Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:43
Ümsümje akyp dur sagat
ÜMSÜMJE AKYP DUR SAGAT


Ümsümje akyp dur sagat şyk-şyklap.
Biz iki başymyz.
Men
hemem okara gözleriň seniň.
Durduk uzyn bir nobata
bagtymyz üçin.

© Arwo METS.

Terjime: MANGO.

ТИХО СТРЕКОЧУТ ЧАСЫ...

Тихо стрекочут часы.
Мы вдвоём.
Я
и твои огромные глаза.
Мы встали в длинную очередь
за счастьем.

Арво Метс
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Arwo Mets | Рейтинг: 3.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
0
1 Мango • 16:04, 27.11.2022
biri maňa diýýän ýaly:
- ala göz däl. uly göz, umman göz, deňiz göz, äpet göz, käse göz, goýun göz, köşek göz......
- dogry. “ala gözi” düzedýän onda. огромный manysynda uly diýmän, käse göz diýäýjek onda. käse-de kiçi zat däl.
- ökje göterip durmak näme?aýak diräp durmakmy?togtamakmy?haýallamakmy?agsamakmy?umuman, bulaşyk.
- ökje götermek - arany açmak, uzaklaşmak manysynda ulanylýar.
стрекочут - göçme manysynda çaltlygam aňladýan ýaly.
şoň üçin wagt ökje göterýär, arany açýar… garaz, wagt akýar manysynda.
(şu ýerde dialog kesilýar.)
avatar
0
2 Мango • 11:02, 28.11.2022
Kone wariantyny bu ýerik kopiýalap, terjimäni täzeledim.

Ökje göterip dur wagt ýuwaşlyk bilen.
Ikimiz.
Men
we seniň käse gözleriň.
Uzyn bir nobata durduk
bagtymyz üçin.

—-

täzeleni:

Ümsümje akyp dur sagat şyk-şyklap.
Biz iki başymyz.
Men 
hemem okara gözleriň seniň.
Durduk uzyn bir nobata
bagtymyz üçin.
avatar
0
3 Medine • 15:52, 05.12.2022
Äpet göz nähili göz bolýara
avatar
1
4 Medicall • 02:15, 08.01.2024
-Käse göz gelşenok. Gözi okara deñediler, käsä deñediler. Jam ýaly diýselerem kabul edeýliñmi hää? Onda gas-gaty, mähirsiz göz ýada, düşýar. Bolanok şol! Deñiz, umman göz bolýaram. Bar deñizi ýatladýan gözler. Umman ýaly gözler. Gözi görüp käse ýa okara ýadyma düşeni hiç ýadyma düşenok-da.
Orsçasynda огромные diýýa, diýmek göze uly diýýan bolsa ol käsäñ ölçegindäki manyda aýdanok, gözüñ göwne uzaýan çuñlugyny, äleme seredýan giñligini aýdýa. Umman, deñiz ýaly manyda.

"gözüňi näme tegeleýäň okara ýaly edip" diýip gatyrganyp aýtsa-ha okara-da, käse-de bolýaram))

Gözde adamyñ göwni görünýar, şoñ üçin gözi käsä deñeseñ boş käsä ýa boş okara deñäb-a bolmaz, käsede süýt bolsa onda süýtli käse ýaly gözleriñ diýmeli bolýar, onsoñ oñ göwnünde problema çykýar: käsäñ ölçegi ýaly göwün dar göwün bolýar:)))
avatar
1
5 Medicall • 02:20, 08.01.2024
"Köşek gözleriñ" söze bir şahyrda köp duşýardym, ýa Italmaz Niryýewdi ýa-da Baýram Jütdiýew? Italmaz Nuryýew ýalydy öz-a.
"köşek gözler", "Maýa gözler" "owlak gözler" "goýun gözler" şular owadan gözler...
avatar
1
6 Мango • 11:27, 08.01.2024
ine şülary tapdym:
1) okara. [okoro], at. Nahar iýilýän kiçiräk agaç gap. Bar, okaram, gel, okaram, barmasaň, gelmeseň, ara ýolda döwül, okaram (Sanawaç). ‣ Okaraňy getir süýt bereýin kekene. Okara ýaly ullakan, balkyldap duran (göz hakynda). Onuň okara ýaly owadan gözleri bardy.

Hydyr aga hem ulanan eken (Gugulyň jany sawwolsun):
"...Gelnejemiň kakasyna Bäşim aga diýerdiler. Gözleri okara ýaly, gaty gürem däl, owadan sakgally, uzyn boýly, syratly, juda hudaýhon adamdy..."

hezilettim....
ulanylýonkenä.
avatar
0
7 Medicall • 11:40, 08.01.2024
beter begeniwem oturma: "gözüňi okara ýaly edip elek-çelek edip oturma" diýibem gowy edip aýdanoklar, okara-da gap-gaty, sop-sowuk, olam göwni dapba-dar görkezýär)

Hydyr aga agasy bolansoň aýdaýandyr, özem erkek adam üçin aýdypdyr,

Awro Mets daýy erkek adama aýdan däldir:

Мы вдвоём.
Я
и твои огромные глаза.

diýip.
avatar
0
8 Ýaran_Ýagmyr_99 • 07:30, 09.01.2024
"Goýungöz" diýlende reňki göz öňünde tutulýar (карие), owadanlygy däl. Çaşy gözli goja barada-da "goýungöz adam" diýip bolýar.

Mekdepdekäk okuw kitabynda Krupskaýa barada "goýungöz" diýip ýazylandy. Ýogsam onuň keseli sebäpli gözleri petrewikdi. Beýle gözler sagdyn ruslarda ýok diýen ýaly. Ýewreýlerde gaty kän. Şol boýunça tanap bolýardy.

Ullukan, kirpikmen gözli zenanlara gadymy grekler
"волоокая" (öküz gözli) diýerdiler (Meselem, Gera taňryça).

"Gözleri çebişiňki (baga bakylan çebişiňki) ýaly" diýeninde
türkmenler hökman owadanlygy däl-de, janly, çygly, şadyýan bakyşly gözleri nazarda tutýarlar (zenanlardaky). Horluk çekýän adama bolsa "gözi agaran" diýýärler.

Hindi, arap, pars, latyn, german, slawýan... jynslaryna degişli adamlaryň gözleri выразительный bolany üçin, hatda olar ýöntem adamlar bolanda-da özüne çekiji bolýarlar. Aziýa halklarynyň gözleri ýönekeý görnüşde bolany üçin olarda bu artykmaçlyk bolmaýar. Ýagny olaryň özüne çekiji bolmagy üçin hakyky kämillik (sözde, pikirde, işde...) talap edilýär.

Elbetde, özüňe çekiji bolmak beýle möhümem däldir, emma iň bärkisi ýaşlara bu wajyp.

Şonuň üçinem Hytaýda gözüni kosmetik operasiýa etdirýänleriň sany bar, sajagy ýok.
avatar
0
9 Мango • 10:45, 09.01.2024
Ýaran kaka, gözleriň ullakan manysynda "okara gözleriň seniň" diýip bilýäk geräm? şony anyklap bersene.
avatar
0
10 Mekan2 • 12:03, 09.01.2024
Men-ä (şeý diýip) bilýäs diýip bilýän.

"Jeren gözem" bar balkyldap duran.
avatar
0
11 Ýaran_Ýagmyr_99 • 12:03, 09.01.2024
Öňem aýdyşym ýaly "sulh" (вкус) diýip bir zat bar. Ol asyrdan asyra, nesilden nesle, jemgyýetden jemgyýete üýtgeýär. Her sözi ýerlikli ulanmak üçin inçe, nepis, duýgur sulhuň bolmaly (hakynda makala ýazmaly diýip, depdere belleýärin).

Baýram şahyrmy "Aldy aklym hanjar gözler" diýen? Nejep oglanam aýdýar "Janym aldy jellat gözler" diýip. Häzirki goşgyňda "hanjar gözler", "jellat gözler" diýseň edil biline ak saply gamany daňyp ýören ýaly geň-taň ýa gözgyny nadan görnersiň. Asyryň ruhy başga, fiziki söweşeňlik taryha garyşan. Şoňa degişli düşüjelerem umma giden.

Onsoňam biri aýdýardy: "Goşgusynda ilkinji gezek zenany güle deňän adam - geniý, ikinji gezek şeýden - dereksiz biridir". Okara ýaly gözler türkmenlerde owadan, bereketli, özüne çekiji keşbiň alamaty bolupdyr. Ýöne "okara gözli" diýip goşguda ulanyp, mundan hiç hili abraý almarsyň, diňe lapykeçlik döreder. Ýöne prozada şeýle sözi ulansaň bolar öýdýän, çünki ol türkmeniň diline ymykly siňip, durnukly söz düzümine öwrülip gidipdir. Indi onuň işçi wezipesi bar: ýöne "balkyldap duran ullukan gözleri" diýeniňden-ä has şireli, täsirli, milli koloritli bolar. Emma, aýdyşym ýaly, goşguda ulanardan has leji çykan.

"Käse ýaly gözler" diýip kimdir biri ynsan barada-da aýtsa aýdyp ýörendir (gadagan etjegimi?), emma bu atyň gözleri barada ulanylýan söz dälmidir türkmende? Meselem, Gyrat barada.

Bu arada, türkmeniň ahalteke bedewlerini beýleki at jynslaryndan tapawutlandyrýan alamatlaryň biri (näme üçindir bizde kän aýdylanok) - onuň "aziat" gözleridir. Bularyň gözleri tegelek däl-de, gyýygrak.

Emma barybir ullukan at gözlerini käsä deňemek nädürs bolmasa gerek.
avatar
0
12 Ýaran_Ýagmyr_99 • 12:28, 09.01.2024
Ýeri gelende aýdaýyn: "Aýa aşyk bolmuşam", "Aý ýüzli perizat", "Aý ýüzli maralym" diýip, nusgawy edebiýatymyzda kän bardyr.

Ýöne beýle deňeşdirmäni (leji çykan diýmek bärden gaýdýar) täze edebiýatyň sulhy almaz.

Puşkin bir goşgusynda "волоокие жены" diýip, gadymy greklere öýkünýär, emma ol hut öýkünýär. Gadymkylaryň ruhunda ýazýar, döwürdeşleriniň sulhuna laýyk däldigini bilýär.

Ýa Lermontowda bardymy: "Şonda men buýsanyp, dik tutdum başym, sebäp asmandady meniň bäsdeşim". Bu özüni Aýa deňeýän gyz hakynda. Ýöne ol ýerde, ýalňyşmasam, kawkazly musulman gyz hakdady öýdýän. Lermontowyň öz jemgyýetindäki aýdyňlaşan zenanlar, meselem, Peterburgly damalar özlerini Aýa deňän däldirler ahyryn. "Sen Aýa meňzeýäň" diýenleri hem çynlakaý kabul eden däldirler. Bu olar üçin gündogaryň geçmişe giden, durmuşdan üzňe, nowaýy, içi boş sözleridi.

Emma "Aýa meňzeşim" däl-de, Aýym, Güneşim, dünýäm... diýmek häzirem bar, ol başga. Olar çişirilen meňzetmeler däl. Ýöne bularam aýdymlarda has kän ulanylýar, çünki aýdymlarda ilkinji nobatda many däl-de, duýgy beýan edilýär.
avatar
0
13 Medicall • 12:30, 09.01.2024
anaa, sagboluň Ýaran Ýagmyriç, düşündiriň şulara gözleri çem gelen zada deňemeli däldigini, "gözde keramat bar")
avatar
0
14 Ýaran_Ýagmyr_99 • 12:51, 09.01.2024
"Ala göz" barada aýtsak, bu türki halklarda owadan aýal gözlerini aňladýan söz welin, nýuansjygy bar. Türkmenler öz gyzlary barada "gara gözli", "jeren gözli", "maral gözli" diýipdirler. Çünki hakyky türkmen gyzlarynyň gyýtagrak, garamyk gözleri umuman tutuşlygyna gara ýaly görünýär, agy kän däl. Emma pars, arap, grek... gyzlaryny gören türkmenler olara "ala gözli" diýipdirler (soň şol halklara gatyşan türkler öz gyzlaryna hem "ela gözlüm" diýipdirler).

Meselem, Görogly ýesir alynýan pars (belki ýene arap, grek, gürji, osmanly...) aýal-gyzlary barada "Şalaryň ALA GÖZ arwatlaryny" diýýändir. Türkmen gyzlary barada taryhda "ala gözli" diýilmändir. Soň olar garyşyp, ala gözlüler hem köpelen.

Türkmen we umuman türki gyzlar barada oňa derek "maral gabak", "badam gabak" köp diýilýär. Türki gyz ýesirleri köp satyn alýan gündogar han-begleri (olardan bolýan ogullar söweşjeň bolupdyr - şol döwürde esasy zat) olara "Aý ýüzli, badam gözli" diýýän ekenler. Ýagny, tegelek ak ýüzli, onsoňam badam (mindal gabakly) gözli manysynda. Tüýs jüpüne düşen formula.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202