol pygamberlerden pygamberlere ötüp, meniň atam Abdyllanyň başyna girdi. Ondan soň meniň enem Eminäniň ýatgysyna düşdi. Ondan soň men bu älemde peýda boldum». Emma taryh alymlary aýdypdyrlar: «Allatagalanyň ilki ýaradan zady galamdyr. Şonuň üçin Allatagaladan ilkinji owaz galama geldi: «Eý, galam!» Bu sözüň haýbatyndan galama titreme ýetişdi. Bu titreme sebäpli galam ýaryldy. Ol bu halda müň ýyl durdy. Allatagaladan oňa ýene bir owaz geldi: «Ýaz!». Galam müň ýyl başaşak durup ýöredi. Şonda onuň ilki ýazan zady: «Bismillä» diýen söz boldy. Ol ýene bir müň ýylda: «Rahman» diýen sözi ýazdy. Ol üçünji bir müň ýylda: «Rahym» diýen sözi ýazdy. Bu sözleriň hemmesini jemlediler welin: «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym» diýen söz peýda boldy. Allatagala ondan Arşy Mejidi ýaratdy. Emma Arşy üstünde ýel öwsen suwdan ýaratdy. Bu suw müň ýyl hereketde durdy. Bu älemiň beýginiň, pesiniň barlygy suw bilendir. Allatagala bu mazmuna delil edip Gurhanda aýdypdyr: «Allatagala Ýeri we Asmany alty günde ýaratdy. Onuň Arşy ilkibada suwuň üstündedi». Ondan soňra Allatagala Kürsi ýaratdy. Kürs Arşdan kiçiräkdir. Pygamber alaýhyssalam aýtdy: «Allatagala Arşy ägirt uly edip ýaratdy. Ýedi gat ýer we ýedi gat asman Arşyň ýanynda çöle taşlanan bir halka ýalydyr». Ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat edipdir: Onuň iki sütüniniň arasy Ýerden Asmana çenlidir. Kürs Arşyň ýanynda bir basgançak ýalydyr. Ony dört sany perişde göterip durandyr. Her perişdäniň dört ýüzi bardyr. Olar aýaklaryny ýedi gat ýeriň aşagyna goýup, başlary bilen ony göterip durandyrlar. Ol perişdeleriň biri adam suratyndadyr. Olar adam perzentleriniň rysgalyny diläp durýandyrlar. Ýene bir perişdäniň sypaty ot iýýän haýwanyň suratyndadyr. Olar ot iýýän haýwanlaryň rysgalyny dileýändirler. Başga bir perişdäniň keşbi ýyrtyjynyňky ýaly bolup, ol haýwanlaryň rysgallaryny dileýändirler. Ýene bir perişde guş suratynda bolup, ol guşlaryň rysgalyny dileýändir. Aýdylypdyr: Arş bilen Kürsüň arasynda ýetmiş müň garaňky perde hem-de ýetmiş müň nurdan perde bardyr. Her bir perdäniň arasy bäş ýüz ýyllyk ýoldur. Eger bu arada ol perdeler bolmadyk bolsa, onda Arşyň mahlukatlary görnerdi. Sözüň gysgasy bu dünýäniň we ol dünýäniň asly suwdandyr. Aý, Gün, ýyldyzlar ýaradylyp tamam bolansoň, her bir perişdä belli bir ýer bellenildi. Ol perişdeler älemiň ýaradylan wagtyndan tä onuň soňky gününe çenli öz ýerlerinden bir ädim öňe ýa-da bir ädim yza çykmazlar. Olaryň her birine bir tesbi aýtmaklyk tabşyrylyp, ondan başga tesbi aýtmazlar. Olar hiç bir lahza duýdansyz galmazlar. Olaryň her haýsysynyň bir gylyk-häsiýeti bardyr. Ondan başga Allatagala Serýany diýen bir bölek ýer ýaratdy. Onuň üstünde ýedi gat ýeri goýdy. Bu bölek ýer bir perişdäniň gerdenindedir. Ol perişdäniň aýaklary ýakut daşyň üstündedir. Bu daş Allatagalanyň emri bilen asylyp durandyr.
Soň Allatagala bir öküzi ýaratdy. Ol öküze dört müň gol we aýak berdi. Onuň şahlary ýedi gat asmanyň üstüne çykyp durandyr. Ol daş öküziň şahlarynyň arasynda asylyp galandyr. Öküziň aýaklary asmanda sallanyp durandyr. Allatagala ondan soň bir balyk ýaratdy. Öküziň aýaklary balygyň gerdeninde karar tapdy. Ol balygyň gerdeninde şunça zat goýulsa hem, onuň üstünde bir çybyn oturan ýaly agyrlyk bolmaz. Taryhçy alymlar aýdypdyrlar: «Allatagala öküzi balygyň üstünde goýanda balyk başy bilen guýrugyny birleşdirip Arşyň daşyna aýlap goýdy». Rowaýat. Isa alaýhyssalam: «Şol balygy görsem» diýip Allatagala arz etdi. Allatagala: «Eý, Isa! Sen pylan derýanyň kenaryna bar. Ol ýerden meniň gudratyma tomaşa et» diýdi. Hezreti Isa ol derýanyň kenaryna bardy. Görse, derýadan bir balyk ötüp barýar. Hezreti Isa oňa ýedi gije-gündiz garap dursa-da, balyk onuň duşundan ötüp gutarmady. Isa alaýhyssalam sorady: «Eý, Taňrym! Bu balygyň başy meniň öňümden ötüp gutardymy ýa-da gutarmadymy?». Hudaýtagala aýtdy: «Ýok, entek onuň başy hem ötüp gutarmady». Hezreti Isa sorady: «Eý, Taňrym! Şu balyk öküzi göterip duran balykmy ýa-da ol başga bir balyk?» Hudaýtagala aýtdy: «Bu başga bir balykdyr. Men ol balyga şunuň ýaly balygyň ýetmiş müň sanysyny her gün iýdirýärin». Isa alaýhyssalam haýran galyp, ýerinden turman başyny sejdä goýdy».

