03:53 Sonet | |
SONET Başymdan täsin bir waka bolup geçdi: men birden ýadymdan çykardym – 7 öň gelýämi ýa 8? Men goňşylaryma gidip bu barada olaryň pikirlerini soradym. Birden, sanlaryň tertibini ýatlaryna düşürip bilmeýändiklerini bilenlerinde, olaryň we meniň geň galyşymy bir görsediňiz. 1, 2, 3, 4, 5 soňra 6-dygy ýatlaryna düşýär, yzyny welin ýatlap bilenoklar. Biz Znamenskaýa we Basseýnaýa köçeleriniň burçundaky “Gastronom” söwda dükanyna üýşüp bardyk we kassirden başymyza gelen geň ýagdaý barada soradyk. Kassir gyz gamgyn ýylgyrdy, agzyndan kiçijek çekiçjik çykaryp, burnuny sähelçe gymyldadyp şeýle diýdi: – Meniň pikirimçe, haçanda sekiz ýediden soň gelen ýagdaýynda, ýedi sekizden soň gelýän bolmaly. Biz kassire sag bolsun aýdyp, ýyljyraklaşyp dükandan çykdyk. Emma, şol ýerde kassir gyzyň aýdanlaryna aň ýetirip bilmän, gamgyn bolduk, sebäbi onuň sözleri bize manysyz göründi. Näme etmeli? Biz Tomus bagyna gitdik we ol ýerdäki baglary sanamaga başladyk. Ýöne, hasabymyz 6-a ýetensoň, saklanyp jedele başladyk: käbirlerine görä hasap 7 bilen, beýlekilere görä 8 bilen dowam etmelidi. Jedelimiz uzaga çekjekdi, hern-ä bagtymyza bir çaga skameýkadan ýykylyp iki äňini döwdürdi. Bu hem jedelden biziň ünsümizi sowdy. Soňra biz öýli-öýümize dagadyk. © Daniil HARMS Terjime: © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
| |