12:20 Oraz Ýagmyr: ýazyjynyň ruhunyň öňündäki bergim | |
ORAZ ÝAGMYR: ÝAZYJYNYŇ RUHUNYŇ ÖŇÜNDÄKI BERGIM Ýakynda «Atawatan Türkmenistan» žurnalyna makala tabşyrmaga bardym. Stoluň üstünde «Magtymgulynama» atly kitap dur eken. Kitaby açanymdan «Döwrana rowaçlyk dileýärin. 15.01. 2008ý. Oraz Ýagmyr» diýen ýazga gözüm düşdi. Ýazgyny okadym-da baş redaktora: «Şu kitaby okamaga berip bilmersiňizmi?» diýip ýüzlendim. Ol: «Kyn görme gelneje! Bir mahal iş bilen Kipre, soňra Türkiýä gidenimde Oraz aga (Ýagmyr), Hudaýberdi aga (Diwangulyýew) dagy bilen bile gidipdik. Jaýlary jennet bolsun! Olaryň ikisiniňem öz elleri bilen ýazgy ýazyp beren ýadygärlik sowgatlary. Hiç kime beremok» diýip ýagdaýyny aýtdy. Şol pursat bir waka ýadyma düşdi. Mundan 15-20 ýyl töweregi öň «Edebiýat we sungat» gazetiniň kätibi Akjemal gelneje: «Akgül jan, şuny size goňşymyz ýazyjy Oraz Ýagmyr iberdi» diýip kagyza dolangy disk getirip berdi. Kagyzyň daşyna «Oraz Ýagmyrdan Akgül Saparowa ýadygärlik» diýlen ýazgy senesi bilen bellenendi. Onuň beýik şahsyýet Nury Halmämmedow hakynda ýazan kitabynyň elektron ýazgysydy. Şol wagtlar öýümde-de, işimde-de özbaşdak ulanar ýaly kompýuter mümkinçiligim bolmansoň, kitaby okap bilmedim. Her gezek «meniňem bir arkaýyn işlemäge, döretmäge mümkinçiligim bolsady, şu kitaby okar ýaly» diýip ýöremsoň, ol kitaby gyzym iş ýerinde okapdyr. Eseriň täsirinden çykyp bilmän tolgunyp-tolgunyp gürrüň berdi. Şonda el telefonumyň ýoklugy hemem öýüme-de telefon çekilmedik bolansoň, Oraz aga şol sowgady üçin jaň etmedim. «Ahyry bir gün güzeranym gowulaşanda wagt tapyp, öýüne söhbetdeşlige bararyn, ýüzbe-ýüz gürrüňdeş bolup bir zatlar ýazaryn» diýip ýördüm. Ine-de, bir gün (2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň ikisine ýogalan) onuň bakyýete göç edendigini eşitdim. Tüýs Berdinazar aganyň: «Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň! Mümkin ýene bir sagatdan giç bolar!» diýeni. Ýeri, iş ýerimde telefon bardy ahyry, iň bolmanda jaň üsti bilen bir, sagbolsunyňy aýtmalydyň. Şonuň ýaly sowatly, tanymal ýazyjy saňa öz eserini sowgat iberensoň, näme üçin jaň etmediň!» diýip ökündim. Henize bu güne çenli öz-özümi günäkärläp ýörün. Birden mukaddes Remezan aýydygy hakydama geldi. «Oraz aga hakynda ýatlama ýazaýyn. Bu meniň ýazyjynyň ruhunyň öňündäki bergim. Haýyr sahabatyň, birek-birege ýagşy doga-dilegler edilip, aýat-töwir okalýan sogaply aýda şol ýalňyşlygym üçin ýazyjynyň ruhunyň öňünde ötünç soradygym bolar» diýdim. Ýol boýy içimden onuň döredijiligi hakynda bilýänlerimi ýatladym. Kitap tekjämde Oraz aganyň 1999-njy ýylda Ankarada neşir edilen «Men Ataturk» atly kitaby bar. Kitapda Mustapa Kemal Atatürküň: «Türkler medeniýetli milletleriň ählisiniň dostudyr», «Gelejekki nesillere goýjak iň gözel mirasymyz — ähli milletleriň dostana gatnaşykda bolan dünýäsidir», «Medeniýet we ykdysadyýet her dürli syýasaty dogry ýola gönükdirýän esaslardyr», «Bir milleti ýaşatmak üçin birtopar esaslar zerurdyr. Siziň bilşiňiz ýaly, bu esaslaryň iň möhümlerinden biri sungatdyr»… diýip, halklary dostlukly gatnaşyklara çagyrýan, dünýäni parahatçylyga beslemek islenip aýdylan ajaýyp jümleler bilen başlanýan bu kitabyny okapdym. Bir günem belli sazşynas Öwezmyrat Gandymowlara söhbetdeşlige baranymda onuň kitap tekjesinde Oraz Ýagmyryň «Gurt Ýakup» atly kitabyna gabat geldim. Öwezmyrat agadan şol kitaby okamak üçin bir hepdelik bermegini haýyş etdim. Ol: «Kyn görme, gyzym, üç günden kän saklaman yzyna getirip berseňiz bereýin» diýdi. Begenip kitaby alyp gaýtdym. Öýüme gelşime-de, kitaby okap başladym. Birden çagalaryma «agşamlyga palaw atarjak» diýenim ýadyma düşdi. Kitabyň yzyny okamaga-da howlugýan. Palawy buguna goýanymdan ýene kitaby okap başladym. Gepiň gysgasy, nahar taýýar bolansoň, çagalaryma «Özüňiz guýup alyňda iýiberiň!» diýip, kitaby doly okap bolamsoň, saçak başyna geçdim. Kitap welin, şeýdip işdäňi ýakanyňa juda degýän eken. Halkyň içinden toplanan baý maglumatlaryň çeper beýan edilişi, milli mirasymyz hakynda öwrenmeli zatlarymyzyň juda kändigi hakynda oýlandyrdy. Kitapdan göçürip alan parçalarymy kompýuterde bellik edip goýupdym. Aşgabat.1991-nji ýylda «Altyn guşak» neşirýatynda çap bolan meşhur bagşy Gurt Ýakup hakynda ýazylan ilkinji kitapçanyň awtoryň hasabyna neşir edilendigi hemem ol kitabyň iki aýda kyrk müň sanysynyň satylandygy hakynda ýazylan maglumat, eýýäm kitabyň okyjylaryň göwnünden turandygynyň subutnamasy. Kitabyň girişinde: «Gurt Ýakup üýtgeşik mekdep goýanlaryň biri. Ol beýik Magtymgulynyň çap edilen, ýa çap edilmedik, ähli şygyrlaryny ýatdan bilen ýeke-täk bagşydy. Onuň çalan, döreden sazlary, aýdan aýdymlary, kyssalary, dessanlary halkyň ruhuny täzeleýär, paýhas berýär. Diňledigiňçe bu durmuşa teşneligiň artýar, adamlara hormatyň möwjeýär. «Gurt Ýakubyň derwüş owazyndan gadymyýeti görýän» diýip beýik Nury Halmämmet aýdypdy. Ýazyjy Oraz Ýagmyr, ynha, şeýle meşhur bagşynyň hesretli, gadyrsyz geçen ömri hakda Sizi