JENNETIŇ BEÝANY

Haktagala jenneti asmandan ýokarda ýaratdy. Onuň bölümleriniň sany sekiz bolup, biri-birinden belentdir. Olaryň iň belendi Firdöws jennetidir. Olaryň galanlarynyň atlary şeýledir: «Dar es-salam», «Dar el-karar», «Dar el-huld», «Jennet el-magwa», «Jennetu adn», «Jennet en-nagym», «Jennet el-fyzza». Wehp ibn Munabbih (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) rowaýat edipdir: Allatagala jennetleriň her birini bir zatdan ýaratdy. Dar es-salamy gyzyl ýakutdan, Jennetu-adny zeberjetden, Jennet el-magwany ýaşyl ýakutdan, Jennet en-nagymy ýaşyl zümerretden, Dar el-huldy kümüşden, Dar el-karary lagldan, Jennet el-firdöwsi tylladan ýaradylandyr. Her bir jennetiň bir işigi bardyr we ol iki gatdyr. Ol gatlaryň biri ýaşyl zümerretden, beýleki biri bolsa ýaşyl zeberjetdendir. Bir işigiň giňligi gündogardan günbatara çenlidir. Işikleriň depesinde «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» diýlip ýazylandyr. Hudaýtagala wada berip aýdypdyr: «Kim bu mertebeli sözi aýtsa, onuň meniň ýeke Hudaýlygyma razy bolup yslama girdigi bolar. Men oňa azap görkezmerin. Men ony jennete girizerin». Hudaýtagalanyň sypatynyň biri özüniň beren wadasyna wepaly bolmagydyr.

