Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:35
Bir saçyň öňüňde, bir saçyň yzyňda…

Zenany saçsyz göz öňüne getirip görüň? Ýeri, nähili, iniňiz düýrügýär gerek?! Diýmek, zenan bilen onuň saçynyň baglanyşygy ýöne-möne däl. Dogry, edil häzirki wagtda daşary ýurtlaryň aglabasynda zenanlaryň meýletin saçlaryny syrdyryp gezýänlerine-de duş gelip bolýar. Olaryň köpüsi muny imijleriniň beýlekilerden aýyl-saýyl üýtgeşik bolmagy üçin edýärler. Garaz, eýtmeli-beýtmeli, göze ilmeli-dä.

«Her kimiň öz işi» diýlişi ýaly, olaram saçlaryny nätseler şeýtsinler welin, saçyň üsti bilen başga bir zady aýtjak bolýan. Men soňky döwür talyp gyzlaryň, edil şonuň ýalam, mekdep okuwçysy gyzlaryň iki örülen saçlarynyň birini öňüne, birini yzyna, kähalatda bolsa ikisini-de yzyna atyp ýörenlerine gabat gelýän. Men bulara ilkibadalar, ýek-tük, öz edýän hereketiniň manysyna düşünmeýän gyzlardyr, kimdir biri aýdyp, öwretse, düzelip giderler diýip pikir etdim. Ýok, bir görsem, bu ýek-tükler köpelip barýar. Men munuň sebäbini soramda, hakyt«Häzir şeýtmek moda» diýip jogap berdiler. Heý-de, heniz durmuşa çykmadyk gyz halyňa iki örülen saçyňy arkaňa oklamaga-da bir «moda» diýip bolarmy? Gyz maşgalanyň iki örülen saçynyň hökmany suratda öňünde bolmalydygyny bilmeýän bardyr öýdemok. Belki olaryň saç özümiňki, islänimi etjek diýýän bolmaklaram mümkin. Ýa-da olar beýle hereketiň aňyrsynda gaty inçe manylaryň bardygyny bilmeýärmikäler? Eger şeýle bolsa…

Aslynda gyz maşgalanyň iki örüm saçyny tä durmuşa çykýança öňüne atyp gezmegi onuň gelin bolup, ertesi «baş saldy» dessury geçýänçä dowam edýär. Haçan-da, baş salnyp, aýal-gyzlaryň baýrakly özara «göreşi» tamamlanansoň, gaýynene boljak öz gelnine serpaý ýapyp, onuň «saçyny alýar». Gelin ilkibada «saçyny bermejek» bolup dyrjaşsa-da, «Serpaýy az gördi öýdýän» diýen ýaly oýun-henekler bilen gelne töwella edilýär we ahyrsoňy ol saçynyň arka atylmagyna razy bolýar. Häli-häzirlerem şowhunyny ýitirmän dowam edip gelýän bu dessur ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda diýen ýaly bar. Bu dessuryň üsti bilen, saçy arka atmak arkaly, gyz maşgalanyň gelinlik dünýäsine aralaşandygy görkezilýär. Il arasyndaky käbir gürrüňlerde ýa bolmasa okan çeper eserlerimizde-de gyz-gelinler suratlandyrylanda «Onuň saçy-ha arkasyndady» ýa bolmasa «Onuň saçy öňünde ahyry» diýen ýaly gürrüňler edilýär. Diýmek, gyz maşgalanyň iki örüm saçyny öňüne ýa arkasyna oklaýandygy onuň tas ykbalyny kesgitleýän hereket ekeni.

Bu wagt döwür üýtgedi, milli äheňde geýinýäňmi ýa ýewropaça – bu öz islegiň, geň görýän ýok. Ýöne seniň ýewropaça geýineňde saçyňy iki örmejegiň düşnükli ahyry?! Şonuň üçinem sen talyp bol, mekdep okuwçysy bol, tapawudy ýok, egniňe milli biçüwde gyzyl ýa ýaşyl köýnek geýdiňmi, onda iki örülen saçyňam, iň bolman, şol köýnegi egniňden çykarýançaň öňüňe atmak gerek.

Ýokarda «baş saldy» dessurynda iki örülen saçy yzyna geçirdip, onda-da halat-serpaý bilen geçirdip, gelniň hakyky gelinlik dünýäsine tarap gadam basýandygyny ýazdyk. Eýsem, onda negözel gyzlaryň biparhlyk bilen, hiç bir halat-serpaýsyz saçlaryny yza oklap ýörmekleri nädogry dälmi? Göräýmäge ownujak ýaly görünýän bu hereketde ullakan bir simwoliki many bar: zenan saçyny arka atyp, gyzlyk dünýäsinden gelinlik dünýäsine geçýär. «Bary-ýogy saçymy yza atanym bilen, şol pursat meniň gyzdan geline öwrülmeýänim düşnükli ahyry?!» diýjek juda realist gyzlaram bardyr. Ýöne şolar birje gün başlaryna kürte atynyp gezip, soňam özlerini «men gelin däl, gyz, kürtäni ýöne, keýpine atynaýdym» diýip, ynandyryp bilerlermikä? Sebäbi şeýle alanyňda, kürtäni başyna atany bilenem gyz geline öwrülip baranok.

Her bir zadyň öz gelşigi bar. Diňe okuw jaýlarynda bolsa-da, gyzlaryň eginlerine ýakaly köýnek, başlaryna tahýa geýdirilmegi milliligimiziň ýitmezligi, onuň bize ýetip gelşi ýaly, indiki nesillere-de geçmegi üçin. Şol sebäpdenem, muňa gyzlaryň dogry düşünip, dogry hereket etmegi gerek. Hiç kim olara okuwlaryndan başga wagt başga eşikde, meselem, jinsi jalbaryň ýa futbolkanyň üstünden saçyňyzy iki örüp, öňüňize atyň diýenok. Beýle eşiklerde saçlaryny näme etseler bolar durar. Ýöne egne ýakaly köýnek, başa tahýa geýilende welin, ünsli bolsalar gowy bolar. Munuňam sebäbi ýokarda ýazylandyr…

https://renkliplus.com/2023/08/26/bir-sacyn-onunde-bir-sacyn-yzynda/
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Selbi Selimowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Мango • 10:04, 29.08.2023
türkmenem gyzykly bir millet.
ýaşyna görä geýimi we reňki üýtgeýär.
sosial ýagdaýyny saçynyň öňdedigi arkadadygyna seredip bilip bolýar. bir tarapdan gowam. ýöne däplerem ýerine ýetirilmän ýuwaş-ýuwaş umumy bir medeniýete uýgunlaşyp barýas. ýöne käbir häsiýetlere medeniýet diýesiňem gelenok...
ýaramaz häsiýetler edinip onam internetden, instagram, tik-tokdan mazamlap başgalara ýaramaz görelde hem bolup ýörler... (olam başga bir gürrüň).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203