söhbete çagyrýar» diýip ýazylmagynyň özi okyjyny bada-bat özüne çekýär. Kitaby okap hiç wagt hormatym egsilmejek, arhiw ýazgylaryny heziller edip diňleýän dessançy bagşym hakynda gönümellik bilen hiç bir zady ýoýman halky dilde çeper beýan edip ýazan ýazyjynyň bagşy bilen bagly her bir pursady ilik düwme öwrenmek üçin çeken zähmetiniň aňsat düşmändigine göz ýetirmek kyn däl. Şeýle meşhur bagşynyň geçen ýeňil bolmadyk döredijilik ýoly, durmuşy: «Mukamyň syry» çeper filmdäki «Sazyň yzasam bar, mazasam…» diýen sözleri biygtyýar ýadyňa salýar. Kitapdaky her bir ýatlama pursat bagşynyň neneňsi adam bolandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Ine, oňa bir mysal: «Gurt Ýakuby tanaýanlaryň ählisi onuň gaýmak ýaly mylaýym, ýumşak adamlygyny tekrarlaýarlar. Ol iliň göwni diýip ýortar ýörer eken. Gurt Ýakup bagşylaryň ýazylmadyk kanunlaryna, däplerine ilkinji ädimden tä soňky demine çenli wepaly boldy. Bagşynyň iň uly baýlygy – sesi diýýärler. Tebigat Gurt bagşa juda ägirt baýlyk eçilipdir. Onuň sesi Alla diýip, Adam diýip oba-oba aýlanan gadymy galandar-abdallary, gije ýatman nalyş okan päk göwün derwüşleri ýatlatmaýarmy?! Onuň sesi seniň göwnüňe iň ýakyn melhemçiniň sesi dälmidir?! Şeýle sesiň bolar-de sen neneňsi aýdym aýdaryn öýdýäň?!Gurt Ýakup aglanda-da, gülende-de aýdym aýtdy. Durmuşyň düýp aslyna akyl ýetirjek bolup kelle döwende-de aýdym aýtdy. Aýdym-saz onuň üçin lezzet, ýöne oýlandyrýan, sähel gamlandyrýan, ýüregiňi ýumşadýan lezzet. Hi, gamlanmaýandanam, gama batyp bilmeýändenem adam bormy?! Gam seniň gedem başyňy egýär, gazaply diliňi süýjedýär, töwerekden özüňe hemra-dost gözledýär. Iň güýçli ýeri hem: seniň bu dünýä myhmanlygyňy ýatladýar. Myhman bolup gelen ýeriňe ýamanlyk etjekmi?Göz gorkak, el batyr, dil ýüwrük diýipdirler. Ana, gam seniň eliňden tutýar. Ejize degme diýýär. Gam seniň diliňi düwýär. Ajy söz aýtma diýýär. Elbetde, adama merdem gam gerek, adamy beýgeldiji, haýyr işlere iteriji gam gerek. «Sen myhmansyň, gyssanaweri, ýagşylyk edip ýetişjek bolaweri!» diýip, böwrüňe sanjyp duran gam derkar. Gurt Ýakubyň owazynda, aýdymlarynda, çalan sazlarynda hut şeýle gam bar. Bagşynyň ählimizi kökenlän ýüpi hem şo gamdan işilen bolsa gerek. Şeýle bolansoň Gurt bagşy, ozaly bilen, beýik Magtymgula ýüzlendi. Özem şahyryň arap harpyndaky kitaplaryny okady. Gündizlerine edil aýna bakan ýaly kitapdan ýüzüni aýyrmady, ýatanda ýassygy Magtymgulynyň kitaby boldy. Gurt bagşy arap, pars dilinden, çagataýçadan habarly bolansoň, onuň Magtymgulynyň şygyrlaryna düşünişi üýtgeşikdi. Magtymgulynyň eserleriniň aňyrsynda ýaňlanýan owazy sogrup almagy Gurt Ýakup başardy. Şoňa görä, bu dünýäde aýdym aýdyp geçen bagşylaryň arasynda Magtymgulydan iň köp aýdym aýdan Gurt Ýakupdyr. Mary şäherinden lukman Myraly Ata ogly şu babatda bir wakany ýatlady: «Bir toýda Gurt bagşy Magtymgulydan aýdym aýdyp, aralygynda derini sylanda diňleýjileriň biri: — Gurt akga, Magtymgulydan näçeräk aýdym bilýäňiz? — diýip sorady. — Bilmedim inijigim. Şony özümem bilesim gelýär. Hany, Magtymgulynyň kitabyny getiriň, bakaly. Magtymgulynyň 1983-nji ýylda çykan iki tomlugyny alyp geldiler. — Hany, inijigim, sahypalary bir ýandan agdaryp başla. Goşgynyň adyny okasaň bolar — diýip, Gurt bagşy dutaryň gulaklaryny çekişdirdi. Onsoň bir goşgynyň adyny okanyna mähetdel bagşy o goşgynyň bentlerini aýdym edip aýdyp başlaýar weli, halaýyk indikä geçiber diýip ygtyýar berýär. Aýdymlaryň arasynda Gurt bagşynyň özi düzen, özi tapan heňleri hem az däldi. Şeýdip, iki kitap tamam boldy weli, Gurt bagşy: «Munda Magtymgulynyň ähli goşgysy ýok. Şu kitapdanam yzarlalyň» diýip, köne ýazuwly bir kitaby sumkasyndan çykardy. Ony hem heňe salyp aýdyp çykdy. Beýle ýatkeşligi, saz döretmäge ukyby bir kellede jemlän bagşy indi bu dünýäde gaýtalanmasa gerek». Gurt bagşy bir toýda aýdym aýtdygy, ertiri o aýdymlary magnitofon kassetasyndan göçürip dünýä ýaýradýarlar. Özüni diňläbilmän, kasseta arkaly lezzet alyp ýören halaýyk Gurt Ýakubyň özüni görende Hydyr atany gören ýaly begenýärdiler. Onuň halk içindäki sarpasyny, Gurt Ýakuba goýulýan hormaty hiç zat bilen deňäp bolar ýaly däl. Ana, şol sarpa, şo hormat hem bagşynyň iň uly medetkäri boldy. Ol ürç edip täze goşgulary, dessanlary, kyssalary, hekaýat-rowaýatlary öwrenýärdi. Onuň almaz ýaly ýiti zehini okaýan zadyny tutuşlygyna ýat tutmaga mümkinçilik berýän ekeni. Bir gezek ol bir ýaşuluda «Ýusup-Ahmet» dessanynyň köne nusgasyny görüpdir-de o dessany ýat tutmak üçin kyrk günlük sorapdyr. «Kyrk günlük?» diýip, kitap eýesi geňirgenipdir. Gurt Ýakup bolsa kitaby uzak möhletlik soraýandyryn öýdüp müýnürgäp: «Onda otuz bäş günlük beräýiň» diýipdir. Kitap eýesi otuz bäş gün diýlende Gurt bagşynyň bosagasyndan ätläpdir. Ol uly dessany sanalgyja günde ýat tutup boljagyna hiç ynanmandyr. Gurt bagşy kitaby myhmanyň öňüne oklapdyr-da höwes bilen «Ýusup-Ahmedi» aýdyp beripdir weli, begenjinden ýaňa myhmanyň ýüregi ýarylara gelipdir. — Älhepus, älhepus! Seniň