Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:42
Не надо бояться...
Не надо бояться...

Не надо бояться густого тумана.
Не надо бояться пустого кармана.
Не надо бояться ни горных потоков,
Ни топей болотных, ни грязных подонков.

Умейте всем страхам в лицо рассмеяться —
Лишь собственной трусости надо бояться.

Не надо бояться тяжелой задачи,
А надо бояться дешёвой удачи.
Не надо бояться быть честным и битым,
А надо бояться быть лживым и сытым.

Умейте всем страхам в лицо рассмеяться —
Лишь собственной трусости надо бояться.
©Евгений Евтушенко

Gorkmaň hiç zatdan...

Gorkmaň siz goýras dumanyň çygyndan,
Gorkmaň siz taňkyran jübiň düýbinden,
Hem eýmenmäň belent daglaň silinden,
Ne näkesiň pyglyndan, ne batganyň lüýgünden.

Howsalany kowuň gülkiňiz bilen
Diňe öz gorkyň—özüňe duşmandyr, biliň!

Kynçylykdan gorkmaň, ejizlemäň hiç,
Ýeňil üstünlikleň mydam soňy puç,
Gorkma halalllykdan hem ýenjilmekden,
Gork kezzaplykdan hem aşa doýmakdan.

Howsalany kowuň gülkiňiz bilen
Diňe öz gorkyň—özüňe duşmandyr, biliň!
© Ýewgeniý Ýewtuşenko

Rus dilinden terjime eden
©Kakajan Balkanow
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 167 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Евгений Евтушенко | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
0
1 Kyyas • 20:39, 15.07.2023
Bu goşgyny Kerim Hally has owadan edip terjime eden ekeni:))) emma terjime diýmändir oöýdýän
avatar
0
2 Балканов • 21:15, 15.07.2023
Onuň terjimesiniň nusgasyny görkezip bilmersiňizmi?
avatar
1
3 Мango • 22:15, 15.07.2023
“Galamdaş” döwri Maksat Seýitliýew aşakdaky terjimäni goýan eken.
Men kopiýalap alypdyryn. Paýlaşýan.

Çekinme, toz-topur goýy dumandan,
Çekinme, kiseleň boşamagyndan
Çekinme, daglardan inen sillerden,
Ymgyr batgalardan, ýaman illerden.

Çekinme, durmuşyň kyn synagyndan,
Çekin, üstünligiň arzan nyrhyndan!
Çekin, ýalan sözläp, gurply gezmekden,
Çekinme, rast aýdyp, şarpyk iýmekden!

Ähli kynçylyga wehimsiz seret,
Diňe öz gorkyňdan çekinmek gerek!

Terjime: Maksat Seýitliýew
avatar
0
4 Kyyas • 22:51, 15.07.2023
GORKMAK GEREK DÄL...

Gorkmak gerek däldir, gara dumandan,
Gorkmak gerek däldir, jübiń boş çagy.
Beýik sepgitlerden gorkmak gerek däl,
Batgalykdan gorkan, zabyz etmez dagy.

Söýmek-söýülmekden gorkmak, gerek däl,
Gorkmak gerek ýalan, gybatdan şerden.
Ömürlik bir zatdan gorkmaly bolsa,
Enäń gözýaşyndan heser et, her dem.

Gyşyñ añzagyndan, gorkmak gerek däl,
Gorkmak gerek kalbyñ sowaşmagyndan.
Heder et dosturap ýüzüñe gülip,
Şol dostuñ arkañdan söweşmeginden.

Gorkmak gerek däldir, daýaw göwreden,
Içini pis basan, kiçijikden gork.
Hiç çekinme, hiç çekinme wepa berjek köpekden,
Goh edip, boş üýrýän güjüjekden gork.

Mazarlykdan gorkma, gorkma ölümden,
Dirilerden hergiz ätiýaçly bol.
Özüñkini ýitirmeklikden gorksañ,
Özgäñ malyna-da, uzatmagyl gol.

Ilkinji nobatda özüñe ynan,
Dyz çökmek gerek däl özgäñ öñünde.
Ýoldaky böwetden, gorkmak ne derkar,
Ynam ýaşap ýörkä ýeriñ ýüzünde.

Gorkmak gerek däldir, agyr zähmetden,
Ýeñil üstünlikden gorkmaklyk gerek.
Çekinme urgudan, dogruçyllykdan,
Damja ýalan gepden, gork oña derek.

Sen ýetip bilmeseñ, beýik sepgide,
Bardyr onuñ özün ýetirmeklik hem.
Öñe ýöremekden gorkmagyn hergiz,
Gorkmak gerek ýoluñ, ýitirmeklikden.

Gorkyñ ýüzine gül, gaçmagyn kyndan,
Gorkmak gerek diñe, içki gorkyñdan!

Kerim HALLY

Öz adyndan goýan bolaýmasa men anyk bilemok
avatar
0
5 Medicall • 23:11, 15.07.2023
Kerim bu daýyny özüne meñzeş görüp goşgysynam göni öz adyna geçiren bolmaly-da, ýalñyşmasam kitabyda bolmaly Kerim Hallyñ..
(dayy suratynda Kerime meñzäp düşüpdir)))
avatar
0
6 Kyyas • 07:49, 16.07.2023
:)) meñzeşlik bar
avatar
0
7 Балканов • 08:51, 16.07.2023
Kerim ikimizi plagiatlykda aýplamaýanyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýän
avatar
0
8 Kyyas • 09:54, 16.07.2023
Şu gün maña bir zatlar bolýa haýsy saýta barsam göwnüme çiglik gider ýaly sözler. Elbetde men plagiatlykda aýyplamok.
Terjime edip bilemok üstesinede goşgynam oñly ýazyp bilemok. Onsañ men nä sebäpden bir kişini tankytlap ýa-da kemini tapyp bilerin...
avatar
0
9 Medicall • 10:41, 16.07.2023
Kyýas, dogan, size mundan başga haýsy saytda näme diýenlerinden habarymyz ýok, emma bu ýerde @Balkanow terjime etmek bilen goşgyny öz adyñdan goýmak ikisini garyşyk düşünen ýaly. (mönsiremegem gowy häsiyete meñzänok, aşa gödekligem, ikisiniñ aralygynda altyn aralyk bolmaly, şol hãsiýete ýetip bolaýsady! Bu ýazanym gep kakdyrmak däl-de size-de, @Balkanowa-da degişli, Aslynda Kerim Hally gorkmak gerek dãl goşgyny öñki ýazan şahyrdan has "giñişleýin" görnüşde gaýtadan ýazmak bilen has meşhur boldy dälmi?! Bilip añyrsyna-da geçýäris-a barymyzam) Kerim Hallyny ýuwmarlamak geregem dãldir belki ? Ýa-da Kerim Hally hakykatdanam öñ geçen asyrlarda şonuñ ýaly goşgyny ýazan şahyryñ bardygyny, gorkmak gerek däl goşgyny özünden õñ yazylanyny bilmän ýazaýdymyka hä?! Belki Kerim Hally Alla tarapyn gursagyna guýulyp, ol Şahyry gaýta ýazaydymyka?! Bolubam biler, bolmanam... Bilýän belli zadymyz Kerimden bir asyra golaý öñ ol goşgyñ ýazylanlygy...

@ Kyýas, siz bärde hiç zady göwnüñize almañ, "goşgy ýazyp oñaramok" diyip gaýtalabam ruhdan düşmäñ, gaýta gowy ýazmaga synanyşyñ. Siziñ goşgularyñyz barada aýtsam, gowy diyjek bolyan, diyyãn zatlaryñyzam bar, ýöne nähili-de bolsa bir ylahylyk ýetenok size. Siz dünýewi "söýgileriñ" arasynda elewräp, göwnüñiz "magşuklaryñ" sõýgüsine intizar elenip ýörene meñzeýär. Şo "sõýgileriñiz" ornuny hak yşky bilen çalyşan pursaty siz başga birine öwrülip ýazyp başlarsyñyz.! Esasy zat sizde ýazmaga yhlas, giñlik, geçirimlilik, täzeçillige ymtylyş bar, hiç kimiñ aýtmadygyny aýdýan setirleriñizem ýok däl emma esasy etmeli zadyñyza bärräkden gaýdañyzsoñ goşgularyñyz isleýşiñiz ýaly çykanok, şo dünýewi "söýgilileri" biraz kemeldip, ylahylyk bilen utgaşdyrmaly ýaly.... Onuñ üçinem özüñize ÖZÜŇIZI özüñizden başga tapyp berip biljek ýokmuka diyyãn. Goşgularyñyz barada ýazanlaryma dogry düşünmäge çalyşsarsyñyz diyip umyt edýärin, ýazyñ, galamyñyz kämil eserleri döretsin!
avatar
0
10 Балканов • 13:19, 16.07.2023
Kyýas salam!
Eger men Siz bilen gödek gepleşen bolsam, meni bagyşlaň! Meň Siziň göwnüňize degmek asla niýetimde ýok. Edil şular ýagdaýda men özümi oňaýsyz we müýnli duýýan, soň-soňlaram adamyň göwnine degendirin diýip ahmyr çekip ýörün. Birek-birek tanalýança, elbetde, şular ýaly kiçiräjik näsazlyklar bolmalydyr-da.
Sab boluň, ýene bir gezek ötünç soraýan.
Galamyňyz ýiti bolsun!
Üstünlikker dileg edýärin!
avatar
0
11 Kyyas • 14:35, 16.07.2023
Minnetdar!
Düşünýän, men Poeziýa Gic gelmegim we käbir sebäplerimiñ ýetmezçiligi bar...
Ýene bir gezek sag boluñ!
avatar
0
12 Kyyas • 14:44, 16.07.2023
Ýok. Men öýke kine saklaýan kişilerden däl.
Üstesine Terjime eden goşgularyñyzy hem höwes bn okaýan.
Esasy siz höwesden gaçmañ!
Terjime edilen goşgynyñ esasy nusgasy ýaly etmegi başarsañyz oña ýetesi zat ýok!
Men bir gezek bir goşgy okapdym, terjime edilen kimiñ terjime edeninem bilemok welin şol terjimeçä ussat terjimeçi ekeni diyýip baha beripdim.
Sizdede şeýle terjimeleriñiz az däl. Nesip bolsa has gowulary çyksyn diýip garaşýan.
Üstünlik!
avatar
0
13 Балканов • 16:49, 16.07.2023
Sag boluň, minnetdar.
avatar
0
14 sylapberdimuhamov • 12:23, 17.07.2023
Poeziya hakda gürrüñ edeniñizde käbir gurrumsaklaryñ adyny hem agzamajak boluñ!
Ya-da ine şol masgarabazyñ adyny aýtsañyz üç gün dagy poeziya hakda gürrüñ etmäñ!
avatar
0
15 sylapberdimuhamov • 12:24, 17.07.2023
Bu SylapberdiMuhamowdan Рецепт. Hemmäñize hem Respect!!!
avatar
0
16 Мango • 12:50, 17.07.2023
näme-de bolsa edil beýem diýmeli dälmikä diýýän...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202