DOWZAHYŇ BEÝANY

Ondan soňra Allatagala dowzahy ýaratdy. Oňa Mälik atly perişdäni häkim etdi. Gapyda durýan on dokuz azap perişdelerini ýaratdy. Bu mazmuna: «Dowzahyň on dokuz sany azap beriji perişdeleri bardyr» diýen aýat delildir. Dowzahyň gapylarynyň sany barada Allatagala şeýle aýtdy: «Dowzahyň ýedi gapysy bardyr. Olaryň her biri bendeleriň günälerine görä niýetlenilendir». Günäkär bendeleriň oňa girmezligine hiç hili çäre ýokdur. Wagty gelende dowzahyň perdeleri göteriler. Onuň gyzgynlygy örän güýçli bolup, ol iki ýüz ýyllyk ýoldan gyzdyrar. Dowzahdan şonça daşlykdaky adamlaryň ýüzleri köýer we olaryň agysynyň sesi eşidiler. Dowzahyň odunyň güýçlüdigini aşakdaky aýatlar tassyklaýar: «Jähennem ululygy gala ýaly uçgunlary atar. Ol uçgunlaryň reňki sary ýa-da gara düýeleriň reňki ýalydyr». «Kapyrlar jähenneme taşlanylanda, ol ýerden eşegiň sesi ýaly ýaman sesler eişdiler. Jähennem gazandaky suw ýaly joşup gaýnar we gahardan ýaňa ýarylara ýakyn geler». Hemme pygamberler ol günüň haýbatyndan gorkup titrärler. Olar diňe: «Özüm, özüm» diýip, öz aladalaryny ederler. Hezreti Jebraýyl Muhammet alaýhyssalama: «Olaryň kapyrlaryň hemmesine jähennem dowzahy wada berlendir» diýen aýaty getirende Muhammet alaýhyssalam köp gamgyn boldy. Ol Äşäniň hüjresine girip, ahy-nala çekdi. Hezreti bibi Patma, ymam Hasan we ymam Hüseýin onuň ýanyna gelip, bu haly görüp perişan bolup, nala tartdylar. Sahabalar Muhammet alaýhyssalamdan: «Eý, Allanyň resuly! Size näme boldy?» diýip, onuň bu ýagdaýa düşmeginiň sebäbini soradylar. Pygamber alaýhyssalam olara bu aýatyň inendigini aýdyp berdi. Şeýle hem Pygamber alaýhyssalam aýtdy: «Adamlaryň käbiri topugyna çenli, başgalary dyzyna çenli, beýlekileri biline çenli, ýene birleri bogazyna çenli dowzahyň oduna çümüp durarlar». Onuň töweregindäkileriň hemmesi bu sözi eşitdiler. Hezreti Abu Bekr Syddyk ( goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýtdy: «Käşge, men eneden dogmadyk bolsadym ýa-da men neresse çaga wagtym ölen bolsadym!». Hezreti Osman (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýtdy: «Eger men adam jynsynda dogulmadyk bolsadym! Men bir goýun bolan bolsam, adamlar meni soýup iýerdiler». Hezreti Omar (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýtdy: «Käşge, men eneden dogmadyk bolsam ýagşy bolardy!»diýdi. Hezreti Salman Parsy (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýtdy: «Siz Hudaýyň pygamberiniň dört çaryýary bolup, şeýle ýyglasaňyz, biz bu söze niçik çydarys?» Hemme sahabalar aýtdylar: «Biz çagalarymyzy taşlap, öýlerimizden çykyp, çöl-sähralara baryp, ösümlikleri hörek edinip, gijeleri namaz bilen, gündizleri oraza bilen ötürsek, biz bu ahyret azabynyň gaýgysyndan halas bolup bilerismi?» Şol wagt Allatagalanyň şu aýaty indi: «Siziň imanlylaryňyzdan başgasynyň dowzahyň oduna girmezlige hiç çäresi ýokdur».

