Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:50
Niýet
NIÝET



Matlap, maksat, bir zada köňlüň bilen ýönelmek manylaryny aňladýan niýet, bir işi etmegi ýüregiňe düwmek we bütin kalbyň bilen oňa ýönelmekdir.
Niýet arkaly ynsan, nirä ýönelendigini, näme isleýändigini biler we onyň bilen matlabyna ýetmek aňyny gazanar.
Ynsanyň, ähli amallarynyň esasy niýetdir. Hatda älemde we ynsan nebsinde hemme zat, başlangyç hem-de dowamlylyk taýyndan niýete degişlidir. Şonuň üçin niýet, ynsanyň ýagşylyklary we erbetlikleri taýyndan-da uly ähmiýete eýedir. Arassa niýet arkaly ençeme kiçijik işler ulalar, bir dänekä müň sümbül, bir damjaka bir derýa bolar. Niýetiň erbet bolmagy sebäpli bolsa, daglar ýaly belent we uly zähmetler netijesiz we önümsiz galar.
Hawa, niýet şeýle bir maýadyr, “ýok” onuň bilen “bar” bolup şöhlelener, bar ýaly görnen zatlar hem niýetiň ýaramazlygy sebäpli ýok bolar we täsirsiz galar.
Niýet, bu çäkli we wagtlaýyn dünýäde, çäksizlige ýol açan syrly bir açar we wagtlaýyn bir ömürde ebedi sagadaty ýa-da azaby netije berjek bir dildir. Bu guraly ýagşy ulanan wezipeşynaslar, durmuşlaryna ýagtylyk we nur çaýyp ebedi bagta gowuşarlar.Çünki, gündelik, hepdelik, aýlyk wezipeler çyn ýürekden berjaý edildigiçe, olardan hasyl boljak sogaplar, diňe amal edilen wagtyna degişli galmaz, tutuş ömrüni gurşar. Bu hakykat Pygamberimiziň bir hadysynda şeýle beýan edilýär
Kyýamat-magşar güni, Allahyň huzuryna bir gul getiriler, adamyň belent daglar ýaly ýagşy amallary bar eken. Ýöne şol pursat, -pylanyda haky bar kişiler gelip ondan hakyny alsyn- diýen ses eşidilýär.Bu sesden soň bir giden kişi gelip, adamyň ýagşy amallaryndan hak-hukuklaryça alyp äkitdiler. Ahyry adamyň ýagşy amallary tükenip aljyraňňylyga düşende, Allahutagala oňa “meniň dergähimde saňa degişli şeýle bir hazyna bar, ondan perişdeleriň hem-de gullarymyň habary ýok ” diýdi.
Adam “Eý Rabbim, o nähili hazyna?” diýip soranda, keremli Allah oňa “bu hazyna seniň niýet edip-de amal edip bilmedik ýagşylyklaryñdyr. Olaryň her biri üçin depderiňe ýetmiş esse sogap ýazdym,” diýýär.
Bu düşündirişden ugur alsak, niyetiň wagty niýet edilen işiň we ybadatyň başy bolup, niýetiň amala ýakyn bolmagy gereklidir.

AMALLAR NIỲETLERE GÖRÄDIR

Resulallah (s.a.w.) şeýle buýurýar:
"Amallar niýetlere görädir. Her kime diňe niýet eden zady bardyr. Her kimiň hijreti Allahyň we Resulynyň razylygy üçin bolsa, onuň hijreti Allaha we Resulyna tarapdyr. Her kim-de, dünýewi bir bähbidi ýa-da nikalanjak bir aýal üçin hijret eden bolsa, onyň hijreti (Allanyň we Resulynyň razylygy üçin däl), hijretine sebäp bolanadyr. (Buhary, Müslım, Ebu Dawud).
Mekgeden Medinä her kim diňe Allah üçin hijret eden döwri, ady aýdylmaýan bir sahaba bolsa, Ümmü Kaýs adynda bir aýaly gowy göreni üçin hijret edendigi Pygamberimize aýdylanda, Serwerimiz ýokardaky sözleri aýdýar. Pygamberimiz bu ýerde umuman hijret barada aýtsa-da ýöne, hadys yslamyň iň möhüm esasy we iň ýokary hakykaty bolan niýet meselesi baradadyr.
Hawa, diňe hijret däl, ähli amallar niýetlere görädir. Ynsan hijret etmek isläninde niýeti, diňe Allah we Resuly bolsa, munuň gaýtargysy hökmünde Allah we Resulyny tapar. Bu namazda, orazada, zekatda hem beýledir. Her bir eden işini Allahy razy etmek maksady bilen amal eden ynsan, hemişe Allahy hemaýatçy hökmünde ýanynda görer. Allahyñ bu hemaýaty, rehim-şepagaty gabyrda, haşyrda, syratda hem dowam eder.
Niýeti Allah bolmadyk bir ynsan, ähli gujur-gaýratyna, zähmetine garamazdan, dünýewi zatlary baş maksat edinse, gören görgüleriniň, muşakgatlarynyň gaýtargysyny alyp bilmez we hemmesi zaýa bolar. Sebäbi, gara nebsine gulluk eden, dünýewi lezzetleri, bähbitleri baş maksat edinen, wyždanynyň we ruhunyň sesine gulak asmaýan bir ynsan, ömrüni bihuda tükeder we ähli hal-hereketini Allahy razy etjek bolup jan eden bir ynsanyň ýeten netijesini gazanyp bilmez. Şonuň üçin Pygamberimiz başga bir hadysynda-da, “Müminiň niýeti amalyndan haýyrlydyr” diýip, nygtaýar. Çünki ynsan, näçe gaýrat etse-de, niýetindäki amalyna ýetip bilmez. Allah çäksiz keremi we rahmeti bilen edilen amaldan zyýada ýüregindeki niýetine görä baha berýär. Şonuň üçin ynsanyň niýeti, eden amalyndan has artyk bolar. Bu nukdaýy nazardan müminiň niýeti amalyndan has haýyrlydyr.

NIÝET ADATY YBADATA ÖWÜRER

Niýetiň iň esasy aýratynlygy we peýdasy, adaty bir işi ýönekeý bir amal bolmakdan çykaryp, ony gadyrly we sogaply bir ybadat derejesine çykarmagydyr. Bu sebäpli niýet, kuwwatly bir melhem we täsirli bir dermandyr. Ỳagny:

Niýet, gündelik ýönekeý endikleri, işleri sogaply ybadata öwürýär.
Haýsydyr bir amal Allahyň ryzasyny gazanmak we garşylygyny hem diňe Allahdan garaşmak niýeti bilen edilse, örän hatyraly we sogaply ybadat ýerine geçýär. Şol bir amal beýle bir niýet bolmazdan edilse, ýönekeý bir adatlygynda galýar we sogaby hem bolmaýar. Eger şol amal Allahdan başgasyna görünmek üçin edilse, bu gezek hem amaly eden kişä peýda ýerine zeperi degýändir. Meselem:
Irden agşama çenli aç galmak, eger Allah üçin oraza tutmak niýeti bilen bolsa, gadyrly bir ybadat we sogaply bir amal hökmüne geçýär. Bu açlyk, diňe nebsiňi terbiýelemek we ony haýwany arzuwlardan uzak tutmak ýa-da berhiz etmek maksady bilen bolsa, ýönekeý bir adat bolup, onuň sogaby ýokdur we netijede ynsanyň diňe aç galdygy bolar.
Iýmek, içmek we uklamak ýaly adatlar Allahyň öňündäki borçlaryňy has dykgatly we kemsiz berjaý etmek üçin bolsa ybadat hasaplanar we kişige sogap gazandyrar; beýle bir niýet bolmadyk ýagdaýynda, bular ýönekeý adat bolmakdan aňryk geçmezler.
Süýji ukudan geçip, tutuş gijäni namaz we Kuran okamak bilen ötürmek Allah üçin bolan wagty ybadat hökmüne geçip, bihasap sogap gazandyrýan bolsa; beýle bir maksat bolmazdan ukudan galmagyň ynsana gazandyrjak peýdasy ýokdur we ynsan beýle etmek bilen diňe ukysyz galdygy bolar. Uklamazlyk bolsa, hiç hili oňat ahlak we adamkärçilik sypatlarynyň arasynda bolmaýşy ýaly hiç hili ybadat hem däldir.
Metjide girip, ol ýerde galmak hem şeýledir. Ybadat niýeti bilen bolsa, Allaha ýakynlaşmak üçin gymmatly pursat bolşy ýaly; diňe dynç almak niýeti bilen bolsa, ýönekeý gündelik işlerden tapawudy ýokdur.

Amallara niýetlere görä baha berilýär.
Meselem: Ỳuwunmak hem bir amaldyr. Parz ýa-da sünnet bolandygy üçin ýuwunmak ybadat hasaplanýan bolsa; diňe tämizlik üçin ýuwunmak ýönekeý bir amaldyr. Munuň bolsa, sogaby ýokdur.
Ylym bilen meşgullanmak, örän köp çykdajy edip kitap alyp okamak, eger Allahyň razylygyny gazanmak, nebsi we nesli terbiýelemek ugruna we hakykatlary, oňa teşne köňüllere doldurmak üçin bolsa, örän oňat amal, peýdaly bir meşgulyýet we örän ajaýyp miweli bir ybadatdyr. Hat-da, Ymam Şafygy Hezretleriniň sözlerine salgylansak, hakyky bir ylym muşdagynyň ukysy hem ybadatdyr. Beýle bir niýet bolmadyk ýagdaýynda, ömrüni ylym bilen geçiren kişiniň ýanynda hiç kime nepi bolmadyk tejribe we amalsyz maglumatdan başga zat galmaz. Çünki diňe bilmek üçin okamak ne bir ybadatdyr, ne-de ynsana Ỳaradanyň razylygyny gazandyrýan ajaýyp bir ahlak aýratynlygy... Eger ylym öwrenmek başga kişileriň hormatyny gazanmak üçin ýa-da bir kysym meseleleriň çekeleşiginde garşy tarapy ýeňmek maksady bilen bolsa beýle ylmyň öwrenilmegi ikiýüzlilikdir we uly günädir. Çünki beýle bir amalyň (Allahdan başga kişileriň hormatyny gazanmak üçin edilýändigi sebäpli) şirk bolmagy örän mümkindir.
Örtünmek hem şeýledir. Allahyň emri bolandygy üçin ýa-da juma we baýram namazlarynda bolşy ýaly Allahyň huzuryna has gözel ýagdaýda çykmak üçin bolsa, ybadatdyr. Ỳelden ýa-da Günden goranmak üçin örtünmek ýa-da başga kişilere gowy görünmek üçin örtünmek bolsa ybadata girmeýär. Sogaby-da ýokdur.
Nika barada aýdylanda hem şeýledir. Özüňi haramlardan goramak, Watana, halka hyzmat etjek nesliň we adamkärçilik we ahlak sypatlaryny täzeden dikeltjek göreldeli musulmanlaryň köpelmegine goşant goşmak, namysly ömür sürmek we Yslama has oňat we rahat hyzmat edip bilmek üçin öýlenmek ybadatdyr. Bular göz öňünde tutulmazdan gyýylan nikalar bolsa, ýönekeý bir amaldyr.

Niýet, ýagşy zatlary erbede, erbet zatlary hem oňatlyklara öwürip bilýär.
Ỳagny, käbir ýagşy işler erbet niýetler bilen edilende erbet amallara öwrülýän bolsa, käbir erbet işler hem başga çykalga tapylmadyk pursatlarynda, oňat niýet bilen edilende, haýyrly bir amala öwrülýär. Ỳaralanyp, ganlar içinde ölen näçe ynsan bardyr, olar barada beriljek höküm bolsa, niýetlerine görädir. Ölümleri dini ýaýmak we beýgeltmek üçin bolsa, şehit hökmüne geçerler. Ỳogsam-da, diňe bir ölüdirler.
Şeýtan ynsany günä we haram işlere ýöneltmek üçin onuň hyýalyna erbet güman we şübheler getirmek bilen, Allaha we onuň dinine pugta bagly ynsanlaryň (Onuň waswasalaryna gulak asmazlyk we ony ýanlaryndan we hyýallaryndan kowmak bilen) sogaplarynyň artmagyna we jennete girmegine sebäp bolýar. Emma şeýtanyň niýeti bozuk bolandygy üçin Dowzahda ebedi azap çekjekdir.
Kişiniň amalyny diňe Alla üçin etmegine yhlas hem diýilýär. Munuň manysy bolsa, edilen amaly diňe Allahyň razylygyny gazanmak üçin etmek we garşylygyny hem Ondan garaşmakdyr. Muňa görä, amallaryň gadyrynyň artyp, eýesine ebedi bagtyýarlygy gazandyrmagy üçin parzlaryň Allahyň buýrandygy üçin edilen bolmagy, haramlaryň Allahyň berk ýazgarandygy üçin terk edilmegi, sünnet bolanlarynyň hem Resulullahyň sünnetidigi üçin berjaý edilmegi hökmanydyr.
Niýet örän derwaýysdyr we uly-kiçi her dürli haýyrly işiň we peýdaly amalyň başynda ýagşy niýet bardyr. Şeýle bolsa, ynsanyň ömrüniň, ýaşaýşynyň hem bir niýeti we maksady bolmalydyr.
Ynsanyň esasy pikir we hyýaly öz imanynyň we töweregindäki ýakynlarynyň imanlaryny halas etmäge we goramaga çalyşmak bolmalydyr. Hat-da her hadysa bu nazar bilen seretmeli, her meseläni bu babatda ele almalydyr.
Bir kişi üçin gözüni dikip, bir pursat hem gözden salynmajak iň dogry maksat we elde edilmek islenjek iň ajaýyp netije, ýeke iman hakykatyny dünýä baýlygyna çalyşmajak bir nesil ýetişdirmek bolmalydyr. Bu ýagdaýda, maksat birdir. Jeňler, ýesir almalar, okuw bilen meşgullanmalar, dolandyrmak we ş.m zatlaryň bary maksada eltýän ýollardan ybaratdyr. (asyl maksat däldir.) Şeýle bolsa biziň hem durmuşymyzyň bir maksady we bu maksat üçin edilen ähdi-peýmanymyz bolmalydyr.
Her dürli ruhy näsaglyklardan halas bolup bagtyýar ýaşamagyň hem ýeke-täk çäresi Muhammet Pygamberi tanamak, söýmek we getiren esaslaryna pugta sarylmakdyr.
Ynsan her hereketini ýagşy niýet bilen etse we şeýle ýaşasa; ol wagt ynsan ömrüniň sekuntlary ahyrýetde ýyllaryň gymmatyna barabar bolar, adaty işleri örän ajaýyp netijesi bolan ybadat derejesine çykar we ynsan bu ýagdaýda adaty bir mahluk bolmakdan çykyp Yslamyň beýik sypatlaryna eýe, ebedi bagtyýarlygy gazanan we Hak Tagalanyň söýgüli guly bolmaga laýyk mertebä göteriler.
Öz üstüne düşen borçlaryny berjaý etmäge gaýrat edýän we Kuran hakykatlaryny ýaýmagy ömrüniň manysy hasaplaýan Allahyň söýen bu jemagatyna, ahlak ölçegleriniň ýer bilen ýegsan bolan şu döwründe has artyk mätäçlik duýulýandygy aýdyň hakykatdyr.
Goý, Gudraty güýçli bizleri hem bu ýagşyzadalardan ybarat jemagat içinde ýaşatsyn we kyýamat-magşar gününde bizleri hem bu ýagşyzadalar bilen bile direltsin. Amin.

JENNET ÝAGŞY NIÝETIŇ NETIJESIDIR

Sowal: Ynsan, san-sajaksyz nygmatlaryň gaýtargysyny çäkli we ýönekeý şüküri bilen nädip ödäp biler?
Jogap: Külli bir niýet we çäksiz bir ynam-ygtykat bilen. Meselem, bir adam nähili bäş manatlyk bir sowgat bilen patyşanyň huzuryna girer. Ýöne ol, hormatlanýan adamlardan milýon esse gymmat bahaly sowgatlaryň getirilenini göreniňde, öz-özüne: “meniň sowgatym hiç bolup galdy, nädeýin-de” diýär. Birdenkä, “Eý Perwerdigär! Şu gymmat-bahaly sowgatlary öz adymdan size hödürleýärin. Çünki sen olary laýyksyň. Eger meniň ygtyýarym, güýç-gudratym bolan bolsady, bularyň bir mislini saňa sowgat bererdim” diýýär.
Ynha hiç hili zerurlygy bolmadyk we raýatynyň özüne hormatynyň, sadyklygynyň alamaty hökmünde sowgatlaryny kabul eden ol patyşa, ol biçäräniň ýagşy we külli niýetini, arzuwyny, belent we ajaýyp ynam-ygtykadyny sowgat ýaly kabul eder.
Edil şonyň ýaly-da, ejiz, biçäre bir bende, namazynda diýer. Ýagny, ähli mahlukatyň durmuşlary bilen Saňa bagş eden gulluk sowgatlaryny, men öz hasabyma hemmesini Saňa hödürleýärin. Eger elimden gelsedi, olaryň mukdaryça tahyýýeler, salamlar Saňa hödür ederdim. Şeýle hem Sen olara we olaryň has artygyna laýyksyn. Ynha şu niýet we ynam-ygtykat, juda giň, çäksiz külli bir şükürdir.
Ösümlikleriň tohumlary, olaryň niýetleridir. Mysal üçin, gawun ýüreginde çigit görnüşinde müň niýet eder we “Eý Halygym! Seniň gözel atlarynyň nagyşlaryny ýeriň çar künjeginde yglan etmek isleýärin.” Haktagala, geljek zatlaryň nähili boljakdyklaryny bileni üçin, olaryň niýetleriñ edil ybadat eden ýaly kabul eder. “Müminiň niýeti amalyndan haýyrlydyr” hadysy bu syra yşarat eder. Şeýlelikde ynsan, eden ýagşy amallary bilen däl-de ýagşy niýeti bilen jenneti gazanar.

PERIŞDELER KIŞINIŇ ÝAGŞYLYK WE ERBETLIGINI NÄHILI ÝAZARLAR

Hezreti Süfýan b. Uýeýneden: „Bir ynsan bir işi amal etmäge niýet eder, soňra etmese şol kişi amal etmedik ýagdaýynda, Kiramen Kätibin perişdeleri ony nähili ýazýarlar?“ diýip soralanda, Ol şeýle jogap berdi:
“Ynsanyň ýagşylygyny we erbetligini, sogabyny we günäsini ýazan perişdeler gaýyby bilmezler. Ýöne ýagşy we haýyrly işi etmek niýetinden dänende, ondan müşki-ambary ýaly ýakymly yslar ýaýylar. Perişdeler bu ýakymly ysy duýan wagtlary şol kişiniň ýagşylyk etmek niýetindedigini aňarlar. Erbetlige niýet edinende bolsa, kişiden ýakymsyz ys ýaýrar. Bu ýakymsyz ys arkaly perişdeler şol kişiniň erbetlige niýet edinendigini aňarlar. Ýagşy amal niýet edineniňde, bende ony amal etmese-de perişdeler ol niýeti ýazarlar. Erbetlige niýet edineniňde bolsa, şol erbetligi amal etmese ýazmazlar.
Bu Allahutagalanyň bendesine keremi we yhsanydyr.”
Bölümler: Makalalar | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Pero • 09:38, 09.11.2023
PERIŞDELER KIŞINIŇ ÝAGŞYLYK WE ERBETLIGINI NÄHILI ÝAZARLAR

Hezreti Süfýan b. Uýeýneden: „Bir ynsan bir işi amal etmäge niýet eder, soňra etmese şol kişi amal etmedik ýagdaýynda, Kiramen Kätibin perişdeleri ony nähili ýazýarlar?“ diýip soralanda, Ol şeýle jogap berdi:
“Ynsanyň ýagşylygyny we erbetligini, sogabyny we günäsini ýazan perişdeler gaýyby bilmezler. Ýöne ýagşy we haýyrly işi etmek niýetinden dänende, ondan müşki-ambary ýaly ýakymly yslar ýaýylar. Perişdeler bu ýakymly ysy duýan wagtlary şol kişiniň ýagşylyk etmek niýetindedigini aňarlar. Erbetlige niýet edinende bolsa, kişiden ýakymsyz ys ýaýrar. Bu ýakymsyz ys arkaly perişdeler şol kişiniň erbetlige niýet edinendigini aňarlar. Ýagşy amal niýet edineniňde, bende ony amal etmese-de perişdeler ol niýeti ýazarlar. Erbetlige niýet edineniňde bolsa, şol erbetligi amal etmese ýazmazlar.
Bu Allahutagalanyň bendesine keremi we yhsanydyr.”
avatar
0
2 Medicall • 03:55, 10.11.2023
Juda ýerlikli hem gymmatly ýazgy. Alla ýalkasyn, ballym, ýetirip dur!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203