Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:20
Sungat taryhy — Impressionizm

SUNGAT TARYHY — IMPRESSIONIZM

Impressionizm sözi fransuz dilinden terjime edilende (fr:impressionissme) — galan täsir, duýgy, yz manylaryny berýär. Impressionizm 19-nji asyryň soňlaryna Parižda orta çykan sungat akymy. Ilkinji suratkeşleriň we pikirdeşleriň “ Suratkeşleriň anonim kooperatiw guramasy” ady bilen geçirilen sergiden soňra orta çykýar. Improssioniz termini sungat tankytçysy Louis Leroýiň çap eden makalasyndan soňra ulanylmaga başlanýar, impressionizm termini Klaude Monetiň Le Hawre portynda çeken Täsir: günüň doguşy (Impression: soleil levant) atly eserinden alynýar, bu bolsa impressionizmda Monetiň uly rol oýnaýanlygyny aňladýar.


Impressionistlara görä suratkeş hakykatlary ýa-da dogrylary şekillendirmän onuň ýerine gören peýzažynyň ýa-da şaýatlyk eden wakasynyň suratkeşde galdyran täsirini we içinde oýandyran duýgulary janlandyryp öz görüşini şekillendirmek bolup durýar. Impressionizmda her suratkeş öz duýgusyny öz durmuş hekaýasyny şekillendirdigi üçin her suratkeşiň eserlerinde şol şahsyýetiň kişiligini, harakterini görmek bolýar. Žiwopisde eserleriň allegoriki pikirlerine ýa-da eserde şekillendirilen esbaplaryň manylaryna üns berilmän esasy reňklere we şöhle oýunlaryna üns berilýär.


Impressionizm özi bilen biraz hem bolsa sungata demokratizmi getirdi diýip bilers. 18–19-nji asyrlarda žiwopis diňe aristokrat maşgalalar üçin we ýokary gatlak adamlar üçin döredilýärdi, suratkeşleriň şekillendiren daýhan adamlaryň kyn günleri we işçi gatlagyň eserlerde ýer alyp başlamagy sungat tankytçylary tarapyndan ýakymly garşylanmaýar. Impressionistler ne eýläk-ne beýläk diýen ýaly orta bir ýol seçýärler we žiwopisden edebi görüşleri, injil sýužetlerini, mifologiýany, taryhy aýyryp, akademiýadan uzaklaşýarlar. Ilkinji impressionistlar açyk howada surat çekmäge başlaýarlar. Ilkinji nobatda bolsa impressionistler konturdan daşlaşýarlar, onuň ýerine az göze ilýän kontrastlar ulanyp günüň şöhlesini has ýakymly şekillendirýärler.


Impressionizm bilen modern sungat düşünjesi hem döremäge başlady diýip bilers. Impressionist suratkeşler esasan adamlaryň hereketdäki hallaryny, tans wagty ýa-da dynç alýan wagtlaryny, teatrda ýa-da parklarda geçirilýän wagtlaryny janlandyrýarlar. Impressionistlaryň eserlerini obýektiw pikirleniş bilen baksak olara görä adamlar diňe şadyýan durmuşda ýaşaýarlar, bu durmuş diňe baýramçylyklardan doly, şäheriň daşynda seýilgähde aýlanmak, owadan gyzlar bilen, dostlaryň bilen gowy wagt geçirmekden ybarat bolup durýar.

© Baýram AGAÝEW

Çeşme: https://medium.com/penjire/sungat-taryhy-impressionizm-72f655466117
Bölümler: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Baýram Agaýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 00:32, 16.08.2023
EN. Klaude Monet
RU. Клод Моне
TKM. Klod Mone

EN. Louis Leroy
RU. Луи Леруа
TKM. Lui Lerua

EN. Edgar Degas
RU. Эдгар Дега
TKM. Edgar Dega

EN. Van Gogh
RU. Ван Гог
TKM. Wan Gog

impressionizmi gysgajykdan gowja düşündiripdir. soňy bir hili rezko kesilýän ýaly.
avatar
0
2 Seýrаn • 11:04, 16.08.2023
Gowy hem peýdaly makala ýazypdyr. Sag bolsun awtor. Suratkeşlere aýratyn sarpa goýýan. Işleri aňsat däl. Täzelikçileri bolsa ýüregimde saklaýan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203