Rowaýat. Bir gün hezreti Jebraýyl Pygamber alaýhyssalamyň öňünde otyran eken. Birden ýer titredi we bir belent owaz eşidildi. Hezreti Jebraýylyň reňki üýtgäp gitdi. Onuň bedeninde titreme peýda boldy. Pygamber alaýhyssalam sorady: «Eý, doganym Jebraýyl! Size näme boldy? Siziň ýüzüňiz birden üýtgedi». Hezreti Jebraýyl aýtdy: «Eý, Allanyň resuly! Allatagala hezreti Adam atany ýaratmazyndan ýedi müň ýyl öň dowzahdan bir daş bölünip gaýdypdy. Ol daş on üç müň ýyl ýol ýöräp, dowzahyň gyrasyna ýetdi. Ol dowzahyň ýokarky gatlagynyň düýbüne degdi. Bu gata birinji derweze diýilýär. Ol binamazlaryň ornudyr. Ikinji derweze jöhütleriň, üçünji derweze zalymlaryň, dördünji derweze haçparazlaryň, bäşinji derweze ýyldyzlara çokunýanlaryň, altynjy derweze müşrikleriň, ýedinji derweze ata-enä azar berenleriň mekanydyr». Allatagala dowzahy ýaradanda ony ilki müň ýyl gyzdyrdy, dowzah ak boldy. Soňra Allatagala ony ýene müň ýyl gyzdyrdy, dowzah gyzyl boldy. Onsoň Allatagala ony ýene bir müň ýyl gyzdyrdy, dowzah gara boldy. Şu wagta çenli dowzahyň reňki garadyr. Ondan soňra Allatagala bir bölek daş ýaratdy. Onuň ululygy bäş ýüz ýyllyk ýoldur. Ony dowzahyň agzyna dykyp goýdy. Allatagala ýene bir daş ýaratdy we bir perişdä: «Bu daşy göterip dur» diýip buýurdy. Ol perişde şol wagt daşy egilip alyp, egnine göterdi. Ondan soň bir çybyna: «Bu perişdäniň aýagyna gonup dur» diýen buýruk boldy. Ol çybyn perişdäni göterip durdy. Perişde çybynyň üstünde durdy. Çybynyň aýagy howada asylyp galdy. Ýene bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Allatagala dowzahy gazabyndan ýedi gat edip ýaradypdyr. Her gatyň arasy ýetmiş müň ýyllyk ýoldur. Olar biri-birinden gyzgynrak we garaňkyrakdyr, azaby artygrakdyr, jezasy gatyrakdyr, ýylan-içýanlary ulurakdyr. Ol bendeler Allatagalanyň rehmetinden uzagrak düşendirler. Rowaýat. Allatagala dowzahy ýaradandan soňra bir ýylany döretdi. Onuň ady Kabusdyr. Allatagaladan Kabusa bir owaz geldi: «Eý, Kabus! Men sende bir amanat zat goýjak». Kabus aýtdy: «Eý, Taňrym! Sen maňa nähili perman berseň, men ony bitirmäge taýýardyryn». Oňa ýene bir owaz geldi: «Eý, Kabus, sen agzyňy aç!» Ol ýylan agzyny açdy. Allatagala perişdelere: «Dowzahy Kabusyň agzyna salyň» diýip buýurdy. Perişdeler ýedi dowzahy Kabusyň agzyna saldylar. Allatagala aýtdy: «Eý, Kabus! Indi agzyňy ýum! Emma sen, tä, rugsat bolýança agzyňy açma!» Kabus agzyny ýumdy. Ol diňe kyýamat güni agzyny açar. Ol gün Allatagala iň beýik mertebeli perişdelerine: «Dowzahy Kabusyň agzyndan çykaryp alyň!» diýip buýrar. Perişdeler buýrugy berjaý ederler. Dowzahyň ýedi derwezesinde ýetmiş müň zynjyr bardyr. Her zynjyrda ýetmiş müň halka bardyr. Her halka ýetmiş müň perişdäniň elindedir. Bu perişdeleriň ululygy şeýledir: Ýagny öňde-soňda geçen adamlar, şeýtanlar, jynlar jemlenseler hem bu perişdeleriň ýanynda bir goşawuç ýaly bolarlar. Kyýamat güni bu uly perişdeler Arasat meýdanyna süýrenip gelerler. Dowzahyň ody şuglasyny saçar. Ýedi gat ýeriň her haýsysynyň galyňlygy bäş ýüz ýyllyk ýoldur. Şunça zatlaryň hemmesi dowzahyň haýbatyndan ýok bolup gider. Ymam Gazaly (goý, Allatagala oňa rehmet etsin!) «Ihýa ulumiddin» diýen kitabynda aýdypdyr: «Kyýamat güni hemme halklary Arasat meýdanyna jemlärler. Ol gün adamlar açteşnediklerini duýmazlar. Olar bu ýerde dünýäde eden ýaman işlerine ökünerler. Emma bu ökünç olara hiç peýda bermez. Bu gorkuly pursatda dowzahdan bir owaz geler: «Pylany ogly pylany dünýäde ýaman iş etmek we ýaman söz aýtmak bilen meniň azabyma sezewar boldy. Ol dünýäde namaz okamady, oraza tutmady, adamlara zulum we jepa görkezdi. Şeýdip, ol eziz ömrüni zaýa geçirdi». Şol wagt azap perişdeleri ol bendäniň üstünden uly küýzelerdäki gaýnag suwy guýarlar. Olar ony süýräp, otly sütünler bilen urup dowzaha elterler. Ol ýerde ony başaşak asyp goýarlar. Azap perişdeleri oňa aýdarlar: «Sen bu azaby dat! Sen diňe öz güman edişiňe görä eziz we hormatly adamdyň». Onuň boljak mekany garaňky ýer bolar. Onuň içi aç, endamy ýalaňaç, bokurdagy gury bolup, ýüz müň hory-zarlyga sezewar bolar. Onuň iç ýäni gam, iýýäni gussa, işi azap bolar. Ony saçyndan asyp goýarlar, maňlaýyna nälet tagmasyny basarlar. Onuň her tarapyndan agy, zaryperýat, pygan, puşman we ökünç owazy gelip durar. Onuň aram tapjak bir sagady hem bolmaz. Oňa bir lukma tagam, ýada bir owurt suw bermäge kişi bolmaz. Ol Mälik dowzaha müň gezek ýalbaryp aýdar: «Eý, Mälik! Sen maňa rehimdarlyk et. Men bu ýerde köp azaplary we jezalary çekdim. Men awy bilen zäherden başga iýgi-içgini görmedim». Mälik oňa aýdar: «Eý, betbagt bende! Bu ýerde azapdan aman bolmak ýokdur. Bu ýer rahatlyk üçin däldir». Ol bende rehimdarlykdan näumyt bolar. Oduň gyzgynyndan ýaňa ol bendeleriň et-ýaglary eräp akar. Olaryň ganlary öt we iriň ýaly bolup, agyz-burnundan geler. Azaplarynyň güzaplydygy zerarly olar ölümi islärler. Emma olara ölmek miýesser etmez. Olaryň agyzlary awy, ýüzleri gara, gözleri kör, güň, gulaklary ker, dodaklary teşne, aýakgollarynda zynjyr, dilleri agyzlaryndan çykyp, aýaklaryna çenli ýetip süýrenip durar. Garynlarynyň içinde ýylan-içýan bolar. Bu azaplara sataşmakdan Allatagalanyň özi bizi penasynda aman saklasyn!» Abu Hureýra (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýtdy: «Kimiň maly bolup, onuň zekatyny çykarmasa, kyýamat güni ol maly ýylan keşbine salarlar. Ol ýylan boýdan-başa zäher bolup, mal eýesiniň boýnundan asylar we onuň bokurdagyna çyrmaşyp, bogar hem oňa aýdar: «Men seniň zekatyny bermedik malyňdyryn. Özüň iýmäge dözmän, kişä bermäge gözüň gyýman, garyndaşlaryňdan aýan, haýyr-sahawata ýaratmadyk, il-günden ýaşyran malyňdyryn». Gyzyl-kümüşiň zekatyny bermediklere aýdarlar: «Kyýamat güni gyzylyň we kümüşiň üstüne jähennemiň odundan guýarlar, soňra şol gyzdyrylan gyzyl-kümüşler bilen eýeleriniň maňlaýlaryny, ýanbaşlaryny we arkalaryny daglarlar. Olara aýdarlar: «Ine, indi siz özüňiz üçin ýygnap-ýygşyran zadyňyzyň mazasyny dadyň». Soňra Allatagaladan perişdelere perman bolar: «Ony tutuň we iki elini baglap, jähenneme taşlaň. Ony uzynlygy ýetmiş gez zynjyr bilen baglap goýuň». Dowzahda ýetmiş müň zynjyr bardyr. Her bir zynjyryň uzynlygy ýetmiş müň gulaçdyr. Her bir gulaçda ýetmiş müň halka bardyr. Bir halkanyň ululygy şeýledir: eger bu dünýäniň ähli demrini ýygnasaň, ol bir halkanyň demrine barabar bolmaz. Şonuň ýaly uly zynjyr bilen baglap bendä azap berler. Emma dowzahyň azaplary köp dürlüdir. Ony hasaplap gutaryp bolmaz. Ol azaplaryň sanyny diňe Allatagalanyň özünden başga hiç kim bilip bilmez! Habarda şeýle aýdylypdyr: «Hudaýtagala dowzahyň içinde iki görnüşli mahlugy ýaratdy. Olaryň biri arslan sypatly bolup, onuň ady Jelisdir. Beýleki biriniň sypaty böri ýaly bolup, onuň ady Telbisdir. Olaryň biri erkekdir, beýlekisi bolsa urkaçydyr. Olaryň biriniň guýrugy ýylanyňky, beýlekisiniň guýrugy içýanyňky ýalydyr. Hudaýtagalanyň permany bilen bu ikisiniň guýrugy üzülip düşdi. Dowzahyň içinde bar bolan hemme ýylan-içýanlar bu ikisiniň guýruklaryndan peýda boldy. Allatagaladan: «Telbisi Jelise nikalap beriň» diýip, hezreti Jebraýyla perman boldy. Hezreti Jebraýyl bu ikisini nikalaşdyrdy. Şu nika hemme mahluklaryň arasyndaky birinji nikadyr. Nikadan soň ol ikisi jübütleşdiler. Olardan iki perzent, bir ogul we bir gyz dogdy. Olar ýetişensoň Allatagaladan: «Bu gyzy ol oglana alyp beriň» diýen perman geldi. Gyzy oglana nikalap berdiler. Olardan bir ogul dogdy. Onuň adyna Haris goýdular. Ol dowzahyň bir köçesinde tagata meşgul boldy. Ol birnäçe ýyllap ol ýerde ybadat etdi. Hudaýtagala ony ýer ýüzüne çykardy. Ol bu ýerde hem köp ybadatlar etdi. Allatagala ony asmana çykardy. Haris bu ýerde müň ýyllap sežde etdi. Elkyssa, Allatagala Harisi ýedinji gat asmana çykardy. Onsoň ony jennete girizdi. Ondan soň ony Arş, Lowh, Galama girizdi. Ol islese jennete girdi, islese hem asmana çykdy. Ol şeýdip uly mertebä eýe boldy. Oňa ýer ýüzüniň patyşalygyny berdiler. Allatagala onuň Haris diýen adyny aýryp, oňa Azazyl diýen at goýdy. Onuň ady asmanlaryň her gatynda dürli görnüşde tutulýardy: Şumaha, Delel, Herep, Kuýukeng, Kenestegel, Bighaşig, Nasyh. Iň soňunda onuň Azazyl diýen ady meşhur bolup galdy. Emma bu kitap ýetmiş iki kyssa bilen tamam bolar. Ol kyssalaryň dogruçyllyk bilen beýan edilmegi, elbetde Allatagalanyň öz erki bilendir.

