Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:24
Men oba gideýin
MEN OBA GIDEÝIN

Men oba gideýin,menziller aşyp,
Aýagyma sürtüp ýollañ çañlaryn.
Ýogsa çagalygym,dodak kemşerdip,
Oturandyr aşagynda dalbaryñ.

Ol meniñ geljegmi bilýändir hökman,
Hem gorkusy bardyr gelmezligimden.
Märekäñ içinde azaşman,ýitmän,
Şäheriñ gujagna ýerlemegimden.

Dessanlañ gatyndan çykan hüýr kimin,
Gysganyp paýtagtyñ gözellerinden.
Ýasama gözýaşly,ýalan gülküli,
Gorkýandyr,
Bir ýigde öwrülmegimden.

Bilýänem däldir ol,öz arzuwlarny,
Mawy ýaglykly gyz talap gidenin.
Isleýändir diñe basym gelermi,
Arzuwlarym bolsa özgerdi meniñ.

Garaşyber,garaşyber gelerme,
Men hökman bararyn irde ýa giçde.
Ýöne,düşün,gelmez öýdüp gorkma-da,
Dünýe seniñ arzuwlarña meñzeş däl.

Ah,erteki bilen beýnisi bekän,
Ynanýañ sen ynanmasyz zada-da.
Ullakan bir gämiñ kapitanykañ,
Sada-da...

Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW.
Esger gazeti,2022-nji ýylyñ 20-nji oktýabry.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Tirkişmyrat Nurýagdyýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202