12:40 Maňzyma batan pikirler | |
MAŇZYMA BATAN PIKIRLER Watany satyp bolýar, emma satyn alyp bolmaýar. * Men öz eserlerimiň gowşakdygyny azap baryny çekip ýazyp gutaranymdan soň bilip galýaryn. Bu meniňem, okyjynyňam başyndan inen towky. * Käbir beýik şahslaryň hakyky ýaşaýşy ölenlerinden soň başlanýar. Lermontow, Puşkin, Şukşin, Tarkowskiý — ogly, Rubsow. G.Ezizow... * Watanyň bähbidi ugrunda görkezilen edermenlige baýrak, sylag almak özüň üçin eden işiňe töleg almak ýaly bir zat bolmaýarmyka? * Aşgabada belli “ýeňil aýal” Käbä gidip gelipdir. Men ozal Käbe diýilse, hormaty belent din merkezidir öýdýärdim. Emma öňki dönük kommunistler, ogry jenaýatkärler, indem “ökjesi ýeňil” aýallar…Käbäni kir ýuwýan hammamdyr öýdýärler. Iň bolmanda, lolulary beri Käbe topragyna goýbermeli däl ahyryn. Umuman, aramyzda öz ynanjyndan tiz ýüz öwürýän adamlaryň sany şeýlebir kän welin, haýran galaýmaly. Bolşewikler gelenden soň metjitlerimizi ýykdyk, namazlygy ýok etdik.Ýogsam, biz bilen bir döwletde ýaşap, bir syýasata gulluk eden özbekler, täjikler beýtmediler ahyryn. Molla-müfti ýaly az-kem sowatly gatlagymyzy eşek guýruklap ýören haramzada meňzetdik. Partiýanyň talap etmedik zadynam özümiz oýlap tapdyk. Indi bolsa, partiýa biletlerini taşlan “ýoldaşlar”kommunistlikden ýüz öwrüp, toba kylmak üçin käbä gidýärler. Ýap-ýaňy hem uly delegasiýa, şol sanda işan-mollany, yslamy wejera eden messepsiz-wyjdansyz ýazyjylar-da Saud Arabystanyna gidip geldiler. Partbiletini zyňyp, Käbä gidip, “musulmana öwrülen” dönük ýazyjylaryň biri eýýäm özüniň “hajy” bolşy barada makala-da ýazdy. Menem (hiç mahal partbilet edinmändigim üçin bolsa gerek) şol ýazyjylary ýatlap,şu setirleri ýazdym: Ýetmiş ýylky günälerni ýywmaga Kommunistler Mekgä tarap uçdular. Dek düýn namazlygy depip geçenler Bu gün “Eziz partiýadan” geçdiler. Ynanmagyn, Mekge, binamazlarga, Olar pohlap gitdi Aşgabady hem. Öň-a olar partbilete çalyşdy Yslamy, imany, ýakyn-ýady hem. Sen olaň günäsin ýuwup bilmersiň, Ol günä ýuwlardan belentdir, belent. Käbä ugran güni partbildi taşlan Dönükleň tobasy galatdyr, galat. Sen olaň günäsin ýuwmakçy bolsaň, Günä gazanarsyň ýuwulmaz ýaly. Hemem igläp gutararsyň ömürlik, Sabynyň kir ýuwup gutarşy ýaly. Dek. 1992. * Talantly şahyryň özüniň poeziýa hem hasaplaman, gapdala taşlan setirlerini okasaňam, ony talantly adamyň ýazandygyny saýgarmak bolýar. * Iň belent hem hiç mahal gadry gaçmaýan söýgi ýetilmedik söýgüdir. * Eger men ol dili türkmen dilini bilşimiň 70-75 % möçberinde bilýän bolsam, eserlerimi rus dilinde ýazardym. Rus dili hakyky poeziýa hem proza ýazmak üçin ýörite döredilen ýaly. * Kitap okamaýan adamlar kitap okamagy pişesiz adamlaryň edere iş tapmansoňlar, güýmenje üçin öwrenen endigi hasap edýän bolsalar gerek. * Meniň dünýäniň iň beýik ýazyjylarynyň biri bolsa gerek diýip sarpa goýýanym Stendal: “Diňe öz döredijiliginden çuň lezzet alyp bilýän adamyny geniý hasaplap bolar” diýip ýazýar. Ylalaşasym gelenok. Eýsem, öz ýazan dereksiz eserinden lezzet alýan talantsyza-da geniý diýmelimi? Men talantsyzyňam öz ýazýan zadyndan lezzet, onda-da çuň lezzet alýandygyna şübhesiz ynanýaryn. Çünki, ýazýan wagtyň lezzet bermeýän eseri ahyryna çenli ýazyp bolmaýar. * Iki eliň her haýsysy bilen aýratyn zat tutup bolýar. Emma iki gözüň her haýsysy bilen aýratyn nokada seredip bolmaýar. * Gazetleriň habar bermegine görä, Russiýada täze ensiklopediýa çykypdyr.Onda Puşkine “Beýik rus şahyry” diýilýän ozalky maglumatdan “beýik” diýen sözi aýrypdyrlar.Bu diňe Puşkine däl, “beýik” dýýilýänleriň hemmesine-de degişli. Dogry edilen iş. Beýkligi, pesligi ýazyp tekrarlamaly däl. * Köne nusga: “Baý halky ýaňra bor, käsip—käýinjeň”. Täze nusga: “Ýazyjy—käýinjeň, şahyr—öwünjeň”. * Bilbil saýrap ýadaýança, onuň owazyndan lezzet almaly serçe dymaýmaly ýaly welin, üns berseňiz, bagda bilbil saýraýan mahaly beýleräkden serçäniň jürküldisi hem eşidilip durandyr. Elbetde, adamlarda bolşy ýaly, guşlarda-da öz mümkinçiligine aşa baha bermek endigi bardyr-da. * Kän gaýtalanyberse, owadan sözler hem öz gözelligini ýitirýär eken. * Gowşak eseriň gowşakdygyny seljermäge biziň köpimizde başarnyk bar. Emma beýik eseriň beýikligini duýmak hemme kişä başartmaýar. * Gün ýokary galdygyça, kölege peselýär, ýöne käbir adam ýokary galdygyça welin, köplenç, adamçylygy peselýär. © Atajan TAGAN “Kyrk ýylda ýazylan kitap” | |
|
Ähli teswirler: 0 | |