Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:38
Sen toýuňda näme geýjek? Sarimi ýa fata?

SEN TOÝUŇDA NÄME GEÝJEK? SARIMI ÝA FATA?

Maňa-da kelle agyrtmaga zat tapylaýýa. Geçen şenbe jygyllyga gitdim. Ýekeje adamlyk ýer galan “Gazel” maşyn münenimden jygyllyga tarap “daz” ýasady. Maşyndakylaryň keýpi erbet däl. 5-6 ýaşlaryndaky birje oglanjyk, galany aýallar. Aýallar üýşse gürrüň etmäge zat tapylýar. Maşyndaky aýallaryň gürrüňi ştapel matalaryň bahasyndan başlady. “Gyzymyň toýy basym. Menem şol zerli ştapelden aljak saçaklyk. Saljak hossarlarymyň ählisine. Geýip, hezil etsinler-leý” diýip, aýallaryň biri öwündi.

Ol aýal sözüni gutarmanka maşynyň iň yzynda, meniň edil arkamda oturan aýal sorag berdi:

– Gyzyňy çykarýaňmy, aýal dogan?

Sorag beren aýal sorag belgisini şeýlebir süýndürip aýtdy welin, jogap bermeli gelneje ony birgiden soraga derek kabul etdi öýdýän, berilmedik soraglara-da jogap ýagdyryberdi:

– Hawwa, aýal dogan. Kiç gyzym. Şäher içine çykarýan. Öz saýlanyna berýän. Barýan ýerem gurplyja. Onsoň biziň toýumyzam pes bolmasyn diýýäs-dä. “Gül zamany” tutduk. Aýdymçymyzam Amaliýa diýilýän aýdymçy.

Ol gelneje şunça maglumatlary berse-de, olaryň ýekesem sorag beren gelnejäni kanagatlandyryp bilmändir eken. Sebäbi “kiçi gyzyny gurply ýere berýän” gelneje sözümi boldum etdi welin, hälki gelneje başga, has birhili sorag tapdy.

– Gyzyň toýunda näme geýjek diýýä onsoň, jora?

Sorag berlen gaňrylyp seretdi. Menem yzyma seredenimi bilmän galdym. Ýalňyşmasam, maşyndakylaryň hemmesem seretdi öýdýän. Sorag beren hortap, sadaja geýnen gelneje ekeni. Ol ýerli-ýerden özne bakan gözlere ejizledimi, nämemi, ýüzi gyzaryp gitdi. Soňam ýuwaşjadan:

– Menem gyzymy çykarýan basym. Başga zat hiç welin, ol toýda hindi eşik geýjek diýip otyr-da. Il-günde-de geýýän bar diýýä. Men-ä gabat gelemok. Maňlaýyna gara meňem basdyrjakmyş. Birhili dälmi, gyz? Kakasam gyrpa adam. Nädip aýtjagymam bilemok. Alada bolaýdy maňa. Seň gyzyňam toýunda hindi eşik geýjek diýýämi, aýal dogan? – diýip sorady

Jogap bermeli gelneje tüýs artist eken. Sorag berýän gelnejäň ýaýdanyp soraýşyndan keýp alyp, gözüni tiz-tizden gyrp-gyrp etdiren boldy-da, ýakasyny towlady.

– Ýog-eeeý! Hindi eşik geýjek diýenok. Ak pata (fatany göz öňünde tutan bolan bolmaly) geýýä “Gül zamandan” alyp. Olam bir gymmaaaat. Onda-da barýan ýeri gurply bolansoň…

Garaz, her kim her zat diýdi. Ýöne şol maşynyň içindäki aýallaryň hiç biriniň dogan-garyndaşydyr, goňşy-golamynda öň hindi sari geýen ýekeje gyzam tapylmady.

Olary bilmedim, ýöne meniň bir joramyň jigisi baryp, 2016-nyň martynda bolan “halat geçdisine” hindi sarisini geýipdi. Özi garaýagyzja gyz bolansoň, gowam gelişdi. Gaty ýadyma düşenok, ýöne maňlaýyna meň-ä basdyrmandy öýdýän. Men “Gazelden” düşüp, hamana gyzy ilde ýok zady etjek bolýan ýaly hasap edip, ýegşeririlip barýan adamsy gyrpa gelnejäniň yzyndan ýetip, “Meniň tanaýanlarymdan hindi eşik geýen gyz bar, gelneje, geň görmäň” diýäýesimem geldi welin, edip bilmedim. Bagyşla, nätanyş gelneje!

Gyzlaryňam ýüzüni ýuwar ýaly däl. Ketenini dürli biçüwde, gupbanam her hili edip geýdiler, ýewropalylaryň ak toý köýneginiňem her hilisini geýip gördüler, indi gezek hindi sarisine ýetendir-dä, elbetde.

Hindileriň medeniýetine at dakmak islämok. Emma ini 1,2 metr, boýy 9 metr, bilden oralyp, arka oklanýan ýüpek mata üçin ejeňi alada goýmak ýerliksiz dälmi?! Ol häzir toýuň süýjije aladasy bilen bolmaly halyna, gyzynyň toýda geýjek eşigi zerarly gaýga batýar. Meniň özüm bolsam, şol sariniň matasyndan köpräk alyp, kaşaň biçüwde köýnek tikinäýjek. Toý güni adamyň ömründe gaýtalanýan gün däl. Şonuň üçin, soň sen toý suratlaryňy özüň göreňde-de, ony (nesip bolsa) çagalaryňa, agtyklaryňa görkezeňde-de ýüzüň utanmasa gowy. Galyberse-de, men-ä hindiler türkmen ketenisini ýa gupbasyny geýip durmuşa çykýandyrlar öýdemok. Dogram edýärler.

Onsoňam her edýän işiňden many çykarylyşy ýaly, seniň toý güni geýen eşigiňdenem nämedir bir many görünmelidir ahyry! Sen hindi sarisini geýip, hindi gyzyna öwrülýän bolsaň, ýa-da iň bolmanda, şol ýurtda ýaşaýan bolsaň aýry gürrüň.

Elbetde, moda synçysynyň gözi bilen seretseň, häzirki wagtda hindi sarisiniň moda dünýäsinde öz ornuny berkidip barýanyny boýun almaly. Diňe Hindistanda däl, eýsem Günorta Aziýada, Şri-Lankada, Bangladeşde, Nepalda, Pakistanda hem ýörgünli geýilýän sari bu gün moda dünýäsinde hem şüweleňli geýilmäge başlandy. Şu ýylyň martynda “Dior-yň” Mumbaýda geçiren “Pre-Fall 2023” toplumynyň görkezilişi hem muňa uly täsir etdi. Hindistandaky “Chanakya” tikinçilik öýi bilen hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu moda çäresi hakyt, hindi sarisiniň moda dünýäsinde ykrar edilmesi boldy diýseňem bolýar. Derejeli çärelere hindi gatanjy bolan modelýerler-ä hökman diýen ýaly sarii geýýändirler welin, ony asla hindilere degişli ýeri bolmadyk Zendaýa, Jiji Hadid ýaly meşhurlar hem geýip çykdylar.

“Dior-yň” geçiren moda görkezilişiniň yz ýany Londondaky Dizaýn muzeýem sarilere bagyşlanan uly sergini hödürledi. Sergide sariniň hindi dizaýnerleri tarapyndan işlenen 60-dan gowrak görnüşini synlamak mümkinçiligi boldy. Egniň sarili kriket oýnap, skeýtbord sürübem bolýandygyny görkezýän eksponatlara çenli görkezilen sergide Dizaýn muzeýiniň bölüm müdiri Priýa Hançandani häzirki wagtda sariniň öz 5000 ýyllyk taryhy boýunça uly özgerişligi başdan geçirýändigini aýtdy hemem «Öňler hindi zenanlary sarini diňe bezenmek maksady bilen geýen bolsalar, indi ony gündelik eşige öwürmek bilen özlerini gelşikli görkezip bilýäler. Dizaýnerler bolsa öz gezeginde sariniň matasynyň hem hiliniň üstünde işläp, oňa öz döredijilik başarnygyny siňdirýäler» diýip belledi.

Toýda hindi sarisini geýip çykan gelinligi görsem, şol pursat hindileriň mukaddes ody hem onuň daşyndan ýedi gezek aýlanylyşy aňyma gelýär. Göwnüme, häzir gelinlik bilen öýlenýän ýigit şol dessurlary edäýjek ýaly howpurgaýan. Ýok, enteg-ä beýle zat eden ýok, belki bolmazam?!…

© Selbi SELIMOWA

Çeşme: https://renkliplus.com/2023....ya-fata

Surat: https://www.dior.com/en_us....ar-show
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Selbi Selimowa | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
1
1 Pegas • 18:30, 09.08.2023
Birinji gezek eşidýän. Öýlenmänkäm eşidenim gowy boldy)))
avatar
0
2 Medicall • 23:23, 09.08.2023
"belki bolmazam?" - bu gün sari geýip, mañlaýyna meñ goýduryp, özüñem daşyndan guwanyp, goldap dursañ ertir "belki olam bolar!"
Rugsat berseñ ederler, hindistanda toý tutjak diýerlerem sari geýenden kem galmajak bolup))

parom bilen gidip deñiziñ ortasynda zagsdan geçip, paromda toý edibem ýörler indi.

Beter başartman otursa sariden türkmençe köýnek tikinaý diyip köşeşdiraýmasañ.
Gyz hindi eşik geýse ýigidem hindileñ penjegini, kellesine oraýanlaryny oramaly bolar))
avatar
1
3 Medicall • 23:37, 09.08.2023
Pegas, hindiçe öýlenäýjek diyýäñizmi))

Dogrydanam gelinligiñiz hindiçe toý tutjak diýse razy bolarsyñyzmy? (bilesim tutdy) :)
avatar
0
4 Pegas • 07:01, 10.08.2023
Ýok, razy bolmazdym.
avatar
1
5 Kyyas • 08:43, 10.08.2023
Fatasy diýseñ, Sarisi çykdymyka.

Aý, şol diýýän gyzlary eline kätmen berip yssy günüñ aşagynda pagta otatsañ...

Özlerimizdenem bar. Ýaşlykdan lellim saklap...
avatar
1
6 Анонимно • 23:34, 10.08.2023
yaslykda lellim bolan her gyz medenyetini üytgedyä diyen zat yok dayy. meñ elimi sowuk suwa urdurmady enem atam. bir gezek biçüwimi üytgetmedim. yogsam menem òzüm gazanmazdan gülyupeginden baslap shaneline, bay gyzlarnyñ soñky dowur pommah garyp geymegi nysak edinen yúñ koynegine çenli geyip gördüm. enem atam biçüwümede gosulanok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203