01:03 Melekleriñ pyşyrdysy | |
MELEKLERIŃ PYŞYRDYSY Ozalyýetinde durmuş şeýle gurnalan eken: nämä garaşsaň, nämäni gözleseň, nähili pikirlere hemra bolsaň, öňüňden şol çykýar. Bir maksady ýüregiňe düwüp, mümkin boldugyndan ugrunda yhlas etseň, ýüze çykýan sebäplere, pursatlara we mümkinçiliklere daýansaň, hökman arzuwyňa gowuşjakdygyň nygtalýar. Çünki dünýäni görmek islegindäki Zülkarneýn hem şeýle sebäplere ýapyşyp, yzyna eýerip, zeminiň iki künjüne ýetmegi başarypdyr. Arzuwlara çäklendirme girizmeli däl. Näçe köp gazanasymyz gelse,şol mukdarda haýyrly, bol we beýik isleglere ýapyşmaly. Adamyň ömür boýy ýanyndan aýrylmaýan arzuwlarynyň biri – Hydyr atany görmek. Çagalykdan aňymyza ornan düşünjeler haýyr paýlaýan we ak pata berýän Hydyr ataly kyssalara şeýle bir höwrügipdir, ömrüň haýsy menzilinden barýandygyňa garamazdan, ol elmydama şol arzyly islegligine hem saklanýar. Ýöne, täsin ýeri biz Hydyr ata, aglaba wagt, diňe gadyr gijesinde garaşýarys. Hawa, şol gadyr gijesinde asmandan inýän lek-lek perişdelere ýa-da Hydyr ata duşmak islegi we mümkinçiligi örän ýokary. Olaryň arzuwynda uzyn gijäni ukusyz oturýanymyz we garaşyp ötürýänimiz az däl. Onsoňam, göräýsegem, bu wakany hiç kime aýtmaýarys ahyry, sebäbi beýle zatlary aýdyp ýörmeli dälmişin diýen sözlerden gulaklarymyz ganypdyr. Ýöne, geň ýeri aýdylmaly däl şeýle hakykatlaryň kyssasy hemmä mälim. Taryhy çeşmelerde, gadymy eserlerde melekleriň ýa-da hut Hydyr atanyň ynsanlara edýän kömekleri dogrusynda müňlerçe kelam bar. Olaryň dürli sypatda, dürli şekilde, ýada-oýa düşmeýän, hyýala gelmeýän keşpde peýda bolýandygy ýaňzydylýar. Ýol salgy berşi, ak pata berşi, kömek ýa-da halas edişi.. sanardan kän. Eýsem, Hydyr ata haçan gelýär? Ýogsamam, siz ömrüňizde şeýle meleklere ýa-da Hydyr ata duşduňyzmy? Ýanyňyzda peýda bolandygyny, hut siziň diňlemeli sözleriňizi size ýetirendigini duýduňyzmy? Siz olar nähili keşpde peýda bolar öýtdüňiz? Siz şeýle meleklere, Hydyr ata hökman duşansyňyz, bu anyk, ýöne bu hakykatlary hiç kime aýtmajak bolup, içiňizde saklap ýören bolmaly. Durmuşda şeýle bir wakalar, pursatlar ýüze çykýar, şol pursatlara sebäp bolýan adamlar Hydyr ata ýa-da perişde ýaly görülýär. Bu zatlaryň nädip şeýle bolýandygyna aklyň haýran. Olaryň ählisi tüýs gerekli wagty, biziň şeýle sözlere we kömeklere mätäç wagtymyz peýda bolýar. Olary göremizde, diňlänimizde ýüreklere ornaýan tesellini, ynjalygy, ynamy duýýarys, ýöne biz ömür boýy ganatly perişdelere ýa-da jowur ak sakgaly döşüni ýapyp duran Hydyr ata garaşyp gezemizsoň, bu adamlary olardyr öýdüp gümanam edemzok. Üstesine-de olaryň käbiri gözümiziň