Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:52
Sosial ulgamlar çagalar üçin peýdalymy?
SOSIAL ULGAMLAR ÇAGALAR ÜÇIN PEÝDALYMY?

Häzirki wagtda sosial ulgamlar adam durmuşynyň möhüm we ähmiýetli bir bölegi bolup durýar. Olar diňe bir uly ýaşlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolman, eýsem kem-kemden ýaşy ulalýan çagalaryň hem ünsüni özüne çekýär. Şol bir wagtyň özünde, çagalar köplenç sosial ulgamlaryň psihiki hem-de fiziki saglyga edýän ýaramaz täsirlerinden goragsyz bolýarlar.
Daşary ýurtly alymlaryň aglabasynyň pikirine görä, çaganyň sosial ulgamlardan aşa köp peýdalanmagy olarda akyl (kognitiw) we jemgyýetçilik funksiýalarynyň, köp mukdarda maglumatlary öwrenmek we özleşdirip bilmek ukybynyň peselmegine getirýär. Kem-kemden adaty dostlar wirtual dostlar bilen çalşyrylýar, çaga “janly” aragatnaşyk endiklerini ýitirýär we emeli tor durmuşyna garaşly bolýar, şonda olarda dünýä diňe sosial ulgamlardaky sahypalarda aýlanýar diýen düşünje döreýär. Bu işjeňlik uky, görüş, oňurga we aşa semizlik bilen baglanyşykly meselelere getirip bilýär, çünki öz wagtynyň köp bölegini sosial ulgamlarda geçirmegiň muşdaklary adatça az hereket edýärler.
Çagalarynyň sosial ulgamlardaky işjeňligine bolan garaýşy nukdaýnazaryndan ene-atalar köplenç iki esasy kategoriýa bölünýärler: çaganyň internetdäki her bir hereketine düýpli we ünsli gözegçilik edýänlere, şeýle-de bu zatlara gaty bir üns bermeýän we iň bolmanda oglunyň ýa-da gyzynyň "köçede ygyp ýörmeýändigine" begenýänlere. Emma, her nähilide bolsa bu usullaryň ikisi hem deň derejede zyýanlydyr. Haýsam bolsa bir zadyň gadagan edilmegi, çagada ýa-da ýetginjekde ony bozmaga itergi berýän hyýalyň döremegine getirýändigi köpden bäri mälimdir we bu manyda ýaş nesil köplenç ene-atanyň gözegçiliginden gaça durmak üçin gaty uly ussatlyk görkezýärler. Eger çaga öýde internedi we sosial ulgamlary ulanmak gadagan edilse, onda ol soňy bilen dünýä toruna girmegiň başga ýollaryny gözlär, ene-atasyndan gizlin hasaplary döreder. Başga bir tarapdan, ähli zadyň öz ugruna gitmegine ýol berlen ýagdaýynda, çaga we ene-atalar üçin netijeler gaty gynandyryjy bolup biler.
Sosial ulgamlarda çagalara abanýan howplaryň görnüşleri dürli-dürlidir. Bu ýeterlik derejede berkemedik psihika täsir edip biljek haýran galdyryjy kontent, çagalarda, hemde uly ýaşlylarda özüňi özgelerden pes duýmak ýaly pikirlere getirýän “Instagramdaky” tymarlanan we ýörite sahnalaşdyrylan suratlar, elektron söhetdeşliklerinde deň-duşlary tarapyndan kiçeldilme we ters ýola gönükdiriji toparlara agza bolma we ş.m. Ýaşynyň kiçi hem-de durmuş tejribesiniň az bolmagy sebäpli dürli görnüşli oňaýsyz ýagdaýlarda çagalar özüni nähili alyp barmalydygy, kime ýüz tutmalydygyny bilmeýärler, şeýle pursatlarda olar öz-özlerini çetleşdirýärler, hakykaty ululara aýtmakdan çekinýärler ýa-da aç-açan edilýän manipulýasilary hakykat hökmünde kabul edýärler.
Sosial ulgamlaryň çaga edýän ýaramaz täsiriniň öňüni almagyň iň gowy usuly, onuň durmuşyna gatnaşmak we her näme-de bolsa, size hemişe ynanyp biljekdigini oňa habar bermekdir. Şunuň ýaly ýagdaýlarda "Akyma garşy durup bilmeýän bolsaň, onuň bilen ugurdaş git" diýen sözlere görä hereket etmeli. Başga bir tarapdan internet we esasanam sosial ulgamlar ulular üçin hem peýdaly maglumatlaryň tükeniksiz çeşmesi bolup biler.
Eger çagaňyz sosial ulgamlaryň haýsydyr birinde profil döretmek isleýän bolsa, onda bu ýagdaýda iň gowusy onuň döredilmegine bilelikde gatnaşmakdyr. Profiliň döredilmeginiň dowamynda çagaňyza onuň gizlinlik sazlamalaryny düzmäge kömek ediň, oňa ýüze çykyp biljek meseleleri, şeýle-de howpsuzlyk düzgünlerini düşündimäge çalyşyň:

hiç bir ýagdaýda nätanyş adamlara hakyky adyňy we familiýaňy, öý salgyňy ýa-da okaýan ýeriňi aýtmaly däl;

ulgama çenden aşa selfi suratlary goýmakdan gaça durmaly, çünki şunuň ýaly suratlardan adamyň duran ýerini ýa-da salgysyny anyklamak gaty aňsat bolýar;

hökmany ýagdaýda ene-ataňa şübheli zatlar hakynda habar bermeli;

ulgamdaky şahsy hasaba girmek mümkinçiligini diňe ýakyn dostlaryňa ýa-da maşgala agzalaryňa rugsat bermeli;

diňe gaty ýakyn dostlaryň bilen paýlaşylmaga degişli bolan maglumaty sosial ulgamlarynda köpçülige ýaýratmaly däl;

internet torunda ýerleşdirilen her bir maglumata hakykat hökmünde ynanmaly däl.

Çagaňyzyň şahsy hasabyna gelýän we gidýän hatlaryň mazmunyny ýüzleý ýagdaýda wagtal-wagtal barlamak babatda onuň bilen ylalaşyň. Bu ýagdaý dürli görnüşli howplaryň öňüni almak üçin zerurdyr.
Esasy zat, muny çagaňyzdan ýaşyryn etmezlikdir. Şeýle-de çagalara niýetlenilmedik maglumatlara duş gelme mümkinçiligi bolan çeşmelere elýeterliligi çäklendirmek üçin "ene-atanyň gözegçiligi" funksiýasyndan hem peýdanalanyp bolýandyr.
Biziň daş-töwregimizi gurşap alýan ähli zatlar ýaly, sosial ulgamlar hem – täze dost tapynmak, peýdaly maglumatlary almak, internet sahypalarynda öz döredijilik ukybyňy durmuşa geçirmek babatda çagalar üçin belli bir derejede peýdaly bolup biler. Emma şol bir wagtyň özünde-de olara zyýan hem getirip biler.
Bu ýagdaý, çaganyň durmuşyndaky sosial ulgamlaryň mukdaryna we olara sarp edilýän wagtyň möçberine garaşly bolýar. Olaryň sany näçe az bolsa – şonçada çaga olaryň berýän mümkinçiliklerinden düşünjeli peýdalanýar. Olardan abanýan töwekgelçiliklere aýdyň düşünmegi bolsa, onuň howpsuzlygynyň we ene-atanyň rahatlygynyň kepili bolup durýar.

Çeşmesi: https://turkmenportal.com/tm/compositions/1256. 08.12.2022ý.
Bölümler: Publisistika | Görülen: 50 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203