06:45 Men nä bu ykbaly diläp aldymmy?! | |
MEN NÄ BU YKBALY DILÄP ALDYMMY Men nä bu ykbaly diläp aldymmy?! Dilenip alnany bormy derdiňem. Men gussamyň nämedigni soradym, Bagtly bolmak hakda gürrüň berdiler. Kalbymdaky aýdylmadyk aýdymy Çem gelene aýtmakçydym, dözmedim. Ýalňyşlygym — goşgy ýazýan gyzdanam Filosofiýa gözledim. Bigäne günleriň ötdügi bolsun, Köňlüm içre mährabymdyň syndygym. Sen bilýäňmi, bu dünýäniň ýüzünde (Tirkişmyrat ady bilen tanalyp), Martin bolup ýaşamagyň kyndygyn. Men nä bu ykbaly diläp aldymmy?! Dilenip alnany bormy derdiňem. Men gussamyň nämedigni soradym, Bagtly bolmak hakda gürrüň berdiler. Nesil gazeti 2024-nji ýylyň 2-nji marty. © Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |