Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:48
Ogultäç Oraztaganowaly edebiýat agşamy

OGULTÄÇ ORAZTAGANOWALY EDEBIÝAT AGŞAMY

1-NJI BÖLÜM.

Bu gün 2023-nji ýylyň awgust aýynyň altysy. Ine ,bu gün hem paýtagtymyz Aşgabatdyň "Kämil bilim" merkezinde edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamynyň bu günki myhmany şahyr Ogultäç Oraztaganowa  boldy. Edebiýat agşamynyň açylşyny Myratgeldi şeýle sözler bilen başlady:
-Ilki bilen hemmäňize salam! Geçen duşuşygymyzda döredijilige gelşi barada temalardan başlap, aýratyn goşgylary diňlemäge gelenler bar , galyberse-de goşgular okap berjekleriňiz bar. Şeýle gitmegi maksada laýyk hasaplaýas. Onda näme edebiýat agşamyny "Açyk" diýip yglan edýän.
Zalda şowhunly elçarpyşmalar ýaňlandy . Soňra Ogultäç Oraztaganowa söze başlady :
-Salam mähriban doganlar! Meniň özüm köpçüligiň içinde çykyş edip ýörenem bolsam , şu wagt ilkinji gezek özüm barada gürrüň berjek bolýan. Şonuň üçin biraz aljyraýan. Aýyplaşmaweriň.
Şu ýerde Ogultäç Oraztaganowanyň gysgaça terjimehalyna göz aýlap geçeliň.
Ogultäç Oraztaganowa 1967-nji ýylyň 3-nji iýunynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda doguldy.
1974-nji ýylda şol obadaky 17-nji orta mekdebine kabul edilip , ony 1984-nji ýylda tamamlady. Şol ýyl hem Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine  okuwa girip, 1987-1990-njy ýyllar aralygynda  Leningradyň (häzirki Sankt- Peterburguň) Žnadow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde dowam etdirdi we üstünlikli tamamlady .
1990-1991-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň merkezi mugallymlary kämilleşdiriş institutynda işgär, 1991-1997-nji ýyllarda "Halk sesi" gazetiniň redaksiýasynda habarçy , 1997-1998-nji ýyllarda "Adalat" gazetiniň bölüm redaktory bolup işledi.
1998-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli "Galkynyş" gazetinde bölüm redaktory bolup işledi. Häzir bolsa "Watan" gazetiniň bölüm redaktory wezipesinde işleýär.
Şahyryň döredijilik we durmuş ýoly barada has giňişleýin maglumatlary geliň halypanyň öz dilinden diňläliň:
-Durmuşym barada aýdanymda üç sany oglum bar . Ýokary okuwy gutaryp geldim onsoň "Halk sesi" gazetiniň redaksiýasynda işledim. Agam bardy , Allaberdi Oraztaganow , türkmen dili we türkmen edebiýaty kitaplaryny taýýarlaýardy. Şol meni alym etjek bolup kän heläk boldy . Men oňa diýdim "Men bu çygra sygmaýan , serhetsiziräk men. Serhetliligi halamok " diýdim-dä. Birem häzir meni şeýdýän adamlaram bar ,(diýip ol  iki elini aşak göýberdi) şeýdýän adamlaram bar (-diýip iki elini ýokary göterdi.) Onuň üçin men hiç kimi günäkärlämok. Günäkärläbem bolmaýar olary. Men kim üçin gowy?! Düýn jorama "Sen gowy " diýdim-dä . Olam diýdi "Men  seň üçin gowy  ,pikir etme hemme adamlar üçin gowy däl men ,diňe seniň üçin gowy "diýdi-dä , joramyň şo pikirini gaty haladym. Şoň üçin şahyrlyk meselesinde-de meni şeýle gowy görýänlerem kän. Gijeler ýatman goşgylarymy okaýanlaram kän . Bilýän-dä. Meň özüm ýatamok , gijelerine üçden, dörtden bäri.  Onsoň käbirleri halamanam biler meniň goşgylarymy. Esasy durmuşda gowy görýän zadym bar, adamyň hemme arzuwlary amala aşmaýar . Üç sany oglum bar . Allajan näşükür däl. Mydama , durmuşa çykmankamam, gyzy gowy görýärdim. "Meniňem gyzym bolsady" diýip arzuw edýärdim. "Meniň şeýle gyzym bolsa "diýip goşgum bar . Gyzym ýok ýöne gyzy gowy görýän . Şol goşguny okap beräýin.
Şahyr şeýle diýip aşakdaky şygryny okap berdi.

Näçe söýsem az görünse,
Duýgusynda ar görünse,
Gözlerinde Aý görünse,
Meniň şeýle gyzym bolsa!

"Ah!" diýemde duýup bilýän,
Her dem Haka uýup bilýän,
"Käbäm bar-a!" diýip bilýän,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Bir enaýy bagty boljak,
Süleýmanly tagty boljak,
Tüm gijede ýagty boljak,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Gözlerinden kuýaş ýagýan,
Ýüreginde Güneş dogýan,
Maňa "Entek sen ýaş!" diýýän,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Bolsun onda dogan, gardaş,
Diýsin: "Gel-ä, bäbek gundaş!",
Gözlemesem başga syrdaş,
Meniň eziz gyzym bolsa!

Belki, eýýäm bardyr sizde!
Şatlyk bolsun ýürek, gözde,
Düşünýän kän ýeke sözde,
Meňem şeýle gyzym bolsa!.

Şowhunly elçarpyşmalardan soň Ogultäç gelneje sözlerini şeýle dowam etdi:
- Meniň özüm öýde aýdym-saz açyp tans etmegi gowy görýän-dä. Şonda çagalarym maňa "Eje, ýaşyňy bir bilýäňmi ?!" diýýärler . Menem "Ýok men entäk ýaş, men entäk garramok" diýýän-dä. Juwanlyk , ýaşlyk ,adamyň ýüreginde bolsa gowyda . Men köp ýyllap eje hakynda kän goşgy ýazdym. Sebäbi meniň şeýle bir mähriban ejem bardy. Hemmeleriň ejesi üýtgeşikdir ýöne meniň ejem gaty üýtgeşik aýaldy. Düşünjelidi, maňa düşünýän ejem bardy. Köplenç ýanymda bolýardy. Şonda ola iş edýärdi , menem goşgy ýazýardym.Ejeme bagyşlan goşgym bar , şony okap beräýin -diýip şahyr ine şu goşgusyny okady.

Uzak gün sen hakda oýlandym ýördüm,
Hüwdüleňden täsin heň ýasap eje!
Eger-de elimden gelýän bolsady,
Direlderdim seni dem ýasap eje

Geň bolup görünýär dogrysy maňa ,
Kakamdanam ýaşynjyrap ýörüşiň.
Elimize synny, keser tutduryp,
Diýýärdiň sen "Wagty geldi ýaryşyň!"

Yzyna dolanmaz indi o günler,
Gapymyza guşlar gelip saýramaz.
Menem ak alaňlaň üstüne çykyp,
Okan goşgym, dumly-duşa ýaýramaz.

Günbe-günden urgusyny peseldip,
Ýüregmiň ýarysy gitdi seň bilen.
Goşgulamdan geçip, şol günden bäri,
Aýdym aýdyp ýörün zaryn ses bilen.

Uzak gün sen hakda oýlandym ýördüm,
Hüwdüleňden täsin heň ýasap eje!
Eger-de elimden gelýän bolsady,
Direlderdim seni dem ýasap eje.

(1-nji bölümiň soňy, Dowamy bar)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 261 | Mowzugy paýlaşan: Isbirdenli | Рейтинг: 3.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 Medicall • 00:32, 11.08.2023
näme üçin baryny bile goýaýmaýaňyz? Suratlardakylar kimler onnoň?
meň çakym çak bolsa çetden ikinji duran, köýneginiň ýokarsynda gyzyl reňkli bar-a Mahym nurgeldiýewa bolmaly, bildimmi? öň göremok ýöne hiç ýerde
avatar
0
2 janjennet • 00:39, 11.08.2023
dowamyny okasyñ gelenok arasy bölünse
avatar
0
3 Pegas • 03:01, 11.08.2023
Ýokarky hatarda çepde gara kepkaly oglanyň ýanyndaky duran ýaşuly Çary Ataýew. Sag tarapda ýeke özi dik duran ýaşuly Döwlet Orazsähedow. Sagda aşaky hatarda oturan gara batnikli kel oglan Myratgeldi Hallyýew.
avatar
0
4 Aksary • 08:55, 11.08.2023
Gercek bu ýerde sen yokmy?
avatar
0
5 Okayjy_ • 10:51, 11.08.2023
Islendik adam gatnaşyp bilýämi ?
avatar
0
6 Garagalam • 10:52, 11.08.2023
Suratdakylarda daşyndan seredeniňde bir hili şahyranalyk duýulanok. Esasanam erkeklerde...
Şahyrlar, suratçylar adatylardan tapawutly bolaýjak ýaly...
avatar
0
7 Isbirdenli • 12:09, 11.08.2023
Suratdaky tanaýanlarymy tanyşdyryp geçeýin.
Sagdan ikinji , köýneginiň ýokarsynda gyzyl reňkli , kitaby görkezip duran Mahym Nurgeldiýewa.
Aşakda otyran gara köýnekli ,eli telefonly Myratgeldi Hallyýew.
Şonuň çep tarapynda oturan gyzymyz Annajemal Amanowa.
Gyzlaryň arasynda dik duran , ak köýnekli Döwlet Orazsähedow.
Ortadaky gülgüne köýnekli Ogultäç Oraztaganowa.
Şonuň ýanyndaky gök köýnekli Tawus Pirmedowa.
Aşakdaky ak köýnekli , gök jinsili oturan Gerçeknazar Amannazarow.
Ýokarky hatarda ak köýnekli , ýylgyryp duran ýaşuly Bekdaş Öwezow.
Ýokarky hatarda çepde gara kepkaly oglanyň ýanyndaky duran ýaşuly Çary Ataýew.
Şol ýerde ak köýnekli ýaş oglan Nury Sakçyýew.
avatar
0
8 Isbirdenli • 12:09, 11.08.2023
Islendik adam gatnaşyp bilýär.
avatar
0
9 Isbirdenli • 12:10, 11.08.2023
Aşakda ak köýnekli , gök jinsili oturan men.
avatar
0
10 Isbirdenli • 12:11, 11.08.2023
Bildiňiz, kitapçy saýtynda-da suraty bar.
avatar
0
11 Aksary • 13:50, 11.08.2023
http://kitapcy.ru/news....4-22430

Meñ açan mowzugym.şu salgyda
avatar

Старая форма входа
Total users: 203