Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:12
Perişde
PERIŞDE

“Eneş, Eneş-ş!” diýseler, diýibýersin iller. On dört ýyl bäri diýe-diýe
dilleri syryldy. Ejesiniň bagry, kakasynyň ýüregi ezildi. Diýenlerinde
näme, ol eşitmese, gürläbilmese... Özüniň haýwan däldigine-de akly
ýetenog-a ol biçäräň. Aýgyt bilemok, ýöne ýetýän däl bolmaly. Üme
düşünýär.
Adam-gara gelende dagy ejesiniň bolşuny gören bolsadyňyz!...
Ýüregiňiz gobsunyberer. Öňürt-ä öýde şolar ýaly çagaň bardygy
bilinmese gowy. Niçikmi, däbşeneklägeden myhmanlaryň üstüne
giräýse-de, duýdurmanjyk elini salgap: “Bar çyk!” diýer goýberer. Ýa
daş çykyp, iş buýrar. Baý, heleýlerem ýaramazdyr-a! “Wah-wah-eý,
şojagaz gyzmy şü?” diýip, derrew ýarasyna duz seperler. Kemiň bor-da,
kemsidilmän galarmyň? Öňi bilen şol ýeriňi gözleýärler-ä. Ýeri gelende
bagryndan atmak üçin şeýdýäler. Bilip goýaýmalydyr, bir-ä ajalyň ýaýy,
bir-de ýamanlygyň ýaýy gaýym çekilgi durandyr. Haçan atylsa
atylaýmalydyr.
Eneş güň, ýöne düşnüksiz däl. Üşügi bar, diňe sabyr gerek. (Bu-da,
içiňi ýakaýyn diýen ýaly, dillileriň köpüsinde ýok.) Dodaklaryňa seredip
dur, eliňi kelewletseň-ä baýaky. Öýlerinde-de iş bilen örňäp, eli işli
irkilýär. Sygry sypap sagýar, hamyry eýläp edýär. Bişіren çöregini
galyň-galyň dili uzyn heleýler şapbyldap iýip doýup bilenoklar.
“Dili bolaýsa bolmaýamy” diýen bolup. Siziň ýaly bolardy-da.
Açylan syrtyň gürrüňini öňýeten ýerde aýdyp ýörmegi hil bir
bagtlylykdyr öýdýäler. Edil beýle-de däl ol.
Eneş toýy aňşyrýar. Jigisi kürtäniň çetini tutan kişi bolup, sülmürän
bolýa weli, “bä-bä-bä” edip böküberýär. Bol biçilen ýanly köýnegini,
ýüň ýaglygyny, gülýakasyny ýygşyryp goýan ýerinden derrew tapyp
alýar. Ýaglyk daňnyşam bir gülkünç. Hemişeki eýýamyň gyzlary ýaly,
manlaýynda düwüp daňýar. “Meň gyzyma görki gerek däl, berki gerek”
diýip, Dürje garry onam delile getirýär käte. Ondan geň görüp
duranoklar-la. Häzirki gyzlaryň moda eýerip, ýaglygy ýeňselerinde
çigýändigini, saçlarynam şoň üçin arkalaryna atýandyklaryny Eneş
bilenok. Ol toýda çelpek ýaýmalydygyny, hamyr etmelidigini bilýär. Toýa bagşy gelmese, soramany unudanok. Başga-da bir hyruç edýän
zady bar. Olam toý eýesiniň telpegini zyňmak. Şo zatlar-a düşünýär ol.
Her kim bir hili görýär Eneşi. Kim degşip gaharyny getirýär.
Hereketiň bilen “bir murtly ýigide Eneşi gelin edip berjek” diýibilseň
bolany, işini sen eder. Üns bermän ýörenem bar, “Üýşmeleňe gelseň,
şundan ýaňa-da bizar bolaýýaň” diýip hossa görýänem.
Barybir köpçülikde Eneşe garaşyk edýän gerek-le. Nurjemal –
doganoglan uýasy – şoňa ýaltananok. Eneşem göni şonuň gözüne garap,
yşarat etdigi düşünip otyr. Nurjemaldan özüne ýamanlygyň ýokdugyny
aňýamy, nämemi. Özgeleriň hajyk-hujugyna ynanyp duranok. Hasam
Gülendamyň eden oýnundan soň. Toýda özüne göwni ýetýän oglanlaryň
biri Gyçja diýilän gyzy çete çagyr diýende, aldap, Eneşi iberipdir.
Gümürtikligi syzyp, ýüregi ýarylara gelen Eneş walalaýlap jaýa kürsäp
urandan Nurjemal bir bolgusyzlygyň bolandygyny duýdy. Eneş
Gülendama öýkünip bir gözüni gympaýtdy. Elini ýokarky dodagyna
ýetirip, egninden gujaklamagy Nurjemal üçin düp-düşnükli. Nurjemal
Gülendamy bejit tapdy. “Ejeňi çykar duşuşyga, eşitdiňmi, eşek gyz?!”
Nurjemalyň gahary gelmesin, onda sylanyşyk diýýlýän zatdan nam-
nyşan galanok, dodagyny tibirdedip.
Eneş aýyň-günüň aýlanyp durşunda adam üçin bir biwepalygyň
bardygyna düşünenok. Wagt geldі, ol Nurjemalyndan jyda düşdi.
Gaýdyp gelende indi gitmez öýtdi, tamasy çykmady. Soň bir gezek eli
çagaly gelende, geňler galyp, gözlerinden many anlajak boldy. Bolmady.
Çagany ýüzüne syldy, gülüşdiler, gaty gördi. Näme aýby bar?
Hemmäňiziňem ýetip bilmeziňiz şol ahyry. Eneş ikligiň nämedigini
bilenok. Töweregindäkiler bolsa özgeler-ä däl, özlerinem aldajak bolup
azarda.
Bu zatlaryň başyny Nurjemal başlanok ýa soňy gelip şoňa diränok.
Beýleki gyzlaram bagtlary açylyp, taýlaryny tapyp gitdiler bardylar.
Eneş üçinem birlän-ikilän gudaçylyga gelen-ä bolmanam durmady.
Ýöne göwneşmediler. Eneşe kim ony aýtjak? Şeýde-şeýde ýigrimi bäş-ä
ýaşady. Gyz çaky – gulpak çatary diýilýän ýaşlar yzda galdy. Muny
jigisiniň gygynyň ajap ugranyndanam aňsa boljakdy. Ýa-da çagalaryň
agzyna öýkünmeleriniň artýanlygyndan. Köçede görseler, “bä-de-bä”
bolşup gün berenoklar. Täze össürim Eneş bilen “gepleşmäni”
oňaranokdy. Öňküler bolsa iň bolmanda “keseki” hataryň
garagollaryndan “Eneşlerini” goraýardylar.
Eneşiň iş-ä ýeňlänok. Garry enesi ýanyny ýere berdi. Oňa göz-gulak
bolmagy Eneşiň öz-özi boýun aldy. Ak guş ýaly saklady. Enesini işikdäki kepbä geçirenlerini halamasa-da, alajyny tapyp bilmedi. Eneş
bolmadyk bolsa, bit-sirke basyp, täretiniň üstünde gatap galjakmydy, o-
da belli däl. Gelninden-ä oňa ýedi ýat ýakyn. Bütin ömurlerini basda-tut
bolup geçdiler.
Daň bilen turup pejinde ot ýakar, soň iki sany ýassygy ýeňsesine
söýäp, ýukalan saçlaryny darap berer, daş çykarar. Özge mahal
patanaklap ýörşüni göreniňde enesiniň dähedem-dessemine kanagat edip
bilşine haýran galaýmaly. Şonda-da garry agtygyna kagyz ýa kesek getir
diýip düşündiribilmän, özüni şü “dileduşmeziň” eline berenlerine nägile
bolýar. Wah, beýlekilere galsa, gözünde guş guzlatjaklar-la weli...
Bir günem kazasy dolup, öldi ol kempir. Tagyrdadyp, uly tama
geçirdiler jesedini. Gelni: “Waý, käbäm, hossarym, armanda goýduň-
eý!” diýip, ili ynandyrjak bolýar. Eneşem ätmer-sätmer edip, aýallaryň
ortasyna girägeden ýüzünden penjeläp-penjeläp alyberdi weli, basym
sesini kes-dä. “Heý, göhert, mana düşmez ýerçeken!” diýip, soň-soňam
käýindi ýördi.
Eneşiň özünden kiçi doganyny öýerermen boldular. Guda ýerleri
belli. Aljakdanda-geljekden. Ýöne... “Şo däli gyzlaram bar-da...” diýen
habaram bile geldi. “Bolýar” diýen habar bilen bile geldi. Eneş ýoldan
sowulmasa, ol geljek dälmiş. Şondan soň-a Eneşi halys ýekirip
ugradylar. Ol doganam alasamsygyň barypýatany. Eneş saňa gelinjik
aljak bolýas diýip süýji seçen kişi bolsa, utanman: “Ýeseriň ýedi ýere
kessi deger” diýen bolup, bar gürrüň tapybilşi şol.
Bu ýyl düýelerine ýandak ýygyp bilmediler. Hemişe kakasy hiç kime
ýetirmezdi, olam şu günki gün aşgazanym diýip gerkildäp otyr. Asyl
birki hepde düşeklem ýatdy. Eneş enesiniň ýatan kepbesini paty-putudan
dolduryp goýdy. Işiginem gulplap, açarynam bir ýere ýitirim etdi.
Aňmadyk boldular. Ýandaga Eneş gitmeli boldy. Jigisi ony motory bilen
obadan garagörnüm gunortadaky ýandakly-syrkynly meýdana düşürip
gaýtdy. Galan iş Eneşe bagly. Girdi ýandaklaň çetinden, kätmenini dik
asmandan inderip. Guşlukda guşagyna gysdyran eliň aýasy ýaly çöregini
suwa basyp-basyp iýdi. Toweregine garaý-garaý, köýneginiň bagjygyny
çözüp, döşüne sowuk suw çaldy. “Bä-bä-bä-ä!”
Ýene-de işe başlady. Baldaklary barmak ýaly-barmak ýaly ýandaklar
kirza ädigiň aşagynda mum-helim bolup topbak tutýar. Geçen ýeri
goýun ýatan ýaly.
Çal eşegiň üstünde dünýäni unudyp, aýdyma hiňlenip gelýän ýigit
towuşsyz geçip bilmedi: “Arma!” “Armaň diýýän-ä!..” “Aryp-açmaň!!!” Eneş ýeňsä öwrülip, agzyny öweldibräk ýaňky eşeklіni synlady.
Dodaklaryna seredip, zelellikli gürrüň däldigine düşündi. Baş atdy: “Bä-
bä-bä!”
- Wiý, sen asyl beýlemidiň?! Ýar-r sen-eý, ýarr, sen-ow; neýleýin,
ah-h, bir-r salatyn boýlym...
Ertesi geçende eşekli ýigit Eneşe lak atjak bolup durmady. Köneje
horjunyndan bir hoşa “gelin barmak” çykaryp, ýabyň raýyşynda goýup
gitdi. Eneş onuň yzyndan garap galdý. Üzümi ysgap-ysgap gördi.
Suslandy. Öýleden soň kätmen seýrek galyp düşdi. “Eje, Eneş-ä bu gün
düýnküsiniň ýarysyça-da çapmandyr”. “Ýogsamam Eneşe galan günüň”.
Eneş birki hepdeläp ýandagyň ugrunda boldy. Eşekli ýigidem günde
şol ýerden geçip gidýär. Onuň Eneşiň oda gaçyp ýöreninden habary ýok.
Günortana golaý ýol ýaka bilgeşlin golaý suýşýänini ol nireden bіlsіn?
Pilini eşeginiň gaňňasyna kese basyp, hiňlenip geçýä-de gidiberýär. Bu
günem şeýtdi.
Eneş kätmeni bulap urdy. Suwly ýapdan säginmän böküp geçdi.
Guşagynam ylgaşlap barşyna çözüp, eşekliniň yzyna düşüberdi. Ýigit
weli ýeňsesinden habarsyz, barha sesine nyzam berýär: “Ýar-r sen-eý,
ýar-r senem-ow, neýleýinn-ä..”
Goňşy oba uzakda däl. Eşekli üçin suw içimlik, pyýada üçinem
şonçarak ýol. Oglan eşegini daňdy. Öňüne galan-gaçan çöpli çaýry
oklady-da, öýüne girdi. Ýandak çapyp ýören gyzyň yzyndan öýe
girenini ilki aňmady. Ine, birdenem gördi. “Wiýý... Näme? Näme gerek?
Ejem ýok öýde, ho-ol – elini salgady – gitdi, “düww”, maşynly.
Düşündiň?!”
Eneş düşünmedi. Törde, telewizoryň öňünde aýagyny gapdal salyp
oturdy. Ýüzüni aşak sallady.
“Näme gerek, gyýw gyz? Ejemem ýok, kakamam. Gitdiler. “Düww”.
Maşynly. Gepe düşmez. Näme-e?”
Eneş onuň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Oglan gözüni tegeläp duransoň,
nätsin, utansa-da, gelin bolup görkezdi.
“Äý, biý-ä bejer-dow!”
Eneşiň habary basym geldi. Diňe öýlerine däl, ikі oba-da doldy. Ol
oglanam sadarakmy, nämemi – şeýle bolmagam mümkin, şu zamanyň
ýaş oglanlarynyň arasynda eşek münüp ýöreni ýok – öňünden çykanyň
ýanynda gürrüň edip ony. “Bagtyň getiripdir zaňňar!” diýibilýän-ä ýok.
Diňe Nurjemal içiniň ýangynjyna: “Binesip, Hudaý öz eli bilen at
berende-de, eşegine ýapyşyp ýatyşyna gara” diýipdir.
Eneşiňkiler, baý, namys etdiler-ä. Jigisi indi men öýlenip bilmen,
özümi otlaryn diýip arlady. Kakasy içurnuk boldy. Şondan soň Eneş
enesiniň kepbesinden girip-çykyp başlady. Ony kepbä “gaçyp gideni”
üçin salypdylar. Soňam özi-hä uly tama dyzamady, öýdäkilerem
mürähet edip durmadylar.
Jigisi öýlenende Eneş toý geýimlerini geýmedi.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 146 | Mowzugy paýlaşan: Sehirgar | Teg: Gowşutgeldi Daňatarow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
-1
1 sussupessimist • 14:44, 22.07.2024
Soňky sözlemdäki toý geýimleri - toý lybasy diýilse gowy bolaýjak ýalymy?
Indi maňaaa toýýý lybasynnn geýme ýoooook, bam bam bam...
diýip aýdym bardy bir döwür
avatar
-1
2 sussupessimist • 14:57, 22.07.2024
Dili gowy Gowşutgeldi agaň. Göhert,  ätmer-sätmer, garagörnüm, gygynyň ajap ugramagy...
Soňkusynda ýöne ý harpy düşüp galypdyr. "gyýgy ajap ugramagy" diýlip ýazylýar
avatar
0
3 Sehirgar • 18:00, 22.07.2024
.
avatar
0
4 Sehirgar • 18:03, 22.07.2024
.
avatar
0
5 sussupessimist • 18:56, 24.07.2024
gepi nokatlapsyňyz-ow, Sehirgar )

O diýýän bam bam-ym köne aýdymdan (täze "dam dam" bilen bulaşdyrmaly däl). sazyna öýkündim. häki bir bolgusyzja degişme
avatar
0
6 Sehirgar • 21:33, 24.07.2024
toba hiçzat diýmedimä men.ýazyweriň näme ýazasyň gelse .ýazywermeli hakyň war ýazmaga .men hiçzat diýmeli däl ýöne.
avatar
0
7 sussupessimist • 02:17, 25.07.2024
Şeýle pikir edýän bolsaň, dogry aýdýaň...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203