öwrenişen, öňden bäri tanyş-biliş adamlarymyzdygy üçin, bir begenip, taňryýalkasyn aýtmak bilen çäklenýäris. Hekim ata Süleýmanyň “Her görenňi Hydyr bil” diýen sözlerini bolsa okamadygymyz ýok. Bu zatlaryň aňyrsynda ylahy enaýatyň bardygy hakda pikir etmeýäris. Ýogsam, göze görünmeýän melekleriň göwün gulagymyza pyşyrdaýan sözlerini bize diňe şolar ýetirýärler. Olaryň ählisi aýny wagtynda aýdylýan, tüýs wagtynda ýetirilýän sözlerdir. Döwürden,durmuşdan, ösüşden, ýaşaýyşdan, maksatdan yza galmazlygymyz üçin, barmaly ýerimize wagtynda barmagymyz üçin şeýle wakalar ýüze çykyp dur. Ol käte adamlaryň üsti bilen, käte-de kitaplaryň, ýazgylaryňüsti bilen ýürege ornaýar. Ählisiniň özeninde bize niýetlenen söz bar. Durmuşda bolsa şeýle wakalar bolýar: “Dört aý öňünden çagalar bilen geljekki tomus paslyny nähili geçirmelidigini maslahatlaşypdyk. Tomsuň ahyrky aýynda maşgala bolup Awazada dynç almagy ýüregimize düwdük. Ählimiz bu pikiri bir ses bilen makulladyk. Hä diýmän arzyly günlere ýetdik. Deňziň dury suwuny,tolkunlaryň owsun atyp, kenary öpüp gidişlerini, ylla tebigatyň jadyly dünýäsini görmeklige şeýle bir muşdakdym. Ir säher bilen ugraýan awtobusa petek alamyzsoň, indi bar aladamyz ýol şaýyny tutmakdy. Gerek-ýaraklarymyzy, goşlarymyzy düwüp, ýarygijä çenli oturandygymyzy hem duýmandyrys. Ertir irden ýola düşmelidik. Sagady bäşe düzsek, arkaýyn ýetişeris diýip, uka batdyk. Aladaňdan sagadyň jaňyndan öň telefon jyrlady. Trubkany göterdim. Aňyrdan: “Alo, salawmaleýkim” diýen, ses eşdildi. Oýaly-ukuly halda ardynjyrap salam berdim. Ol sesimi eşitdi-de: “Bagyşlaň ýaşuly, ýalňyş aýlapdyryn öýdýän” diýip, ötünç sorap, trubkany goýdy. Birbada gaharym geldi. “Ýarygije ili örüzip ýörmänkä, aýlajak belgisini anyk bilmeli eken-dä” diýip,hüňürdäp barşyma, oýananyma görä wagty biläýeýin diýdim. Görsem, sagat eýýäm bäşden agan eken, emma sagadyň jaňy jyrlamandyr. Men howul-hara beýlekileri hem örüzip, derrew ýuwnup-ýylmanyp, ýola düşmek bilen bolduk. Münmeli awtobusymyza zordan diýen ýaly ýetişdik. Men şol wakany henizlerem ýatlaýaryn. Eger şol jaň gelmedik bolsa, ýalňyşyp düşen şol telefon jaňy bolmadyk bolsa, biz şol gezekki syýahatymyzy mejbury ýagdaýda soňa süýşürmeli bolýardyk. Diňe awtobusdan gijä galmak däl, ol ýerde biziň näçe aýlap gursagymyzda göteren arzuwymyzyň soňa süýşmek howpy bardy. Ir säher ukudan oýarandygyna birbada bimaza bolsam-da, soň şol nätanyşa içimden sag bolsun baryny aýtdym. Ol bizi Hydyr ata ýaly bolup oýarypdy”.“Daşary ýurt dillerini öwrenmek höwesi erkime goýmady. Munuň üçin ýörite kurslara ýazylaýyn diýsem-ä, üýtgeşik boş wagtym ýok. Bolanja boş wagtlarym hem dem-dynç we ertirki günüň taýýarlygy bilen sowlup gidýärdi. Kompýuterimde dil öwredäýn elektron kitaplar, ses ýazgylary, zerur esbaplar ýeterlik mukdarda bardy, emma barybir öňegidişlik göze ilmeýärdi. Ählisine-de özümiň wagty rejeli ulanyp bilmeýändigim bahana bolýardy. Sähel ýadawlyk duýsam, soňa süýşürmäge döwtalapdym, şeýdibem bahanalar bilen özümi aldaýardym. Ahyry ymykly karara geldim: “Maksadyna ýeter ýykylan çyndan”. Çynlakaý ugruna çykmasam, wagt ýitirmekden başga gazanan zadym bolmaz. Şeýle pikirlere berlemsoň, onlarça kitabyň için- den diňe birini saýladym, sebäbi maksatlar dagynyk bolsa, hiç birini hasyl edip bolmaýşy ýaly, okuw kitaby näçe köp bolsa, haýsy birine ýapyşjagyňy bilmän hem ençe kösenýän ekeniň. Bulutlar dagynyk bolsa,ýagyş ýagmaýar ahyry. Şol kitabyň ses ýazgysy hem bardy. Okadym, ürç edip okadym, emma barybir öwrenişimden göwnüm suw içmedi. Kanagatlanmadym. Nämedir bir zat ýetmeýän ýalydy, ýöne onuň nämedigini hiç aňşyryp bilmeýärdim. Bir gün işden gaýdyşyn awtobusa mündüm. Gaty gysby bolmasa-da, awtobusyň üsti boşlaň däldi. Şol dyknyşygyň içinde bir ýaş gyz eline telefonyny alyp, gulaklyk bilen nämedir bir zatlar diňleýärdi. Ýanymda duran iki sany talyp oglanyň gözi, ünsi şol gyzda eglendi. Olaryň biri ýanyndaky ýoldaşyna: “Köpçülik ýerinde şeýdip durmaklaryny hiç oňlamok. Özgäň ünsünem bölme, ünsüni özüňe çekjegem bolma. Biraz sabyr etseň, öýüňe barýaň, arkaýyn otur-da, diňle, lezzet al. Bärde, köpçülikde beýdensirän bolmak nämä gerekkä?” diýdi. Ýoldaşy bu pikirleri makullamady: “Munuň hiç hili aýby ýok, telefonynyň sesini waňladyp, töweregindäkilere yza berenok. Gaýta menä örän peýdaly görýän. Içiňden boş pikirler edeniňden, telefonyňa ýazdyran zatlary diňläp, ýol ýadawlygyny unudyp bolýar. Ýa-da mysal üçin dil öwredýän ses ýazgylaryny telefonyňa geçirip, ýene bir dil öwrenip bolýar. Sebäbi okamakdan gözüň, diliň ganýan bolsa, eşitmekden gulagyň ganýar. Dil üçin bu örän zerur. Wagtyňy manyly ötürýäň” diýdi. Olaryň mundan soňky sözleri meniň gulagyma ilmedi, sebäbi ýaňky sözüň özi hut maňa aýdylan ýaly boldy. Ol maňa şeýle bir täsir etdi, öýe gelen dessime nahar-tagamdan öňürti şeýle ses ýazgysyny telefonyma ýükledim. Birbada dogrusy beýdip ýörmegi uslyp bilmedimmi, ýerliksiz ýygralyk zerarly çekindimmi, haýdan-haý girişibermedim. Diňe, “Iilden utanar ýaly aýyp iş edýänmi men” diýen pikire ymykly kellämi öwrenişdiremsoň, şol oglanyň aýdyşy ýaly hereket etdim. Öýde okadym, ýolda diňledim. Şeýdibem, Hudaýa şükür, şol nätanyş oglanyň ýanymda durup,dostuna aýdan sözleri meniň ýene bir daşary ýurt dilini öwrenmegime, özleşdirmegime itergi berdi. Ol sözleri maňa ol oglan däl-de, bir perişde pyşyrdap aýdan ýalydy..”. “Bir gün işden gijräk çykdym-da, öýe basymrak ýeteýin diýen niýet bilen taksi sakladym. Ulagyň öňüne geçip, ornaşanym şoldy,sürüji saglyk-amanlykdan soňra, ýüzüme dikanlap seretdi-de, maňa hiç hili baglanyşygy bolmadyk bir wakany gürrüň berip başlady: “Mundan birnäçe ýyl ozal ýaz pasly Sumbar jülgesi şeýle bir owadandy. Ähli otlar, daragtlar ýaşyl parça bolup ýatyrdy. Ol ýerleri elmydama hem owadan welin, şol ýyl has gözel göründi. Miweli daragtlar ak-gyzyl güllere mazaly bürenipdi. Ýylyň bol hasylly geljekdigine hiç kim şübhe etmeýärdi. Şeýle günleriň birinde oslamaýan wakamyz ýüze çykdy. Göz ýumup-açasy salymda çabgaly doly guýdy-da, ýaňky bakjalary, agaçlary wes-weýran etdi. Ynanar ýaly bolmady. Her kim haýygyp,haýran galdy. Ýaşulylar üýşüp, beýle hadysalaryň bolup bilýändigini ýatlap, üýşüp jan saglygy üçin sadaka bermegi müwessa bildiler. “Esasy zat saglyk bilen agzybirlik. Galan zady gerekli wagty Hudaý ýetirer” diýdiler. Şeýle-de boldy. Şol ýyl hasyl şeýle bir bereketli geldi, diýip-aýdar ýaly bolmady. Görýärmiň, sadaka müň belany başdan sowar diýýärler. Üstesine-de, bereket sanynyň känliginde däl-de, her zadyň öz içinde bolmaly” diýdi. Ol öýe ýetýänçäk başga-da ençeme zatlary gürrüň berdi, ýöne näme üçindir şu wagtam diňe ýaňky gürrüň ýadymda galypdyr, sebäbi.. Şondan köp wagt geçmänkä, iş sapary bilen Mara gitmeli boldum. Ýaz pasly. Daş-töwerek, tebigat şeýle bir owadan. “Munuň ýaly owadan ýaşyl reňk diňe tebigatda bolup bilýär, dünýäniň hiç bir ýerinde muňa kybap reňk öndürilýän däldir” diýen pikirler bilen töweregi syn- lap, baharyň hoştap howasyny işdämenlik bilen içime sorup otyrdym. Erik, alma agaçlarynyň pürleri şeýle bir bol bitipdir welin, ownujak güller şahalary egip durdy. Howa-da açyk, al-asmandaky Günüň şöhlesi mylaýymlyk bilen dökülip dur. Ähli zat duýdansyz başlandy. Bulutlaryň nireden peýda bolandygyny hem bilmedik, birdenkä çabgaly doly guýup başlady. Uzak ýagmady, ýöne gök öwsüp duran meýdany gyr-ýapyr etmek üçin sanaýmalyja minutlar ýeterlik boldy. Ýaňky ýaşyl dona gurşalgy tebigat ýalaňaç meýdana öwrüldi duruberdi. Gözüň bilen gören zadyň her neneň geň galdyrsa-da, “beýle zat mümkin däl” diýip bolmaýar. Hemme zat mümkin eken. Kelläme gelen ilkinji pikir paýtagtda gabat gelen şol sürüjiniň gürrüň beren wakasy boldy. Ýogsamam ol gürrüňlerden bäri hepde-de geçmändi. Men özümden bidin ýylgyranymy duýman galdym. Tötänlik diýilýän zada asla ynanmaýanym üçin muny diňe alamat hökmünde kabul etdim. Edil şonuň aýdyşy ýaly boldy - ýylyň hasyly garaşanymyzdan has önjeýli, netijeli çykdy. Adamlar şeýdip tebigat bilen arasyny sazlaýan bolmaly. Men ol adamyň kimdigini, adyny-zadyny hem soramandyryn, ýöne ol meniň aňymda adam keşbine giren perişde ýaly bolup galdy...”