Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:30
"Sen aýtmasañ sil aýdar"
"SEN AÝTMASAŃ SIL AÝDAR"

Diýýärler kisede gizleseň bizi,
Uzak menzil geçmez duýdurar özi,
Gümürtik işleriň açylar ýüzi,
Işik aýdar, ojak aýdar, kül aýdar.

Parhy ýokdur bolsaň eger her ýanda,
Şol ýerde hesip bar, şol ýerde san-da,
Isle ýerde bolsun, isle asmanda,
Aýaz aýdar, bulut aýdar, ýel aýdar.

Dostum, gözüň açyberme şer diýip,
Gara nebsiň seni goýmaz ýör diýip,
Bet işe ýüz urma çola ýer diýip,
Depe aýdar, dere aýdar, gol aýdar.

Galat işi makullama hak diýip,
Hak dostdan dänmegin puly ýok diýip,
Mala sütem etme dili ýok diýip,
Dilli aýdar, dilsiz aýdar, lal aýdar.

Bet iş etseň, ýeten bolmaz dadyňa,
Gelişmez ol abraýyňa, adyňa,
Hyýanat eýleseñ köpüň zadyna,
Sen aýtmasaň, joşup gelen sil aýdar.

© Pyhy TAGAN.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 54 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Pyhy Tagan | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Pero • 16:25, 26.12.2022
Hawa,dünýäde ynsanyñ gizlin edip biljek hiç bir işi ýok. Biz düşünmesegem şahyr aýtmyşlaýyn janly-jansyzyñ diline düşünýänler bar-a
avatar

Старая форма входа
Total users: 203