12:12 Ýusup Azmun: suratlardan başlanan ýatlamalar | |
ÝUSUP AZMUN: SURATLARDAN BAŞLANAN ÝATLAMALAR Aslynda iş ýerine özi hakynda ýazmak üçin barypdym, emma mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň şahsy arhiwindäki suratlaryň taryhy pikirimi başga ýana sowdy. Onuň dürli ýyllarda dürli ýerlerde düşülen ýadygärlik suratlaryň taryhyndan aýdýan gyzykly gürrüňleri, Magtymgulyşynas Ýusup Azmun hakynda ýazmaga gönükdirdi. Sebäbi ol ýatlamalaryň köpüsi watandaşymyz Ýusup Azmun bilen baglydy. Atamyrat aga täsin pursatlardan söz açýan her bir suraty buýsanç bilen synlap gürrüň berip başlady. Ol: — Bu surat «Lefka-Ýewropa» uniwersitetiniň öňünde Ýusup aga bilen bile düşen suratymyz. Ýusup aga şol uniwersitetde türk diliniň grammatikasyndan talyplara sapak berýärdi. Iniwesitetiň rektory Ýylmaz Akdeňiz: «Bütin uniwersitetimiz boýunça dünýä belli ýekeje alymymyz bar. Ol hem ählimize nusga bolup ýören Ýusup Azmun» diýip her gezek ýygnak geçende mugallymlaryň arasynda buýsanyp aýdýan eken. Ynha, bu surat Angliýada Magtymgulynyň günleri geçirilende baranymyzda Ýusup aga, aýdymçy Aýjemal Ylýasowa hemem şol ýerde geçirilen dabaradan «Ýewraziýa» telekanaly üçin gepleşik taýýarlan zenan Bala dagy bilen üýşüp düşen ýadygärlik suratymyz. 2004-nji ýylda Magtymgulynyň günleriniň dabarasyna gatnaşmak üçin Kipre gidenimizde düşen suratymyzam bar. Ýusup aga Kiprde-de on ýyla golaý ýaşady. Dilçi alym Ýusup Azmun, filologiýa ylymlarynyň doktory, «Bütindünýä Lingiwistler» jemgyýetiniň agzasy, professor, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi. Ol jemi on üç dilde (türkmen dili, iňlis dili, pars dili, arap dili, nemes dili, fransuz dili, azerbeýjan, özbek, gazak, gyrgyz, täjik, ispan, hytaý dilleri) erkin gürläp bilýär. Şol dilleriň altysyndan (türkmen, iňlis, pars, arap, nemes hemem fransuz dillerinden) her halkyň öz milletinden bolan talyplara grammatikadan sapak berýär. Ol ýurdumyza gelende welaýatlarymyzyň ählisine bile aýlandyk. Onuň bilen Türkmenistanyň Halk bagşysy, ussat sazanda Durdy Myradowyň hatyra güni geçirilende Mary welaýatyna gitdik. Bu suratlar şol ýerdäki taryhy ýerlerde düşülen suratlar. 1993-nji ýylda Ýusup aga «Türkmenistanyň hormatly raýaty» diýen dereje berildi. Onuň bilen birnäçe gezek «Ýedigen» gepleşigini taýýarladyk. Diýseň sowatly, köptaraply zehinli ýaşuly. Oňa dilçilik ukyby tebigy berlen zehin. Fleýta saz guralyny çalmaga juda ökde. Gurhanyň sürelerini ýatdan bilýär. Kän gezek öýünde myhman bolduk. Öý şertinde aşpezlige gaty ökde, şeýlebir tagamly naharlary, işdäaçarlary özi taýýarlap hyzmat edýär. Ütük etmäge ökde, öýüne myhman barsa olara hormat goýup eşiklerini özi ütükläp berýär. Ýusup aga: «Maňa iň körzehin berlen ukyp maşyn sürmek» diýýär. Ol ulag sürüp bilenok. Ynha, bu surat Ýusup aganyň maşgala agzalary bilen çekilen suraty. Suratkeş Jahan Hanowanyň çeken suratyny Ýusup aga bilen synlap otyrys. Ýene bir gowy suratlaň biri, ömrüniň 40-50 ýylyny telewideniýä bagyş eden, «Kysasyl embiýany» arap dilinden türkmençä terjime eden režissýor Hommat Kakajanow, Türkmenistanyň Halk sazandasy Ýagmyr Nurgeldiýew, Ýusup aga hemem ogly Atabaý dagy bilen «Ýedigen» gepleşigi ýazgy edenimizde düşülen surat. Myhmançylyga gelende bu suraty ýatlap Hommat aga bilen bagly bir pursady Ýusup aga gürrüň berdim. Bir gezek ol teleýaýlym üçin gepleşik taýýarlajak bolýar. Şonda meşhur ýazyjy Berdi Kerbabaýew gepleşige gelmeli eken. Hommat aga garaşmaga sabry ýetmeýän işjanly režissýordy. Ol onuň gelerine-de garaşman «49» gara motory bilen gidip, Berdi agany motorynyň yzyna mündürip gepleşige alyp gelipdir. Görýäňizmi, nähili atly derejeli ýazyjy bolsa-da, Berdi aganyň juda kiçigöwünli adamdygyny — diýip ýatlady. —Ýusup aga islendik zat hakynda şeýlebir owadan gürrüň berýär. Ol «Oksford» uniwersitetiniň professory. Uniwersitetde dünýäniň dürli milletlerinden mugallymlar işleýär. Şol