egniňdäki adamyň kellesimikä beri? — diýip, Gurt Ýakubyň päki bilen syrylyp, elmydama ýylmanyp duran kellesini elläp görüpdir. O kelle däldi-de, kelle görnüşli türkmen hazynasydy. Gaýtalanmadyk, gaýtalanmajak hazynaly türkmen kellesidi» diýip baha berýär. Ýazyjynyň: «Türkmengalaly muşdak Annageldi Baýmyrat ogly Gurt Ýakubyň aýdýan aýdym-sazlary, dessanlary hakda uzak gyzyklanypdyr. Bagşynyň tirme aýdymlarynyň mukdaryny kesgitläp bilmese-de ol şu aşakdaky dessanlary, rowaýatlary, kyssalary Gurt Ýakubyň aýdanlygyna güwä geçýär: «Şanama», «Babaröwşen», «Ýusup-Ahmet», «Zeýnelarap», «Ymam Hüseýin», «Hatam Taý», «Ybraýym Edhem», «Sagdy-Bakgas», «Oguznama», «Risalaýy Nesimi», «Hezare sowal Melike Danyşmend», «Leýli-Mežnun», «Ýusup-Züleýha», «Kyssaýy Fyrgun», «Şejereýi Terakime», «Gülpam», «Myraly we Soltan Söýün», «Kasasyl Enbiýa», «Asly-Kerem», «Uzuklar», «Meşrep diwana», «Isgendernama», «Kyrk hadys», «Taryhy Enbiýa», «Taryhy mülük-i Ažam», «Taryhy halyfat», «Kyssa Ymam Islim», «Zarkum», «Wagzy Azad», «Wagzyl Jöhit», «Itli jöhit», «Makatyl», «Nejep oglan», «Sir Şerif», «Kasym oglan», «Zöhre-Tahyr», «Wamyk-Uzra», «Döwletýar», «Melike-Mährinigär», «Melike-Dilaram», «Diwani lugat et-türk», «Röwzet es-safa», «Gyýas el-lugat», «Seýpelmelek-Methaljemal», «Şirin-Perhat», «Guşlar dili», «Pentnama», «Baharystan», «Behiştnama», «Şabährem», «Gül-Senuber», «Warka-Gülşa», «Wepaýy», «Kowusnama», «Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleri», Jamynyň eserlerinden, Nowaýynyň şygyrlaryndan, Ferdöwsiden, Mollanepesden, Magtymgulynyň eserleri tutuşlygyna, «Ejem pahyryň aýdan läleleri, hüwdüleri» diýip, Gurt bagşynyň sanaýan setirlerinden çen tutsaň, onuň ejesi hem örän dilewar, halk döredijiligini gowy bilýän zenan bolarly — diýip anyk maglumatlar bilen getiren mysallary okyjyda «bular hakynda nämeler bilýäris?» diýen sowal döredýär. Ýazyjy: «Men Gurt Ýakubyň lälelerini, hüwdülerini öwran-öwran diňläp, olaryň neneňsi şirin duýguly saz bilen keşdelenilişine haýranlar galýan. Gurt bagşy o heňleri şeýle bir ýakyn ýürekden çalýar weli, her bir doň ýüregem bu heňlere erese gerek — diýip ýazypdyr. Oraz aganyň özüniň aýdym-saz sungatymyzdan üzňe bolmandygyny kitapdan alan bir parçamyň mysalynda aýdasym gelýär. «Uly Garly, Kiçi Garly, Oraz Salyr, Girman bagşy, Nobat bagşy, Öwezdurdy Welmämmet… ýaly ägirt bagşylaryň ählisi hem mekdep goýan bagşylar. Uly Garlynyň aýdymlary saldamly, ýognas-mylaýym owazly, belende galanda juda belent, sesi burun arkaly az peýdalanýar, köplenç, yşky, durmuşy aýdymlar agdyklyk edýär. Kiçi Garly düýpden muňa garşylykly häsiýetde. Ol aýdymy otlukly, gaty gyzgalaňly aýdýar, şeýle aýdymlary saýlap aýdýar. Sazyny hem deňine ýöredýär. Aýdymam ýüwrüp barýar, sazam. Owazy hem muňa kybap gelýän inçeden mylaýymdy. Oraz Salyr inçeräk belent owazy bilen dünýewi aýdymlara köp üns berýän ekeni, onuň setir arasyny, bent arasyny sepleýşiniň ussatlygy gaýtalanmajakdy. Onuň aýdymlarynda saz ikinji hatarda durýardy. Nobat bagşy owazyndaky durnuklylygy, sözleri örän saýhally aýdyşy, sesi peýdalanmakdaky artykmaçlygy, owazyndaky ýeňiljek gam bilen bendi edýärdi. Ýokarda aýdylanlar o bagşylaryň aýdymlaryny diňläňde ilkinji ýüze çykýan pikirler. Olaryň döredijiliginiň hersine mynasyp sypatlaryny çuň, doly ýüze çykarjak bolsaň, ýassyk ýaly kitap ýazmak derkar» diýip, ýazyjynyň her bagşynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny tapawutlandyryp düşündirmegi onuň milli bagşyçylyk sugatymyz hakynda düşünjesine bolan pikir garaýşymy başgaça aýtmaga esas berenok. Ine, ýene bir mysal: «Gurt Ýakup aglaba tirme aýdymlar aýdylýan salyr-saryk ýoluna kyssaçylygyň özboluşly şahasyny ornaşdyrdy. Bu kyssaçylyk Pälwan bagşynyň, Magtymguly Garlynyň kyssalaryna meňzemeýärdi. Gurt Ýakup öz halypalaryna-da meňzemedi. Olardan alan sapaklaryny başga ugra gönükdirdi. Şeýlelikde, türkmen aýdym-sazynyň täze kuwwatyny, täze mümkinçiligini açdy, ony bir gez ýokary göterdi. Türkmen klassyky edebiýatynyň köplenç, az bogunly, az setirli goşgulary, özem üç-dört bentden artyk bolmadyklary aýdylardy. Gurt Ýakup bolsa aruz ölçegli, çylşyrymly eserleri hem heňe goşdy oturyberdi. Hut şondan soň beýik Magtymgulynyň ähli goşgusyny aýdyma öwürmek mümkin boldy. Ýöne «Men şeýle täzelik tapdym. Men şunça täze heň ulandym» diýip Gurt bagşy ýekeje gezegem magtanan däldir. Dessançy bagşynyň uly sanawdaky dessanlarynyň arasynda onuň ýerine ýetiren «Gülpam» dessanyny her gezek «Miras» teleýaýlymyndan diňlänimde kitapda beýan edilen şu pursat hakydama gelýär. «Türkmenistan radiosynyň sazly gepleşikler redaksiýasynyň işgäri Allaberdi Durdyýew Gurt bagşy bilen duşuşyklary, onuň «Hatam Taý» dessanyny, birnäçe aýdymlaryny ýazyp alyşlary hakda ýatlap, şeýle diýdi: «Gurt Ýakup ähli bagşyny özünden belentde goýýardy. Hiç kime göwnüýetmezçilik etmezdi. Aýdym-saz babatda hiç-hiç bilimlisiremezdi. Men bu ömrümde gaty kän bagşy-sazanda bilen işleşmeli boldum, olaryň