Şeýle wakalar ählimiz bilen bolup geçýär. Durmuşda düýbünden garaşmaýan adamlarymyzdan özümize gerekli sözleri aýny wagtynda eşidýäris. Bize tüýs gerekli wagty şeýle adamlar bir sebäp bilen ýanymyza gelýär. Bir sebäp bilen işimiziň çözgüdini salgy berýär ýa-da kömek edýär. Bir sebäp bolýar - gerekli adamlara gabatlaşýarys. Hut bize gerekli sözler olaryň agzyndan çykýar. Ýa-da käteler kitap, gazet-žurnal sahypalaryny okap oturansyň. Bir makala ýa-da bir hekaýa, bir-goşgy ýa-da bir jümle ruhuňa aýratyn täsir eder. Gerekli sözleri gaýta-gaýta okarsyň. Ol ýerdäki many saňa nähili hereket etmelidigini, nähili gezmelidigini, neneňsi bolmalydygyny ýadyňa salar durar. Ine, şeýdip adamlaryň, aýdymlaryň, kitaplaryň, janly-jandarlaryň içinden özüňe gerekli zatlary aýny wagtynda tapyp bilýärsiň. Olar saňa niýetlenip aýdylýan ýalydyr, hut seniň üçin ýazylan ýalydyr, aslynda-da bu şeýle – şol sözler hut seniň üçin aýdylýar, hut seniň üçin hem ýazylýar. Böwrümize we töweregimize diň salyp bilsek, şeýle wakalaryň ýygy-ýygydan bolýandygyna göz ýetireris. Ýalňyş ýaly görünýän, ýöne tüýs barmaly ýerine gönügýän telefonyň aňyrsyndaky nätanyş sesler, düýşde buşlanýan hoş habarlar, işdeş ýa-da tanyş-biliş ýoldaşlarymyzyň söhbeti we maslahaty, ýolda-yzda bir gezek gabatlaşýan myhman ýüzler we olaryň maňza batýan sözleri, aýdýan habarlary, berýän öwüt-ündewleri, ykbalyňda bir salym peýda bolup, soňra gözden uçýan ýagşy adamlar.. garaz, şoňa kybap ýagdaýlar durmuşda juda kän. Durmuşda ýagşy adamlar örän kän. Olaryň sözleri dogry ýola düşmegimiz,ruhubelent we umytly ýaşamagymyz üçin tekge bolýar. Eýsem biz şeýle sözleri melekleriň pyşyrdysyndan başga nämä ýorup bileris? Şeýle adamlary Hydyr atadan başga kime meňzedip bileris? Biz Hydyr ata garaşýarys we ömür boýy şol kysmy adamlara hem ençeme gezek sataşýarys. Bular ykbalyň sowgady. Olar dürli keşpde, dürli röwüşde, dürli ýagdaýlarda peýda bolýarlar. Söz bilen ýöremeli ýolumyzy salgy berýärler. Onsoňam, asmandan bir melek inäýende hem ol hem şeýle adamlar ýaly, diňe bize gerekli sözleri ýetirerdi. Belki siz mundan soňam gabat gelen perişdeleriňiz hakda başga ýerde dil ýarmazlygyňyz mümkin, ýöne siziň olary tanajakdygyňyza, olaryň siziň ýanyňyzdan we ýadyňyzdan aýrylmajakdygyna welin pugta ynanýaryn. Gör, nähili bagt, melekleriň arasynda ýaşamak. © Rahmet GYLYJOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |