Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:13
Olar diňe ýagşylyk edýärler
OLAR DIŇE ÝAGŞYLYK EDÝÄRLER

Köpüň ýaşaýan dünýäsinde sizem ýaşaýarsyňyz, diýmek, köpüň edýän käbir pikirlerini siz hem edýän bolmaly. Eýsem, siziň pikiriňizçe, dünýäde ýagşy adamlar köpmi ýa-da ýaman adamlar? Elbetde ýagşy adamlar kän. Aslynda-ha, dünýä diňe ýagşylardan doly. Ýa-da siz muňa ynanaňzokmy?

Göwnüňe ýaramaýan iş ýamanlykmy?


Käte ugrukmaýan işler üçin kejigip, dünýäni bir ýumrukda düňderesimiz gelýär.
Şowsuzlyklarymyz üçin kimiň “günälidigini” keseden sorap bilmegiň hajaty ýok hasaplaýarys, ýazykly adamy şeýle bir tiz tapýarys welin, akylyň özi hem biziň bu “kesgir akylymyza” haýran
galýar. Göwnümize ilki ornan her bir pikiri ömür pelsepesiniň daýanç nokady hökmünde kabul edýäris.
Soňra başgaça pikirlenjegem bolamzok. Dünýäni, düzi başga taraplaryndan synlap bolýandyram öýdemzok. Halallyk bilen haramlygyň, ýagşylyk bilen ýamanlygyň, haýyr bilen şeriň parhyny hem özümizçe kesgitleýäris. Şoňa esaslansaň, birwagt Zaratuştrany biynjalyk eden ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky göreş entegem kiparlana meňzänok. Biz kimdir biriniň matlabynyň, maksadynyň nä niýetden gözbaş alandygyny aýdyňlamazdan olaryň hereketlerini, göwnümize görä, çürt-kesik ikä bölýäris: “Meniň göwnüme ýaranok dälmi, diýmek, ol maňa diňe ýamanlyk edýändir”.

Her kimiň göwnüne iň adyl terezi – hamala, onuň hut özi. Il içinde ýa-da märekede bolsun, ikiçäk söhbetdeşlikde ýa-da garma-gürmelikde bolsun, elmydama özümizi mazamlap “Biziň-ä ile ýamanlygymyz ýok, göwnümiz gardan ak, pälimiz düzüw” diýip galýarys. Iň bolmanda, şu sözleri ömründe bir ýola diýmedik adam barmyka? Ähli adamzat nesli şeýle matlapdan ugur alýan bolsa, şoňa görä hereket edýän bolsa, onda biziň özümiz käbir kişileriň hereketine ters düşünip, olar babatda betgüman bolýan-a däldiris-dä? Ýa-da ýagşylyk bilen ýamanlygyň düýp manysyna düşünmäge akylymyz ejizlik edýärmikä? Onsoňam kim- kime ýamanlyk edip bilýär? Aslynda, ýamanlyk näme? “Türkmen
diliniň düşündirişli sözlüginde” “Ýamanlyk – birine zyýan ýetirmek üçin bilkastlaýyn edilýän hereket, hyýanatçylykly edilýän iş, birine edilýän erbetlik” diýlip, kesgitleme berilýär. “Arap diliniň düşündirişli sözlüginde” “Ýamanlyk – birine ýaramaýan hereketleri etmek, bilkastlaýyn zyýan ýetirmek” diýilýär. Hindi, hytaý, ispan ýa-da zulu dillerini bilmesegem, Adam atadan bäri dowam edip gelýän bu
düşünjä ähli dillerde birmeňzeş kesgitleme berilýändigini çaklap bolýar.

Amallar niýetlere görädir


Şeýle bir rowaýat bar. Amallaryň agramy ölçelýän terezi gününde käbir adamlaryň eline hasap depderleri berlermiş, şonda olar ol ýerdäki birnäçe sogaplara geň galyp “Eý Perwerdigärim, biz bu amallary etmedik ahyry” diýip ýüzlenermiş. Şonda Perwerdigär “Siz şol amaly etmeseňizem, şol amallary niýet etdiňiz. Amallar niýetlere görädir” diýip, ýagşy niýet üçinem bendelerini ýalkarmyş. Ýokardaky düşünjelerden ugur alsak, biziň ýamanlyk hökmünde kabul edýän za-dymyz iki dürli bolup çykýar: olaryň ikisi hem birbada hiç göwnümize ýaranok. Ýöne täsin ýeri, olaryň ikisi hem ahyrsoňunda biziň üçin örän bähbitli bolup gutarýar. Birinjisi dogrudanam abraýyňa, maddy-hal ýagdaýyňa, saglygyňa zyýan ýetirmek maksady bilen edilen bozuk niýetli ýamanlyklar. Beýlekisi ýamanlyk niýeti bolmadyk, ýöne netijesi göwnümize ýaramaýandygy üçin özümiz tarapyndan ýamanlyk hataryna goşulan amallar.

Mekdebiň gapysy ýapylsa, Mekgäniň gapysy açylar


Ömrümizde ýamanlyga ýorlan, ýöne soňy düz bolan amallaryň
ençemesini görmek her birimize miýesser edendir. Durmuşdan hyýaly bir wakany mysal alyp göreliň. Ine, sen haýsy hem bolsa bir işe ýerleşmekçi bolýarsyň. Arkadaglar, hossarlar, “işe girse, ýuwar” tamasy bilen töweregiňe jemlenişýän dost-ýarlar wagtal-wagtal halyňdan habar alyp durandyrlar. Ähli resmilikleri doldurarsyň. Emma yzgytsyz biri seni görer-de, “Aý, ýok, bolanok” diýer durar. Senem göz-görtele bu ýagdaýy ýamanlyk hökmünde kabul edersiň. Ýogsam adamkärçiligi hem-de başarnygyň bar bolsa, edaranyň bähbidini ileri sürýän her bir hojaýyn iş başarjak adamy soňa goýman işe kabul edýärem. Biz işimiziň bitmezliginiň bar günäkäri hökmünde diňe şony göreris.
Arasynda öz ýanymyzdan “Bähbit bolsun” hem diýeris, ýöne bu söz freony gutaran kondisioneriň ýeli ýaly bolup, göwnümizi gyzdyrmasa, sowadaýmaz. Şeýdip ol ýere işe ýerleşmeris. Uzak wagt geçmänkä, bir hakykata anyk göz ýetirersiň: şol işe ýerleşip bilmändigiň bähbide çekendigini bilip galarsyň. Belki, ondan has abraýly, aýlygy onuňkydan ganymat bir işe nesibäň çeker. Şeýle ýüregagyrylardan sowmak üçi-
nem Alla seniň ol işiňi ugrukdyraýmaz. Oňa derek bir ýoda ýapylsa, hatar-hatar ýol açylýar. Il arasynda aýdylýan bir söz bar: “Molla talyba mekdebiň (medresäniň) gapysyny ýapsa, Alla onuň üçin Mekgäniň gapysyny giňden açar”. Şeýle ýagdaýlary hakyky öz keşbinde görmek we duýmak üçin, Hudaýa şükür etmek ündelýär. Ýaradan “Şükür etseňiz, size berjek nygmatymy artdyraryn” diýipdir.
Indi bu ýerde hälki adamyň hereketini ýamanlyk hökmünde göz öňüne getirýäňizmi ýa-da
siziň öz ýöremeli ýoluňyza düşmegiňize sebäp bolandygy üçin ýagşy adam hasaplaýarsyňyzmy?

Daş çelgiler we menziline akmaly suwlar

Ýa-da ýene bir howaýy mysal. Kimdir biri seniň kimdir birinden ökde bolaryňy islemeýärmiş, hamana. Ylym-bilim, ukyp-başarnyk babatda hem, azyk-owkat, gazanç-gurbat babatda hem, söwdada, oýunda.. garaz, bähbidi galtaşýan ýerde özünden pesde bolsaň, göhi gelip, göwni açylar durarmyş. Saňa gezek gelende ýörejek ýoluňa çil çekýän, daşyňa agyl aýlaýan ýaly görner. Söz bilen gysar, ýagsyz gowrar.
Sen mejbur bolup, ýoluňy üýtgetmeli bolarsyň. Öwrenişen ýoluňdan sowulmak birbada ýakymsyz görner. Emma öňümize böwet bolýan şol adamlaryň bizi ýöremeli ýolumyza gönükdirýän daş çelgilerdigine birbada akylymyz çatmaz. Eýsem, suwy akmaly ýerine gönükdirmek üçin onuň öňüne böwet basylýandygyny we ýanyn ýollaryň arçalýandygyny haýsy birimiz bilemzok. Bu-da edil şonuň ýaly ýagdaý. Köp wagt geçmänkä hem şeýle bir begenersiň, hälki hereketi ýokuş görlen adamlara nädip minnetdarlyk bildirmegiň ebeteýini tapmarsyň. Dogry, ol bu hereketini saňa ýagşylyk bolsun diýip eden däldir, ýöne öz hereketini ýamanlyk hem hasaplan däldir, özüni goramak üçin görlen zerur çäre hökmünde göz öňüne getirýändir. Ýöne zannyň arassa, päliň düzüw bolsa, Alla her bir işi oňuna, gowynyň haýryna çözýär.
Atalarymyzyň paýhasy bolsa şeýle zady salgy berýär: “Olar ýamanlyk diýip edýär, saňa ýagşylyk bolup ýetýär”. Şeýle ýagdaýlaryň ählijesi hem bizi öz ýöremeli ýolumyza atarýar. Şeýle halatlarda maňza batmaz şol hereketler üçin kimdir birinden öýkelemegem, gaharyňa bäs gelip bilmän, oňa gatyrganmagam, gargynmagam ýerliksiz. Ol-a seniň öz ýoluňa düşmegiňe sebäp bolup dursa, senem munuň üçin öýkeläp otursaň, heý-de, nygmata şükür etdigimiz, düşündigimiz bolarmy?
Öýkämize basalyk berip, gaharymyza bäs edip bilsek, köp wagt geçmänkä, sabyr soňunyň sap altyndygyna anyk göz ýetirip bolýar. Bar agram birbada saklanyp bilmekde, sabyr etmekde. Şonuň üçinem araplar öt ýaly ajy ösümlikleriň biri bolan aloe daragtyna hem “sabyr” diýýärler. Bu ikisini biri-biri bilen baglanyşdyryp ulanýarlar. “Sabyr hem aloe ýaly ajy, ýöne aloe ýaly örän peýdaly” diýip aýdýarlar. Ýa-
manlyk etmek isleýän adam seniň sanlyja günden soň has gowy ýagdaýlarda gezjegiňi bilse, belki, ol hereketlerini edesi hem ýokdy. Ýöne durmuşyň bar syry şonda ahyry. Şol gyzgyn wagtynda gargynmandygyň, gatyrganmandygyň, zeýrenmändigiň üçin indiki ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýar. Niýetiňe görä, gowy ýerlerden gapy açýar.

Nesibä gönükdirýän öwrümler

Beýle ýagdaýlaryň ýene bir hikmeti şunuň ýaly, mysal üçin, seniň mundan bu ýana gazanmaly rysgalyň indi başga ýerde goýlupdyr diýeli. Sen öwrenişen öňküje ýoluň bilen gidiberseň, igenç-teýeneden,
gury sözdür gybatdan başga tapjak, gazanjak, aljak zadyň ýok. Dagda goýlan hazynany düzden, çölde gömlen hazynany deňizden gözleýän ýaly bolýarys.
Edil A.P.Çehowyň “Garaňky jaýdan gara pişigi tapmak kyn, esasanam, şol jaýda şol pişik ýok bolsa” diýen sözleri ýadyňa düşýär. Ýazgytda ýok zady aljak bolup, käbir adamlar özlerini nähak
ýere horlaýarlar. Hatda Eýýubyň teninden nesibesini iýen gurçuk hem togalanyp ýere düşüpdir. Eýýubyň oňa nebsi agyryp, öňki ýerinde goýaýmazmy, ýyllara çeken derde döz gelip oturan Eýýup onuň soňky ýeke agyz awusyna çydaman uwlaberipdir. “Eý, Eýýup, ol nesibesini iýeninden soň ýere gaçdy, sen oňa nesibesinden artykmajyny iýdirjek bolýarmyň, ol bolmajak zatdyr” diýip, arşdan seda gelip-dir.
Indiki rysgymyz başga ýerde goýlupmy, diýmek, şol tarapa gönükmelidir. Başga ýol ýokmy, diýmek, öwrülmelidir. Biziň öwrülen tarapymyz maksada eltýän göni ýoldur. Ýolugra ýoldaş bolanlaryň biri: “Maňlaýyňa ýazylan bagt nirededir bir ýerde gizlenýän bolsa hem, seniň tapyp biljek ýeriňde gizlenýändir” diýipdi. Şonuň üçin ykbal her dürli sebäp, bahana döredip, bizi şol ýere gönüger ýaly edýär. Ýeri, onsoň özüňi hak ýola ataran adamlaryň hereketini ýamanlyk hasaplap bolarmy?

Belki, siz birbada halamarsyňyz..

Käteler ýönekeýje mysalam ýüregiňe jüňk bolýar. Arada tanyş sürüjile-riň biri bilen ýola düşdük. Ol: “Öýe-de ony-muny almalydyr, ýolugra pylan ýerdäki dükanlara degip geçeris-dä” diýdi. Agzalan ýere golaýlaberenimizde, ýol gözegçisi wagtlaýynça bu ýolda zerur bejeriş işleriniň dowam edýändigini, köçeden geçip bolmaýandygyny aýdyp taýagyny iki ýana galgadyp durdy. Bu ýagdaý uzak günüň argynlygyndan soň has ýakymsyz degýändir-dä, “Ah-ow, inim, gaýrat etde goýber, men sowlupjyk geçerin, hanha, hol görünýän dükana barjak“ diýip, janyny ýakyp başlady. Ýol gözegçisi: “Bolanok, ýaşuly, bolýan bolsa, bizem sizi saklap durjak däl. Ýollar gazylgy dur, wagtyňyzy ýitireniňizden, ol ýoldan sowlup sürüberiň. Aňry gitse, iki minut wagtyňyzy artyk sarp edersiňiz-dä” diýdi. Sürüji kese ýol bilen ugruny dowam etdi. Salym geçmänkä hem “Bäh, elmydama şol bir ýoldan gatnamaga endik edipdiris, munuň ýaly owadan zatlaryň bardygyndan bihabar ekenik. Ýogsa-da bu ýerde täze dükanam açylan ýaly-la, hany girip göreli” diýdi-de, ulagyny şol ýere sowdy. Gözüňe söweýin, allanäme dükan. Hojalyga, gündelik durmuşa degişli ähli zatlaryň söwdasy bar. “Bu-la hasam gowy boldy” diýip, tanyş sürüji gereginden mazaly ýüklendi. Soňam Hudaýa şükür etdi, sebäbi onuň ýanaşyk oturan birnäçe dükanlardan aýlanyp saýlamaly zady bu ýerde -- ýekeje dükanda ýeterlikdi. Durmuş, ine, edil şuňa meňzeş. Ykbal bize has ajaýyp adamlaryň, has gözel ýerleriň, has oňat mesgenleriň, has süýji pursatlaryň başga ýerlerde hem bardygyny bilmegimiz üçinem şeýdýär. Ýeri, onsoň bizi has gowy ýola sowan şol gözegçä gahar etsek, dogry bolarmy? Ýogsamam, biz şol ýola sowlubam, hiç hili artykmaç wagt ýitirmedik, gaýta, isleýänimizden has gowusyny kösenmezden tapdyk, barmaly menzilimize hem wagtynda ýetdik. Bu kybap ýagdaýlar ýamanlyk niýeti bilen edilse-de, ýagşylyk niýeti bilen edilse-de, birbada erbetlige ýa-da gowulyga ýorulsa-da, her kimiň zanny päkligine görä diňe ýagşylyk bolup ýetýär. Ol şol ýagdaýdaky zerurlyk – biz has gowy zatlary görmeli. Gurhanda “Belki, siz bir zady halamarsyňyz, (aslynda welin) ol siz üçin haýyrlydyr” diýilýär. Hut şeýle bolubam çykýar. Şuňa meňzeş ýagdaýlary ýatlap otursaň, adamlaryň her bir hereketiniň ahyr soňunda saňa ýagşylyk bolup dolanýandygyna akyl ýetirip bolýar.

Adam diňe özüne ýamanlyk edip bilýär

Ýöne ýamanlyk diýen söz bar bolsa, alymlar, akyldarlar bu hakda sözlän bolsa, ol niredekä, nähili zatka? Ýekeje zat welin düşnükli hem aýan – adam hiç wagt başga birine ýamanlyk edip bilenok. Hüýt-gara nebisden dömen bolaýsyn, seniň her bir ýaramaz pikiriň diňe ony hut öz ýöremeli ýoluna, barmaly menziline ugrukdyrýan ýolbelet bolup galaýýar. Adam ýamanlygy diňe özüne edip bilýär. Türkmeniň: “Her kim eder, özüne eder” diýen sözi müň esse mamla.

Olara iki essesini ber

Allatagala bir perişdäni ýaradypdyr, ol perişde hem diňe iki sany sözi bilýärmişin “Dilegiň kabul bolsun! Beýle gowy zat bolsa, ilki özüňe nesip etsin” diýip, dilegiňe, niýetiňe omyn diýermiş. Özgä dileýän her bir zadymyz - gowulyk bolsun, erbetlik bolsun, ilki özümize degýär. Özgä etmek isleýän ýamanlygymyz, hile mekirligimiz diňe özümize dolanýar. Üstesine, öňki sogaplarymyzam köýüp, onuň haýryna geçýär. Ynsap taýdan örtenmeler ýüze çykýar. Her gezek bir nähak hereket ýa-da ýaramaz niýet etsek, susaklap gazanan sogabymyz çanaklap egsilýär.
Şonuň üçin oýny gyzykly dünýä bu. Halal, arassa oýnamasaň, ahyr-soňunda utulyşa sezewar bolýarsyň. “Öňüm gelenden soňum gelsin” diýýär türkmen. Netije ýaryşyň soňunda belli bolýar. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, adam diňe özüne ýamanlyk edip bilýär. Özgelere bolsa ähli zat eşrete ýa-da nygmata öwrülip ýetýär. Ile ýamanlyk etmesek göwnümiz gardan arassa, pälimiz düzüw bolsa, onda durmuşda bolýan islendik ýagdaýyň aňyrsynda haýsydyr bir bähbidiň, bagtyýarlygyň ýatandygyna bil baglap bolar. Hatda olar ilkibaşda göwnümize ýaramasa-da, haýryny-berekedini tiz wagtda aýdyň görkezer. Sähelçe ýaramaz pikir beýnä dolaşsa welin, özümize ýamanlyk edip başlandygymyzy aňşyraýmaly. Onsoň paýhasyň töwellasy, ynamyň tesellisi ýürege ornaýança, wyždanyň duz sepelenen yzasyny çekip gezmeli bolarys. Ne ýaşaýyşda ynjalyk, ne şatlykda maza galar. Köne golýazmalaryň birinde şeýle ýazga gabat geldik: “Eý, Allam, maňa näme dileýän bolsalar, olara şonuň iki essesini ber”. Megerem, ýagşylar üçin şundan uly alkyş-dileg, ýamanlar üçin şundan beter gargyş-doga ýok bolsa gerek.

Büdredýän daşlar we köprüli kyssa

Gezjek ýeriňde saňa “badak atýanlar” welin, rowaýatdaky garyby
büdredýän daş ýaly görünsin. Ol rowaýaty köpiňiz bilýänsiňiz. Gadym döwürlerde bir derýanyň üstünden altyn köpri salypdyrlar. Gyzylyň üstünde otursa, adamyň şähdaçyk, keýpiçag bolýandygy düşnükli. Şeýle joşguny duýmak üçin agyr mähelle sil akan ýaly bolup, köprüden o ýan-bu ýan geçer ekeni. Egninde ýamaly içmekden başga dony bolmadyk pukaralaryň biri beýle mugt eşretiň köpe miýesser edendigine geň galyp, az salymlygam bolsa, dünýäni unudyp, ganat baglap uçasy gelipdir. Il sowluşyp, köpriniň gyzgyny sowaberende “gel, şu köprüden ýeke özüm hezil edip geçeýin-le” diýen niýet bilen ýola düşüpdir. Köprä golaýlaberende welin, bir daşa büdräp, aýagyny mazaly agyrdypdyr. Garyp görgüli: “Agzy aşa ýetende, burny ganar” diýleni boldy.
„Indi men agsak aýak bilen gyzyl köpriniň gyzygyny duýup bilmerin” diýip, aglamjyrap başlapdyr. Şol wagt altyn köpri jarka ýarylypdyr-da, aşak çöküpdir. Bu ahwalata geň galan garybyň ýaňky zeýrenji derrew şükranalyga öwrülipdir: “Eý, Allam, daş maňlaý däldigim üçin şu daş bilen meni halas eden ekeniň. Badymy saklaman, köprä münenligimde, bu wagt men nirelerde bolardym. Men juda bagtly ekenim” diýip begenipdir. Her bir zadyň aňyrsynda haýsydyr bir haýryň bukulyp goýlandygy
köp wagt geçmänkä aýan bolýar. Hudaý berjek zadyny göwnüňe geňeşenok, bir sebäp döredýär ýetiriberýär. Her bir wakanyň, hadysanyň düýbi-teýkary, ahyry-soňy biziň üçin haýyrly bolsa, ähli hereketlerem niýetiňe görä ýagşylyga öwrülip gelýän bolsa, birmahallar Zaratuştrany biynjalyk eden ýagşylyk bilen ýamanlygyň darkaşy hakdaky pikire ýöntemje netije çykaryp bolýar: durmuşda ýagşy adamlar biziň göz öňüne getirişimizden has köp.

Jemleme

Ähli zat biziň dogry ýola düşmegimize sebäp bolýar. Diýmek, adamlaryň her bir hereketi biziň bähbidimze. Hiç kim bizi ýoldan alyp galmaýar-da, gaýta, dogry ýola atarýar, maksada gönükdirýär. Ýamanlyk kesewisiniň ökjämize basylmazlygy üçin her birimiz özgelere ýagşylyk etmegiň ugrunda gezmeli. Barybir, ýamanlyk etsegem, ýagşylyk bolup ýetýän bolsa, onda, goý, şol ýagşylyklary ýagşylyk niýeti bilen edeliň. Begeneliň hem begendireliň. Özgelere ýagşylyk etmek bilen, ömür binasyny berkideliň. Kalbymyzda ýagşy niýet bolsun.

© Rahmet GYLYJOW
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 99 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Rahmet Gylyjow | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 21:49, 29.01.2023
gowy.
biraz tertiplemeli eken, bölümler garyşyp gidipdir.
Rahmet Gylyjow arabistmikä?
avatar
0
2 Medicall • 12:49, 22.04.2023
Ahmal, arapçadan terjimeleri köp.. Adam haýsy dilde köpüräk işlese islese-islemese az-maz ýazyş stiline-de ornaýan bolmaly beýleki diliň täsiri. köp terjimeçide gabat gelýär şeýle ýagdaý. ýa-da tersine: terjime eserine öz stilini çaýýar?!

Düşünikli hem paýhasly ýazýar Rahmet Gylyjow.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202