arasynda Gurt Ýakup ýaly şeýle sypaýy kişä seýrek duşdum. Ýöne, näme «Gurt Ýakubyň aýdymlaryny radioda bermeli däl» diýip, wagtal-wagtal berlen buýruklar biziňem elimizi sowatdy weli, esasan bagşyny badykeş etdi-dä». Belli saz öwreniji Akmuhammet Aşyrow telewideniýede bolan bir wakany ýatlaýar: «O döwürler men telewideniýäniň sazly gepleşikler redaksiýasynyň mudiridim. Gurt Ýakubyň «Gülpam» dessanyny ýazyp aldyk. Efire gitmeli bolanda rugsat bermediler. Nämemiş, bir ýerinde dini söz barmyş. Ýazgyny pozmaly diýen buýruk berdiler. Menem pozuldy diýip jogap berdim-de, kassetany gizläp goýdum. Soň-soň zamanalar üýtgäp başlanda, «Gülpam» dessany halka gowuşdy». Bu wakalar onuň şeýle giň, şeýle çuň döredijiliginiň müňden biriniň hem radionyň, telewideniýäniň hazynasyna düşürilmänligine şaýatlyk edýär. Saý-sebäp bilen düşenlerinde-de ol aýdymlar märekede aýdylança ýok. Bagşyny belli bir çäge salmak, onuň erkana inip-çykyşlaryny haýallatmak, zaryn hümmüldilerini azaltmak meýilleri duýulýar. Şol aýdymlary Gurt bagşynyň il içinde aýdyşyny bir synlaň: sazy alawlap, owazyndan ýüz müň paýhas köräp durandyr. Sebäbi bu bagşy her aýdym aýdanda bir ýaş ýigdelip, bir ýaş garrap, ýüregini orta goýup aýdýardy. Onuň saz çalşynyň käbir aýratynlyklary hakynda-da durup geçsek. Ol gyzgalaňly çalmagy halaýardy, aralygynda örän şirin süýkdürýärdi. Ana, şonda diňleýji bal ýalan ýaly bolýar. Duýdansyz inip gitmek, garaşylmaýan pursatda çykmak Gurt sazandanyň edähedidi. Bir tarda çalmak, perdede çalmak, bir barmak bilen çalmak ýaly dürli oýunlary hem bardy. Onuň dutarynyň ses berişi üýtgeşikdi, gulagyň şo dutaryň owazyna öwrenişensoň, sen ony hiç unudyp bilmersiň, nirede çalynsa derrew taparsyň. Gurt bagşy saz çalmaga aýratyn üns bermeýän ýalydy, emma onuň sazy sünnäleýşi diýip-aýdar ýaly däldi. Çyny bilen çalanda eli gapaga degjek gumany ýokdur, ýogsa gapak bilen tarlaryň arasy gaýmagyň galyňlygy ýaly ahyry. O sazlaryň biri hem radioda eşitdirilmeýär» diýip bagşynyň käbir aýdymlaryny ýerine ýetirşine syn berýär welin,ýazyjy aýdym-saz ugrundan ýokary derejeli hünärmendir diýen pikir seriňde aýlanýar. Magtymgulynyň sözlerini Gurt bagşy hut özi hakda aýdylan ýaly kabul etdi. Öz bilýänini, ähli ylham joşgunyny ýetişibildiginden halka paýlady. Ol hakykatda aýdym-sazyň hatam Taýyna öwrüldi. O babatda şahyr Atamyrat Atabaýewiň jaýdar setirleri bar: *** Dessan aýdan wagtyň jadygöýdiň sen, Özge mahal ýönekeý bir adamdyň, Ähli bilýäniňi ile goýduň sen, Sahylykda dünýä belli Hatamdyň. Ýöne şahyram gijä galdy. Bu sözler bagşy dirikä, gara teletinli gapylara çagyrylyp çekelenýän döwründe ýazylanlygynda uly goldaw bolardy. Diňe goja Gurban Wehimi Gurt Ýakup dirikä bir goşgy ýazyp bagşa beripdir. Gurt Ýakup dirikä legenda, rowaýata öwrüldi, şoňa görä halk içinde onuň ady bilen bagly gyzykly gürrüň gaty kän. Oraz Bagybek pahyr: «Ýagşy bolmasaň, bagşy bolmarsyň» diýerdi. Gurtjan şolaryň ikisem boldy». Şunuň ýaly oýlandyryjy ýatlamalaryň birini aýdyp, birini goýar ýaly däl. Öwran-öwran okap oturyşyma, ýazyjynyň maşgala ojagyna söhbetdeşlige barmaga hyýallanyp ýola düşdüm. Ilki bilen bir zady buýsanç bilen aýdasym gelýär. Bu maşgala ojagynyň uludan-kiçi agzalarynyň gapydan baran myhmany hormat goýup garşy alyşlaryna diýseň göwnüm ýetdi. Olaryň adamkärçilik diýlen juda ýokary terbiýä ýugrulan zandy bilen beren taňry salamynyň özi edil ýazyjynyň kitaplaryny okanymdaky ýaly täsir etdi. Oraz aganyň ýanýoldaşy Akbike gelneje yzy üzülmän syrygýan gözýaşlaryny sylyp gürrüňe başlady. Kä aglap, kä diňip otyryşyna kän pursatlary ýatlady. — Oraz pyýada ýöremegi gowy görerdi. Wezipeli wagty ýörite ulag berkidilende-de, köplenç işe pyýada giderdi. Ol: «Ile ýagşylyk edip begendirmegiň lezzetini bir duýsadyňyz» diýerdi. Bir gün bile tirkeşip pyýada bazara barýardyk. Ýolugurda bir daýza köçe süpürip arassaçylyga seredip ýör. Oraz durdy-da: «Bäh, ol aýalyň ejeme meňzeşdigini» diýip, onuň ýanyna bardy. Bir zatlar diýip, oňa jübüsindäki puly uzatdy. Soňra-da ýanyma gelip: «Ýör, yzymyza gaýdaly» diýdi. «Bolýa» diýip, sesimi çykarman öýe gaýtdyk. Biraz ýörämizsoň ol: «Aýlyga çenli, öýde başga sowalga bardyr-a?» diýdi. «Hawwa» diýip baş atdym. «Bolýa, bolýa» diýdi. Başga hiç-hili gürrüň bolmady. Biz hemişe birek-birek bilen düşünişip ýaşadyk. Gyşyň güni gar ýagsa çagajyklary bilen gar adam ýasap oýnardy. «Çagalarym ömrüm meniň» diýerdi. Dünýäni gezip ýaşady. Çagalaryny daşary ýurtlara äkidip görkezerdi. Ulalanlarynda «Kakam bize pylan ýurdy görkezipdi» diýip ýatlarlar — diýerdi. Saz diňlemegi gowy görerdi. Halk sazlary diňläp oturyşyna «Haýsy saz şu?» diýip sorardy. «Pylan saz» diýip adyny aýtsak «Sizem saza gowy düşünýäňiz» diýip begenerdi. Paýtagtymyzyň Sekizinji mart diýilýän ýerinde Nobatguly Rejepler, Kakabaý Gurbanmyratlar başga-da gaty kän sungat adamlary bilen goňşy ýaşadyk. Dogan ýaly bolup gatnaşdyk. Öýümize gaty kän döredijilik işgärleri gelerdi. Oraz Çary Aşyr, Nazar Gulla, Seýitnyýaz Ata dagy bilen iki-üç sagatlap jaňlaşardy. Myrat Diwanaýew bilen goşulyşyp telefonda aýdym aýdardylar. Orazyň gowy sesi bardy. Özi dutaram çalardy. Bir gezek öňki Mollanepes adyndaky akademiki teatrda Gurt Ýakuba bagyşlanyp hatyra güni geçirildi. Şonda teatryň direktory Baba Annanow: Boýdaş, men henize çenli teatryň şeýle tomaşaçyly bolandygyny birinji gezek görýän» diýipdi. Baba Annan Oraza «boýdaş» diýerdi. Ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewler bilen gowy gatnaşykda bolduk. Hudaýberdi aga dünýeden gaýdanda Oraz «nekrolog» hökmünde «Akyl gämisi batdy» atly makala ýazdy. Şo makalasy Eýranyň «Sähra» gazetinde çap boldy — diýip makalanyň elektron ýazgysyny berdi. («Sähra» gazeti, 2013-nji ýylyň noýabr aýy, 448-nji sany, Kümmet Kabus, Eýran) — Oraz ýogalmazynyň öň ýanlarynda: «Indi ýazmaly, hiç zat etmän ekenim» diýdi. Garaja oglanyň ýubileý seneleri geçirilende Türkiýä kän gezek gidipdi. Ol ýerde Garaja oglana «Türkmen ýazary» diýýän ekenler. Bir gezek ol çemodana salyp Garaja oglanyň kiçijek heýkelini getirdi. Şol heýkelem ulaldyp häzir paýtagtymyzyň merkezindäki «Garaja oglan» seýilgähinde goýuldy. Oraz kitaba uly hormat goýardy. Çagalary kitap okanlarynda epläp bellik etseler halamazdy. Ýörite bellik edilýän satyn alardy. — Kakamyň öý kitaphanasy bar. 6-njy synpdakam ilkinji gezek Prosper Merimäniň kitabyny okamaga beripdi. Kakam: «Janym meniň türk dünýäsinde» diýerdi. Bu diýdigi türki halklaryň dünýäsi diýdigidi — diýip ýazyjynyň körpe gyzy Selbem kakasy hakynda käbir ýatlamalary aýtdy. — Orazyň 60 ýaş toýunyň ýazgysyny sowgat bererin, ondan kän zatlar öwrenersiňiz. «Magtymgulynamany» ýazyp başlanda: «Örän uly jogapkärli işe baş goýýan, ýöne men bu kitaby ýazmasam bolanok. Her gün düýşüme Magtymguly atamyz girip: «Meniň ýüzümi görkez» diýip goýanok» diýipdi. «Magtymgulynamany» sekiz ýylda ýazdy. Wah, entek o deýen garry däldi. Berlen ömrüdir-dä. Bir oglum, bir gyzym indi durmuş gurmaly, şolaryňam toýuny gören bolsa bolmaýarmy?Ýogalanda onuň gowy görüp diňlän «Hümmet bagşysynyň elektron ýazgylaryny belli günleriniň sadakalarynda paýladyk. Häzir onuň öý kitaphanasyna girsem işläp oturan ýaly göz öňümde dur. Onsoň aglap oturamsoň, çagalar entek ol otagy ýapyp goýdular. Käwagt: «Maňa diňleýji gerek» diýerdi. Oraz ýarawsyz ýatyrka Kakamyrat Rejebow diýen şahyr ýigit soramaga geldi. Şonda oňa kän kitaplaryny sowgat berip: «Sen geljekki Gurbannazar» diýip arkasyndan sypady. Ol ýaş bolsa-da: «Halypa, munça kitaby şeýle alyp gidip bolmaz» diýip, Orazyň şoň ýaly ýagdaýda ýatyşyna dözmedi — diýip Akbike gelneje hamsygyp gürrüň berdi. Ýazyjynyň dört gyzy, iki ogly, on sany agtygy bar eken. Hemme çagalary ýokary bilimli dürli kärlerde işleýän eken. Iki gyzy lukman eken. Gaýtjak wagtymyz Oraz aganyň arhiw ýazgylarynyň käbirleriniň elektron ýazgysyny göçürip aldym. Öýe gelemsoň mirasgär Atamyrat Şagulyýewe jaň edip ondan Oraz aga hakynda bilýänlerini gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol: — Oraz Ýagmyr bilen kän ýyl gatnaşykda bolduk. Onuň iň bir aýratyn gowy tarapy ýurdumyza edebiýat, sungat, medeniýet wekillerinden myhmançylyga gelen täsin adamlary ilki bilen maňa habar bererdi. Şolaryň gyzykly gürrüňlerini ýazgy edip, gepleşigiň üsti bilen tomaşaçylara ýetirmäge ýardam ederdi. 1990-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň 6-njy arkasy Ata Işan hemem 7-nji arkasy Gara Işan ýurdumyza gelipdi. Şonda Oraz aga haýyş edip paýtagtymyzyň «botanika» bagynda «Ýedigen» gepleşiginiň bir sanyny ýazgy edipdik. Şol gepleşigimize Türkmenistanyň Halk sazandasyÝagmyr Nurgeldiýew, Türkmenistanyň Halk artisti Leýla Şadurdyýewa, Magtymgulyşynas Aşyrmyrat Hasmämmedow hemem Oraz aganyň özem gatnaşypdy. Gepleşik ýaýlyma berlensoň, şowly kabul edilip, maňa şol gepleşik üçin «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy» berildi. Ata Işan bilen Gara Işana «Türkmenistanyň hormatly raýaty » diýen dereje berildi. Olaryň ikisem Döwletmämmet Azadynyň Gaýyrguly neslinden gaýdýar. Eýranyň Žargilan welaýatynyň Gerkez obasynda ýaşaýan Aba Işan bar. Bulaň ählisem hazyna ýaly adamlar. Soňra Angliýada ýaşaýan ildeşimiz Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Ýusup Azmun körpe ogly Atabaý bilen geldi. Olaryňam ýurdumyza gelenini Oraz aga buşlapdy. Onsoň bular bilenem telegepleşik taýýarladyk.Gepleşige Oraz aga-da gatnaşdy. Meşhur sazanda Yslam Babaýew gitara saz guralynda çalýan ajaýyp sazlary bilen gepleşigimizi bezäpdi. 1991-nji ýylda Oraz Ýagmyrowyň guramaçylyk etmeginde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýeňiş obasynda sazyň piri Babagammaryň aramgähiniň başynda hatyra güni geçirilende-de gatnaşyp, şol sogaply iş bilen bagly ýörite gepleşik etdik. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan aýdym-saz sungatymyzyň wekilleri gatnaşyp gaty uly täsirli geçdi. Leýla Şadurdyýewa dagy şo gepleşigimize-de gatnaşdy. Şol wakadan soň uzak wagt geçmänkä Oraz aganyň körpe ogly dünýä indi. Onuň adyna ýazyjy Hudaýberdi Durdyýew Babagammar diýip dakypdyr — diýdi. 