Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:46
May / Maý

MAY

I cannot tell you how it was,
But this I know: it came to pass
Upon a bright and sunny day
When May was young; ah, pleasant May!
As yet the poppies were not born
Between the blades of tender corn;
The last egg had not hatched as yet,
Nor any bird foregone its mate.

I cannot tell you what it was,
But this I know: it did but pass.
It passed away with sunny May,
Like all sweet things it passed away,
And left me old, and cold, and gray.

MAÝ

Aýdyb-a bilmerin neneñ bolanyn
Emma bir bilýänim: Geldi,gitdi ol.
Ýap-ýagty,güneşli gündi
Heniz Maý juwandy,
ah hoşamaý Maý!
Näzik mekgejöwenleriñ
Baldaklarnyñ arasynda
Heniz gülälek bitmedik
Soñky ýumurtgañ çykmadyk
Ýeke guşuñ öz hemrasyn
Heniz terk etmedik çagy.

Munuñ nämedigin aýdyp bilmerin
Meñ bilýänim: Boldy soñ geçdi gitdi
Güneşli Maý bilen sumat boldy ol
Edil süýji zatlañ geçişi ýaly
Meni sowuk kişä
Çal garra öwrüp
Geçip gitdi
hiç bolmadyk mysaly.

© Christina ROSSETTI

Terjime eden:© Meñli AŞYROWA
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Christina Rossetti | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
2
1 Medicall • 19:44, 06.01.2023
"Munuñ nämedigin aýdyp bilmerin" diýenem bolsa, goýup gideniñ nämedigini aýdan ýaly-la Christina hanym,
Terjimãniñ nähilidigini aýdyp bilmesemem manylydygyn-a aýdyp biljek, ýetirip dur Pero, badyñ gowşamasyn!
avatar
2
2 Pero • 21:44, 06.01.2023
Seniñ pikir edýäniñem meniñ pikir edýänimmikä? :)
avatar
2
3 Мango • 22:05, 06.01.2023
entäge işlemeli ýaly....

Meni bolsa
Çal başly,sowuk kişä öwürip
Bir garra dönderip
Goýup gitdi.

gaýtalamak bar.
...
Goýup gitdi yzynda
Çal başly, sowuk bir garryny
-ýalyrak
===
originalda kapiýalaşýan eken setirler...
türkmençede kyna bor beýtmek.
goşgyň ikinji topbagynyň arasynam açmaly, bitişik dur şu wagt.
===
Maýyñ juwan çagy,ah ýakymly Maý!
Maýyñ juwan çagy,ah hoşamaý Maý!
"hoşamaý maýam" gyzykly boljak ýaly

synanyşyga berekella.
avatar
1
4 Mekan • 22:09, 06.01.2023
Guwja goşgy ken, terjimänem deñeşdi:rdik welin, arman iñlisçe bilenimýokda

I cannot tell you what it was,
But this I know: it did but pass.

Munuñ nämedigin aýdyp bilmerin.
Emma meñ bilýänim
Ol geçip gitdi.

Men size nämbolanyn aydyp bilmerin,
Bolan boldy, bolya-la, geçibem gitdi.

Men size nämbolanyn aydyp biljek dä,
Ýöne şuny bilýän,boldy-da geçd
avatar
1
5 Medicall • 17:55, 08.01.2023
Şeýledireý:)
avatar
1
6 Pero • 08:53, 09.01.2023
"entäge işlemeli ýaly...." menem şeýle pikirde
avatar
2
7 Pero • 10:44, 09.01.2023
Terjimäni kakuş-kukuş etdim,siziñ bellikleriñizi nazarda tutdum. Ine,ol:

Maý

Aýdyb-a bilmerin neneñ bolanyn
Emma bir bilýänim: Geldi,gitdi ol.
Ýap-ýagty,güneşli gündi
Heniz Maý juwandy,
ah hoşamaý Maý!
Näzik mekgejöwenleriñ
Baldaklarnyñ arasynda
Heniz gülälek bitmedik
Soñky ýumurtgañ çykmadyk
Ýeke guşuñ öz hemrasyn
Heniz terk etmedik çagy.

Munuñ nämedigin aýdyp bilmerin
Meñ bilýänim: Boldy soñ geçdi gitdi
Güneşli Maý bilen sumat boldy ol
Edil süýji zatlañ geçişi ýaly
Meni sowuk kişä
Çal garra öwrüp
Geçip gitdi
hiç bolmadyk mysaly.
avatar
1
8 Мango • 12:44, 09.01.2023
Öňkiňizden kän gowy bolupdyr.
Ýöne kakyş-kukuşyňyzy menem kakyş-kukuş etdim.
(kakylan ýerler gyzyl reňklidir)

Maý

Aýdyb-a bilmerin neneň bolanyn
Emma bir bilýänim: bolup geçdi ol
Ýap-ýagty, güneşli gündi
Heniz Maý juwandy,
ah hoşamaý Maý!
Näzik mekgejöwenleriň
Kesgin baldaklarnyñ arasynda
Heniz gülälekler ýarmandy toprak
Heniz ýarylmandy soñky ýumurtga
Terk etmändi hiç bir guş öz taýyny

Munuň nämedigin aýdyp bilmerin
Emma bir bilýänim: geçdi-de gitdi
Güneşli Maý bilen sumat boldy ol
Lezzetli zatlaryň geçişi ýaly
Hem goýup gitdi
Öwrüp meni çal saç, sowuk bir garra.
avatar
2
9 Pero • 14:38, 09.01.2023
Mango,hoşamaý maý pikiriñi alypdym. Indem soñky wersiýañdaky
"Heniz ýarylmandy soñky ýumurtga. Lezzetli zatlaryň geçişi ýaly" pikirleñi haladym
avatar
1
10 Мango • 14:52, 09.01.2023
"Ýeke guş" däl-de "hiç bir guş"-y hem pikir edip gör.
avatar
0
11 Pero • 15:07, 09.01.2023
Näme diýmek isleýäniñize düşünýän. Emma beýtsem "Ýeke" sözüniñ örüsini daraltdygymyz bolmazmy
avatar

Старая форма входа
Total users: 202