12:26 Polýar Ekspress | |
POLÝAR EKSPRESS Birnäçe ýyl ozal, Roždestwo baýramynyň öňisyrasynda, düşegimde sessiz ýatyrdym. Hereket etmejek bolup, ýuwaşjadan sessiz dem aldym, sesleri diňleýärdim. Santa Klausyň buz tirkegindäki jaňjagazlaryň sesini duýmak isledim, emma dostum ony duýup bilmejegimi aýdýardy. "Santa Klaus diýip biri ýok" - diýip tutanýerlilik bilen aýtdy, emma men onuň ýalňyşýandygny bilýärin. Gijäniň ýarydy we men ahyryn ol sesleri duýdym. Emma bu jaňjagazyň sesi däldi. Daşarda bug syzyntysy we metal gyjyrdysy duýulýardy. Penjirä bakdym we bir otly gördüm. Ol, öýümiziň edil garşysynda durdy. Otly tutuşlygyna buga bürenen ýalydy. Otlynyň daş-töwereginde haýallyk bilen gar tozgalary ýagýardy. Wagonlaryň biriniň açyk gapysynda bir konduktor durdy. Ol jübüsinden bir sagat çykardy we penjirä seretdi. Men derrew halat geýdim, aýaklaryma şypbyk geýdim, barmak ujymda basgançaklardan aşak indim we gapydan daş çykdym. "Wagonlara!" diýip, konduktor gygyrdy. Men onuň tarapyna ylgadym. "Hany, gelýärsiňizmi?" diýip sorady. "Nirä?" diýip geň galdym. "Nirämi? Elbetde Demirgazyk polýusa," diýip konduktor aýtdy. "Bu Polýar Ekspresi"-diýip elini uzatdy. Men onuň uzadan elini tutdum we ol meni wagona çekdi. Wagon çagalardan doludy we hemmesiniň üstünde pijamalar we gijeki köýnekler bardy. Biz Roždestwo aýdymlaryny aýdýardyk, gant iýýärdik we gyzgynjak, erän süýtli şokolad içýärdik. Penjiräniň daşynda şäherleriň we obalaryň yşyklary çalt geçip, ýitip gidýärdi. "Polýar Ekspresi" demirgazyga tarap çalt barýardy. Demirgazyk polýus. Bu, dünýäniň iň ýokary nokadynda ýeke duran uly bir şäherdir. Bu ýerde ähli sowgatlyk oýnawaçlarynyň ýasalýan köp sanly zawodlary bar. Ilkibada ol ýerde hiç bir elf görmedik. "Olar şäher merkezinde ýygnanýarlar," diýip bize konduktor düşündirdi, "Santa ol ýerde baýramyň ilkinji sowgadyny bermekçi." "Ilkinji sowgady kim alar?" diýip hemmämiz bir agyzdan soradyk. Konduktor jogap berdi: "Siziň araňyzdan biriňizi saýlar." Näme isleýändigimi bilýärdim we islendik zady isläp bilýärdim. Emma iň köp isleýän zadym Santa Klausyň uly haltasynda ýokdy. Dünýäde iň köp isleýän zadym, Santanyň buz tirkegindäki kümüş bir jaňjagazdy. Men şol jaňjagazy isleýändigmi aýtdym, Santa ýylgyrdy. Meni gujagyna aldy we bir elfe sugunlaryň eýer-esbaplaryndan bir jaňjagaz kesmegi buýurdy. Elf jaňy Santanyň eline atdy. Santa jaňy ýokary galdyrdy we gaty ses bilen yglan etdi: "Roždestwonyň ilkinji sowgady!" Baýramyň ertesi men we jigim Sara sowgatlarymyzy açdyk. Ähli sowgatlary açdyk diýip pikirlenip durkak, Sara arçanyň arkasyndan bir kiçijik gutyny tapdy. Üstünde meniň adym ýazylypdy. Gutynyň içinde kümüş jaňjagaz we bellik ýazylan kagyz bölejigi bardy. Bellikde "Men bu jaňy tirkegimiň oturgyjyndan tapdym. Jübiň deşigini dikip goý." diýlip ýazylandy. Aşagynda bolsa: "S.K." (Santa Klaus) diýip, gol goýlupdy. Men jaňjagazy çalyp gördüm. Sara we men öň eşitmedik iň owadan ses çykdy. Emma ejem: "Ah, gynanýaryn." diýip aýtdy. "Hawa, bozulypdyr," diýip kakam aýtdy. Ejem we kakam jaňyň sesini eşitmediler. © Kris Wan Ollsburg Terjime eden: © Baýramgylyç Sapargylyjow | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |