Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:28
Stanislaw Ýeži Lesiň aforizmleri
STANISLAW ÝEŽI LESIŇ AFORIZMLERI

Stanislaw Ýeži Les, polýak şahyry we satirigi, 1909-njy ýylda doglup, 1966-njy ýylda aradan çykypdyr. Ol Polşa faşistler tarapyndan basylyp alnandan soňra Tarnopoldaky konslagere düşýär, ol ýerde iki gezek atuwa höküm edilýär, iki gezegem gaçýar. Soň Polşanyň Lýudowa goşunynda faşistlere garşy söweşýär. Onuň örän ýiti tymsallary (aforizmleri) bar. Şolardan birnäçesi şu aşakdakylardyr:

1. Ilki söz emele gelipdi. Soň bolsa dymmaklyk;
2. Haçan-da men iň düýbüne çökenimde, aşakdan tyrkyldatdylar;
3. Sabyrly bolmagy öwrenmek üçin biçak köp sabyrlylyk gerek;
4. Daşary ýurt dillerini bilmezden nädip daşary ýurtlynyň dymmagyna düşünjek?
5. Uludan dem almagy başga dile nädip terjime etmeli?
6. Onuň ölendigi onuň ýaşandygyny subut etmeýär;
7. Napoleon bolmanam Ýagşyzada Ýelenanyň adasynda ölmek mümkin;
8. Men şeýlebir nadan adamy gördüm, ol hatda nusgawy ýazyjylaryň meşhur jümlelerini hem özünden oýlap tapmaga mejbur bolýardy;
9. Wentilýator bilen söweşýän her bir porsy ys, özüni Don Kihot diýip hasaplaýar;
10. Bumeranglaryň hemmesi yzyna dolanmaýar. Arasynda erkinligi saýlap alýany-da tapylýar;
11. Akmaklyk pikirlenmek zerurlygyny aradan aýyrmaýar;
12. Adamyň kalbyna aýagyňy sokma, hatda aýaklaryň süpürilenem bolsa;
13. Gorkaklar gahrymanlaryň gonamçylygynda jaýlanmakdan gorkmaýarlar;
14. Nejasat bilen diňe ol dökün bolan halatynda gyzyklanmak bolar;
15. Durmuşyň penjiresiniň öňüni gazet bilen ýapyp bolar;
16. Özüň bolmak üçin ilki özüň kimdir biri bolmaly;
17. Hakyky duşman seni hiç wagt terk etmez;
18. Pikirlenmeziňden öňürti pikirlen!;
19. Her bir asyryň öz orta asyrlary bar;
20. Hemme zat adamyň elinde. Şonuň üçinem olary ýygy-ýygydan ýuwmaly;
21. Ýabylar hem-de kümede gujaklaşýan aşyklar üçin bedäniň ysy dürli-dürlidir;
22. Dowzahy otlamak juda kyn bolmaly;
23. Çişikler az ýaşaýarlar. Oňa derek olar köp iýýärler.;
24. Hatda onuň dymmagynda-da grammatiki ýalňyşlyklar bardy;
25. Onuň ensiklopedik nadanlygy bar;
26. Dowzahda arwahdan gowy jandar ýok;
27. Gybatlar garranyndan soň olar rowaýatlara öwrülýär;
28. Ýaşaýyş – örän zyýanly kesel. Ondan ýaňa hemmeler ölýärler;
29. Geň galaýmaly! Prometeýiň Olimpden ogurlan odunda Žordano Brunony ýakdylar;
30. Köplenç çykalga girelge bilen bir ýerde ýerleşýär;
31. Durmuş adamlaryň örän köp wagtyny alýar;
32. Öz ýelkenlerimize özümiz üfläliň!;
33. Onuň ynsaby arassa. Sebäbi ol ony hiç wagt ulanmady;
34. Gözbaşyň gözleginde öz gabryny gazanlar juda köp;
35. Ýokaryk dyrmaşmak üçin ganatlaryňy ýygyrmaly;
36. Bolýar, bar sen kelläň bilen diwary deşipsiňem-dä! Goňşy tussaghanada näme işiň bar?!;
37. Horaz hatda özüniň çorba atyljak güni dogan Güne-de şatlanýar;
38. Gije kömege çagyrma. Goňşularyňy oýararsyň.;
39. Adam beýle bir ýalňyzam däl. Sebäbi hemişe ony yzarlaýan biri tapylýar.

Terjime eden: Serdar Ataýew
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 59 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Stanislaw Ýeži | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 20:28, 20.12.2022
hemmejigem gowwelin şü üçüsü has gowken:

Haçan-da men iň düýbüne çökenimde, aşakdan tyrkyldatdylar;

Onuň ölendigi onuň ýaşandygyny subut etmeýär;

Adamyň kalbyna aýagyňy sokma, hatda aýaklaryň süpürilenem bolsa;
avatar

Старая форма входа
Total users: 203