Birinji kyssa.
Benijanyň wakasynyň beýany.

Ikinji kyssa.
Hezreti Adam alаýhyssalamyň wakasynyň beýany.

Üçünji kyssa. Habylyň we Kabylyň wakalarynyň beýany.

Dördünji kyssa. Şis alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

Bäşinji kyssa. Hezreti Idris alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

Altynjy kyssa. Harut we Marut perişdeleriň wakalarynyň beýany.

Ýedinji kyssa. Nuh alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

Sekizinji kyssa. Iwaj bin Ynagyň wakalarynyň beýany.

Dokuzynjy kyssa. Hud alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

Onunjy kyssa. Salyh alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On birinji kyssa. Hezreti Ybraýym alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On ikinji kyssa. Ysmaýyl alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On üçünji kyssa. Yshak alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On dördünji kyssa. Lut alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On bäşinji kyssa. Ýakup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On altynjy kyssa. Ýusup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On ýedinji kyssa. Hezreti Eýýup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On sekizinji kyssa. Hezreti Şugaýp alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany.

On dokuzynjy kyssa. Hezreti Musa kelimallanyň wakalarynyň beýany.

Ýigriminji kyssa. Danyýal alaýhyssalamyň wakakarynyň beýany. Ýigrimi birinji kyssa. Hezreti Eşmuýyl alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. Ýigrimi ikinji kyssa. Dawut alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. Ýigrimi üçünji kyssa. Hezreti Süleýman alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. Ýigrimi dördünji kyssa. Hezreti Ýunus alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. 26

Ýigrimi bäşinji kyssa. Hezreti Ylýas alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. Ýigrimi altynjy kyssa. Hezreti Hydyr alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. Ýigrimi ýedinji kyssa. Hezreti Jirjis alaýhyssalamyň wakalarynyň beyany. Ýigrimi sekizinji kyssa. Hezreti Lukmanyň wakalarynyň beyany. Ýigrimi dokuzynjy kyssa. Hezreti Uzaýr alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. Otuzynjy kyssa. Hezreti Ermiýa alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. Otuz birinji kyssa. Zekeriýa we Ýahýa alaýhymassalamyň wakalarynyň beýany. Otuz ikinji kyssa. Hezreti bibi Merýemiň wakalarynyň beýany. Otuz üçünji kyssa. Hezreti Isa alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany. Otuz dordünji kyssa. Hezreti Şemgun alaýhyssalamyň wakalarynyň beyany. Otuz bäşinji kyssa. Hantala we Kahafa alaýhymassalamyň wakalarynyň beýany. Otuz altynjy kyssa. Kowumy Tubbagyň wakalarynyň beýany. Otuz ýedinji kyssa. Eshabul-Uhdudyň wakalarynyň beýany. Otuz sekizinji kyssa. Ähli Sebanyň wakalarynyň beýany. Otuz dokuzynjy kyssa. Bahtunnasryň wakalarynyň beýany. Kyrkynjy kyssa. Beddat kapyryň buta sežde etmeginiň wakalarynyň beýany. Kyrk birinji kyssa. Adamlaryň oda sežde etmekleriniň wakalarynyň beýany.

Kyrk ikinji kyssa. Isgender Zülkarneýiniň wakalarynyň beýany. Kyrk üçünji kyssa. Eshabyl Kähfiň wakalarynyň beýany. Kyrk dördünji kyssa. Eshabur-rakymyň wakalarynyň beýany. Kyrk bäşinji kyssa. Eshabul-filiň wakalarynyň beýany. Kyrk altynjy kyssa. Muhammet alaýhyssalamyň dogulmagynyň beýany. Kyrk ýedinji kyssa. Hezreti Resul alaýhyssalamyň enekä berilmeginiň beýany. Kyrk sekizinji kyssa. Hezreti Pygamber alaýhyssalamyň bibi Hatyjany almagynyň beýany. Kyrk dokuzynjy kyssa. Hezreti Resul alaýhyssalama pygamberlik wahynyň gelmeginiň beýany. Ellinji kyssa. Hezreti Omaryň yslama girmeginiň beýany. Elli birinji kyssa. Hezreti Resul alaýhyssalamyň nesebiniň beýany. Elli ikinji kyssa. Sahabalaryň pazylatlarynyň beýany. Elli üçünji kyssa. Hezreti Abu Bekriň pazylatynyň beýany. Elli dördünji kyssa. Hezreti Omar Hattabyň pazylatynyň beýany. Elli bäşinji kyssa. Hezreti Osman ibn Affanyň pazylatynyň beýany. Elli altynjy kyssa. Hezreti Aly ibn Talybyň pazylatynyň beýany. Elli ýedinji kyssa. Hezreti Resul alaýhyssalamyň arap kapyrlaryny imana çagyrmagynyň beýany. Elli sekizinji kyssa. Resul alaýhyssalamyň yşarat bilen aýy iki para etmeginiň beýany. Elli dokuzynjy kyssa. Pygamber alaýhyssalamyň magrajynyň beýany. Altmyşynjy kyssa. Bedr jeňiniň beýany.

Almyş birinji kyssa. Uhut jeňiniň beýany. Altmyş ikinji kyssa. Emir Hemzäniň şehit bolmagynyň beýany. Altmyş üçünji kyssa. Bedrus-sugranyň jeňiniň beýany. Altmyş dördünji kyssa. Hudaýbiýe we Mekge jeňiniň beýany. Altmyş bäşinji kyssa. Haýbar jeňiniň beýany. Altmyş altynjy kyssa. Pygamber alaýhyssalamyň ölüminiň beýany. Altmyş ýedinji kyssa. Hezreti Abu Bekr Syddygyň şehit bolmagynyň beýany. Altmyş sekizinji kyssa. Hezreti Omaryň halypatynyň beýany. Altmyş dokuzynjy kyssa. Hezreti Osmanyň şehit bolmagynyň beýany. Ýetmişinji kyssa. Hezreti Alynyň şehit bolmagynyň beýany. Ýetmiş birinji kyssa. Hezreti ymam Hasanyň şehit bolmagynyň beýany. Ýetmiş ikinji kyssa. Hezreti ymam Hüseýiniň şehit bolmagynyň beýany.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nasyreddin Rabguzy | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202