Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:26
Mirage / Salgym
MIRAGE

The hope I dreamed of was a dream,
Was but a dream; and now I wake,
Exceeding comfortless, and worn, and old,
For a dream's sake.

I hang my harp upon a tree,
A weeping willow in a lake;
I hang my silent harp there, wrung and snapped
For a dream's sake.

Lie still, lie still, my breaking heart;
My silent heart, lie still and break:
Life, and the world, and mine own self, are changed
For a dream's sake.

SALGYM

Arzuw eden umydym - düýş
Ýöne bir düýş eken-ä.
Juda oñaýsyz,
Surnugan,
Hemem gartaşan halda
Oýandym men indi haçan?!
Düýş üçin.

Men agaçdan asýaryn
Öz arfamy
Zarynlaýan leýlisaçdan kölçede.
Ýygşyrylgy duran,hemem döwülen
Ses-üýnsiz arfamy asýaryn ondan
Düýş üçin.

Aldan,aldanyber ýykylan göwnüm
Ümsüm ýürek aldanyber hem çat aç!
Durmuş,dünýä hut özümem çalşyldym
Düýş üçin.

© Christina ROSSETTI

Terjime: © Meñli AŞYROWA

*Bellik: arfa
[a:rfa], at.Ýaý şekilli, kirişli gadymy saz guraly.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 48 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Christina Rossetti | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Medicall • 00:42, 10.01.2023
*leýlisaçdan *kölçede. -, kölgede bolmalymyka?!
avatar
1
2 Мango • 02:27, 10.01.2023
Lie still - hereketsiz ýatmak - diýýä gugl daýy.
sen näme üçin "aldan" diýip alýoň?
avatar
0
3 Мango • 02:39, 10.01.2023
Kapiýasyz-a bolýa welin....
(terjimäňi kakyş-kukuş etmäge belki peýdasy deger)

SALGYM

Arzuw eden umydym - düýş
Ýöne bir düýş eken-ä.
Indem oýanýan birahat, surnugan,
Gartaşan halda
Bir düýş ugruna.

Asýaryn agaçdan öz arfamy men
Köl boýunda zarynlaýan leýlisaç;
Asýan ondan dolanan, döwülen sessiz arfamy
Bir düýş ugruna.

Rahat ýat, rahat ýat, bozuk ýüregim
Ümsüm ýüregim, rahat ýat hem çat aç!
Üýtgedi durmuş, dünýä hem meň özüm
Bir düýş ugruna.

"Düýş üçin"-e wariantlar
1) Düýş hatyrasyna
2) Düýş hatyryna
3) Bir düýşden ötri
4) Bir düýş sebäpli
avatar
0
4 Pero • 08:19, 10.01.2023
Lie sözüniñ iki manysy bar:ýatmak;aldamak,aldanmak.
dream -yñ hem düýş we arzuw diyen manylary bar. Indiiiiii şu sözleriñ iki manylary hem gelişýär. Mango,googldakydan habarym bar. Emma maña iñlis dilini gowy bilyän biriniñ kömegi gerek. Yogsam googla doly ynanyp bolmaya...
avatar
0
5 Pero • 08:23, 10.01.2023
ayaldogan,köl sözüni kölçe dp aldym
avatar
0
6 Pero • 08:39, 10.01.2023
Mango,siziñ wariandyñyz hem gowy bolupdyr. Ynanyñ,şolaryñ hemmesini goyup gördüm,iñ soñky gelen netijämem yokarky boldy. Bellikleriñiz üçin bolsa köp sagboluñ! Emma bu terjime çigligine galýar. Dream we lie sozleriniñ haysy manysyny almak babatda...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202