Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:23
Penjirämiň öňünden

PENJIRÄMIŇ ÖŇÜNDEN

Golaý gelme penjirämiň öňüne,
Basgylama gök otlaryň üstüni.
Men seni söýüpdim, söýüpdim öňler,
Rahatlan, aglama, söýemok seni.

Janu-tenden ýaman gynanýan saňa,
Ýöne sen oýun etme gözellik bilen.
Neçün rahatlyk bereňok maňa,
Hem neçün özüňi horlaýarsyň sen?

Barybir men seňki bolup bilmerin,
Häzir men hiç kimi söýemok, eziz!
Söýmesem-de, gyýylýaryn halyňa,
Aýryl penjirämiň öňünden, eý, gyz!

Akmaklykdan söýen ekenim seni,
Ýatdan çykar, seretmän geç deňimden.
Söýmesem-de, gyýylýaryn halyňa,
Aýryl, aý, gyz, penjirämiň öňünden.

© Sergeý ÝESESIN

Terjime: © Atamyrat ATABAÝEW

Çeşme: https://interesnoe.me/view/content/upd/94772597
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 126 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Sergeý Ýesenin | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 20
avatar
0
1 Мango • 16:27, 13.01.2024
originaly:

Отойди от окна

Не ходи ты ко мне под окно
И зеленой травы не топчи;
Я тебя разлюбила давно,
Но не плачь, а спокойно молчи.

Я жалею тебя всей душою,
Что тебе до моей красоты?
Почему не даешь мне покою
И зачем так терзаешься ты?

Все равно я не буду твоею,
Я теперь не люблю никого,
Не люблю, но тебя я жалею,
Отойди от окна моего!

Позабудь, что была я твоею,
Что безумно любила тебя;
Я теперь не люблю, а жалею —
Отойди и не мучай себя!

Сергей Есенин
avatar
0
2 Мango • 16:35, 13.01.2024
Men seni söýüpdim, söýüpdim öňler,
Rahatlan, aglama, söýemok seni.

Я тебя разлюбила давно,
Но не плачь, а спокойно молчи.

sergeý daýy has gaty diýýämi: seni söýýädim, indi doýdum senden, söýemok indi, ýöne aglama-da diňe dym...
türkmençe terjime-de biraz ýumşapdyrmy? :-)

----
Janu-tenden ýaman gynanýan saňa,
Ýöne sen oýun etme gözellik bilen.

Я жалею тебя всей душою,
Что тебе до моей красоты?

hää.... sergeý daýy: meň owdadanlygymdan saňa näme? -diýýämi? atamyrat aga ýene ýumşadypdyr...

umuman gowja terjime.
avatar
0
3 garagar • 17:50, 13.01.2024
Goşgy terjimäň beýle kyndygyny. Ýesenine şu terjime edilen goşgy bilen baha berseň beýle uly şahyram däl eken diydirýär.
avatar
1
4 Mekan • 19:46, 13.01.2024
Ýekeje bendine "özüñi syna" etjek boldum, netijede "özüñi gyna" çyksy

Unut, birmahallar señki bolanmy,
Hem meñ seni telbe deýin söýenmi,
Söýemok, bes, (señ halyña gynanýan),
Git indi, kes, sen gynama özüñi.

Oturberdä diysene. Sen

1. Rusça bilemok
2. Şahyr däl
avatar
1
5 Seýrаn • 20:09, 13.01.2024
Ýeseninden Atamyrady ýasapdyr.
avatar
0
6 sussupessimist • 20:41, 13.01.2024
Hehehe...
Yesenin:
"Men seni söýüpdim, söýüpdim öňler..."

Atamyrat Atabayew:
"Men seni söyäydim, söyàydim öydyän..."
avatar
1
7 Kyyas • 20:46, 13.01.2024
Rusçasy gowy ekeni (näme üçin? Aý düşünemokda)

Źenski muźskiý roda düşünemok welin. Rusça gyza aýdylypmy? Ýa gyz tarapyndan aýdylypmy şol pikirlendirdi.

Soñam hemişe kellämiñ yñan tarapyna gitýän diýşi ýaly özümçe penjirämiñ öñünden aýryl, pokoý dynç almaga goý! Söýemok ýoluñ açyk diýmesi hamana mazaryñ başyna baryp aglap duran gyz gözöñüme geldi. Penjiresem surat goýulan daşdyr garaz...
Garaz-da....
avatar
0
8 Мango • 21:26, 13.01.2024
öňler hat konwertleriniň daşynda "куда", "кому" diýip ýer bolardy...
bu hatym: SUSSUPESSIMISTE.
teswir nomyr: 6-njy

hormatly sussypessimist, Atamyrat agaň "Men seni söyäydim, söyàydim öydyän..." diýip goşgusy barmy?
avatar
0
9 Мango • 22:00, 13.01.2024
şu terjimäni şu çeşmeden aldym: https://interesnoe.me/view/content/upd/94772597

şo ýerde kommentleriň birini okalyň:
Andy Babayev 18.12.2013
Yalnysh terjime, Yesenin bu goshgyny gyzyn adyndan yazdy. Gyz oglana git diyyar.


dogrudanam şeýle şol.
oňa hiç kimem hatda Atamyrat agada üns bermändir.
женский род-da gelýän eken-ä...

Я тебя разлюбила давно...
...
Позабудь, что была я твоею,
Что безумно любила тебя;
---
Отойди от окна моего!
Aýryl penjirämiň öňünden, eý, gyz!
---
Aýryl, aý, gyz, penjirämiň öňünden

hmmmm....
garagol Sergeý daşy kelläni-hä bulaşdyrdy.
gyzyň adyndan ýazan eken-ä...
avatar
1
10 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:05, 13.01.2024
"hää.... sergeý daýy: meň owdadanlygymdan saňa näme? -diýýämi?
Atamyrat aga
ýene ýumşadypdyr..."

Aramyrat aga çylşyrymlaşdyrypdyr.

Sergeý Ýeseniniň bu goşgusyndaky liriki gahryman - gyz.

Terjimede ol hiç hili sebäpsiz oglana öwrülipdir.

Gözellik hakyndaky ýerine gelende terjimesi başga çykalga tapman, "biraz ýumşatmaly" bolupdyr. Emma barybir oglanyň gyza özi barada "gözellik bilen oýun etme" diýmesi hiç heňe gelenok.

Umuman, tutuş kartina seredilende gahrymanyň oglan edilmesi hiç düzedip bolmajak ýalňyş sahnany göz öňümize getirýär.

Türkmenler barada aýtmamyzda hem, ruslarda hem, hatda gollandlarda... hem aşyk bolan gyz özüni mundan artyk söýmeýän ýigidiň penjiresiniň öňünde, aglap-aglap ýalbaryp durmaz. Bu umuman adamzat hakykatyna ters gelýän görnüş. Gyz afrikada hem gyz, onuň özi ýalbaryp gelmeýär, onda-da jaýyň daş tarapynda ýalbaryp durmaýar. Marsda ýa-da Saturnda şeýle sahnanyň bolmagy mümkin. Belki, başga bir planetada gyz oglany penjireden tutup çykaryp, motora kese basyp, alyp gaçýandyr.

Diňe bir zat geň galdyrýar: terjimede şeýle näsazlyklara getirjek üýtgetme (gyz bilen oglanyň ýeriniň çalşyrylmagy) nämä gerek bolduka? Diňe "a gyz" diýen türkmen sözüni ulanmaga esas tapmak üçin bolsa gerek.

Haýp bolupdyr. Degmändir.

Asyl nusgasy türkmenler üçin has ýakyn we aňsat ahyryn. Ýewropalylarda, şol sanda ruslarda hem jyns rollarynyň paýlamyşygy edebiýatda has berk berjaý edilýär. Bizde erkek adamyň aýalyň adyndan goşgy ýazmagy hem, aýdym aýtmagy hem (ýewropalylardan tapawutlykykda) adaty zat bolan.

Onsoň hiç hili problema döretmän gyz goşgusyny gyz goşgy edip terjime edäýmelidi.
avatar
0
11 Мango • 22:10, 13.01.2024
kime: Ýaran daýa. 10-njy teswire.
"Sergeý Ýeseniniň bu goşgudaky liriki gahrymany - gyz."
bu teswiri ýazmakaňyz o ýaňlyşy goşgyny alan ýerimdäki kommentleri okap bildim. edil yz ýanam siz ýazdyňyz.
tüweleme... uns beripsiňiz...
bilmän etdimikä Atamyrat däde?
avatar
1
12 garagar • 22:19, 13.01.2024
Fantaziýaň gereginden artyk güýçli bolsa-da, gowy däl eken. Gyzyň adyndan ýazylan goşgyny oglanyň adyndan gyza ýazylan edip bermäge-de ullakan bisowatlylyk gerek. Adresantyň (ýazýanyň) gyzdygy originalda birnäçe gezek agzalsa-da, terjimeçini awtoryň erkekdigi gowja ýalňyşdyrypdyr öýdýän originaldaky elementar zatlara düşünmezlige. Beýleki ýalňyşlar barada aýdyp oturasy işem ýok. Käşgä şeýle terjimelerde goşgy türkmençesinde bir goşgy diýer ýaly dereje-de ýaňlanýan bolsa!..
Şu gün "aýtişnik" diýilýänlere ýüzlenip gördümem welin, saýta agza bolup bilmedim, şu teswirem şonuň üçin (ar almak üçin :) ) ýazaýdym 'eýýäm näçe gün synansamam girip bilmeýänim üçin "saňa indi girmek bolanok!" diýen yşarata ynanmajak bolup
Hormat bilen - Çary Ataýew
avatar
0
13 garagar • 22:21, 13.01.2024
bu teswiri 8-nji teswiriň ýazylan uçurlary maňa ugradypdyr Çary aga. Men giç görüpdirin.
avatar
1
14 sussupessimist • 22:22, 13.01.2024
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Bolmasa-da söýmeklige hakym, gyz.
Ýa şo güni didelerňe baglandym,
Ýa bilmedim çenim bilen çakym, gyz.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Söýgim seň ýoluňa badak atýan däl.
Gamly günüň, ýowuz günüň ýada sal,
Bagtly günüň ýatlamagam hökman däl.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Nazarňa nazarym düşen halaty.
Eýsem göreçlerde ýerleşip bilýän
Dünýäň geldi-geçerlerine agladym.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Baglar öňküsinden juda enaýy.
Bir pursatlyk duýgulara berildim,
Günämi öt, gara gözli humaýym.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Aýlar-günler bakýan ýaly soragly,
Kä göwnüme uly ýaly bu dünýä,
Kä göwnüme neçüýn dünýä daraldy?!

Bu ýollardan eňip barýan çyrpynyp,
Birdenem joşýaryn, birdenem gaýdýan.
Bilemok nämüçin, nämüçin beýle,
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.

Awtory: A.Atabaýew
avatar
0
15 sussupessimist • 22:25, 13.01.2024
Kime: Mango
Teswir nomyr: 8

bar!
avatar
0
16 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:40, 13.01.2024
Beýtmäge esas berýän sebäbi göremok.

Käwagt şeýle sebäp ýüze çykýar. Meselem, men Şekspiriň sonetalaryndan birnäçesini türkmençä terjime etdim. Şonda çaklamalara görä propotipi awtoryň özi bolan erkek liriki gahryman erkek adama bolan romantik söýgüsini beýan edýär (gapdalyndan ýene bir zenany hem söýýär, emma onça däl, onsoňam meniň terjime eden goşgularym hut erkek magşugyna degişli).

Onsoň men ol goşgulary saýta goýanymda erkek bilen aýalyň suratyny goýmaly boldum. Ruslar hem bu goşgulary mümkin bolan ýerinde aýala söýgi hökmünde terjime edýärler (aýal rodlaryny ulanyp). Şonuň üçinem adaty ruslar, umuman sowet adamlary Şekspiriň ol erkek söýgülisini aýaldyr öýdýärdiler.

Ine, muny düzetmegiň sebäbi düşnükli. Özüm-ä makalalarymda gadymy rimlileriň erkek söýgülilerini hem gyz edip görkezäýerdim. Ol ýigrenjileri şeýdip ýuwmarlap almasaň bolanokdy-da.

Emma bu ýerde bulaşdyrar ýalam, ýuwmarlar ýalam hiç zat ýok. Bir oba gyzy ýigidiň özüni diňe gözelligi üçin ýalbaryp-ýakaryp söýýändigine düşünýär we göwni geçýär. Ol öňki akmajyk gyz däl, aklyna gelýär.

Ýaňky aýdyşym ýaly, türkmenlerde öň şahyr ýa bagşy gyzlaryň örän azlygy üçin olaryň duýgularyny erkekleriň beýan etmegi adaty zatdy. Şasnenem, Leýli, Agaýunus, Aýsoltan.. bolup zarynlaýan näçe aýdymçylar bar? Şeýle eserleriň biri bolardy-da.

Mahlasy, bu goşgynyň terjimesinde rollary çalşyrmak - esassyz we şonsuz çözgüt bolupdyr, goşgudaky ähli gümürtik pursatlar hem şol ýalňyşlykdan gözbaş alýar. Asly warianty boýunça gidilse erkin we sazlaşykly bolup çykmagy mümkindi, a şeýle mejbury
avatar
0
17 Мango • 22:40, 13.01.2024
kime: sussupessimiste
teswir nomur: 15
iberen jogabyňy aldym тчк minnetdar тчк
avatar
0
18 Мango • 22:42, 13.01.2024
kime: garagara
teswir nomur: 12
hormatly garagar тчк gaýrat edip Çary Ataýewi saýta girer ýaly ediň тчк kömek ediň тчк täze poçta adres açyp şo adres bilen registrasiýa edip beräý тчк minnetdar тчк
avatar
0
19 garagar • 23:40, 13.01.2024
kime: Mango

nesip bolsa, ýakyn günlerde!
avatar
0
20 Medicall • 23:54, 13.01.2024
"Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Hamala sen meni söýmeýän ýaly,
Nädip saña duýduryp bor ahwaly,
Näädip saña aýdyp bor gyz, bu haly"

diýibem bir goşgy okapdym, kimiñkidigi ýadyma düşenok. Garaz şo başky setir moda bolan bolmaly bir wagt
avatar

Старая форма входа
Total users: 202