ýerde «Milli sapak» diýip açyk sapak geçirilýär eken. Bir gün rektor: «Her mugallym öz milli eşiginde açyk sapak geçse gowy boljak» diýipdir. Şonda Ýusup aga kellesi silkme telpekli, egni gyrmyzy donly sapak geçipdir. «Okuwdan soň milli eşikde öýüme ýöräp gelýärkäm ýolda Angliýanyň mirasdüşer Şazadasy Çarlze duşaýdym. Ol egnimdäki milli eşigim bilen şeýlebir gyzyklandy. Hat-da köçeden barýan adamlaram ýanyma gelip eşiklerim hakynda soradylar» diýip gürrüň berdi. Ynha, şu surat şol pursatda düşülen surat. Bu surat bolsa, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýp Ärdoganyň Ýusup aga «Türki döwletleriniň Dil-edebiýat boýunça Halkara baýragyny» gowşuryp duran pursadyndaky surat. 1992-nji ýylda Angliýa baranymda Ýusup aga «Injili» terjime eden Araz Perwiş, ýazyjy Çingiz Aýtmatow hemem Germaniýaly ildeşimiz Myrat Täçmyrat bilen telefon arkaly gürleşdirdi hemem olary Magtymgulynyň günleriniň dabarasyna çagyrdy. Myrat aga şeýle bir sowatly gürleşýän eken. Telefony alandan: «Türkmenistan gülgülüstanmy?» diýip sorady. «Näler barardym welin, ýöne men häzir kolýaskada otyryn. Ýüzüm-gözümem seçme degen ýaly. Magtymgula tagzym etmek, Hudaýa tagzym eden ýalydyr» diýip, Watandaşlarymyza salam ýollady. Çingiz Aýtmatowam şol wagt başga bir uly ýygnaga gatnaşmaly bolany üçin gelip bilmedi. Ýusup aga Myrat aga: «Ol meniň agam» diýýär. «Angliýadaky jaýymy aljak wagtym kömek gerek boldy.Onsoň Myrat aga ýüz tutdum. «Heý, onuňam bir, gürrüňi bormy?» diýip möhümimi şo bada bitirdi. Myrat aga ýogalanda dessine Germaniýa uçdum. Aýaly görgüliniň gynanyp oturyşy häzirem göz öňümde dur» diýip gürrüň berdi. Soň onsoň bir gün onuň aýaly: «Myrat aganyň hossarlary öz dogduk obasynda türkmençilik däp-dessurlaryny berjaý etsinler» diýip harajat ugradypdyr. Şonda Ýusup aga bilen Myrat aganyň aýal doganynyň öýüne baryp gowşurdyk. Ynha, bu surat şonda düşülen surat — diýip öňümde goýdy welin, gözlerimden biygtyýar gözýaşlarym syrygyberdi. Myrat kakamyň ýedisi güni oba baramda 90 ýaşlaryndaky aýal dogany Jemal bibimiň (Jaýy jennet bolsun!) daň bilen namaz okap otyrka birden pessaýja ses bilen balasyny hüwdüleýän ýaly owazda: «Ýat illerde şirin janyň üzlende, kimi gözüň gözledi, şirin diliň nämeleri sözledi, eziz dogan!» diýip aýdan sözleri gulagymda ýaňlandy. Atamyrat aga arhiw suratlaryň arka tarapyna ýazylan hatlary okap hemem kompýuterindäki ýazgylary görüşdirip oturansoň, tolgunma bilen ýatlamalara gurşalyp oturanymdan habarsyzdy. Birden men oňa: «Myrat Täçmyrat kakam Taňryberdi Täçmyradowyň süýtdeş agasy. Bu suratdan başga ýokmy?» diýdim. Ol geň galyp ýüzüme seretdi. «Bäh, siz onda Myrat aganyň jigisi bolýaňyzda?». — Hawwa. «Onda şo suraty size sowgat berýän, alaýyň! Mende başga-da bar» diýip esli wagt dymyp oturdy. Belki, meniň gözýaşly keşbim oňa haýsydyr bir ýatlama hakynda söz açjagymy aňdyrandyr. Atamyrat aga! Ýusup agaly bir pursady ýadyma saldyňyz. Ýyly anyk ýadymda däl. Jigilerimiň biri agyr ýagdaýda Gyzyl-Haç keselhanasynyň köne binasynda ýatyrdy. Uly agamam sürüji bolansoň, «Sumbar» folklor toparynyň agzalaryny awtobusy bilen paýtagtymyza alyp gelipdir. Magtymgulynyň 250 ýyllygyna gatmaşmak üçin ildeşlerimiziň Pyragynyň heýkeliniň öňünde guralan dabara jemlenendigini aýdyp, agam bir ýerlerden-ä jaň etdi. O wagtlar el telefon-a ýokdy. Şonda jigimiň ýagdaýyny aýdyp hemem ondan ejemiň iberen sowgat-salamyny almak üçin ýanyna bardym. Jaýlary jennet bolsun! Häzir jigimem, şol agamam dünýeden gaýtdylar. Şonda agam neresse: «Ertir wagtyň bolsa «ors» bazara gel. Hem-ä syrkawa gerek zatlaryňy alyp berjek hemem saňa daşary ýurtdan gelen, diýseň sowatly Watandaşymyz Ýusup Azmuny görkezjek» diýdi. Agamdan «Siz ol adamy nireden tanaýaňyz?» diýip soradym. «Men ony gaýybana tanaýan, ýöne sungat wekilleriniň biri onuň bilen tanyşdyrjak» diýdi. Belki, ol Myrat kakamy tanaýandyr? Eger tanaýan bolsa, onuň hal ýagdaýyny sorajak» diýdi. Ertesi bazara bardyk. Bir çetde durşuma ogrynça agamyň ýanynda duran ýaşulyny synladym. Az wagtlyk gürleşdiler. Soňra agam menden galam, kagyz alyp ýazyjy agam Aşyrberdi Kürtüň öý salgysyny ýazyp aldy-da, Ýusup aga berdi. Özem hamala Myrat kakam öýümize gelen ýaly begendi. Men bolsa öz ýanymdan: «Göwnümiz üçin alyp gidäýendir-dä, Angliýa nire, Germaniýa nire? Ol salgyny Myrat kakama gowşurarmyka?» diýip güman etdim, ýöne kän wagt geçmänkä Aşyrberdi kakama Myrat kakamdan hatly bukja geldi. Kakam pahyryň hatyna meňzäp dur. Haty okap görsek «Jigilerimiň ýollan salamyny, ýazyp beren öý salgysyny Ýusup Azmundan aldym» diýip ýazypdyr. Şeýlelik bilen Myrat kakam bakyýete göç etmezinden öň kakamdan başga doganlary bilen didarlaşyp bildi. Şonda ähli hossarlarymyz Ýusup aga şol bitiren sogaply işi üçin alkyş baryny aýtdylar. Ýusup aganyň ýardamy bilen iki aýal dogany, körpe inisi hemem uly agam Myrat kakamyň öýünde myhmançylykda bolup geldiler. Ýaňky suratdaky aýal dogany Myrat kakamyň öz ykbal ýoly hakynda ýazan kitabynyň elýazmasyny getirdi. Ol ýazgydaky: «Ykbal ýolumdaky kyn pursatlarda bir-ä dil bilýänligim hemem ejemiň-kakamyň halal çöregi gorady» diýen sözleri hiç ýadymdan çykanok. Näme üçindir, şol sözleri ýatlasam «Baharyň on ýedi pursady» filmiň baş gahrymany Ştirlis hemem «Albanes» filmdäki baş gahryman Albanes göz öňüme gelýä» diýip gürrüň berdim. Atamyrat aga: «Bir zada göz ýetirdim. Daşary ýurtda ýaşaýan türkmenleriň biri-birine goýýan sarpasy aýdyp diýer ýaly däl. Ýurdumyzdan Watandaşlary barsa gezekli-gezegine myhmançylyga çagyryp hormatlaýarlar» diýip Angliýada myhmançylykda bolandaky pursatlardan ýatlady. Ondan Ýusup aganyň terjimehalyny soradym. Ol: —Ýusup aga1939-njy ýylyň fewral aýynyň 4-ne Kümmethowuz şäherinde Maşdy Ahunyň maşgalasynda doglan — diýdi. — Internetde dünýä belli fudbolçy Serdar Azmunyň aýdymçy Seýitguly (Täşli)Tülegenowyň aýdymlaryny diňläp ulagynda bile barýan pursadyny gördüm. Serdar Azmun Ýusup aganyň oglumy? — diýip ýene-de sowal berdim. — Ýok, Ýusup aganyň özünden uly agasy Pyhy Azmun, jaýy jennet bolsun, ol häzir aýatda ýok. Serdar Azmunyň atasy. 1999-nji ýylda Ýusup aganyň 60 ýaşy bellenende Serdar Azmun öýümize-de geldi. Şonda bile düşen suratymyz bar. Serdar o wagtlar 4-nji synplaryň okuwçysydy. Ýusup aganyň iki sany ogly bar. Uly oglunyň ady Bugra. Ol Angliýanyň Reding şäheriniň «Badminton» oýny boýunça ýygyndy toparynyň hüjümçisi. Kiçi oglunyň ady Atabaý, ol telekeçi. Ýusup agalaryň asly Etrekli. 1905-nji ýylda kakasy Etrekden Türkmensähra göçüp giden. Ýusup aga gargy tüýdügem gowy çalýar. Ol köplenç Etrek daýysyny ýatlaýar. «Tüýdügi çalamda pesräk çalýandyryn-da «Nädýäň-aý, ýegen» diýerdi. Soň kämilleşdim» diýip «Ýedigen» gepleşigimiziň bir sanynda çykyş edipdi.Ýusup aganyň aýaly Emine Güzin, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, alym. Güzin gelneje gowy öý hojalykçy. Türk dilinde diýseň gowy aýdymlar aýdýar. Olaryň öýi dagy muzeý ýaly. Ýusup aganyň dünýä derejesinde alan sylaglary, milli sungatyň önümleriniň her görnüşleri bar. Ine, olaryň agtyklary bilen üýşüp düşen maşgala suraty. Agtyklary üçin güýmenjedir-dä, Ýusup aganyň pişigem bar. Ady «Monjuk». Birden otyrkak ýanyna pişigi geläýse: «Binamys monjugym geldi» diýip sypaýar. Ýusup aga ýurdumyza gelende onuň bilen Etregiň Madaw obasyna-da gitdik. Ol ýerde onuň hossarlary ýaşaýar. Ýolda barýarkak şeýle arassa çägeleri görüp: «Bu çägelere suwa düşübermeli» diýdi. 1992-nji ýyldan bäri Angliýada, Germaniýada, Şwesiýada, Fransiýada Kiprde Magtymgulynyň günleri geçirildi. Her ýylda geçirilýän şol dabaralara gatnaşylanda düşülen suratlar entegem kän — diýip suratlary öňüme süýşürdi.Ýusup aganyň ildeşlerimiz, esasanam medeniýet, sungat, edebiýat wekilleri, döredijilik işgärleri bilen bile düşen suratlaryny synlap: «Bu ýaşuly bilen diňe men surata düşmän galan ekenim-ä» diýip güldüm. Soňra onuň bilen bagly täsirli gürrüňleri ýene-de aýdyp biläýjek sungat işgärleri hakynda oýlandym. Birden Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Baýram Şyhnyýazow ýadyma düşdi. Onsoň onuň öýüne ýörite bardyk. Ol: — 1994-nji ýyldy öýdýän, «Magtymgulynyň dostlary» jemgyýetiniň çagyrmagy bilen «Jan» teatrynyň döredijilik topary bolup «Däli Domrul» sahna oýnumyz bilen Angliýa iş sapara gitdik. Şonda ýanymyz bilen aýdymçy sazandalaryňam birnäçesi gitdi. Halypalar Çaryýar Jumaýew, Atageldi Garýagdyýew, Aşyr däde (Gurbanow)… Ol ýere baranymyzda men, Aşyr däde hemem kärdeşimiz Ylýas Gurbanow üçimiz Ýusup Azmunlaň öýünde ýaşadyk. Ol şeýlebir üýtgeşik adam. Ýusup aganyň iň bir gowy tarapy päli pes. Ýigrimi ýaş dagy ara tapawudymyz bar, ýöne edil öňden dost ýaly, deň-duşumyz ýaly öwrenişdirip bilýär. Meni esasy onuň dil biliş aýratynlyklary gyzyklandyrýar. Onuň bilen dil barada gürrüň edýärdik. Gadymy ulanyşdan galan, häzirki käbir ulanylyp ýörlen sözler hakynda kän bilýär eken. «Däli Domrul» sahna oýnumyzda: «Nije jahyllar gökde arap, ýerde istär. Barça ymmat köňlünde sen, eý, Taňry!» diýen jümle bar. Jahyl sözüniň ýaş bilen bagly ýetginjek diýen manyda ulanylýandygyny bilýäs, ýöne nadan, bisowat diýen manyda ulanylýan ýerleriniňem bardygyny Ýusup aga mysallar arkaly düşündirdi welin gaty gyzykly. Ýa-da ynha, «Ýogurt» sözi aýdylanda ýo harpyny çeküwli aýdýas. «Dogry süýt önümleriniň bir görnüşi ol, ýöne şol sözüň asly türkmen sözi bolup, ýo harpy gysga aýdylmaly, öz sözüňiziň aýdylyşyny ýoýup aýdýaňyz» diýdi. Ýusup aganyň öýünde on iki gün bolduk. Günümiziň nähili geçenini bilmedik. Şeýlebir myhmansöýer maşgala ojagy eken. Bir mahal Daşkende iş sapara gidemde biri bazarda «fleýta» çalyp otyrdy. Onuň çalýan şeýle şirin sazynyň ýanyndan aýrylasym gelmän diňläp durdum Soňra-da: «Iru-giç bu saz guraly çalyp öwrenerin» diýip ondan fleýta satyn aldym. Ýöne hernäçe höwes edenem bolsam onçakly çalyp bilmedim. Haçanda Ýusup aganyň fleýta çalyş ussatlygyny görenimde içimden: «Öýümizdäki fleýta saz guralymy oňa sowgat bererin» diýdim. Onsoň bir gezek öýe gelende niýetläp ýören şol sowgadymy oňa gowşurdym. Ýusup aga ýurdumyza gelse ulagym bilen onuň sürüjisi bolýan. Nirä gitse bile gidýäs. Onuň ýurdumyza geljegini öňünden eşitdigimiz, oňa garaşýas. Kärdeşler bolup her kim ony öýüne myhmançylyga çagyrýa. Bütin ömrüne dükançy bolup işlänem bolsa, edebiýat bilen içgin gyzyklanyp, tankydy makalalary kän ýazansoň, kakamy (Amandurdy agany) ýörite Gyzylarbatdan alyp gaýdýardym. Kakam bilen maldarçylykda ulanylýan sözler hakynda gürrüň ederdiler. Olaryň düýe hakyndaky täsirli gürrüňdeşliginiň wideoýazgysy, bile düşülen suratlaryň elektron görnüşi öýde bolmaly. Kärdeşim Ylýas Gurbanow ogullarynyň sünnet toýuny edende «Döwlet ýetim» ady bilen tanalýan bagşy Döwlet Ballykow Mary bagşyçylyk ýolundan aýdym aýdypdy. Onuň aýdymlaryny Ýusup aga diýseň halapdyr. Ýusup aganyň Kümmetde doglan obadaşy bardy, biz-ä oňa Ahun aga diýerdik. Olam dil-edebiýat hakynda gaty sowatly ýaşuludy. Ählimiz oturyp dil hakynda, döredijilik hakynda söhbet ederdik. Angliýa giden iş saparymyzdaky ýene bir pursat ýadymda. «Magtymgulynyň dostlary» jemgyýetiniň dürli milletlerden agzalary bardy. Şol gezekki dabarada hindi aýdymçysy Hajma Ahtar Magtymgulynyň «Aýryldym» goşgusyna özi sazyny döreden aýdymyny aýtdy. Men-ä oňa dutarda, Aşyr Söýünow gyjakda, aýdymçynyň özi milli saz guralynda sazandarlyk edip ýerine ýetirdi.Ýatdan çykmajak ol owaz doganlyk-dostlugyň mukamy bolup ýaňlandy — diýip, internetden onuň owadan suratyny görkezip tanyşdyrdy. —1999-njy ýyldaÝusup aganyň 60 ýaş toýy bellenende-de barypdym — diýip gürrüň berdi welin, ýazyjy Oraz Ýagmyryň şol ýylda neşir edilen «Salawmaleýkim, Ýusup aga!» atly kitaby hakydama geldi. Jaň edip Atamyrat agadan şol kitaby soradym. Ýusup aga oňa: «Atamyrat Şaguly we maşgalasyna Ýusup Azmundan» diýip 31.5.99. gol goýup, sowgat beren eken. Kitaby öňem okapdym, ýöne ýene gaýtadan okap çykdym. Kitapda Ýusup aganyň bitiren işleri hemem onuň ykbal ýoly hakynda tanymal adamlaryň aýdan gürrüňleri ýazylypdyr. Şol ýazgylardan käbirlerini gysgajyk göçürip aldym. «Magtymgulynyň dostlary» jemgyýetiniň sekretary, Angliýaly Kristofer Mouzli: «Ýusup Azmun Orta Aziýa medeniýetini günbatara tanatmakda her kimden rüstem bolan bir adamdyr. Örän az maliýe mümkinçiliklerine garamazdan, doktor Azmunyň tagallasy bilen ilkinji uly işler bitirildi. Magtymgulynyň şygyrlaryny terjime etmegi gurady we iňlis dilindäki kitabyny neşir etdirdi. Magtymgulyny öwreniş žurnalyny çykardy. Doktor Azmun türkologiýa bilimini dürli ýollar arkaly ylym älemine ýetirmegi başarýar. Muňa iň gözel mysal: Beýik sufist Ýasawynyň jadyly hikmetlerini gaty gadymy golýazmadan üç dile geçirip, çuňňur ylmy görnüşde çap etdirip hem kyn bir işi üstünlikli bitirdi. Gündogar we Günbatar düşünje ýollaryny ukyply birleşdiren, Britaniýada Orta Aziýa medeniýetini şeýle yhlasly tanydan Ýusup Azmun kimin adamlar az-azdyr» diýen bolsa, Ýusup aganyň iň köne dosty Ýakup Abdyllazada: «Men Ýusuby 52 ýyl bäri tanaýaryn. Ýusubyň kakasy Maşdy Ahun bolsa 53 ýyl ozal meniň mugallymym bolupdy. Ol biziň ählimiziň ussadymyzdy. Ýusubyň özem bu ýoldan gidip, Türkmeniň dili diýip, edebiýaty diýip kösenip ýör. Ýusup bilen başlangyç hem orta mekdebi bile okadyk, soň ol Amerika okamaga gitdi, bizem Türkiýa gitdik. Az wagtdan ol Türkiýä geldi, ýene takdyrymyzy deň paýlaşyp başladyk. Soň men Türkiýeden Angliýa baryp ýerleşdim. Aradan birnäçe ýyl geçäýdi. Ýene biri-birimizi uzak ilde tanaýdyk. Köne dostlugymyz çyn ekeni» diýip gürrüň berýär. Angliýaly ýazyjy, şahyr, Magtymgulyny iňlisçe dillendiren terjimeçi Braýan Oldis «Aýalym bile Fransiýanyň Perigord diýen ýerinde dynç almaga gidipdik. «Durmuşyň gündogarynda bir ýerde» atly romanymy ýazmaga başlapdym. Romanymyň gahrymany Sowet imperiýasynyň birnäçe ýerlerine barmalydy. Iki ýeri saýladym: Gruziýany öwal görüpdim, Türkmenistany bolsa görmändim. Türkmenistany gören hiç bir adamy-da tanamaýardym. Günbatarda ol bilinmeýärdi. Sowet ensiklopediýasynda bolsa, Türkmenistana degişli bölümde Magtymgulynyň ady bardy. Garaşsyzlygyny täze alan Türkmenistanda Magtymgulynyň milli gahryman hökmünde kabul edilendigini öwrendim. Şu sebäpli şeýle bir ýurt hakynda ýazmagy arzuw etdim. Ondan-mundan alynan maglumaty (käbiri nädogry, birenteginiň möhleti geçen) ýygnap, özümden hyýaly bir Türkmenistany ýasadym. Romany ýazyp gutaramsoň, bize ýakyn bir ýerde meşhur bir türkmeniň ýaşaýandygyny eşitdim. Ol Ýusup Azmundy. Ol Magtymgulynyň günlerini geçirýändigini aýdyp meni dabara çagyrdy. Şol dabara gatnaşdym. Şondan soň biri-birimiz bilen duşuşýarys. Bile Türkmenistana, Aşgabada — gözel şähere gezelnç etdik. Aşgabatdakam Türkmenistan hakda kän zatlar öwrendim. Romanymda goýberilen säwliklere göz ýetirdim, emma düzederden giçdi. Ýöne ekzotik bir ýurdy görmän, onuň durmuşyny ýazmak adaty bir zat däldi. Bularyň ählisi üçin Ýusup Azmuna borçludyryn» diýýär. Ýusup aganyň Angliýaly dostlarynyň ýene biri žurnalist, terjimeçi Peter Hýuz: «Eziz dostum Ýusup Azmun bilen ilkinji tanyş bolamda, onuň bilim ummany we köp dil bilýänligi meni haýran galdyrdy. Iň gyzyklysy-da türkmeniň milli şahyry Magtymgula bolan söýgüsi ünsümi çekdi.Ýusup Azmunyň Orta Aziýa medeniýetini Britaniýada tanatmak arzuwy mende örän gowy täsir galdyrdy. Şodurda-şodur dostlaşdyk gitdik. Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysynyň terjime edilmegine gatnaşdym. Oksfordda, Redingde we Londonda Magtymguly günlerini geçirişdik. Bu günlerden soňra türkmen sungatynyň we Magtymgulynyň dostlary barha artyp ugrady. Çyn ýürekden aýtsam Ýusup Azmun bilen dostlugym durmuşymy özgertdi. Ol maňa täze bir poeziýanyň, täze sungatyň gapysyny açyp berdi» diýip buýsanjyny beýan edipdir. Kitabyň awtory Oraz Ýagmyr bolsa, Ýusup aganyň döredijiligi, durmuşy hakynda giňişleýin ýazypdyr. «Ýusup aga orta mekdebi gutaransoň ilki Nýu-Ýorkda kolležde okady. Onuň Amerikada ilkinji uzak wagtlap iş salşan adamy köpüň hormatlaýany doktor Hajymuhammet gökleň bolýar. Oňa ýaşululyk maslahatlaryny aýdyp, ýardam berýär, Ýusuby uly dünýä öwrenişdirýär.Ýusup Azmun Siýetl şäheriniň Waşington uniwersitetiniň dil bilimi bölümine okuwa girýär. Okuwda asly ukrain bolan amerikan alymy-türkology Omelýan Pritçak bilen ýakyn tanyşlyk Ýusubyň ömründe aýdyň günleriň biri bolýar. Pritçak türkmen diliniň grammatikasy boýunça kitap taýýarlaýan ekeni. Muňa Ýusup gaty begenýär we dil babatda praktiki meseleleri çözmäge öz mugallymyna ýardam berýär. Ol ylmy taýdan öwrense, öz ene diliniň has hem şirin ýaňlanýandygyna göz ýetirýär. Ýusup öz saýlan ýolunyň ýalňyş däldigine göz ýetirensoň has ynamly girişýär. Siýetlde okuwlar gowy gitse-de, kakasynyň harjynyň azalmasy, dil, edebiýat ugrundan okaýanlygyny bilmekleri Ýusubyň işini kynaldýar. Onsoň dostlary oňa Türkiýä gitmegi maslahat berýär. Hem Eýrana ýakyn, hem türkmeniň köp ýeri. Şeýlelik bilen ol Ystambyldan çykýar. Şol ýerde täzeden uniwersitete ekzamen tabşyrýar. Ýöne Amerikada okap iki ýylda öwrenenleri oňa köp zady öwredýär. Indi Türkmensähradan gelýänem, gidýänem köp. Kakasam gelip gitdi.Ýusup aga uniwersiteti tamamlap işe başlady. Öýlendi. Alymlyk derejesini gazandy. Onuň ylmy işi Magtymguly diwany bilen baglanyşyklydy. Oňa Türkiýede ylmy halypalyk eden Reşit Rahmeti Apat. Ol atly professor, dünýä belli türkologdy. Onuň basa oturyp işleýşi Ýusup agada geçdi. Ýusup aga Ystambylda Magtymgulynyň täze daşbasma kitabyna duşýar, okaýar. Ol Magtymguly, Zelili hakynda makalalar ýazyp köňül joşgunyny egisýär. Eýran türkmenleri, türkmen edebi halk döredijiligi hakda ylmy makalalar ýazýar, terjimeçilik işi bilenem meşgullanýar. Ol bireýýämden bäri pars, iňlis dillerini bilýär. Türk dili hem beýleki türki dillerem üstesine. Türk edebiýat ensiklopediýasynda Magtymguly hem-de beýleki türkmen klassyk şahyrlaryna degişli ylmy makalalary taýýarlaýar. Parsy mekdeplerde türkmen dili boýunça okuw kitabyny ýazýar. «Türkmen dilinde uzyn çekimliler», «Türkmen diliniň fonetikasy» ýaly düýpli ylmy işleriň üstünde işleýär. Soňra bu işler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garward uniwersitetinde çap edilýär. Ankara uniwersitetinde okadýan ýyllary Bütintürk dil guramasynda geňeşçi wezipesinde işleýär. Türk diliniň saplygy üçin bu guramanyň eden işlerinde Ýusup Azmunyň aýratyn orny bardyr. Şol döwürler Angliýada işlemek üçin türkçeden iňlisçä, iňlisçeden türkçä terjimeçileriň konkursynda Ýusup aga ýeňiji bolýar. Aýlyk günlügem ganymatja ekeni. Onsoň gara güni dolamak üçin maşgalasy bilen Angliýa göçýär.Ýusubyň «Magtymguly kimdir?» diýen ylmy populýar kitapçasy iňlis dilli jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär. Ony amerikan uniwersitetleriniň iň abraýly biri bolan Garward uniwersiteti neşir edip ýaýradýar. Ýusup aga bu ýyllarda radioda, telewideniýede Magtymgulyny tanatmak işine aýratyn yhlas bilen ýapyşýar. Britan muzeýinde saklanýan gadymy golýazmalary gözüniň köküni gyryp okap başlaýar. Türk alymlarynyň aýdyşyça, pir Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleriniň iň gadymy golýazmasyny çapa taýýarlamaga köpler milt edip bilmedik halatynda, Ýusup Azmun bu işe örän ynamly girişdi. Abraý bilen tamamlady. Halallyk babatynda aýdanymyzda bolsa, golýazmanyň ýyrtyklygy, syýasy öçenligi, ýa gaty bulaşyk ýazylanlygy üçin okap bolmaýan ýekeje sözi hemÝusup aga çaklap, howadan almaýar. Üstesine, Ýasawynyň hikmetlerini iňlisçe terjime etmäge hem ýakyndan gatnaşýar. Şeýdip, beýik türkmen şahyry iňlis dilli äleme nagyş çekip başlady. Şygyrlary okan kompozitor «Magtymguly» diýen saz döredipdir. Ýene bir kompozitor, saz professory Ýudit Pastol Magtymgulynyň ömür ykbalyna bagyşlap üç bölümden ybarat saz-poemasyny ýazypdyr. Ol 1994-nji ýylda Magtymguly günlerine gelende bu eserini häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda çaldy. «Orta Aziýa çöllüklerinden aýdymlar» ady bilen beýik Magtymgulynyň şygyrlaryny iňlisçe aýratyn kitap edip neşir etmekde Ýusup Azmun ägirt gaýratlylyk gökezdi. Magtymgulynyň terjime ediljek eserlerini seçmek uly iş, sözme-söz terjime etmek has kyn. Soňra şahyryň ruhuna ruhdaş çeper terjimeçi tapmagam hyllalla. Ýusup aga türki edebiýatyň gadymy ýyldyzlarynyň biri Hoja Ahmet Ýasawynyň kämil golýazmalarynyň birini hem iňlis okyjylaryna tanatdy. Hikmetler iňisçe ýaňlandy. Angliýaly žurnalist, publisist zenan, Su Waldram: «Ol tanamaýan adamsyna-da şeýle ýyly mährem bolup bilýär, üstesine-de açyk adam. Bu mähremligiň, bu açyklygyň türkmenlere mahsus bir häsiýetdigine soňra göz ýetirdim. Ýewropa merkezinde ýetişen maňa we meň ýalylara Ýusup Azmun seýrek duşýan bir ýer we medeniýete baka derweze bolup görünýär. Men ondan köp zatlary öwrendim. Onuň bir sözüň aslyny düşündirmek üçin birnäçe dilleriň köklerine aralaşyp, mysallar getirişi gaty gyzykly. Onuň dürli milletleriň anekdotlaryny aýdanyny eşidenler dagy ýanyndan turmak islemeýärler». Gilbert Biberýan kompozitor, Angliýa. «Dostum! Siz, diňe bir mertebeli alym, sazanda hem-de dörediji ruhuň eýesi däl-de, eýsem şahyrlara, sazandalara sapak bererlik derejedesiňiz. Siz ýokary derejeli gymmatlyklary özünde jemleýän hem-de ýüregiňizde uly mähir ýüküni göterip ýören ynsansyňyz. Men Sizi wepaly we gadyr bilen bir ynsan, beýik intellektual hökmünde il içinden saýlaýaryn. Magtymgulynyň şygyrlary bilen işlemek Sizi taryhyň ebedi sahypalaryna girizer» diýip buýsanç bilen aýdypdyr. Myrat Kümüş «Magtymgulynyň dostlary» jemgyýetiniň maliýe işleri müdiri, Ylymlaryň doktory. Angliýa. «Türkiýede her çaga Orta Aziýa çöllerinde durmuşy suratlandyrýan halk hekaýatlary bilen ulalýar. Ýusup Azmunyň üstünligi — taryhymyzy, medeniýetimizi her günki durmuşymyza girizmegindedir. Bu dostumyzyň üýtgeşik medeniýetleri we medeni gymmatlyklary sazlaşdyrmakda aýratyn ukyby bar. Ýusup Azmun aslyýetinde türkmen we Orta Aziýa medeniýetiniň Angliýadaky örän täsirli ilçisidir. Magtymgulynyň her döwre jogap berip bilen şahyrdygyny Ýusup Azmun iňlislere subut etdi» diýip baha berýär. Bu kitabyň dolulykdaky mazmuny Ýusup Azmun barada kän zatlary bilmäge kömek etdi. Atamyrat agadan Ýusup aganyň hossarlary hakynda-da soradym. Ol: «Balkan» gazetiniň uly habarçysy Nursoltan Depbiýewanyň Ýusup aganyň ýegenidigini aýtdy. Onsoň Nursoltana jaň edip daýysy baradaky ýatlamalary bilen gyzyklandym. Ol elektron poçtanyň üsti bilen ynha, şu ýazgyny ýollapdyr. «Ýusup daýym barada gürrüň gozgalanda çagalygym ýadyma düşýär. 3- 4-nji synplarda okaýarkam mekdepde okadylýan okuw sapaklar bilen kanagatlanman kitaphanalardan ertekili, rowaýatly, hekaýaly kitaplary daşap başladym. Her gün kitap okardym. Mamamyň ýanyna ik egirmäge gelýän eneler geň görýärdiler. «Gyzyň bukjasyna kitap saljakmy, näme üçin şu gyz haçan görseň kitap okap otyr» diýenlerinde mamam uly buýsanç bilen: «Daýysyna çekipdir, ýuwürjim (Muhammet ol Ýusup daýyma şeýle ýüzlenerdi) kän okardy, kitapdan zyýan gelmez. Agtygymyň kitap okaýanyna birjigem gynanamok, gaýtam begenýän, bukjasyny-da doldurarys nesip bolsa» diýip şol bir sözlerini gaýtalardy. Şol wagtlar olaryň bu gürrüňleriniň manysyna-da düşünemokdym. Indi-indiler oýlanyp oturýan welin, mamamyň şol aýdýan sözleri öz ýüwürjisi Ýusup Azmuna degişli eken. Daýym Ýusup babam Işanyň körpe inisi. Mamamyň gürrüň bermegine görä, gaýynatasy Maşatgulynyň özem öz döwrüniň sowatly adamy bolan. Oňa il arasynda Maşdy Ahun diýilýän eken. Ol çagalarynyňam okuwly bolmagyny isläp, olary ýaşlykdan bilime ugrukdyrmagyň aladasyny edipdir. Durmuşyň öwrümi kän diýleni. Orta mekdebi tamamlap, öz arzuwynyň yzynda ser-sepil bolan Ýusup daýymyň ykbaly ony ýat ülkelerde alyp galýar. Ondan kän wagt habar-hatyr bolmaýar. Şol ýyllarda aýdylyşy ýaly, «Okuw bilen dünýäni undan» daýym 1990-njy ýylda Magtymgulyny öwreniji alym, professor hökmünde Pyragynyň doglan gününiň 250 ýyllyk toý-dabarasyna döwletimiz tarapyndan çagyrylýar. Baýramçylyk çäreleri sowlansoň, dogan-garyndaşlaryny, agasy Işanyň maşgalasy — gelnejesi Tagyny (mamam) hem-de onuň gyzlary Hajarbibini, Amanbibini, Ogulbäbegi görmäge öýmüze geldi. Üstünden 35 ýyla golaý wagt geçse-de şu günki ýaly ýadymda Ýusup daýym geljek diýip mamamyň begenjinden gözlerinden ýaş togalanyp ýakasyna syrygyp gaýdyşy. Ol gelin bolup barandan kän wagt geçmänkä ýüwürjisi Ýusubyň okuw diýip çykyp gideninden ýarym asyr geçipdir. Şonda mamam Ýusup daýyma ýüzlenip: «Muhammet Işan agaň görmedi, bu günleri, gözüm barka geleniň gowy boldy ýüwürjim. Ine, Işan agaňdan galan ýadygärliklerdir şu üç gyz, ine, seniň uýalaryň» diýip ejemi we daýzalarymy görkezipdi. Aramyzda bolmasaň-da, agtygymyň iň kiçisi Nursoltanyň hereketleri, onuň okuwa yhlaslylygy gaýynatam — Maşdy mollanyň ýolundan ýörejege meňzeýä. Ine, Siziň dowamatyňyz — agtyklarym ýörän ýoluňyzdan ugur alýar» diýip, meni görkezdi.Ýusup daýymyň gelenini uly ile buşlap çykan mamam tutuş obany çagyrdy. Obamyzyň ýaşulularyny ýygnan Ýegenmämmet daýym toý sadakasyny beripdi. Agşamara öz maşgalamyz bolup galanymyzda Ýusup daýym meni ýanyna çagyryp mekdepde okuwa ýetişigimi anyklamak maksady bilen birnäçe sowal berdi. Soňra-da «Hökman okuwyňy dowam etgin!» diýdi. Ýusup daýym hemişe gözlegde. Onuň bilen häli-şindi telefon arkaly habarlaşyp durýarys. Geçmişimizi, taryhymyzy, söz baýlyklarymyzy öwrenmekde, ösdürmekde mynasyp goşandyny goşýan daýym hem halypam «könede täzelik bar» diýip her bir sözüň, sözlemiň gelip çykyşyny içgin öwrenýär. Munuň şeýledigine Ýusup daýymyň 2016-njy ýylda «Gün» neşirýaty tarapyndan Şwesiýada çapdan çykan «Söz kökümiz öz kökümiz» atly kitabyny okanyňda hem aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. 560 sahypalyk bu kitap şeýle setirler bilen başlanýar. «Ýusup Azmun — professor, tanymal lingwist-türkolog, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty, Beýik Britaniýanyň Lingwister institutynyň agzasy. Türkmen diline we edebiýatyna bagyşlanan onlarça ylmy işleriň awtory». Manyly ömrüni Beýik Magtymguly Pyragyny öwrenmäge bagyşlan Ýusup daýym hakynda aýdylýan her bir öwgüli sözler ruhy ganatym bolup göwnümi göge ýetirýär. Daýym jan, Siz hormatlanmaga, sarpalanmaga mynasyp adam. Janyň sag, ömrüň uzak, başyň aman, galamyň ýiti bolsun!». Makalany okap bolamsoň, Ýusup aganyň bürünçden ýasalan heýkelini synlamak üçin Türkmenistanyň Halk suratkeşi Gylyçdurdy Ýarmämmedowyň ussahanasyna gitdim. Gylyç aga ol heýkeli ýasamaga isleg bildirip Ýusup aga özi teklip edendigini, Ýusup agany her gün gözüniň alnynda oturdyp, iki-üç hepde-de heýkelini ýasandygyny aýtdy. Ondan Ýusup aga bilen gatnaşygy hakynda soradym. Ol: «Öýümizde diýseň uly, baý, şahsy kitaphanamyz bar. Şol kitaphanamyzdaky dil babatyndaky kitaplar Ýusup bilen tanyşmagymyza, dostlukly gatnaşygymyza ýol açdy. Onuň bilen taryh, millilik barada kän pikir alyşdyk. Dünýägaraýşy giň, adamkärçiligi parasatly adam» diýip baha berdi. Bir zada göz ýetirdim. Bu elbetde, şahsy pikirim. Ýusup aga hakynda-da, ýazyjy Oraz Ýagmyr hakynda-da öwrenenimde, «Olar asly türkmen diýip subut eden şahsyýetleriniň maglumatlaryny öwrenmek üçinem dünýäni gezmeli, düýpli öwrenmeli bolandyr» diýen netijä geldim. Ýeňil bolmadyk ykbal ýollarynda gazanan üstünlikleri hemişe halkymyzyň buýsanjy bolup, Watanymyzyň şeýle mertebeli ogul-gyzlarynyň has-da artmagyny dileg etdim. Akgül SAPAROWA Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/yusup-azmun-suratlardan-baslanan-yatlamalar/. 17.04.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |