12:09 "Maryda nany ýatyp iýýärler..." | |
"MARYDA NANY ÝATYP IÝÝÄRLER..." Köne döwürlerde biri: "Maryda nany ýatyp iýýärler" diýip eşidipdir. Onsoň Ahaldan Mara baryp, ol ýerde uly bir baýa talaban durupdyr. Baýyň nökerleri ýaňkyny birinji günden başlap, daňyň düýbi çyzylyp çyzylmanka, ony silterläp oýarypdyrlar: "Tur-how! Tur, hany, il eýýam aýak üstünde, senem, dişiň kirini aç-da, işe başla!" Ol gözüni açalak-ýumalak edip, aýak üstüne galypdyr. Şol gün ony tä ýassyna çenli işledipdirler. Oňa dem salym bilini ýazmaga-da maý bermändirler. Günüň güni daň atandan gün batýança depesinden gum sowrup işlänsoň, ýaňky talaban agşamyna gelip, çaý-çörek iýjek bolanda teý dik oturyp iýmäge ýaranok diýýä. Biline urlan ýaly eplenip ýatsa nädersiň! Onsoň ol ýatan ýerinde bir döwüm çöregi zordan çeýneýärmiş, soňam çeýnänjesini ýuwudyp bilmän, agzy çörekli uklap galýar diýýä... Şol onsoň aýdanmyş: "Bä-äý, Maryda nany ýatyp iýýäler sözi-hä mundan gelip çykdow!..." diýip. | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
0
0
| |