1996-njy ýylda maňa «Magtymgulynyň dostlary» jemgyýetiniň Halkara baýragy berildi hem şol jemgyýetiň agzasy bolamsoň, Angliýa bäş gezek gidip gelmek miýesser etdi.1992-nji ýylda Angliýa iş sapary bilen gidenimde Ýusup Azmunyň bile okan klasdaşy hem dosty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň agzasy bolan Ýakup Abdyllazadanyň «Bistro» atly naharhanasynda «Ýedigen» gepleşigi üçin ýazgy edipdik. Şo gezek gidenimde Ata Işan bilen Gara Işanyň gatnaşmagynda taýýarlan gepleşigimiziň ýazgysynyň göçürmesini ýanym bilen äkidipdim welin, Ýakup aga alyp galdy. Häzirki ýaly tehnika ösen bolanda şol ýazgylaryň ählisini arhiwimde saklardym. Belki, Oraz aganyň şahsy arhiwinde bardyr — diýdi. Oraz agalardan alyp gelen elektron ýazgylarymy okap çykdym. Ýazyjynyň «Nury Halmämmedow» atly kitabyny Ýusup Azmun iňlis diline terjime edipdir. Şol kitaby okan dostunyň kitap barada ýazan synynyň türkmençe terjimesini okyjylara ýetirmegi ýerlikli bildim. Ynha, ol şeýle mazmunda: Iň eziz dostum Ýusup! Nury Halmammedowyň Oraz Ýagmyryň galamynyň astyndan çykan biografiýasyny ýap-ýaňy okap gutardym. Ony okamagy biraz gijikdirenim üçin, meni bagyşlaweri. Meniň öz wagtynda bitirip bilmeyän işim bar bolsa, ol, elbetde, elmydam kitaplar bilen baglydyr. Sebäbi meniň her ýyl kitap arzançylygynda kitapdan ýüklenme gylygym bar. Öýdäki iş kabinetimde wiktorian stilinde ýasalan örän çydamly hem berk kofe stolum bar we onuň üstünde hemişe azyndan birki yüz kitap bolýar. Tertiplije ýatan şol dürli galyňlykdaky kitaplar, meniň bütindünýä pandemiýasyndan öň we häzirki pandemiýa döwründe nähili edebiýat bilen gyzyklanýandygymy görkezýär. Olaryň arasynda Oraz Ýagmyryň kitaby-da bar. Dogrusy, soňky wagtda özümde bir geň duýgyny syzýaryn, ol hem Oraz Ýagmyryň kitaby bilen tanyşlygy gijikdirmegim bilen bagly müýnüm bolsa gerek. Ýusup, sen, beýik sungat adamsy barada ýazylan çuň mazmunly hem ýiti duýgulara ýugrulan kitaby iňlis dilinde owadan dilde dünýä ýaýyp, örän uly iş bitiripsiň! Kitabyň başynda beýan edilýän we akylyňydyr-duýgyňy bilelikde gozgaýan tebigatyň gözelligi, ýeriň ýüzündäki jenneti ýatladýan Daýnanyň, Sumbaryň waspyny okanymda ýüregim heýjana geldi! Bu ugurda, elbetde, ozal Kiprde we Turkiýede geçiren günlerimiň hem şonda gözüm bilen gören gözelliklerimiň-de janly täsiri bardyr. Kitapda, halkyň duranja bir gudraty ýatladýan gündelik ýaşaýşy, ol ýerleriň, Eýranda seniň öz önüp-ösen mekanyň bilen ýanaşyk bolmagy, seniň sežde edýän gudratly halk aýdymlaryň, olaryň taýsyz joşguny bilen utgaşmagy – hut serden geçirýär… Men mundan öň haýsydyr bir kompozitor barada şeýle inçe poetik usulda, duýgularyňy hem akylyňy özüne maýyl edip, ylhamyňy oýarýan hem özüni ähli tarapdan dogry kabul etdirip bilýän kitaby okap görmändim. Bu kitaby okanyňda Nury Halmämmedowyň hakyky sungat ussadydygyna, beýik kompozitordygyna doly göz ýetirýärsiň. Kitapda beýan edilen zatlar, dogrusy, agzalan tema boýunça hödürlenip bilinjek akademiki faktlar ýygyndysyndan-da has täsirli bolup çykypdyr. Kompozitor Nury Halmämmedowy tanan adamlaryň ol baradaky ýatlamalary we seslenmeleri hemme zady öz ýerli-ýerinde goýýar – bu beýik kompozitor meniň bilen bir wagtda ýaşan adam, ol meniň döwürdeşim. Onsoň onuň ömrüniň hut ertekä meňzeş başlangyjyny göz öňüne getirseň, ol döwür özüni küýsetmän bilmez, ol meniňem ýüregime ýakyn. Bu täsin galdyrýan hekaýaty meniň bilen paýlaşanyň üçin saňa köp minnetdar,Ýusup. Sen maňa Kiprde beýik Magtymgulynyň kitabyny sowgat beripdiň, ol kitap indi elmydam meniň gözümiň alnynda. Seniň Ortaýer deňziniň günbatar gyrasyndaky myhmansöýer öýüňde geçiren günlerimi hemişe çuňňur söýgi bilen ýatlaýaryn. Kiprde Atageldi Garýagdy bilen geçiren bilelikdäki ýatdan çykmajak çykyşymyzy-da uly söýgidir hormat bilen ýatlaýaryn. Atageldiniň täsin galdyryjy zehini, aýdymlary, sesi, hatda bilelikde iýilen agşamlyklar-da meniň durmuşymda ajaýyp bir düýş ýaly ýatlama bolup galdy. Aýdymçy Atageldi Garýagdynyň kompozitor Nury Halmämmedow bilen ýakyn dostluk aragatnaşygynda bolandygy, onuň bilen bilelikdäki çykyşymyzyň meniň üçin elmydam gadyr goýjak bagtly pursadym boldy. Biziň Atageldi bilen bile çykyş etmegimiziň ýatlamasy hökmünde ol maňa bir tahýa sowgat beripdi. Ony türki halklaryň arasyndan ýygnan gymmatly ýadygärliklerimiň arasynda ofis-kitaphanamdaky kolleksýamda aýawly saklaýaryn. Eger Atageldi bilen habarlaşyp bilseň, gaýrat et-de, oňa meniň iň çuňňur hormatymy we salamymy ýetir! Onuň talantdan doly göwresini uly hormat bilen gujaklaýandygymy aýt. Eger onuň bilen poçta aragatnaşyny ýola goýmak mümkinçiligi bar bolsa, onda, elbetde, maňa onuň adresini ýolla. Belki-de, men hem öz gezegimde oňa ýadygärlik sowgat ibererin. Elbetde, menden Oraz Ýagmyra uly sagbolsun we salam ýetir. Beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň biografiýasyny ýazmak bilen, ol örän uly iş bitiripdir. Nury Halmämmedowyň ömür beýany meniň üçin öz durmuşymda iň uly täsir eden hekaýatlaryň biri bolup galar». Dr. Marc Heeg 2021-nji ýylyň ýaz aýlarynda ýazylan bu hatdan soňra Oraz aganyň terjimehalyny okadym. Ol şeýle: «Pasportdaky ýazgysy Ýagmyrow Orazdurdy Gurbanowiç , edebi lakamy Oraz Ýagmyr bolan ýazyjy 1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda häzirki Mary welaýatynyň Sakarçäge şäherçesinde dünýä indi. Türkmengala şäherçesindäki 1-nji, Ýolöten şäherçesindäki 1-nji we Gyzyl Baýdak obasyndaky 6-njy orta mekdeplerde okap orta bilim aldy.Orta mekdebiň ýedinji synpyndan başlap kolhozda suwçy, traktorçy we kitaphanaçy bolup işledi. Şu ýyllarda ownuk makalalar, şygyrlar, hekaýalar ýazyp başlady. Sonra mugallymçylyk etdi.1966-72-nji ýyllar arasynda Maksim Gorkiý adyndaky (Häzirki Magtymguly adyndaky)Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty bölüminde okady hem-de tapawutlanan diplom bilen okuwy tamamlady.1972-nji we 1973-nji ýyllarda Azerbeýjanda esgerlikde raketaçy bolup gulluk etdi. Esgerlikden gelip Türkmen döwlet neşirýatynda redaktor bolup işledi. Edebiýat tankydy bilen gyzyklandy, makalalary çap edilip başlandy.1976-njy ýyldan 1987-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň Ministrler kabinetinde referent –terjimeçi redaktor bolup işledi. 1988-nji ýyldan 1990-njy ýyl arasynda SSSR Edebiýat fondunyň Türkmenistan bölüminiň müdiri boldy.Soňra tä 1998-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Magtymguly jemgyýetiniň jogapkär sekretary wezipesinde işledi. Bu wezipedekä Magtymgulynyň şekli çekilen we bir bent şygry ýazylan bäş million sany lotereýa biledini çykarmagy ýola goýdy. Sazyň piri Babagammaryň guburynyň açylyş dabarasyny gurady we köp-köp ýurtlardan sazşynaslaryň gatnaşmagyny ýola goýdy. Aşgabatda beýik bagşy Gurt Ýakubyň, Kiçi Garly bagşynyň, Uly Garly bagşynyň, Ýunus Emräniň, Jelaleddin Rumynyň, Mämmet Akif Ersoýyň, Magtymgulynyň ýatlama agşamlaryny gurady, 1990-njy ýyla çenli gadagan bolan beýik Garaja oglan hakda «Garaja oglany kim zyndandan çykarar» diýen makalasy halk içinde uly täsir galdyrdy, ýokary okuw jaýlarynda Magtymguly derslerini telewideniye arkaly geçirdi, Türkmen döwlet uniwersitetine we bir uly köçä, bir etrapa, bir welaýata Magtymgulynyň adynyň dakylmagy hakda ýazyjy Nazar Gullaýew bilen bilelikde teklip girizdi. Magtymgulynyň ilkinji bibliografik gorkezijisini neşir etmegi gurady. Magtymgulynyň eserleriniň daşary ýurtlarda tanalmagy üçin köp işler etdi. Daşary ýurtlarda geçirilen takmyn altmyşa ýakyn dürli kongreslere, gurultaýlara, meşhur ýazyjylaryň hatyra günlerine çagyryldy we onda dokladlar bilen çykyş etdi, soňra ol dokladlaryň köpüsi aýratyn kitap edilip çap edildi. Oraz Ýagmyr Türkiýedäki birnäçe žurnalyň redkollegiýa agzasydyr. Arap, Türk, Azerbeýjan, Özbegistan elektron saýtlarynda eserleri goýberilýär.1975-nji ýyldan tä 1998-nji ýyla çenli «At çapan» radiohekaýasy Türkmen radiosynda yzygiderli berildi. Meşhur bagşy Ödenyýaz Nobatow hakynda «Gel dutarym sözleşeli» diýen kinonyň ssenarisini ýazdy. Türk Dünýäsine ýaýran « Janym Türk Dünýäsinde» diýen aýdymyň sözleri hem Oraz Ýagmyryňkydyr. Uzak ýyllar bäri diňe edebi döredijilik bilen meşgullanýar. Otuza ýakyn ýurda syýahat etdi, olaryň arasynda Demirgazyk Buzly okean, Hindistan ýaly ýerler hem bar. Aýratyn Türkiýä elli gezege ýakyn syýahat etdi. 1989-njy ýyldan 2012-nji ýyl aralygynda Türkmenistanda romany iň köp tiraž bilen çykan , Türkmen ýazyjylarynyň arasynda daşary ýurtlarda iň köp kitaby çap edilen ýazyjy Oraz Ýagmyrdyr. Türk Dünýäsiniň, şol sanda Türkiýe we Türkmenistan halklarynyň medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren uly işleri üçin 1999-njy ýylda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Halkara «Liýakat» baýragyna mynasyp boldy. Bu beýik baýrak bilen Orta Aziýada ilkinji gezek Oraz Ýagmyr sylaglandy. Mundan öň Türk Dünýäsinde bu baýragy diňe Azerbeýjanyň meşhur şahyry Bagtyýar Wahabzada alypdy.Ýazyjy baryp 1979-njy ýylda «Akar suwuň balygy» powesti üçin baýrak aldy. 2005-nji ýylda Türkiýede geçirilýän Halkara Tarsus Garaja oglan şygyr ýaryşynda ýeňiji bolup, Tarsus baş altyn baýragyna laýyk görüldi. 2008-nji ýylda Türk Dünýäsine bitiren hyzmatlary üçin Türk Kültürine hyzmat baýragyna eýe boldy. Şol ýyl Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen halkara şygyr festiwalynda Oraz Ýagmyryň okan «Garabagly enäniň agysy» diýen şygry baýrak aldy. 2009-njy ýylda Bakuda geçirilen Halkara Türk şygyr ýaryşynda Türkiýe Ýazyjylar birleşiginiň Beýik Baýragyna mynasyp boldy». Ýazyjy Oraz Yagmyryň eserleriniň Bibliografik görkezijisiniň sanawyny okab-a ýazyja bolan buýsanjym hasam artdy. Oraz Ýagmyryň ýazan kitaplary «Boz gurdyň balalary» türkiýeli meşhur türkmen şahyry Nyýazy Ýyldyrym Gençosman oglunyň türkmençeleşdirilen şygyrlary. Kitap heniz çap «Jelaleddin Rumy» Magtymgulynyň beýik halypasy Rumynyň gysgaça ömürnamasy. Kitap heniz çap edilmedi. «Hajy Bekdaş Weli» On üçünji asyrda Türkiýede ýaşan beýik türkmen filosofy we ýazyjysy Hajy Bekdaş Weliniň ömri we döredijiligi hakynda ýazgylar hem-de «Makalaat» kitabynyň türkmençeleşdirilen görnüşi. Kitap heniz çap edilmedi. 11.«Gazetiň gyrasyndaky ýazgylar» Gysga setirler, pikiriň arka tarapy. Kitapça heniz çap edilmedi. 12.«Bir şygyr-bir şahyr» Dünyä türkmen şygyr antologiýasy. Kitap heniz çap edilmedi. 13. «Dünýä Azerbeýjan şygyr antologiýasy» Kitap heniz çap edilmedi. Ýazyjy Oraz Ýagmyryň Türkmenistandaky gazet-žurnallarda çap edilen esasy makalalary, hekaýalary, powestleri, romanlary 61.«Ybrahym Edhem» Dessany türkmençeleşdirip çapa taýýarlan Oraz Ýagmyr.«Türkmen sesi» gazeti. 1996-njy ýyl. Maý aýy. 62.«Eseniň syýahaty» Powestden bölek. «Edebiýat we sungat» gazeti. 1999-njy ýyl. 12-nji noýabr. 63.«Jelaleddin Rumy.» Jelaleddin Rumynyň gysgaça ömür beýany. «Zaman» gazeti.2007-nji ýyl. Awgust aýyndaky üç sanynda çap edildi. Ýazyjy Oraz Ýagmyryň daşary ýurtlarda çap edilen kitaplary 1.Jelaleddin Rumy. «Bolşuň ýaly görün» Kitaby neşire taýýarlan, sözbaşy ýazan, mesnewiden we beýleki eserlerinden akyl dänelerini toplan, rubagylaryny terjime eden we redaktirlän Oraz Ýagmyr. «Ziraat» bankynyň neşiri. Ankara. Türkiýe. 1993-nji ýyl. 2.Garaja oglan. «Saçlaryň gara dälmidir».Kitap üçin jogapkär we kitaby neşire taýýarlan redaktor Oraz Ýagmyr.Ystambyl. Türkiýe.1994-nji ýyl. 3.«Ybrahym Edhem.» Terjime eden we kitaby neşire taýýarlan redaktor Oraz Ýagmyr. Ankara. Türkiýe.1996-njy ýyl. 4.«Men Atatürk.» Türkiýe Respublikasyny gurujy, asly Türkmen bolan Atatürküň ömri hakda gysgaça oýlanmalar. Atatürk hakdaky kitap Orta Aziýada ilkinji gezek ýazyldy. Ankara. Türkiýe. 1999-njy ýyl. 5.«Salowmaleýkim, Ýusup aga!» Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ýusup Azmun hakynda makalalar we goşgular. Toplan, adybir oçerki ýazan, redaktirlän Oraz Ýagmyr.Milli golýazmalar institutynyň neşiri.1999-njy ýyl. 6.Ýunus Emre. «Söýeliň, söýüleliň.» Şygyrlary seçen, türkmençeleşdiren, sözbaşy ýazan we redaktor Oraz Ýagmyr.Ankara. Türkiýe.1999-njy ýyl. 7.«Türk dünýäsiniň şygyr antologiýasy.» Şeýle kitap Orta Aziýada ilkinji gezek taýýarlandy. Şygyrlary toplan, aglabasyny terjime eden we sözbaşy ýazan, redaktirlän Oraz Ýagmyr. Ankara. Türkiýe.2000-nji ýyl. 8.Garaja oglan. «Gumry seslim, nirdesiň» Şygyrlary seçen, türkmençeleşdiren, sözbaşy ýazan Oraz Ýagmyr. Ankara. Türkiýe. 2007-nji ýyl.Kitap türkçe we türkmençedir. 9.«Garabagly enäniň agysy» Oraz Ýagmyryň Bursa şäherinde geçirilen halkara şygyr ýaryşynda baýrak alan adybir goşgusy we beýleki goşgulary , Azerbeýjan bilen bagly makalasy ýerleşdirilen azerbeýjan dilindäki kitap.Baku. Azerbeýjan. MBM neşirýaty.2009-njy ýyl. 10. «Nury Halmämmet» roman. «Türk kültürine hizmet» jemgyýetiniň neşiri.Ystambyl.2009-njy ýyl. 11. «Gülki derman» Türkiýede, Azerbaýjanda, Türkmenistanda Hoja Nasreddiniň adyndan aýdylýan täze şorta sözler.Kitap türkçe we türkmençedir. Lefkoşa. Demirgazyk Kipr Türk respublikasy. Ýazyjylar birleşiginiň neşiri. 2010-njy ýyl. 12. «Degirmen daşy» Oraz Ýagmyryň goşgulary we awtor hakynda makala ýerleşdirilen özbek dilindäki kitap. «Fahrizada» firmasynyň neşiri. Daşkent. Özbekistan.2010-njy ýyl. 13.«Yşk damjalary» Şygra ýerleşmedik duýgular. Jübi kitapçasy. Konýa.Türkiýe. 2010-njy ýyl. 14.«Daglar ýumrulyp beýgelýär» Ýatlamalar, hekaýalar, powest we «Nury Halmämmet» romany. MRK neşirýaty. Ankara. Türkiýe. 2010-njy ýyl. 15.«Diňe Gaýgysyz Atabaý» Romanlar. MRK neşirýaty.Ankara. Türkiýe.2010-njy ýyl. 16.«Kapadokya Şiir Şöleni» atly antologiýada «Jennetten çıkmış bir köşe» diýen makala we şygyrlar.Türkiýe. Newşehir. 2011-nji ýyl. 17.«Cengiz Aytmatov » Uluslararası şiir antolojisi”kitabynda şygyrlar.Istanbul Şiir Akademisi. Türkiýe. Stambyl.2011-nji ýyl. 18.«Gazeta hoşiýasidaki bitiklar» Gysga setirlerden düzülen jübi kitapçasy. «Dizaýn press» neşirýaty. Daşkent.Özbekistan.2012-nji ýyl. 19.«Duvar ýazıları» Gysga setirlerden düzülen kitapjyk. Türk Dünýäsiniň Bilgi Arhivi. Ankara.Türkiýe. 2012-nji ýyl. 20.«Boz Gurduň Balalary» Nyýazy Ýyldyrym Gençosmanoglunyň şygyrlaryndan terjime ve sözbaşy.«Berikan» neşirýady. Ankara. Türkiýe.2014-nji ýyl. 21. «Mahtumkulinoma» roman, «Özbekistan» neşirýady. 208 Daşkent, Özbegistan.2017-nji ýyl. 22.«Nury Halmammedow» roman. London.«Magtymgulynyň dostlary» Jemgyýeti.2017ý. Oraz Ýagmyryň daşary ýurtlarda çap edilen makalalary, goşgulary we hekaýalary. Makalamyzyň has uly bolmazlygy üçin her haýsy böleklere bölünip düzülen sanawdan gysgajyk bölegini ulanmaly bolduk. Bibliografik görkezijiniň sanawyny doly okan okyjylar ýazyjynyň halkymyza näderejede hyzmat bitirendigine göz ýetirip bilerler. Hemem onuň milli sungatymyzyň dünýä çykmagynda bitiren işlerine buýsanyp, gözýaş bilen ýatlarlar. Akgül SAPAROWA Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/oraz-yagmyr-yazyjynyn-ruhunyn-onundaki-bergim/. 17.04.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |