15:24 Kaçalowyň itine | |
KAÇALOWYÑ ITINE Hany, Jim, bagt üçin ber bäşi maña, Beýle penjä duşupdym men negada. Gel bile üýreli Aý yşygynda, Şeýle tämiz, şeýle ümsüm howada Hany, Jim, bagt üçin ber bäşi maña. Gözüñe döneýin beýle ýalynma, Düşünmeýäñ kime başyñ egýäniñ. Seniñ üçin ýagty jahan ýalandyr, Bileñok oñ ýaşanyna degýänin. Şöhratly hem atly seniñ hojaýnyñ, Myhmanam köp gelýär onuñ öýüne. Sypalasy gelip owadan boýnuñ, Her kim el uzadýar mahmal tüýüñe. Düşmersiñ sen bu durmuşa nädeýin, Gözüñde aldaw ýok, kalbyñda duman. Ogşajak bolýarsyñ serhoş dost deýin, Hiç haçan, hiç kimden, hiç zat sorama. Ýagşy-ýaman kändir bu ýerden gelen, Hany, Jimim ýatla, geçmişe gara. Seniñ myhmanlaryñ arasy bilen, Bir gamgyn gyz gelmedimi bu ýere?! Ol gyz hökman geler, el berýän ele, Men ýok wagtym geläýse ol her haçan: Maña derek näzik ellerin ýala, Bolan hem bolmadyk günälem üçin. Terjime: © Ahmet GURBANNEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |